Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Pygamberimiziň mujizeleri

Pygamberimiziň iň uly täsinligi, şübhesiz, mukaddes Gurhandyr. Her bir täsinlik hökmünde öz döwründe iň ýokary derejesine ýeten zadyň has kämil we geň-taň görnüşini görkezendir. Pygamberimiziň ýaşan asyrynda bolsa Arap ýarymadasynda şan-şöhrady artan zatlaryň biri edebiýat we şygyryýet bolupdy. Dilewarlyk we çeper sözlemek, goşgy düzmek araplaryň arasynda köp ýaýrapdyr, özboluşly däbe öwrülipdir. Has göwünden turan ýazgylar, şygyrlar sylaglandyrmak üçin Käbäniň diwarlaryndan asylypdyr. Ynha, şeýle döwürde hiç kimden ders, sapak almaýan, hatda okama-ýazmagy hem bilmeýän pygamberimiziň mübärek agzyndan dür dökülen ýaly mukaddes Gurhanyň aýatlary dökülýärdi. Ondaky doly sözlemleri we olaryň beýan ediliş aýratynlygyny eşiden şahyr ýa-da edebiýatçy haýran galýardy. Gurhan üçin “jadydyr”, “şygyrdyr” diýenler boldy. Ýöne Gurhan olara göz görkezdi. “Iň kiçijik bir süresine meňzeş süre tapyň” diýildi, getirip bilmediler, tapyp başarmadylar. Çünki, Gurhan ynsanlayň sözi däldir, ol Allanyň sözüdir. Pygamberimiziň mukaddes Gurhandan başga-da täsin, geň-taňlyklar bardyr. Bulardan biri aýyň ikä bölünmegi mujizesidir. Bu waka şeýle bolupdy:

Mekgeliler pygamberimizden özlerine bir täsinlik görkezmegini, hut aýyň ikä bölünmegini haýyş etdiler. Pygamberimiz hem olaryň haýyşyny berjaý edip, täsinlik bilen aýy ikä bölüpdir we muny şol ýerdäkileriň hemmesi görüpdir.(Buhary, Menakyp, 36)  Pygamberimiziň mujizeleriniň ýene biri bolsa, özüne hödürlenen goýun etinden edilen kakmajyň zäherlenendigini bilmegidir. Bu waka şeýle bolup geçipdir: Medine-ýi Münewweräniň ýakynynda ýerleşýän Haýber ele geçirilen wagtynda, Haýber halkyndan bolan bir ýahudy aýal goýun etinden edilen kakmaja zäher garyp, ony pygamberimize getirip beripdir. Pygamberimiz ýoldaşlaryna “Eti iýmäň” diýip tabşyryk beripdir. Ondan soňra eti bişiren aýaly getirdip, oňa şeýle diýipdir:

-Bu goýun etinden eden kakmajyňa awy goşup zäherläpsiň? Ol aýal:

-Saňa muny kim habar berdi? Pygamberimiz:

-Şu elimdäki kakmajyňyz habar berdi- diýipdir. Ol aýal:

-Hawa, ete awy goşdum- diýipdir. Onda pygamberimiz:

-Näme üçin awy goşduňyz ? Ol aýal:

-Eger hakyky pygamber bolsa, oňa zyýany ýetmez, bardy-geldi hakyky pygamber däl bolsa, ölüp gider, bizem şeýdip ondan halas bolarys- diýip pikir etdim-diýdi.(Buhary, Babul-Jizýe Wel-muwadda, 7)

Pygamberimiziň geçmişe we geljege degişli habarlary bermegi hem onuň täsinliklerindendir. Şeyle hem Bedir söweşinden öň, bu uruşda ençeme adamlaryň öljekdigini hatda atlaryny we haýsy ýerde bolup geçjekdigi öňünden habar beripdi, soňunda bularyň bary hakykata öwrülipdi, onuň aýdyşy ýaly hem bolupdy.( Zadul-Maed, J.2, s.96.)