Baş sahypa« BIRINJI BÖLÜM YNANÇ » Mukaddes Gurhana bolan wezipelerimiz

Mukaddes Gurhanyň öňündäki biziň wezipelerimizi şeýle görnüşde jemläp aýtmak bolar:

 a. Mukaddes Gurhanyň Allanyň sözi (kelamy) bolandygyny tassyklamak. Mukaddes Gurhan ynsanyň sözi bolman, eýsem Allanyň iberen iň soňky kitabydyr. Onuň hem labyzy hem-de manysy üýtgeşik bir täsinlikdir.

b. Mukaddes Gurhany öwrenmek. Mukaddes Gurhan Allanyň kelamy bolandygy üçin sözleriň iň ulusy we örän ajaýybydyr. Bu dünýä we ahyretde bagtlylyga äkidýän ýoluň hut Mukaddes Gurhanyň görkezen ýoludygyna asla şübhe ýokdur. Şonuň üçin Mukaddes Gurhany öwrenenler pygamberimiz tarapyndan öwülendir:

“Siziň iň peýdalyňyz Gurhany öwrenendir we ony başgalaryna öwredendir.”( Buhary, Fazailul-Kuran, 21) diýip, ýörite belläp geçipdir. Pygamberimiziň bu öwgüsine mynasyp bolmak üçin ilkinji musulmanlar inen Gurhan aýatlaryny ýatdan öwrenipdirler we beýlekilere-de öwredipdirler. Gurhany öwrenmek diýmek okamagyny öwrenmek we manysyny bilmäge çalyşmak diýmekdir. Mukaddes Gurhany hatasyz, ýalňyşsyz okap bilmek üçin labyzly okuwyny-da öwrenmek zerurdyr. Namazyň parzlaryndan biri-de labyzly okuwdyr (kyrat), ýagny Gurhany labyzly okamakdyr. Gurhany okaman, okalan namaz hakyky namaz däldir. Şonuň üçin, namaz dogry we ýerine düşer ýaly Gurhany öwrenmek parzdyr.

ç. Mukaddes Gurhanyň aýdanlary etmek. Mukaddes Gurhany okap öwrenmekden maksat - onuň aýatlaryna düşünmekden hem-de şol aýatlardan gelip çykýan düzgünleri gyşarnyksyz berjaý etmekden ybaratdyr. Gurhan hut şonuň üçin iberlipdir. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“(Eý Muhammet!) bu Gurhan aýatlaryna has oňat düşünsinler, akylly başly bolanlar sapak alsynlar diýip saňa iberlen mukaddes bir kitapdyr.”( Sad: 29)  Şonuň üçin her bir musulman Gurhan okamaklygy öwrenmelidir we onuň öwütlerini almalydyr. Gurhanyň buýruklaryna uýup, gadagan eden zatlaryndan gaça durulmadygy halatda, onuň öwredýän arasa ahlagy bilen ýola girmeseň, diňe okanyň bilen onuň öňündäki wezipelerimizi berjaý etdigimiz bolmaz. Munuň mysaly şudur: Mukaddes Gurhanda:

“Ýalan sözden gaça duruň” (Haj: 30) diýlip bellenilýär. Bu aýatlary okap, soňundan hem ýalan sözlemekden we ýalan ýere şaýat bolmakdan gaça durmaýan adam islenilýäni eden we Gurhana bolan wezipesini berjaý eden adam hasaplanmaz.