Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Selefiýýe

Ynanç meselesinde Ashab-y Kiramyň we Tabiunyň garaýyşlaryny goldaýan fykyh alymlary (yslam hukukçylary) bilen hadys alymlarydyr. Bular ynanç babatda aýat we hadyslarda orun berlen meselelere düşündiriş bermezden bolşy ýaly kabul ederler. Allanyň sypatlaryna we beýleki Käbir meselelere kän bir degmezler.

Ynanç bilen baglanyşykly ilkinji mezhep şudur. Şonuň üçin Hanbeli mezhebinde bolanlaryň hemmesi diýen ýaly ilki Hanefi, Şafii we Mälikiler bu mezhebi saýlap alypdylar, ýagny Selefilerdi.