Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » BAÝRAM NAMAZLARY

Ýylda iki sany dini baýram bardyr: Birine Oraza baýramy, beýlekisine Gurban baýramy diýilýändir.

Juma namazy parz bolan adamlara baýram namazlary okamaklyk wajypdyr. Baýram namazy iki bölümdir. Köpçülik bolup okalýar. Baýram namazlarynda azan okamak, kamat getirmek ýokdur. Baýram hutbasy sünnetdir we namazdan soňra okalýar. Juma hutbasy bolsa parzdyr, ol namazdan öň okalýar.

Beýleki namazlardan tapawutlanyp, baýram namazlarynyň birinji rekagatda üç sany, ikinji rekagatda üç sany, jemi alty sany tekbir gaýtalanar. Bulara “Zewaid Tekbirleri” (artykmaç ýüzlenme) diýilýär.

Baýram namazlarynyň okalyşy

Oraza baýram namazy

Birinji rekagat:

Köpçülik hatarlanyp ymamyň yzynda ornaşarlar we “Niýet kyldym Allanyń razylygy üçin Remazan ayynyn bayram namazyny okamaga uydum bu ymama.” diýip niýet eder.

Ymam “Allahu Ekber” diýip ellerini ýokary galdyran halatynda köpçülik-de ymamyň yzyndan “Allahu Ekber” diýip ellerini ýokary galdyryp, göbekligiň aşagynda biri-birine gowşurarlar.

Hem ymam, hem-de köpçülik içinden “Sübhanekäni” okar. Ondan soňra üç gezek tekbir berjaý ediler. Olaryň ýerine ýetirilişi şeýledir:

Birinji tekbir: Ymam belent ses bilen köpçülik bolsa onuň yzyndan içinden “Allahu Ekber” diýip, (tekbirde bolşy ýaly) ellerini ýokary galdyryp, soňra aşak goýbererler. Bu ýerde bir gysga wagtlyk durlar.

Ikinji tekbir: Ikinji gezek “Allahu Ekber” diýlip, eller ýokary galdyrylyp, ýene aşak goýberiler we bu ýerde-de birinjidäki ýaly durlar.

Üçünji tekbir: Soňra ýene “Allahu Ekber” diýlip, eller ýokary galdyrylar we aşak goýberilmezden, biri-birine gowşurylar.

Mundan soňra ymam içinden “Euzü-Bismillany”, daşyndan Fatiha we bir süre okar. (Köpçülik hiç zat okamaz, diňe ymamy diňlär.)

Ruku we sejdeler berjaý edilip, ikinji rekagat üçin ýeriňden turular we gollar biri-birine gowşurylar.

Ikinji rekagat:

Ymam içinden Bismillany, daşyndan Fatiha bilen bir süre okar. Süre okalyp gutarylan wagtynda, ymam belent ses bilen köpçülik bolsa içinden (birinji rekagatda bolşy ýaly) ýene üç sapar tekbiri gaýtalar, üçünji gaýtalamadan soňra, gollar gowşurylmazdan, dördünji tekbir bilen ruku başlanar, soňra bolsa sejdeler berjaý edilip, oturylar.

Oturyşda ymam we köpçülik Ettehiýýtüni, Allahümme sallini, Allahümme bariki we Rebbena atina... dogasyny okap, ilki saga, soňra çepe salam berip, namazy tamamlarlar.

Namazdan soňra ymam münbere çykyp, oturman, dik durup hutba okar. Juma hutbasyndaky “Elhamdülillah” ýerine baýram hutbasynda “Allahu Ekber, Allahu Ekber, La ilahe illallahü wellahü ekber we lillahil- hamd” diýip başlar. Köpçülik-de ymam bilen bilelikde tekbir aýdar. Baýram hutbasyny namazdan öň okamaklygyň mekru bolşy ýaly, hutbany terk edip taşlamak-da, okamazlyk-da mekrudyr.

Ymam Oraza baýram hutbasynda baş pitre, Gurban baýramy hutbasynda-da gurbanlyk hakynda köpçülige zerur hasaplanylýan maglumaty berer.

Baýram namazyndan öň öýde we metjitde, baýram namazyndan soňra metjitde nepil namaz okamak mekrudyr.

Baýram namazyndan öýe geleniňden soňra okamak bolar. Haýsydyr bir saý-sebäbe görä, baýram namazyny geçiren adam ony kaza etmez we özbaşdak okamaz.

