Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Rysgal we ajal

Rysk, rysgal: Allatagalanyň janly-jandarlara iýip-içmek we ýaşaýyşlaryny dowam etdirmek üçin beren zatlaryna rysk, rysgal diýilýär. Rysgy, rysgaly ýaradanda, berende Alladyr. Alladan başga rysgal beriji ýokdur (Hud 11/6). Adam öz rysgalyny haýsy ýoldan islese, Allatagala şol ýoldan berer. Ýöne halal bolmaýan ýollara we çärelere ýüz ursa, onda günä etdigi bolar. Çünki Allatagala rysgal üçin halal we halal bolmaýan ýollaryň seljerilmegini emir eder we şeýle buýruk berer:

“Eý adamlar! Ýer ýüzündäki zatlardan halal we tämiz, arassa bolanlaryndan iýiň.”( Bakara: 168)  Her kim öz rysgyny iýer. Hiç kim başga biriniň rysgalyny iýmeýşi ýaly, başga biri-de onuň rysgalyny iýmez.

Ajal: Allatagala ýaradan her bir janly-jandary üçin belli bir ýaşaýyş möhletini ýazypdyr. Şol möhletiň, süräniň, ýagny ýaşaýşyň (ömrüň) soňuna ajal diýilýär. Her näçe çaltlykda bolsa bolsun, ajal diýýänimiz şol möhlet gelen halatynda ölüm ýagdaýy ýüze çykjakdyr, sähel salym hem gijä galmaz. Ýaradanyň we ýaşadanyň Alla bolşy ýaly, öldüren hem oldur, ýagny ölümi ýaradanda Alladyr. Ondan başga ýaradan we öldüren ýokdur. Ajal birdir, bir başa bir ölümdir. Öldürilen ýa-da beýleki heläkçiliklerde ömrüni ýitiren ýitiren adam hem ajaly bilen ölendir.