Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » PERIŞDELERE IMAN

Imanyň şertleriniň biride Allanyň perişdelerine ynanmakdyr.

Perişdeleriň asly we aýratynlyklary

 Perişdeler Allanyň nurdan ýaradan barlyklarydyr. Olarda - bizde bolşy ýaly, erkeklik ya-da aýallyk jynsy ýokdur. Iýmezler, içmezler, ýatyp uklamazlar; ýadamany-ýaltanmany bilmezler, hassalanmazlar. Allanyň diledigine (islän möhletine) çenli ýaşarlar. Ýerde, asmanda we her tarapda bardyrlar. Hemişe adamlar bilen bilelikde bolanlary hem bardyr.  Perişdeler Allanyň her hili buýruklary ýerine ýetirerler, gadagan eden zatlaryndan bolsa saklanarlar. Gije-gündiz oňa ybadat ederler, dogadyr alkyş okarlar. Perişdeler örän güýçli we diýseň ýüwrük barlyklardyr. Biziň edip bilmedigimizi olar aňsatlyk bilen ederler, baryp bilmedigimiz ýere göz-açyp ýumasy salymda ulaşarlar. Dürli wezipeleri bolan perişdeleriň sanyny diňe Alla biler. “Perişdeleri näme üçin görmeýäris? Perişdeler bar bolandyklaryna görä, biz olary görüp bilmeli ahyry?!” ýaly soraglar akylymyza gelip biler. Dogrydanam, perişdeler her ýerde bolmaklaryna garamazdan, biz olary görmeýäris. Çünki, olar nurana barlyklardyr. Biziň gözlerimiz olary görüp biljek görnüşinde ýaradylan däldir. Şeýle hem biz diňe bir olary däl, eýsem bar bolandygyna hiç hili şübhämiz bolmaýan ençeme zatlary-da gör-meýäris. Ruhumyz bu görmeýän zatlarymyza degişlidir. Ruhumyzy-da görmeýäris, ýöne bardygyna ynanýarys. Her bir bar bolan zadyň görülmegi-de hökman däldir. Ynha, perişdeleri-de, ruhumyz ýaly, göz bilen görüp bolmaýar. Alla biziň görüp bilmedigimiz perişdeleri pygamberlerine görkezipdir we olaryň araçylygy bilen pygamberler Alladan dürli habarlary alypdyrlar, Allanyň sözüni eşidipdirler. Mukaddes Gurhan hem pygamberimize şeýdip gelipdir we mukaddes Gurhanda olaryň badygy beýan edilipdir. Şonuň üçin biz perişdeleri görüp bilmesek-de, olara ynanarys.