Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Oraza aýynyň başynyň we aýagynyň anyklanylyşy

Parz bolan orazanyň wagty Oraza (Remezan) aýydyr. Şol sebäpli Oraza aýynyň başlangyjy bilen baýram gününiň anyk görnüşinde belli edilmeginiň uly ähmiýeti bardyr.

Oraza aýy bilen baýramlary “gör-tut, gör-aç” düzgünine görä, aýy görüp bellemekligi esas almak bilen bilelikde bular astronomiýa ylymyndan peýdalanylan hasap boýunça anyklanyp bilner. Maksat Oraza we baýramlaryň dogry görnüşde bellenilmegidir.

Şeýle hem namaz wagtlary-da kitap we sünnetde günüň hereketi bilen (has anygy dünýäniň günüň töwereginden aýlanmagy bilen) emele gelen gün çakrymy (yşygy, şöhlesi) we kölege ýagdaýlaryna baglanan halatynda ugur alnyp, bu gün bular, ýagny namazlaryň wagt hasaby bilen anyklanyp, senenamalarda görkezilýär.

Häzirki wagtda alnyp barylýan bütin gözegçilikler-de astronomik hasaplaryň dogrudygyny subut edýärler.

1978-nji ýylda 19 sany musulman ýurtlardan jemi 40 sany din alymlarynyň we astronomlaryň gatnaşmagy bilen Yssambylda geçirilen “Rü-ýet-i Hilal” (aý gözegçiligi) diýen konferensiýasynda kamary aý başlarynyň anyklanylmagynda, aýyň gözegçiligi (isle ýönekeý gözüň kömegi bilen, isle-de döwrebap ylmyň tehniki serişdeleriniň kömegi bilen bolsun tapawudy ýok, aýyň görülmegi esas alynmak bilen bilelikde, astronomlaryň hasap bilen anyklan aý başlaryna dini taýdan hem iň ynamly boljakdygy kabul edilipdir.

Bu mesele hakynda ýeterlik derejede bilmek isleýänleriň peýdalanyp bilmekleri üçin, agzalyp geçen konferensiýada Din işleri guramasynyň başlygy tarapyndan hödürlenen ylmy çykyşyň käbir bölümlerini jemläp berýäris:

“Yslam düzgünlerine görä namaz wagtlarynyň anyklanylmagynda Günüň hereketleriniň (has takygy, dünýäň öz okunyň töweregindäki gündelik hereketi bilen Günüň töweregindäki ýyllyk hereketleriniň); Oraza, haj, zekat, pitre sadakasy, gurban, baýram ýaly ybadatlaryň zamanlarynyň anyklanylmagynda bolsa, Aýyň aýlyk we ýyllyk hereketleriniň esas edilip alynmagy zerurdyr. Atlandyrylyp geçilen ybadatlaryň zamanlarynyň anyk görnüşde bilinmegi bolsa Kamary aýynyň ilkinji gününiň, esasanam Oraza, Baýram we Gurban aýlarynyň birinji günleriniň dogry kesgitlenilmegine baglydyr. Fykyh eserleriniň derňewi netijesinden-de göz ýetirilip bilnişi ýaly, yslam alymlarynyň we danalarynyň köpüsi diýen ýaly hormatly Resulullanyň (s.a.s.) “Oraza aýyny gören desseňize agzyňyzy bekläň, oraza tutmaga başlaň, Baýram aýyny gördüňizmi, onda baýram ediň. Howa garamyk görnüşde bolup, eger aýy görüp bilmedik halatyňyzda (Meret we Oraza aýlaryny) 30 güne dogry deňläp gutaryň.” (El-Buhary, el-Jamius-Sahih, II, 279. Istambul, 1315; Müslim, el-Jamius-Sahih, II, 579 (Tahkik: M. Fuad Abdulbaky), Kair, 1375/1955; Ebu Dawut, es-Sünen, I, 543, Müsür, 1371/1952; et-Tirmizi, el-Jamius-Sahih, III, 72 (Tahkik: M. Fuad Abdulbaky), Müsür, 1953; Ibn Maje, es-Sünen, I, 259 (Tahkik: M. Fuad Abdulbaky). Müsür, ed-Darimi, es- Sünen, II, 3. Daru Ihýais-sünnetin-nebewiýýe..) hadys-i şerifinden ugur alypdyrlar, Kamary aýynyň başlarynyň anyklanmagy bu aýlara degişli bolan ilkinji Aýyň görülmegi, eger bu mümkin bolmadyk ýagdaýynda, aýyň 30 güne deňlemek ýoly bilen boljagyny, bu meselede hasap bilen we münejjimleriň sözleri bilen amal etmeklikligiň dini taýdan dogry bolmajagyny aýdypdyrlar.

