Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » Pygamberimiziň perzentleri

Pygamberimiziň ýedi sany çagasy bolup, olaryň üç sanysy erkek, dört sanysy hem gyzdyr.

Erkek oglanlary: Kasym, Abdylla, Ybraýym.

Gyz oglanlary: Zeýnep, Rukiýe, Ümmügülsüm, Fatyma.

Bularyň altysy hezreti Hatyjadan, ogly Ybraýym bolsa Mariýeden bolupdyr.

Kasym bilen Abdylla pygamberlik buýrugy gelmezden öň, ýaş wagtynda aradan çykypdyr. Pygamberimiz (s.a.s.) perzentleriniň ölümine örän gynanypdyr. Pygamberimiziň ýene bir tutulýan ady “Ebul Kasymdyr”, başgaça aýdylanda, “Kasymyň kakasy” diýmekdir. Pygamberimiz bu ada öz ýanyndan monça bolup, guwanardy, çünki kiçi ýaşda ýitiren oglunyň adyny eşidip, özüne teselli tapýardy.

Beýleki ogly Ybraýym bolsa, göçden soňra Medinede doglupdy. Ol hem kiçi ýaşda aradan çykypdy. Şonda oglunyň ajy aýralygyna göz ýaş döküp, şeýle diýipdi:

“Göz ýaşarar, ýürek gynanar. Allanyň razylygy üçin oňa hiç hili zat diýip bolmaz. Eý Ybraýym, seni ýitirendigimiz üçin gaýgy-gama batdyk.”

Ybraýymyň ölen güni gün tutulypdy. Käbir adamlar “Ybraýym ölendigi sebäpli gün tutuldy” diýipdirler. Pygamberimiz bu düşünjäniň nädogry düşünjedigini aýdyp, şeýle diýipdir:

“Gün bilen Aýyň Allanyň aýatlaryndan iki sanysynyň nyşany bolandygyna şübhe ýokdur. Olar hiç kimiň ölümi ýa-da ömri bilen baglanyşykly tutulmazlar.”

Pygamberimiziň gyzlarynyň hemmesi ulalyp durmuşa çykypdyrlar. Hezreti Patmadan beýleki üç gyzy pygamberimizden öň aradan çykypdyrlar. Körpe gyzy Fatyma hezreti Aly bilen durmuş gurupdyr we hezreti pygamberiň ölüminden soňra-da alty aý ýaşapdyr. Pygamberimiziň tohum-tiji onuň neslinden dowam edipdir. Hezreti Hasan we hezreti Hüseýin onuň çagalarydyr.