Baş sahypa« ALTYNJY BÖLÜM PYGAMBERIMIZ Hz. MUHAMMET ALEÝHISSALAM » Pygamberimiziň Allatagala bolan ynamdarlygy

Pygamberimiz Allatagala tüýs ýüregi bilen ynanardy, özüni üstünlige ýetirjekdigine hemişe bil baglardy. Hiç haçan bu ynanjyny ýitirmändi, Allatagala hemişe ynanypdy.

Pygamberimiz Mekgede ýalňyz galanda, akylyňa gelmejek kynçylyklara sezewar edilende, Uhud we Huneýn söweşlerin döwründe, iň howply ýagdaýlar bilen ýüzbe-ýüz bolanda-da, ol asla Allatagala bolan ynanjyny ýitirmändi.

Pygamberimiz musulmanlygy açyk görnüşde yglan etmäge başlan döwründe, Kureýş taýpasynyň, ýagny mekgelileriň ýolbaşçy adamlarynyň biri bolan doganoglany Ebu Talyba ýüz tutup: “Eý Ebu Talyp, doganyň ogly taňrylarymyza sögýär, atalarymyzyň samsyk bolup ýaşandygyny aýdýar, bizi-de akmaklykda aýyplaýar. Şonuň üçin ýa ony goramaklygyňy goýbolsun et, ýa-da açyk görnüşde onuň tarapyna geç, bizem şoňa görä hereket edeli” diýipdir.

Ebu Talyp ýagdaýyň ýaramaz netije bilen gutarjakdygyna göz ýetiripdi. Sebäbi, mekgeliler ony bu dawadan, din ugrundaky göreşden sowatmak isleýärdiler. Muňa garşy çykjak öz güýji-de ýokdy. Şonuň üçin Ebu Talyp pygamberimize:

“Oglum, maňa beýle agyr ýüki ýükleme. Çünki, oňa döz gelip, daýanyp bilmeýärin” diýdi. Pygamberimiz özüni goraýan doganoglan daýysynyň muny goýbolsun etmek niýetinde aýdan sözleriniň öňünde-de Allatagala bolan ynamyny üýtgetmändi:

“Daýy, Allanyň adyndan ant edýärin, bu adamlar bir elime güneşi, beýleki elime-de aýy getirip goýsalar, pygamberligimden asla aýrylmaryn. Ýa Allatagala pygamberligimi gorap saklamak üçin maňa gerekli güýç-kuwwaty berer, ýa-da bu ugurda öz janymy gurban ederin” diýipdi. Bu sözler Ebu Talyba şeýle bir täsir edipdir welin, görgüli durup bilmän:

“Git, oglum, hiç kim saňa barmagyny hem batyryp bilmez”(Ibn Hişam, j. 1, s. 266.) diýipdi.

Pygamberimiz Nejid söweşinden gaýdyp gelýärdi, ýadap halys bolupdy. Ýoldaşlary bilen bilelikde bir agajyň kölegesinde düşlediler, hemmesi-de uka gidipdir. Pygamberimiziň gylyjy-da agaçdan asylgydy. Bu ýagdaýy gören bir adam (Bedewi taýpasyndan) pursat peýdalanyp, pygamberimiziň gylyjyny eline alyp, gynyndan çykaryp pygamberimiziň üstüne topulypdyr. Pygamberimiz birden oýanypdyr, görse, adam ýetip gelýän eken. Şol adam:

“Indi seni meniň elimden kim halas ederkä?” diýip gygyrypdyr.

Pygamberimiz hiç zat ýok ýaly asla aljyraman:

“Alla halas etjekdir”-diýip jogap beripdir. Bu sözden soňra şol adamyň eli sandyrap, elindäki gylyjyny ýere gaçyrypdyr. (Buhary, Megazi, 31; Müslim, Fedail, 4.)

Pygamberimiz Alla ynanmak bilen bir hatarda öz boýun borjy bolan wezipesini-de birkemsiz berjaý ederdi. Munuň ajaýyp nusgalarynyň biri Mekgeden Medinä göç eden döwründe özüni alyp barşy bilen baglanyşyklydyr. Ilki Alla tarapyn gelen buýrugy hiç kime aýtman, gizlin saklapdyr, hezreti Ebu Bekirden başga hiç kime aýtmandyr. Soňra hezreti Alyny öz ýatýan düşeginde ýatyrypdy we oňa gijäni şol ýerde geçirmegi buýruk beripdi.Ondan soňra gitjek ýeriniň ters tarapynda bolan Sewr gowagynasygnypdy. Bularyň bary şol gün üçin gerekli bolan çärelerdi. Pygamberimiz bularyň hiç biri ahmal etmändir, bu çäreleri görenden soň, Allatagala-da gaty bek ynanypdyr.Onuň üçin pygamberimiz düýesini başyna goýberip, yzyndanam Alla tabşyrdym diýýän adama:

“Ilki düýäňi berk duşa, soňra Alla ynan” diýipdir.