Munuň ýerine san taýdan az hem bolsa, Kamary aýyň başlarynyň (Oraza, Baýram we Gurban aýlarynyň) hasap bilen bellenilmeginiň mümkin, dogry we hatda zerur bolandygyny aýdan din hukukçylary-da her bir asyrda bolupdyr.

Kamary aýynyň başlarynyň bellenilmeginde hökmany Rüýetiň esas edilip alynmagyny, şol boýunça hasap ýöretmekligiň dogry bolmadygyny aýdýan alymlaryň esasy tutaryklary, delilleri şulardan ybaratdy:

1. Hadys-y şerifde: “Aýy görmän ozara tutmaklyga, agyz beklemeklige başlamaň. Şeýle hem Aýy görmän, orazany goýbolsun edip, baýram bellemäň. Howa garalyp, Aýy görmeklige mümkinçilik bolmasa, onda 30 güni dolduryň.” (En-Newewi, Şerhu Sahihi Müslim, VII, 188-189, Beýrut, 1392/1972) diýlipdir, hasapdan we münejjimleriň berjek maglumatyndan söz açylmandyr. Tersine, Aýyň görülmedik halatynda bolsa 30 güni doldurmaklyga buýruk berlipdir. Hasap bilen amal edilmegi ýörgünli bolsady, onda Hz. Pygamber (s.a.s.) 30 güni dolduryň diýip emir etmezdi, “Hasap bilenlere ýüz tutuň” diýerdi.

2. Pygamberimiz (s.a.s.) münejjimlere ynanmaklygy we ylmy nüjum (ýyldyzlar bilen baglanyşykly bolan ylym) bilen meşgullanmaklygy gadagan edipdir, “Kim bir jadygöýe ýa-da gurrandaza gitse, baryp ondan gaýyp bilen baglanyşykly habar sorasa, Muhammede indirileni inkär eden hasaplanylar.” (Et-Tergib wet-Terhib, J.4, s.34 (Hadysy Bezzar aýdypdyr)) diýip aýdypdyr.

3.Ylmy nüjum (gurrandazlyk ylmy) hyýal we takmyndyr çalkamadan ybaratdyr. Ne-hä anyk bir maglumaty, ne-de bir ynamly netijäni berip biler. Şol sebäpden, Kamary aýynyň başlarynyň bellenilmeginde bu ylymdan ugur alynmaz, oňa ýykgyn edilmez.

4.Dini borçdur wezipeleriň wagtlaryny hasap bilen bellemek, hasap bilenleriň azlygy sebäpli, dini hökümleriň, düzgünleriň talabyny kynlaşdyrar. Din bolsa aňsat bolmalydyr. Şol sebäpli, ybadat zamanlarynyň belli bolmagyny alymyň-da, jahylyň-da aňsatlyk bilen anyklap biljek esaslara baglamaklyk ýerliklidir.

