Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » NAMAZY BOZÝAN ZATLAR

1.      Namazda geplemek (bilip, bilmän, ýalňyşyp ýa-da oýaly-ukuly ýagdaýda bolsun, tapawudy ýok, adamyň sözi namazy bozýandyr.)

2.      Adamyň sözüne meňzeş doga. (Eý Rabbym! Meni şeýle görnüşde geýindir, maňa nygmat baryny eçil ýa-da pylan maşgalany maňa nesip edeweri!... ýaly).

3.      Namaz wagtyndaka salam bermek ýa-da başga biriniň beren salamyny almak. Berlen salamy el, baş ýa-da barmak yşaraty bilen almak namazy bozmaz, ýöne mekru hasaplanylýar.

4.      Namazda namaza mahsus bolmaýan bir işi berjaý etmek.

Muňa “amel-i kesir” diýilýär, manysy “köp iş” diýmekdir. Namazyň bozulmagyna sebäp bolan bu “köp işiň” bellenilmegindäki ölçeg şudur:

Namaz okaýan bir adam namazda namaz bilen baglanyşykly bolmaýan bir iş bilen meşgullananda, onuň namaza durandygy bilmeýän we bu ýagdaýy gören bir adam şübhe etmezden, “Bu adam namazda däldir, çünki namaz okaýan adam munuň ýaly iş bilen meşgullanmaz” diýse, onda keseden synlaýan adamy bu netijä getiren işlere “amel-i kesir”, “köp iş” diýilýär.

Namaz okan adam namazda durandygyny ýa-da däldigini şübhe ediljek görnüşindäki bir iş bilen meşgullansa, muňa “amel-i kalil” diýilýär, ýagny “az iş” diýmekdir. Bu bolsa namazy bozmaz, ýöne mekru hasaplanylýar.

Namazda saçdyr sakgaly daramak, bedeniň haýsy hem bolsa bir ýerini bir rükünde yzygiderli üç gezek gaşamak namazy bozar. Bir ýa-da iki sapar gaşasa, muňa geçirimlilik ediler, namazy bozmaz. Endamyň haýsy hem bolsa bir ýerini eliňi çekmän üç gezek gaşasaň, bu bir gezek gaşadygyň hasaplanylar we bu namazy bozmaz.

Çagany alyp emdirmeklik bilen namaz bozular. Eger çaga namaz okaýan aýalyň göwsünden emip, süýt çykarsa, namaz bozular, bir ýa-da iki sapar sormak bilen süýt çykmasa, namaz bozulmaz. Süýt çykmasa-da, iki gezekden köp sormak bilen hem namaz bozular.

Namazda gerekmejek şekilinde yzly-yzyna we üznüksiz üç ädim ätmek namazy bozar. Bir adamyň çakyşmagy ýa-da çekmegi netijesinde namaz okalýan ýerden islemezden üç ädim ýöremek bilen namaz bozular.

Namazda diňe bir gezek el bilen başyňdaky selläni ýa-da tahýany alyp, ýere goýmak ýa bolmasa, olary ýerden alyp başyňa geýmek namazy bozmaz. Namazda sellesi çözülip, ony ýeke eli bilen bir ýa-da iki gezek düzeltmek bilen namaz bozulmaz. Namaz okaýan adam eli ýa-da gamçy bilen birini ursa, onuň namazy bozular.

Namaz okaýan adama “öňe süýş” ýa-da ýanynda namaz okajak bolana “ýer aç” diýilse, ol hem başga biriniň buýrugyna eýerip, olary berjaý etse, onda namazy bozular. Çünki namazda başga biriniň buýrugy hereket eden hasaplanylýar. Ýöne öz-özünden süýşmegi ýa-da hatardan ýer açmagy bilen namaz bozulmaz.

Namazda günden, günün şöhlesinden biynjalyk bolan adam bir ýa-da iki ädim ýöräp, kölegä süýşse, onuň namazy bozulmaz. Namazda balagyňy baglamak, uçguryňy daňmak namazy bozar, çözmek bolsa namazy bozmaz. Namazda bolan adamdan bir zat islenip, haýyş edilse, ol hem “hawa” ýa-da “ýok” manysynda yşarat etse, onda namazy bozulmaz.

