Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » HEZRETI MUHAMMET (ALEÝHIS-SALAM)

Şol nuruň meňzeşi ýokdur jahanda, Waspyn etseň çäksiz, durmaz bu çende.

Ol misli şygardyr ady päk hälä, Onuň bezeg nagşy – hol Arşy-Agla.

 

Iň söýgüli, iň ajaýyp bir ynsan,

Ýok deňi, bolsa çyksyn, ine boş meýdan!

 

Ýusup hiç diýilmez, ol bir deň-duşdur, O kiçijik şöhle, bu bolsa bir güneşdir.

Ahlagyny diňle, sorama menden, Gurhan ägirtliginiň waspyn edenden.

 

Seljererdi ýagşy-ýamany esli, Öz imany dekdi, hakykat misli.

Kuwwatly ýaragy – düşünje-akyl, Adamzady wyždany oň bilen naky.

 

Elinde ulaldy bu Biribarlyk,

Dyz çökdi, şäriklik hem körekörlük.

 

Bagtyýarlyk eýýamy başlandy edil, Dünýäde görüldi hökmany adyl.

Ganatlarny geripdi ol zemine, Rehimlidir ýer ýüzüne –älemine.

 

Älemde ol gördi nurly jemaly, Ynsanlara görkezdi köp kemaly.

Köp göreşdi, körekörlüge garşy, Her ýerde tanatdy Rabbyny-Arşy.

 

Döwründe bahara ulaşdy ahlak, Zemini bezedi gül-u-gülälek.

Ýaýdy ýagşy işin älem-jahana, Jan berdi her ýerde zemin-asmana.

 

Hakyň bize beren bir atasydyr, Halkyň halan Mustapasydyr.

Dyza çöken oň öňünde köp ärler, Hemişe oň güler ýüzün dilärler.

 

Örän sapdy oň mejlisinde ülpet, Her kime ederdi gyzykly söhbet.

Egindeşini hoş görer her salym, her dem, Halkyň halanydy ol “Fahry-Älem.”

 

Diňlärdi, söýerdi halkyny jandan, Biçäräni gorardy ol zyýandan.

Ýykylany galdyrardy ýerinden, Saklardy ýetimi iň beterinden.

 

Azm edip, zulumyň binasyn ýykdy, At-owazasy-da arşlara çykdy.

Ynsan taryhynda ýok oň nusgasy, Her dilde ýaşaýar at-owazasy.

 

Kemalyna Magraçdyr oň pelekler, Jemalyna haýran galar melekler.

Waspyndan sözleriň özenini al, Ynsandy, ýöne ol melekden gözel.

 

Ruhubelentligiň ýagşy mysaly, Ömri – är ýigidiň bir durmuş ýoly!

Mustafa Fehmi Gerçeker