Kamary aýyň başlarynyň, esasan hem Oraza, Baýram we Gurban aýlar Rüýetden başga astronomik hasaplar bilen anyk belläp bolar diýip çykyş edýän alymlar bu hasaby kabul etmeýänleriň öňe süreýän garaýyşlaryna şeýle jogap berýärler:

1. “Oraza Aýyny gören badyňyzda oraza başlaň. Baýram Aýyny göreniňizde bolsa, orazany goýbolsun edip, agyz beklemäňizi tamamlaň. Howa garalyp, aý görünmedik halatynda-da 30 güni dolduryň” diýen many- daky hadyslar Kamary aýlara degişli aýlaryň hasap bilen bellenilmegini gadagan etmeýär, musulmanlaryň Oraza, hajylyk, gurbanlyk, pitre sadakasy, baýram ýaly ybadatlaryny berjaý etmegi üçin , Aýyň hereketlerine degişli inçe hasaplary öwrenmek bilen kämil edilip ýetişdirilmediklerini, bu iş üçin sowatlydyr sowatsyzyň-da ýöredip biljek ýönekeý görnüşdäki Rüýet ýolunyň tutulmagyny görkezýär.

2. Hadysy şerifde gadagan edilen ylmy nüjum (gurrandazlyk) häzirki wagtdaky anyk we döwrebap astronomik ylym däldir. Häzirki döwrüň anyk delilli ylymy bolan astronomiýany yslamyň gadagan etmekligi mümkin däldir. Bu ýerde yşarat edilen we gadagan edilen zat aslynda ýyldyzlaryň hereketlerinden geljege degişli habar we düzgünler çykarmaklyga hem-de bir topar biderek maglumatlar alynmaga çalşylmagydyr. Şonuň üçin alymlar şu we şuňa meňzeş hadyslarda agzalýan “Münejjim” (gurrandaz) adalgasyny “ýyldyzlaryň dogup batyşyndan ýola çykyp geljege degişli habar beren adam, “Kahin” adalgasyny bolsa, “Bir zady öňünden habar beren ýa-da gaýypdan maglumat beren adam” diýip düşündiripdirler. (Ibn Abidin, Mejmuatur-resail, I, 245)

3.Gadymy fykyhçylaryň çaklamadyr ahtimallaryndan ybarat hasaplap, üstün çaklamalar bilen beýan etmejegini aýdýan hasap we ylmy nüjum, häzirki wagtyň hasaby we astronomiýasy däldir, belki bu ylyma degişli ilkinji we örän çäkli maglumatlardyr. Häzirki wagtdaky astronomiýa ylmynyň ýeten sepgitleridir hasaplary anykdyr.

4.Oraza, Baýram we Gurban aýlaryna degişli aýlaryň hasap bilen bellenilmegi we anyklanylmagy üçin bütin musulmanlaryň astronomiýa we inçe hasaplary öwrenmekleri zerur şert däldir. Şeýle hem her kimiň aýa gözegçilik etmegi-de boýnuna goýlan jogapkärçilik däldir, köpçüligiň içinden birnäçe adamyň, hatda bir-iki adamyň Aýy görmegi bilen beýlekilerinden jogapkärçilik talap edilmez. Aýratyn-da häzirki wagtda hasap rüýetden has aňsat, köpçülik üçin örän ýeňil ýagdaýa öwrülendir. Şoňa görä, hasap bilen aýyň anyklanmagy musulmanlara külpet muşakgatlyk däl, eýsem has aňsatlykdyr, uly ýeňillikdir.

Bilnişi ýaly, Jenab-y Hak tutuş kainat bir düzgüne laýyk ýaradypdyr. Şoňa görä mukaddes Gurhanda:

“Güni şöhleli we Aýy nurly eden, ýyllaryň sanyny we hasaby bilmekligiňiz üçin Aýa gonalga görnüşdäki ýerleri döreden Oldur. Alla bulary diňe hakykata görä ýaradandyr. Bilen millete aýatlary uzyn we giňişleýin düşündirýändir” (Ýunus: 5) diýip bellenilýär.

Başga bir aýatda bolsa:

"Gün we Aý (belli we anyk) bir hasaba görä hereket ederler.” (Er-Rahman: 5) diýip bellenilipdir.

Görnüşi ýaly, bu aýatlaryň birinjisinde, ynsanlaryň aý we ýyllary hasaplap bilmekleri üçin kamary menziller, ýagny aralyklar bellenilendigi düşündirilýär. Şeýle hem ylahy gudratdyr azamatyň düşünilmegi we oňa göz ýetirilmegi üçin Günüň hem-de Aýyň hereketleriniň öwrenilmegi, asman bilimine ähmiýet berilmegi öňe sürlüpdir.

