Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Pygamberleriň wezipeleri we sypatlary

Pygamberleriň wezipeleri we sypatlary

 Pygamberler Alla bilen gullarynyň arasynda wekilçilikilçilik etmekleri üçin wezipeleri: Allany tanatmak, oňa nädip ybadat edilmelidigini bildirmek, Allanyň buýruklaryny hem-de gadagan eden zatlaryny habar bermekden ybaratdyr. Hut şonuň üçin hem ýörite bellenilipdirler. Bütin pygamberler bu wezipelerini bir kemsiz berjaý edipdirler. Pygamberler biz ýaly ynsanlardyr. Ýöne Allanyň saýlap alan gullary bolandygy üçin bir topar üýtgeşik sypatlary bardyr. Bu sypatlar wajyp we wajyp bolmadyk görnüşde iki topara bölünýär.

Pygamberlerde bolmagy wajyp bolan sypatlar:

1. Salyhlyk (Sydk): Dogruçyllyk diýmekdir. Pygamberler örän dogruçyl we dürs adamlardyr. Olar asla ýalan sözlemez, aldawçylyk, hilegärlik etmez. Din adyndan näme aýdan bolsalar hemmesi Allanyň adyndandyr hem-de bary hakykatdyr. “Boldy” diýen zatlary bolandyr, “boljak” diýen zatlaryda hökman boljakdyr. Pygamberler diňe pygamber bolanyndan soňra däl, eýsem pygamber bolmadan öň hem ýalan sözlän däldirler we hiç kimi aldadan däldirler.

2. Amanatlylyk (Emanet): Ynamdarlyk diýmekdir. Pygamberler her hemme tarapdan örän ynamdar adamlardyr. Alan wezipelerini geregine görä berjaý edendirler, özlerine amanat edileni islendigi ýaly gorap saklandyrlar, asla amanata hyýanat eden däldirler.

3. Sawçylyk-habar berijilik (Teblig): Habar bermek diýmekdir. Pygamberler Alladan alan buýruklaryny özlerine habar berlişi ýaly edip, hiç hili üýtgetmän, ýoýman adamlara habar berendirler. Aslynda bu olaryň pygamberlik wezipesidir.

4. Paýhaslylyk (Fetanet): Akylly we dana bolmak diýmekdir. Pygamberler akylly, pähimli, paýhasly we örän ýokary derejede dana adamlardyr. Çünki, akylly bolmasalar, wezipesini berjaý etmezdiler.

5. Saplyk (Ismet): Günä etmedik, günäkär bolmaýan diýmekdir. Pygamberler nusgalyk bolandyklary üçin Alla olary günä etmekden gorandyr. Bu sypat pygamberlerden başga adamda bolmaz, ýagny pygamberlerden başgalara degişli däldir.  Pygamberler hakynda wajyp bolan, ýagny olarda bolmaklygy zerur bu bäş sany sypat şol bir wagtyň özündede olaryň keçje, gopbam, dikdüşdi ýaly erbet häsiýetlerden hem sap bolmagyny talap edýändir.

Pygamberler hakynda wajyp bolmadyk sypatlar bolsa şol bir wagtda beýleki adamlardada bar bolan sypatlardyr. Pygamberler hem beýleki ynsanlar ýaly adam bolandygy üçin, biz ýaly iýip-içerler, uklarlar, ýadarlar we möhüm bolan zatlary berjaý ederler. Ömürleri soňa gelen halatynda bolsa ölerler. Ahyrynda aradan çykandyrlar.