5.      Kybladan göwräňi başga tarapa öwürmek.

6.      Daşyndan bir zat iýmek.

7.      Dişleriň arasynda galan nohut dänesi çemesi zady ýuwutmak.

8.      Agzyňda sakgyç we başga zatlary çeýnemek.

Agza alnan süýji zat eredigiçe tagamy bokurdagyňa gitse, onda namaz bozular. Namazdan öň süýji bir zat iýen adam namaz okanynda munuň tagamyny agzynda öýdüp ýuwutsa, namazy bozulmaz.

9.      Namazda bir zat içmek.

10.  Ötünçsiz (sebäpsiz ýerden) hökmünde üsgürmek.

Bir sebäp bilen üsgürmek namazy bozmaz. Okamaklyga päsgel berýän gakylygyňy arçamak, sesiňi düzlemek, ýalňyş okaýan ymamyň hatasyny düzeltmek we namazdadygyňy bildirmek üçin üsgürmek namazy bozmaýan sebäplerdir.

11.  Bir zada üflemek.

12.  Ah,wah diýip iňlemek.

13.  Owf, üf diýmek.

14.  Agrydan ýa-da dünýä degişli bir waka sebäpli ses edip aglamak. (Jenneti ýa-da jähennemi ýatlamak sebäpli aglamak namazy bozmaz.)

15.  Asgyrana “Ýerhamukella”, ajy habara “Inna lillahi we innaileýhi rajun”, ýagşy habara “Elhamdülilla”, geň-taň görüljek habara “Sübhanella” diýmek. Allanyň adyny eşideninde, “jelle jelalühü”, Pygamberimiziň adyny eşideninde “salawat” okamak. Başga bir namaz okaýan adamyň “weleddallin” okaýanyny eşidip, “Ämin” diýen adamyň-da namazy bozular.

16.  Birine jogap bermek maksady bilen aýat okamak. (Jogap maksady bilen däl-de namazdadygyny bildirmek üçin okasa, namaz bozulmaz.) Namazdadygyňy bildirmek üçin belent ses bilen okamak-da namazy bozmaz.

17.  Teýemmüm bilen namaz okaýanyň suwy görüp, ulanmaklyga gurbaty çatmagy.

18.  Aýaklara geýlen messileriň mesh möhletiniň namazda tamamlanmagy.

19.  Aýagyndan az hareket bilen bolsa-da messileri çykarmak.

20.  Rukuny, sejdeleri yşarat bilen berjaý eden adamyň namazyň içinde rukuny ve sejdeleri berjaý eymeklige güýji ýetmegi.

21.  Ertir namazyny okaýarka, günüň dogmasy. (Baýram namazyny okaýarkaň, öýle wagtynyň gelmegi ýa-da juma namazyny okaýarkaň, ikindi namaz wagtynyň gelmegi bilen hem namazlar bozular.)

22.  Ötünçli hasaplanylýanyň sagalyp, saý-sebäbiniň aradan aýrylmagy.

23.  Özüňden gitmek we däliremek.

24.  Kämillik ýaşynda bolan bir gyzyň ýa-da zenan maşgalanyň köpçülik bilen namaz okalanda, namazda erkegiň ýanynda ýa-da öňünde durmagy. Muňa “muhazaty nisa” diýilýär. Bu ýagdaýda erkegiň namazynyň bozulmagy üçin käbir şertleriň bolmagy zerurdyr. Olardan:

a.Namaz okayan kämillik ýaşyna ýeten we akylly başly bolmagy. (Çaganyň namazy bozulmaz.)

b. Erkegiň we zenan maşgalanyň ikisiniň-de namazda bolmagy.