Ikinji aýatda bolsa, Gün we Aýyň öz-özünden däl, eýsem düzgündir belli hasaba görä hereket edýändigi düşündirilipdir.

Aýaty kerimelerdäki bu düşündirişe Günüň we Aýyň hereketlerini sekundynyň sekundyna çenli kesgitläp bilýän häzirki zaman astronomiýa ylmyna garşy çykmak, ony oňlamazlyk we dini günleriň anyklanylmagyn- da bu usuldan peýdalanmazlyk, diňe Rüýet diýip aýak diremek, biziň pikirimizçe, Gurhanyň we sünnetiň ruhuna ters hereket etmekdir.

Hormatly Resulullamyz (s.a.s.) bir hadysy şeriflerinde: “Biz garamaýak bir milletdiris. Şonuň üçin ne ýazuw bileris, ne-de hasap ýöretmäni. Bize gerekli bolan esasy zat, aýyň käwagt 29, käwagt-da 30 gün bolanyny bilmekden ybaratdyr.” (El-Buhary, age. II,579; Miras Kämil, Tejrid-i Sarih terjimesi.VI, 308 (908-njy hadys). Istambul, 1945) diýip belläpdir.

Bu hadys-y şeritde agzalyp geçilen “Oraza aýyny görüp, oraza başlaň, Baýram aýyny görüp-de, agzyňyzy açyň. Howa we tebigy ýagdaýlara görä aýy görüp bilmeseňiz,onda aýy 30 gün görnüşinde dolduryp gutaryň” manysyndaky hadysy bilen birlikde derňelse, Resulullanyň (s.a.s.) kamary aýlaryň başlangyçlaryny anyklamakda Rüýeti esas almagyndaky sebäbiniň şol wagtky jemgyýetde ýazuw we Aýyň hereketleri bilen baglanyşykly hasaplaryň bilinmeýändiginden gelip çykýandygy görülýändir.

Şol wagtky jemgyýetiň bar bolan şertlerine we ýagdaýlaryna laýyk görkezilen maglumatlaryň ýoly babatda bu günki günde-de şondan ugur almak we yslamyň her hili serişde bilen takyk ylymyň netijeleriniň öňünde durmak, oňa garşy çykmak dogry bolmasa gerek.

Kamary aýynyň başlarynyň anyklanylmagynda din ussatlarynyň “Aýy görseňiz, oraza tutmaklyga başlaň...” we şuňa meňzeş hadysy şeriplerden ýola çykyp, rüýeti esas almaklaklary şol döwürlerde geçirilýän astronomik hasaplaryň aýyň başlaryny kesgitlemekde ýeterlik bolmandygyndandyr. Bu ýagdaýy Hz. Pygamberiň (s.a.s.) mundan öň beýan edip geçen: “Biz bilimsiz bir milletdiris. Şonuň üçin ne ýazuwy bileris, ne-de bir hasap ýöretmegi...” görnüşdäki hadysynda anyk görmek mümkindir. Aýyň başlarynyň anyklanylmagynda aýa gözegçilik etmek ýolunyň saýlanylyp alynmagy hasap bilen ony berjaý etmekligiň şol günki ýagdaýlara görä mümkin bolmandygydyr. Aýratyn hem häzirki wagtlarda Aýyň bütin hereketleri, iň inçe aýratynlyklaryna çenli hasaplanyp bilinýär, isle deňleşmegi, isle-de ýer ýüzünden aý görnüşde ilkinji gezek görnüp bilinjek ýeri we onuň wagty anyk bilinýär.

Esasan hem öň belläp geçişimiz ýaly tebigy we takyk ylymlaryň yslam dünýäsinde ösmäge başlan Hadys döwründen başlap her bir asyrda sany az-da bolsa, bir topar hakykatçyl din ussatlary Oraza, Baýram we Gurban aýlarynyň kesgitlenilmeginde hasap bilen amal etmekligiň dogry boljakdygyny belläpdirler. Soňra Aýnynyň (El-Aýny, Umdetül-kary, X,271, Müsür) beýan edişine görä, hadysşynas alymlaryndan käbir adamlar hasap ýoly bilen kamaryň menzilleriniň anyklanylmagynyň mümkindigini kabul edipdirler.

