Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » Pygamberimiziň maşgala durmuşy

Pygamberimiz nusga alynjak bir maşgalabaşydy. Ol ýanýoldaşyna wepaly bir erkekdi, çagalaryna oňat seredýän bir atady. Öý işlerinde mydama kömek ederdi, öz zatlaryny, eşiklerini ýuwardy, içerini arassalardy, süpürerdi, aýakgabyny özi bejererdi, ýyrtyklaryny ýamardy. Gerekli zatlaryny bazardan özi alyp gelerdi, hyzmatçylara käýemändir, ynjytmandyr.

 

Pygamberimiziň öýi dünýädäki maşgala ojaklarynyň iň bagtyýarydy. Bu maşgala ojagynda goh-galmagal, dawa-jenjel ýokdy. Rahatlyk, arkaýynlyk, hoşamaýlyk bardy. Pygamberimiz öýde hemişe güler ýüzli hereket ederdi, gödek sözleri bolmazdy, adama gygyrmasy, azgyrylmasy ýokdy. Aýallaryna mylaýym, sypaýy we hoşamaý ýüzlenerdi. Ol muny musulmanlara hem maslahat edipdi:

 

“Siziň iň haýyrlyňyz we peýdalyňyz aýallaryna sypaýy bolanyňyzdyr.”

 

Hormatly pygamberimiz erkegiň öz ýanýoldaşynyň hereketleri hoşgylaw görmegini maslahat beripdir:

 

“Hiç kim ýanýoldaşyny ýigrenmesin, käbir halamadyk hereketi, häsiýet bar bolsa, onuň ýerine ençeme halaýan hereketleri, häsiýetleri hem bardyr.”(Müslim, Rida, 18.)