ç. Namazyn rukuly we sejdeli namaz bolmaklygy. (jynaza namazy şeýle ýagdaýda bozulmaz.)

d. erkek we zenan maşgalanyň ikisiniň hem bir, namazy bilelikde okamagy.

e.İkisinin hem arasynda perdedir tuty bolmazdan bir ýerde bolmagy. (Eger biri bir adam boýy ýokarda bolup, beýlekisi bolsa aşakda bolup, agzalary bir-birine degmeýän bolsa onda namazyň bozulmaýşy ýaly, ikiside şol ýerde bolup, aralarynda bir perde ýa-da bir adam sygar ýaly açyk ýer bolsa, ýene namaz bozulmaz.)

f.Ymam namaza başlanynda, zenan maşgalalara hem ymam bolýandygyna niýet etmek.

g.Erkek bilen zenananyň ýan-ýana ýa-da erkegiň öňünde zenan maşgalanyň durmagy bir rükünde bolmak.

Sanalyp geçen bu şertleriň bolmaklygy erkekleriň namazyny bozar.

Eger zenan maşgala namazda uýýan ymamynyň deňinde ýa-da öňünde dursa, ymamyň namazynyň bozulmagy bilen onuň öz namazy-da bozulan hasaplanylýar. (Şafii Mäliki we Hanbeli messeplerine görä, ymamyň yzynda namaz okaýan erkekleriň ýanynda ýa-da öňünde zenananyň namaz okamagy bilen zenan maşgalanyň namazynyň bozulmaýşy ýaly erkekleriň-de namazy bozulmaz.)

25.Bir namazy okaýan halatyňda, beýleki bir namaza geçmek maksady bilen tekbir almak. Bu ýagdaýda ikinji bir namaza başlaýandygyň üçin, öňki okan namazyň bozulan hasaplanylýar.

26.Bedeniňde örtülmegi zerur bolan ýeriň üç tesbi mukdarda açyk galmagy ýa-da üstüňe namaza zyýanly hapa degmegi. Açylan ýer şobada, derrew ýapylsa, onda namaz bozulmaz.

27.Ýatdan bilmeýänini kitaba (yazga) seredip okamak.Ýazgyly bir zada seredip, onuň manysyny bilmek namazy bozmaz.

28.Ymama uýan adam bir rükünde ymam bilen bilelikde bolman, ondan öňe geçmek.

(Meselem, ymamdan öň ruku edip,ondan başyny galdyranyndan soňra rukuny ymam bilen bilelikde berjaý etmän ýa-da ymamdan soňra gaýtalaman, namaza dowam edip, ymam bilen salam berse, onda onuň namazy bozulan hasaplanylýar.)

29.Namazyň soňunda gysga wagtlaýyn oturanyndan soňra namazyň içindäki sejdelerden birini ýa-da tilawet sejdesini berjaý etmedigini ýatlaýan adam berjaý etmedik sejdesini ýerine ýetireninden soňra “Ahyrky oturyş kadasyny” gaýtadan berjaý etmese, namazy bozulan hasaplanylýar.

30.Üç we dört rekagatly parzlarda ýerli bolmagyna garamazdan özüni myhmandyr öýdüp, iki rekagatyň soňunda salam bermek bilen namazyň bozulyşy ýaly, öýläniň parzyny juma, ýassynyň parzyny tarawadyr öýdüp ýa-da bilmedigi üçin dört bölümi iki rekagatdyr öýdüp başky oturyşyň soňunda salam bermek hem namazy bozar. Çünki bu salam namazy tamamlamak üçin bilip berlen hasaplanylýar.

Dört bölümli bir namazy okanyňda ikinji rekagatyň soňunda muny soňky rekagatdyr öýdüp atdanlykdan, ýalňyşlyk bilen salam bermek bilen namaz bozulmaz. Ymama birinji rekagatdan soňra ýetişen adam ymam salam bereninde özi salam bermän, okamadyk rekagatlaryny tamamlamak üçin ýerinden turmagy zerur bolan adam, ýalňyşlyk bilen ymam bilen bilelikde salam berse, ýene namazy bozulmaz.

31.Manysy üýtgejek görnüşde Gurhany ýalňyş okamak.