Ibn Süreýjiň rowaýatyna görä, Mutarryf b. Abdulla b. Şyhhyr bilen Ibn Kuteýbe bulardandyr. (El-Kurtübi, el-Jami li ahkamil-Kuran.II,293, Kair, 1354/1935) Bu şahsyýetler ýokarda dürli görnüşdäki beýan edilen hadysy şerifdäki “howa bulutly bolsa, onda öz başyňyzy özüňiz çaraň, güni anyklamak üçin takdyr ýoluna ýüz tutuň” sözlemini köpçüligiň düşünişi dek “sanyny 30 güne dolduryp deňläň” görnüşinde däl, eýsem “aýyň menzillerini hasap bilen anyklaň we şol ýoly yzarlaň” diýip düşündiripdirler.

Ahmet b. Hanbel bolsa bu söze “howa bulutly bolan wagty aýy bulutlaryň aşagynda bar ýaly görnüşinde kabul ediň” görnüşinde düşünipdir. Onuň garaýşyna görä, Meret aýynyň 29-njy güni howanyň bulutly bolandygy sebäpli aý görünmese, onda ertesi güni Oraza aýynyň 1-nji güni diýip hasaplap, oraza başlamak zerurdyr. Abdylla b. Omaryň garaýşy hem hut şonuň ýalydyr.

Hadys-y şerifdäki “ony takdyr ediň” diýen durnukly aňlatmasynyň “hasap bilen anyklaň we ondan ugur alyň” görnüşinde düşünilmegi, esasan hem ýylyň köp günlerinde howanyň bulutly bolan, Günüň aýda diňe birnäçe gün görlüp bilinjek territoriýalar üçin-de aňsat boljakdygy häsiýetindedir. Tersine, bu etraplarda Oraza aýynda Aýy görmekligiň köplenç mümkinçiliginiň bolmaýşy ýaly, Meret aýynda Aýy görmek hem hut şonuň ýaly bolandygy üçin ondan öňki aýy 30 güne dogrulamak-da aňsat boljak däldir.

Ibn Süreýjiň aýtmagyna görä, Ymam Şafi-de aýlarda Aýy görmek ýagdaýynyň astronomik hasaplar bilen kesgitlenip biljekdigini oňlaýan adamlaryň hasap bilen amal etmekleriniň dogrudygyny belläpdir. (Muhammet b. Abdyl-wahhab, el-Endelusy, el-Azbüz-zülal. I,244, Katar, 1973; (El-Hida- ýe žurnaly, 1398/1978, sany: 6, sahypa: 82, Tunus.))

Hijri hasabynyň ýedinji asrynda uly sepgitlere ýeten din alymy Takyýýuddin b.Dakykylyd bolsa şeýle garaýşy öňe sürüpdir:

“Aýyň deňleşme wagtyny hasap bilen kesgitlemek ýoly boýunça Oraza aýynda agyz beklemeklige başlanylmaz. Çünki, Aýyň aý ýagdaýynda ýeriň üstünden görlüp bilinmegi deňleşme zamanyndan 1-2 gün soňra ýüze çykýar. Şerigat Aýyň deňleşme pursatyny däl, eýsem aý ýagdaýyny aýyň başy edip esas alandyr. Ýöne bulut, tozan, ümür we ş.m. päsgelçilikler sebäpli görüp bolmaýan aýyň asmandaky barlygyny hasap bilen kesgitlenilse, oňyn bolmadyk sebäp emele gelendigi üçin täze aýyň başlanylmagynyň zerurdygy ýüze çykar. Çünki täze aýyň başlanmagynda zerur şert bolan Aýyň hut özüniň görülmegi däl, eýsem, onuň aý görnüşinde asmanda bar bolmagydyr. Görülse-de, görülmese-de, ilkinji aý görnüşi bilen dini taýdan täze aý başlandyr. Bu ýagdaý anyk görnüşde bilnen halatynda bu maglumat bilen amal etmek wajyp bolar.” (El-Azbüz-zülal. I, 249-250, Katar,1973)

Mesele bilen baglanyşykly hadysy şeriflere laýyklykda dini taýdan Oraza aýynyň başlanmagy bu aýa degişli ilkinji Aýyň günüň batmagyndan soňra ýer ýüzünden görnüp bilinjek şekilde asmanda bar bolmagydyr.

