Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Mukaddes Gurhanyň ýer ýüzüne inişi

Pygamberimize turuwbaşda inen aýatlar mukaddes Gurhanyň “Alak” süresiniň ilkinji bäş sany aýatydyr. Bu aýatlar pygamberimize Hira gowagynda bolýan wagty inipdir. Pygamberimiz wagtal-wagtal öýünden çykyp, Mekgäniň ýakynynda, demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Hira dagyndaky bir gowakda ýaşap başlaýar we bu ýerde ençeme günläp ybadat edýärdi, uzak wagtlap oýlanmak bilen meşgul bolardy. Milady 610-njy ýylyň Oraza aýynda dagdaky gowakda bolýarka, Jebraýyl perişde gelip, Alak süresiniň ilkinji bäş aýadyny getirýär we pygamber hökmünde bellenilendigini beýan edýär. Bu aýatlar şulardyr:

“(Eý Muhammet!) ýaradan Rabbynyň ady bilen oka. Ol adamy Alakdan (bir gan suwuklygyndan) ýaratdy. Oka! Seniň Rabbyň jomart, tükeniksiz keramatyň eýesidir. Galam bilen (hat ýazmagy) öwredendir, adama bilmedik zadyny öwredendir.” Mukaddes Gurhan tutuşlygyna bütewi görnüşinde inmändir. Gysga-gysga bölümler (aýatlar we süreler) görnüşinde inip, bölek-bölek ýagdaýda iberilip, 23 ýylda tamamlanypdyr. Iberlen bölümleri pygamberimiz wahyý kätiplerine ýazdyrýardy, olar pygamberimiziň egindeşleri tarapyndan hem ýatdan öwrenilýärdi.  Mukaddes Gurhanyň her bölümi gelen wagty munuň nirä goýuljakdygyny pygamberimiz wahyý ýazýan kätiplerine habar berýardi, olar hem ony görkezilen ýere ýazýardylar. Çünki, mukaddes Gurhan tutuşlygyna inmeýşi ýaly, sahypada ýazylan görnüşde tertip boýunçada inmändi. Käwagt bir süre gutarman, başga bir sürä degişli aýatlaryň iberlen wagty hem bolupdyr. Şoňa görä, ilkinji gezek inen aýatlar başdan goýulman, öz uýgun bolan tertibine görä 96-njy sürä goýlupdyr.  Mukaddes Gurhanyň bir bölegi pygamberimize Mekgedekä inipdir, bir bölegi bolsa göçden soňra Medinedekä inipdir. Şoňa laýyklykda, Mekgedekä inen sürelere “Mekki”, Medinedekä inen sürelere-de “Medeni” diýlipdir. Şeýlelikde, mukaddes Gurhanyň tutuş 114 süresinden 87 sanysy Mekgde, 27 sanysy bolsa Medinede inipdir. Bir süräniň nirede inendigi şol süräniň başynda ýene şol süräniň ady bilen ýazylypdyr.