Baýram namazynda ymama birinji rekagatda “zaid tekbirleri” aýdylandan soňra uýan adam derrew ýüz tutma gaýtalamalaryny aýdar. Birinji rekagatyň rukusynda ýetişen adam bolsa dik durup iftidah gaýtalamalaryny aýdar. Ymama rukuda ýetişmejegine göz ýetirse, gaýtalamalardan soňra ruku başlar we ruku gaýtalamalarynyň ýerine ellerini galdyrmazdan “zaid tekbirlerini” aýdar. Gaýtalamalary alýan wagtynda ymam rukudan galsa, galan gaýtalamalar öz-özünden düşer.

Ikinji rekagatda ymama ýetişen adam ymam salam bereninden soňra aýaga galyp, okamadyk rekagatyny gaýtalamalary bilen bilelikde berjaý eder.

Oraza baýram namazy baýram gününiň anyklanylmazlygy ýa-da güýçli ýagyş-ýagmyr ýaly bir sebäp bilen baýramyň birinji güni okalmazlygy ýagdaýynda ikinji güni okalyp bilner. Ikinji güni-de okalmasa, ondan soňra okalmaz.

Gurban baýramy namazy şeýle sebäpler bilen baýramyň birinji güni okalmasa, ikinji güni okalar. Ikinji güni-de okalmadyk ýagdaýynda üçünji güni okalyp bilner. Üçünji günden soňra okalmaz.

Gurban baýramy namazy

“Niýet kyldym Allanyń razylygy üçin Gurban bayramynyn namazyny okamaga uydum bu ymama.” Diýip niýet eder.

Ymam “Allahu Ekber” diýip, tekbir gaýtalanmalaryny aýdýan wagtynda yzynda duran köpçülik hem “Allahu Ekber” diýip, ellerini ýokary galdyranyndan soňra, göbekliginiň aşagynda biri-birine gowşurar.

Niýetden soňky ýagdaýlaryň hemmesi edil Oraza baýram namazy ýaly okalýar. Namaz gutaran badyna hutba okalar.

Teşrik tekbirleri

Gurban baýramynyň öňüsyrasyndaky bolan “Arafe” gününiň ertir namazyndan başlap, baýramyň dördünji güni ikindi namazyna çenli ýigrimi üç sany wagt parz namazlarynyň yzynda, salamdan soňra bir gezek:

 “Allahu Ekber, Allahu Ekber, La ilahe illallahu wallahu Ekber. Allahu Ekber we lillahil-mad” diýip, gaýtalama aýtmak wajypdyr. Muňa “teşrik tekbirleri” diýilýär.

Bu gaýtalama hem köpçülik bolup okaýana hem-de özbaşdak okaýana, ýolagça, ýolagçy bolmaýan, erkek göbeklä we zenan maşgala wajypdyr.

Ymama ikinji rekagatda uýan adam ýetişmedik birinji rekagaty okanyndan soňra, teşrik gaýtalamalaryny aýdar. Ymam bilen bilelikde gaýtalmalary aýtsa, onda namazy bozulmaz. Namazda säwlik sejdesini ýüze çykarýan bir ýagdaý bolsa, teşrik gaýtalamasy säwlik sejdesinden soňra aýdylar. Ymam teşrik gaýtalamasyny unutsa, onda köpçüligiň bu gaýtalamany aýtmagy zerurdyr.

Teşrik gaýtalamanyň salamdan soňra ara wagt salmazdan aýdylmagy zerurdyr. Eger salamdan soňra geplese ýa-da metjitden çyksa, ondan soňra gaýtalama aýdylmaz.

Arafatdaky hajylara meňzemek maksady bilen arafe güni metjitde ýa-da şäheriň daşyna çykyp, başy açyk durmak we telbiýe aýtmak diýilýän zat ýokdur. Hatda şeýle hereket etmeklik mekru hasaplanylýar.

Teşrik gaýtalamalary günlerinde okalmaýan namazlar teşrik günlerinde kaza edilse, teşrik gaýtalamalaryny aýtmalydyr. Teşrik günleri sowlanyndan soňra kaza edilse, onda gaýtalamalar aýdylmaz.

Baýramda berjaý etmeli wezipelerimiz:

Baýram güni ertir irden turmak, suwa düşmek, dişleri arassalamak, iň oňat we täze egin-eşikleriňi geýmek we hoşroý ysly atyrlar sepinip metjide gitmek, duşuşan adamlaryňa güler ýüz bermek, garyp-gasarlara kömek berip begendirmek, musulman doganlarymyzyň baýramlaryny gutlamak, ululara görme-görşe gitmek, öten-geçenlerimize sadaka bermek, gonamçylyga zyýarat edip, Gurhan okamak we doga etmek, tekepbirligi, öýke-kinäni taşlamak, sögüşlileri ýaraşdyrmak, çagalary sowgatlar alyp begendirmek baýramlarda berjaý edilmeli esasy wezipelerdir.