Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » Mekgäniň ele geçirilişi (M. 630)

Pygamberimiz (s.a.s.) 630-njy ýylda Mekgäni ele geçirmeli diýen karary aldy we 10.000 adamdan ybarat bolan yslam goşuny bilen dört sapdan Mekgä girdi. Hormatly pygamberimiz Mekgäniň gan dökülmezden alynmagyny isleýärdi. Şonuň üçin esgerlerine şeýle diýdi: “Hiç hili gan dökmäň, asla ýaragly çaknyşyk etmäň.”

Aýdyşy ýaly hem boldy. Mekge gan dökülmezden ele geçirildi. Py- gamberimiz “Harem-i Şerife” gidip, Käbäni butlardan arassalatdy we şol ýerde ýygnanan adamlaryň öňünde ähmiýetli bolan hutba okady. Pygamberimiz şol hutbasynda:

Allanyň birligini, biribarlygyny, ähli adamlaryň deň derejede bolandygyny, geçmişdäki gan dawalarynyň aradan aýrylandygyny düşündireninden soňra şeýle nusgadaky aýaty okady:

“Eý, adamlar! Biz sizi erkek we aýal jynsyndan ýaratdyk. Tanyşarsyňyz diýip sizi milletlere, tire-taýpalara böldük. Allatagalanyň hu zurynda siziň iň abraýlyňyz ondan has köp derejede çekineniňizdir. Allanyň biljekdigine, eşitjekdigine asla şübhe bolup bilmez.”(Hujurat süresi, 13.)

Bu sözleri diňleýän mekgeliler owwal pygamberimizi öldürmäge synanyşdylar, ilkinji musulmanlara döz gelinmejek derejede ezýet etdiler, yslamyň nuryny söndürmek üçin ellerinden gelenini edýär diler. Häzir bolsa boýny bükük, özleri hakynda beriljek karara sabyrsyzlyk bilen garaşýardylar.

Pygamberimiz (s.a.s.) olardan şeýle diýip sorady:

“Eý kureýş halky! Özüňiz hakynda näme etjekdigim barada oýlanýasyňyzmy?”

- Sen asylly we abraýly bir dogansyň!-diýdiler. Pygamberimiz (s.a.s.) bu ýerde bir ägirtligini görkezdi:

“Bu gün size gynamak ýok, siziň hemmäňiz azatsyňyz!”-diýdi we hemmesiniň günäsini bagyşlady.

Mekgäni ele geçiren beýik pygamberimiz özüniň deňsiz-taýsyz mer hemeti we geçirimliligi bilen şol ýere ýygnanan adamlaryň hem göwünlerini ele geçirdi. Adamzat nesline iň ajaýyp adamkärçilik we iň oňat ahlak sapagyny berdi. Mekgäniň ele geçirilen güni öýle azanyny hezreti Bilal-i Hebeşi Käbäniň tamynyň üstüne çykyp okady. Namaz okalyp bolandan soňra pygamberimiz Safa depesine çykdy. Täze musulman bolanlar hem şol ýere ýygnandylar. Ilki erkekler, onuň yz ýany bilenem zenanalar wada berdiler (pygamberimiziň işini oňlaýandygy barada ant içdiler).