Hijri hasabyna görä VIII asyrda ýaşaýan Şafiý din alymlaryndan es-Sübky-da hasap bilen amal etmegi öňe süren we bu babatda tankyt edilmegine garamazdan, öz garaýşyny ykjam goran alymlaryň biridir. Bu mesele boýunça ýazan gollanmasynda (Gollanmanyň ady: “El-Ilmül-Menşur fi, Isbatiş-Şuhur) Sübky: “Aýyň otuzynjy gejesinde Aýyň görlendigine şaýatlyk edenlere garşy astronomiýa we hasap işgärleri “hasaba görä bu gije Aýyň görülmegi mümkin däldir” diýseler, astronomiýa we hasap işgärleriniň sözi bilen amal edilip, şaýatlaryň güwänamasy ret ediler. Çünki matematiki hasap anykdyr. Şaýatlyk bolsa çen-takmyndyr.” diýip belläpdir.(Ibn Abidin, Reddül-Muhtar, II, 251-252, Ist.,1307, Miras Kamil, age. VI,311)

Hasap bilen amal etmegi ýüze çykaran esasy sebäpleriň biri-de ýer ýüzünde demirgazyk tarapda ýerleşen etraplara ýakynlaşdygyňça günüň yzly-yzyna iki sapar doguşy ýa-da batyşy arasyndaky wagtyň 6 aýlap diýen ýaly uzamaklygydyr. Bu etraplarda häzirki wagtda hem ynsanlar ýaşaýarlar, şolaryň arasynda musulmanlar-da bardyr. Şol etraplardaky musulmanlaryň günüň batmagyndan soňra rüýet bilen oraza tutmalarynyň mümkin bolmaýşyna we “bu musulmanlara oraza parz däldir” diýilmejegine görä, Oraza aýyny şeýle hem oraza sagatlaryny hasap bilen ýöretmeklige mejburdyr.

Çünki, oraza aslynda aýyň görünmekligi sebäpli däl-de, Allanyň emri bolandygy üçin parzdyr. Aýyň görülmegi oraza tutulmagy parz bolan Oraza aýynyň başlandygynyň bir alamatydyr. Bir ybadatyň wagty üçin alamat görnüşinde kesgitlenilen zadyň tapylmazlygy ýa-da görülmezligi bilen şol ybadat aradan aýrylmaz. Bu alamatyň görülmezligi wagty hem aradan aýryp bilmez. Şeýle ýagdaýda wagt başga bir alamat bilen kesgitleniler. Mysal üçin, agşam wagtynyň girendigini Günüň batmagy bilen, ikindi wagtynyň girendigi bir zadyň kölegisiniň bir ýa-da iki esse uzamagy bilen, ýassy wagtynyň girendigini şapagyň ýitmegi bilen bilşimiz ýaly, bulary sagat bilen hem kesgitläp ýa-da anyklap bileris. Howanyň bulutly bolmagy sebäpli, kölege, daň ýeriniň agarmagy, şapak ýa-da günüň batmagy ýaly hadysalaryň göz bilen görülmezligi namazlara degişli bolan wagtlary aradan aýryp bilmeýşi ýaly, Aýyň görülmezligi-de Oraza aýynyň başlanmaklygyny ýok edip bilmejekdigi düşnüklidir.Aý görülmese,onda onuň ýerini hasap tutar.

