Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » Pygamberimiziň adalaty

Pygamberimiz şeýle adyldy we ynsaplydy. Onuň adyllygyny, adalatyny duşmanlaryda kabul edipdi. Iň kyn ýagdaýlarda we çetin meselelerde oňa ýüz tutardylar we onuň gelen netijesine razy bolup, onuň diýenini sarpa goýup kabul ederdiler.

Bir gezek pygamberimiz söweşde ele geçirilen oljalary paýlaýardy. Şeýle köp adam ýygnanypdy welin, märeke hyryndykyn bolup üýşmege öwrülipdi. Hatda bir adam pygamberimiziň üstüne çykypdy. Pygamberimiziň elindäki inçe çybyk bilen şol adamyň ýüzüne degip, onuň ýüzüni syryp geçip çyzypdyr. Şonda pygamberimiz şol adama elindäki çybygy oňa uzadyp:

“Saňa urşum ýaly, sen-de maňa ur!” diýipdi, emma şol adam muňa razy bolman:

“Eý Allanyň resuly, aýdýanyňyz näme, atanlyk bolan ýönekeý zat üçin men sizi urmak beýle-de dursun, size gaharlanmadym-a”(Ebu Dawut, Diýar, 15.) –diýen.

Bir gezek Mahzumy taýpasyndan bir aýal ogurlyk edipdi. Mekgäniň ýolbaşçylary abraýly maşgala degişli bolan bu aýalyň jezalandyrylmagyna garşy bolupdyrlar. Şol maksat bilen pygamberimiziň iň halaýan dosty Usame b. Zeýdi oňa töwellaçy hökmünde iberipdirler. Pygamberimiz Zeýdi oňat diňläninden soňra:

“Sizden öňküler şunuň ýaly tarapgöýlik sebäbi bilen heläkçilige uçradylar. Olar şular ýaly iş üçin garyplara iň agyr jezalaryny berdiler, barly we abraýly adamlara bolsa jeza bermediler.” (Buhary, Hudut, 11.) diýip, kanunlaryň iş ýüzünde berjaý edilmeginde tarap tutmaklygyň erbetdigini, jemgyýetiň ýok bolup gitmegine sebäp boljakdygyny beýan edipdir.

Hezreti Äşe (r.a) şeýle gürrüň beripdir: Pygamberimiz iki sany işde erkin goýlanda, günä iş bolmasa, iň aňsat ýoluny saýlap alardy. Eger günä iş bolsa, onda adamlaryň şol günäden uzak duranyny saýlardy. Pygamberimiz öz nebsi üçin asla ar almazdy. Ýöne Allanyň gadagan eden zatlaryna boýun bolunmadyk halatynda, meseläni adalatly çözerdi.”(Buhary, Hudut, 10.)

Pygamberimiz ynsanlaryň arasynda tapawut goýmazdy, ol mydam deň derejede hereket ederdi. Oňa baý, garyp, uly, kiçi – bary birdi, hemmesi deňdi.

Bedir söweşinde alnan ýesirleriň arasynda pygamberimiziň heniz musulman bolmadyk doganoglany Abbasda bardy. Ýesirleri öwezine ýörite salgyt tölemek bilen halas edýärdiler. Sebäbi öň şeýle karar edilipdi.

Ensarlardan käbiri pygamber bilen Abbasyň garyndaşlygyny bilip, onuň günäsiniň geçilmegini isläpdirler. Pygamberimiz:

“Ýok, beýle bolmaz. Onuň tölemeklige mejbur bolan salgydynyň bir dirhemi-de bagyşlanyp bilinmez” diýipdi.(Buhary, Megazy, 173.)

Pygamberimiz ömrüne hiç adam saýlamazdy, düzgünleri, kanunlary deňhukukly derejede amal ederdi. Özüne-de egindeşleriniň arasynda tapawut goýjak bolýanlary halamazdy.

Pygamberimiz pygamber bolmazyndan öň, onuň bilen söwda-satlyk edenler onuň dürslügine we dogruçyllygyna sarpa goýupdyrlar. Hatda onuň pygamber hökmünde iberilendigini eşidenlerinden soňra, özüne duşman bolanlar-da amanatlaryny oňa tabşyrypdyrlar.

Bir gün Saib diýen arap täjiri pygamberimize tanadylypdyr we onuň gaty dogruçyllygy aýdylypdyr. Şonda pygamberimiz: “Men oňa gaty beletdirin” diýipdir. Saib hem: “Dogrudyr, söwda-satlygy bile edipdik, ähli eden hasaplary şeýle dogry we dürs çykardy.” diýipdir.

Günleriň birinde bedewilerden (gonup göçüp yören taypa) biri pygamberimizden algysy almaga gelipdir. Bedewilerin taýpasynyň gödek bolandyklary sebäpli, bu adam hem pygamberimize gödek sözler aýdypdyr. Egindeşlerinden biri bu adamyň gödek sözlerine gaharlanyp:

“Nälet bolsun, sen kim bilen gepleşýäniňi bilýäňmi?” diýip, azgyrylypdyr. Ol adam diýýäňmi hem diýmän:

“Men algymy almaga geldim” diýipdir. Şonda pygamberimiz öz ýoldaşlaryna:

“Siz onuň tarapyny tutjaksyňyz, sebäbi, ol adam dogrudanam hut öz hakyny talap edýär.” diýipdir we soňra Hawle binti Kaýsa habar iberip, karz hurma bermegini haýyş etdi. Hawläniň beren hurmasy bilen bergisini töledi we şol adama nahar hem hödür-kerem etdi. Şol adam:

“Sen meniň hakymy oňat nusgada tölediň. Alla saňa ýagşylygyň öwezini bersin” diýip doga etdi. Şonda pygamberimiz:

“Ynha, bular (ýagny hak eýeleriniň tarapynda durup, hakykatyň dabaralanmagyna hemaýat edenler) adamlaryň iň haýyrlysydyr. Arasynda ejiziň ynjydylmazdan hakyny almadyk jemgyýeti asla beýgelmez” (Ibn Maje, Sadakat, 17) diýdi.