Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » Pygamberimiziň kiçi göwünliligi

Pygamberimiz hem agrasdy hem-de şeýle kiçi göwünlidi. Asla ulumsylyk etmezdi. Bir ýere baran wagty özi üçin ör turulmagyny we eliniň öpülmeginide halamazdy. Bir gezek adamyň biri onuň elini öpmek islän wagty pygamberimiz elini yzyna çekipdi. Bir mejlise baran wagtyda boş ýer bar bolsa, şol ýerde oturardy, aýaklaryny başga birine tarap uzatmazdy.

Pygamberimiz käwagt öý işlerini hut özi ederdi, eşigini özi ýamardy, otagyny özi süpürerdi, bazara gidip, gerekli zatlaryny özi alyp gelerdi. Aýakgabynyň sökülen ýa-da ýyrtylan ýerini-de özi oňarardy.

Ol şeýle diýipdir:

“Kim musulman doganyna kiçi göwünlilik etse, Allatagala ony ulaldar. Kim ulumsylyk etse, onda Allatagalada ony kiçelder.”(Et Tergib wet-Terhib, j. 3, s.561 (Hadysy Taberany aýdypdyr).)

Pygamberimiz adamlary barly, garyp diýip tapawutlandyrmazdy, özüni bir hyzmatçy çagyrsa-da, onuň çakylygyna barardy. Garyp, mätäçlik çekýän adamlar bile nahar edinerdi, iň garyp adamalaryň öýüne baryp, onuň halýagdaýyny sorardy.

Ol hassa bolan adamlara ýörite görme-görşe baryp, onuň halyndan habar alardy, munuň bir musulmanlyk wezipe bolandygynyda hemişe aýdardy.(Buhary, Merda, 4.)

Pygamberimiz bir hassany soran halatynda, şol hassa umyt bererdi, damaryny tutup görerdi, maňlaýyny sypardy,(Buhary, Merda, 4.)şypa dogasyny okardy, “Enşalla, gutularsyň” diýerdi.(Buhary, Merda, 10.)

Pygamberimiz hassa soramakda hiç hili adam saýlamazdy, kim bolsa gidip sorardy.

Bir gezek ýahudy çagajygy hassalanypdy. Pygamberimiz onuň ýagdaýy soranyndan soňra ony musulman bolmaga çagyrypdy. Şonda çagajyk kakasynyň ýüzüne serdipdir, kakasy “Oglum, pygamber näme diýse, şony et” (Buhary, Merda, 11.) diýipdir, çagada musulmanlygy kabul edip, musulman bolupdyr.

Pygamberimiz başga adamlar gepleýän wagty asla olaryň sözüni kesmezdi, sözlerini aýdyp bolýança diňlärdi. Durmuşy, ýaşaýşy şeýle sadady. Özüne hödürlenen nahary işdämenlik bilen iýerdi. Halamadyk naharyny hem iýmezdi, ýöne nahara at dakmazdy.

Ýoldaşlary bilen giden bir gezelenjinde dynç almak üçin bir ýerde düşläpdirler. Nahar taýýarlamak üçin özara iş paýlaşypdyrlar. Pygamberimiz-de: “Beýle bolsa, menem ýakmak üçin çöpleme-odun ýygnaýyn” diýipdir. Egindeşleri onuň üçin her hili işleri berjaý etmäge taýýardy. Ýöne ol bazardan alan zatlaryny-da özi daşardy we hiç kime asla ýük bolmak islemezdi.

Özi bir ulaga münende, ýanyndaky adamyň pyýada ýöremegini-de halamazdy.

Pygamberimiz bir egindeşine görme-görşe gidipdi. Gaýtjak bolanda öý eýesi oňa öz ulagyny beripdir, ogluny-da pyýada görnüşde pygamberimize ýoldaş edip ibermekçi bolupdyr. Emma pygamberimiz oglanyň pyýada ýöremegine razy bolmandyr, ony hem ulaga mündüripdir.