Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » Hoşlaşyk hajy (M. 632)

Mekge ele geçirilenden soňra, yslam dini çalt depgin bilen ýaýrady. Biribarlyk ynanjy tüýs ýürekden kabul edildi. Erkinligi we halas bolmaklygy yslamdan gözleýän adamlar topar-topar bolup musulmanlygy kabul etmäge başladylar. 23 ýyllyk abraýly göreşiň nerijesini gören pygamberimiz (s.a.s.) göç hasaby senesiniň onunjy ýylynda ýüz müňdenem köp mu sulman bilen birlikde haja gitdi.

Pygamberimiz (s.a.s.) Arafatda takmynan 124 müň musulmana ýüzlenip, meşhur hutbasyny okady. Şol hutba “weda hutbasy” (hoşlaşyk ýüzlenmesi) diýilýär. Bu ýüzlenmeden soňra şeýle manydaky aýat ýüze çykdy:

“Bu gün siziň diniňizi kemala getirdim. Siziň nygmatyňyzy tamam görnüşde üpjün etdim, jogapkärçiligiňizi anyk belli etdim. Size din hökünde-de yslamy saýlap seçdim.”(Maide süresi, 3.)

Hormatly pygamberimiz ahyrete saparynyň ýakyn gelendigini we mundan soňra haj edip bilmejekdine göz ýetirendigi üçin şol ýerde musulmanlar bilen hoşlaşdy. Şol sebäpli pygamberimiziň bu hajylygyna “weda hajy” (hoşlaşyk hajy) diýlipdir.

Pygamberimiz hajylyk wezipesini berjaý edip gutaranyndan soňra öz ýanyndaky musulmanlar bilen bilelikde Medinä gaýtdy.

Hoşlaşyk ýüzlenmesinde deňlik düşünjeleri beýan edilip, hakyky manysynda eşretliligiň we bagtly durmuşyň düýbi tutulypdyr. Şol wagtlar sesi uzak aralyklara ýetirjek tehniki gurallaryň bolmandygy üçin pygamberimiziň her aýdan sözüni beýleki adamyň belent sesli aýtmagy bilen tutuş märekä şol wagtyň özünde ýetirilipdir. Bu ylahy ýüzlenme adamzadyň hak-hukuklarynyň bütindünýä beýannamasyndan has öň, adamlaryň hak-hukuklaryny goraýan esasy düzgünnamalar bolup hyzmat edipdir.