Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » Pygamberimiziň Alla bolan söýgüsi

Mukaddes Gurhan musulmanlaryň Allany her bir zatdan ýokarda goýup söýýändigini beýan edipdir. (Bakara, 165.)

Pygamberimiz Allany her kesden-de has oňat görerdi. Şonuň üçin ol gijelerine aýaklary çişýänçä namaza durardy.

Hezreti Äşe enemiz hem şeýle diýipdir: pygamberimiz ertir namazynyň iki rekagat sünnetini okanyndan soňra:

“Bu iki rekagatyň beren zowky-sapasynyň ýanynda dünýäniň ähli zowky-sapalary hiçdir.”(Müslim, Salatül-Musafirin, 14.) diýerdi.

Bu ýagdaý pygamberimiziň Alla bolan çuňňur söýgüsiniň sebäbi bilen oňa ybadat etmekden neneňsi uly hyjuw duýýandygynyň alamatydyr.

Hezreti Omar (b. el-Hattab) şeýle gürrüň beripdir: Bir gün pygamberimiz çagasynda aýrylan bir aýaly gördi. Şol aýal çaga hasratyndan ýaňa öňünden çykan çagany ogşaýar, bagryna basýar, gujagyna alyp, emdirýär. Şonda pygamberimiz şol ýerdäkilere ýüzlenip:

“Bu aýal, siziň pikiriňiz, öz çagasyny ataşa atarmy?” diýip sorapdyr.

Şol ýerdäki adamlar:

“Asla atmaz”- diýipdirler. Şonda pygamberimiz:

 “Onda, oňat diňläň, Allanyň öz gullaryna merhemeti bu aýalyň çagasyna bolan merhemetinden has artykdyr”(Buhary, Edeb, 18.) diýipdir.