Aslynda Aýyň görülmeginiň tarapdarlary bolup çykyş eden alymlar öz ýaşan asyrlarynyň çäklerinde dogry garaýşa eýe bolandygyny görmek mümkindir. Çünki, olaryň ynanmadyk hasaby häzirki döwrüň kompýuterler bilen ýerine ýetirilen hasap däldir, şeýle hem olaryň bil baglamadyk ylmy Aýyň iň kiçijik hereketlerine çenli öwrenip bilýän häzirki zaman asronomiýasy däldir. Bu ýerde düşünilmegi kynçylyk bolan zat hasaba garşy çykan şol gadym alymlaryň tutumy däl-de, häzirki wagtda hasapdan çekinip, dini günleriň kesgitlenilmeginde ýa-da anyklanylmagynda rüýetden başga usuly kabul etmeýän adamlaryň tutumydyr.

Bilnişi ýaly, Aýyň görülmegi aýyň ilkinji we soňky günlerinde ýer ýüzünden inçe bir ýaý şekilindäki görnüşiň göz bilen görülmegidir. Deňleşme wagtynda Aý dünýäniň hiç bir ýerinden görülmeýändigi sebäpli deňleşme ýagdaýyndaky Aýa hem hilal (aýyň ýay şekilindäki başlangyç görnüşi) diýilmeýär. Isle aýatlarda, isle-de hadyslarda aýyň başlangyjynyň kesgitlenilmeginde aýdan we rüýetden söz açýandygy üçin aýyň deňleşme ýagdaýynyň aýyň başlarynyň anyklanylmagyna esas edilip alynmajagy bellidir. Eger şeýle ýagdaý esas edilip alynsa, onda biziň pikirimizçe, aýatlardyr hadyslardaky garaýşa ters geljekdir.

Kamary aýyň başlarynyň hasap bilen kesgitlenilmeginde Aýyň ýer ýüzünden görülme ölçegine uýulan halatynda gözegçilik edip Aýy gözleýänleriň gelen netijeleri bilen hasabyň orta goýan netijeleriniň arasynda bir sazlaşyk ýüze çykjakdygy bellidir. Şeýlelikde, ýokardaky ýagdaý durmuşa ornaşdyrylan halatynda hasaby kabul etmeýänler bilen hasabyň tarapdarlarynyň arasyndaky tapawut öz-özünden aýryljakdyr.

Hasaplaryň deňleşme wagty ölçegine daýandyrylmagy halatynda bolsa, dini günleriň kesgitlenilmegi we habar berilmegi köplenç bir gün öň boljakdyr, aýyň görülmegini goldap, aýak direýänleriň “aý görülmezden agyz beklendi ýa-da agyz açyldy” görnüşindäki sözleri köpçüligi biynjalyk etmegini dowam etdirjekdir.

Şeýle ýagdaýda şerigat boýunça aýyň başlamagy Aýyň göz bilen ýer ýüzünden görlüp bilinjek ýagdaýa gelmegi bilen hakyky boljakdyr.

Bu ýerde üns berilmeli mesele dünýäniň haýsydyr bir etrabynda aýyň ilkinji ýaýa meňzeş şekili görlen wagtynda ýer ýüzüniň bütin ýerlerinde wagt we sagadyň birmeňzeş bolmagydyr. Gepiň gerdişine görä, hijri hasaby boýunça 1398-nji, milady ýyl hasabyna görä 1978-nji ýylda Baýram aýy ilkinji sapar Sentýabr aýynyň 3-nji güni (ýekşenbäni duşenbä baglaýan gije) Awstraliýanyň günorta-gündogaryndaky deňiz etrabynda, Grenwiç sagaty bilen 07.l7-de görlüpdir. Şol pursatda atlandyrylan etrapda Günüň batýan wagtyndaka, meselem has günbatarda ýerleşýän Mekgede gündiz ýerli sagat heniz 10.17-ni görkezýändir. Şeýle bolandygy üçin Sentýabr aýynyň 3-nji gününden, ýekşenbe güni aýyň görnen etrabynyň gijesine deň gelýän ýerlerde baýram yglan edilmegi mümkin bolýan bolsa, ýöne muňa deň gelmeýän ýerlerdir ülkelerde, meselem, Türkiýe, Saud Arabystan, Siriýe, Müsür, Alžir, Tunus, Marokka ýaly musulman ülkeleriniň hemmesinde diyeň ýaly ) baýramy yglan etmek mümkin däldir. Şeýle bolýandygyna görä, meseläniň çözülmeginde ugur alynjak usul biziň pikirimizçe şeýle boljakdyr:

Deňleşme pursatynyň yzysüre gelýän günüň batyşyndan soňra, Aýyň görlen ülkäniň gijesine şäriklik eden, ýagny aýy görnen ýa-da bar bolan halatynda heniz agyzçekme wagty girmedik bolan beýleki ähli ülkelerdäki musulmanlar bu hakykata uýjaklar, şol gijäniň yzysüre gelen güni täze aýyň ilkinji güni hökmünde kabul etjeklerdir.

Ýöne käbir örän seýrek we özboluşly ýagdaýlarda bolsa bu ölçegiň yslam dünýäsini tapawutlandyryp böljek halatlar ýüze çykjakdyr. Agyzçekme wagtyna ýetişip bilen we köplenç günbatarda ýerleşýän ülkeler Oraza we baýrama giren wagtynda, gündogarda bolup, agyzçekme wagtyna ýetişmedikler bir gün giç girjekdirler.

Häzirki wagtda Aýyň bütin hereketleridir menzilleri iň kiçijik özboluşly aýratynlyklaryna çenli bilnip aňsatlyk bilen hasaplanyp biljekdigi we dini ölçeglere laýyk görnüşinde aýyň ilkinji görüljek ýeri hem-de onuň wagty anyklanyp bilinjekdigi jähtden kamary aýyň başlarynyň belli edilip we onuň yglany babatda astronomiýa ylmyndan ugur alynmalydyr. Ýöne dini bir däp-dessuryň ýaşadylmagy düşünjesinden ugur alynmaly bolýan ýagdaýynda-da jogapkär adamlar tarapyndan aýyň görme usulyna görä gözegçilik edilmegi-de mümkindir. Hasaplar aý ýer ýüzünden görülmek ölçegine esaslandyrylan halatynda hem hasap bilen aýyň gözegçilik netijesiniň arasynda üýteşik bir tapawut boljak däldir.

o Kamary aýlaryň başlamagyna esas alynjak serhet deňleşme za- many däl, eýsem Aýyň ýaý görnüşindäki şekili ýer ýüzünden ilkinji gezek görlüp bilinjek wagty bolmalydyr. Çünki, bu babatdaky aýatdyr hadyslarda Rüýet we Hilal sözleri ulanylandyr. Bilnişi ýaly, deňleşme ýagdaýynda Aýyň ýer ýüzüniň hiç bir ýerinde rüýeti mümkin däldir. Hilal bolsa, Aýyň ýer ýüzünden ýaý ýaly inçe bir şekiliniň görnüşi diýmekdir.

-         Kamary aýynyň başlarynyň anyklanylmgy üçin ýaý şekilli aý şekiliniň ýer ýüzüniň haýsy hem bolsa bir etrabyndan görülmegini ýa-da bu ýagdaýyň hasap bilen anyklanyp bilinmegini ýeterlik görmeli, bu etraplardaky musulman ülkeleriň serhetleriniň içine degişli bolmak ýaly şerti goýup, oňa gerekli jogaby gözlemeli däldir. Çünki häzirki wagtda dünýäniň her bir ýerinde diýen ýaly köp sanly musulmanlar bardyr. Yslam ülkeleriniň serhetleriniň daşyndaky rüýete ähmiýet berilmedik halatynda, bu ýerlerde ýaşaýan musulmanlar bilen yslam ülkeleriniň arasynda Oraza we Baýram babatdaky birlik ýola goýlup bilinmez.

-         Deňleşme pursadynyň yzysüre gelen günüň batyşyndan soňra ýaýşekilli aýyň ilkinji gezek görlen ülkäniň gijesine şäriklik eden beýleki ähli ülkelerde bu ýagdaýa eýeriler (rüýete uýular), şol gijäniň yzysüre gelen gün bolsa täze kamary aýyň ilkinji güni hasaplanylmalydyr.”