Muňa: “Zelletül-Kary” diýilýär. Manysy: “Karynyň büdremegi”, ýagny karynyň ýalňyş okamagy diýmekdir. Namazy bozup-bozmazlygy babatdan bu meseläniň gysgaça anyklanylmagy zerurdyr. Bu şeýle bolup biler: Gurhan bilkastlaýyn ýalňyş okalsa we netejede many üýtgedilse, onda namaz bozular. Hata ýa-da unudyp, ýalňyş okalan halatynda:

a.Eger ýalňyşlyk sözleriň hereketinde ýa-da säkininde bolsa, manyda üýtgeşiklik bolsa-bolmasa namaz bozulmaz. Teşdidli bolan harpy şiddesiz, teşdidsiz harpy teşdidli okamak, uzyn çekimlini gysga, gysga çekimlini uzyn okamak, ydgam bermeli ýerinde ydgamsyz, ydgam bermeli däl ýerinde ydgamly okamak hem şol düzgüne girýär, ýagny namaz bozulmaz.

b.Labyzly okaýyşlaryň dürli halatlarda, ýagny säginmegiň ýerine göni geçmek, göni geçmekligiň ýerine bolsa säginmek görnüşindäki hataly okaýyşlarda hem many üýtgeşikleri bolsa-da, namaz bozulmaz. Çünki okalyş düzgünine eýerip okamaklykda garamaýak halk üçin ýeňil-ýelpaý iş däldir. Sözi bölüp okamak, meselem, “Elhamdü” sözüni ilki “Elham” diýip, ondan soňra-da galan bölegini okap tamamlamak hem namazy bozmaz.

ç. Eger bir harp ýerine başga bir harp okap, netijede-de söz manysy üýtgemese, Gurhanda şol söze meňzeş söz bar bolsa, onda ýene namaz bozulmaz. “Zalimin” sözüniň ýerine “zalimun” okamak ýaly. Eger harpyň üýtgemegi bilen sözüň manysy üýtgemese, ýöne şol üýtgeşik sözüň meňzeşi Gurhanda ýok bolsa, onda ymam Azam bilen ymam Muhammede görä, namaz bozulmaz, ymam Ebu Ýusubyň garaýşyna görä bolsa, namaz bozular. “Kawwamine” sözüniň ýerine “Kaýýamine” ýaly.

Eger harpyň üýtgemegi bilen many hem üýtgeýän bolsa hem-de şol söz Gurhanda bolmasa, onda namaz bozulur.

Bir sözde okalmagy zerur bolan harpyň ýerine başga bir harpy okaýan we käbir harplary çykarmaýan, dogry aýdyp bilmeýän, ýoýýan peltek adamyň dogry we dürs okamak üçin gaýrat etmegi we namaz dogry bolar ýaly dogry aýdylyşyny ońarmaýan harplarynyń bolmadyk aýatlardan ýat tutmagy zerurdyr. Okap bilmedik halatynda okap bilşiçe namazyny okar, ýöne başga birine ymam bolup bilmez.

Namazda täretiň bozulmagy

Namazda täretiň bozulmagy esasan iki görnüşde bolýar. Biri islenmedik, beýlekisi-de öz islegine görä täretiň bozulmagy. Namazda öz islegiňe görä bolmadyk täreti bozulan adam hiç geplemezden derrew iň ýakyn bir ýerde täret alar we galdyran ýerinden namazyny islän ýerinde tamamlar. (Muňa namazy bina etmek diýilýär.) Şafii messebinde namazy täzeden, başdan başlap okar. Haýsy rükünde täreti bozulan bolsa, onda ruku ýa-da sejde ýaly- gaýtadan berjaý edip, namazy tamamlar. Eger namazda täreti bilkastlaýyn öz islegi bilen bozan bolsa, onda namaz gaýtadan başdan başlap okar. (Muňa gaýtadan başlama (istinaf) diýilýär.) Ońuşmazlyk yüze çykmazlygy üçin iň peýdaly we amatly hasaplanylýany-da şunuň ýaly her bir ýagdaýda-da namazy gaýtadan okamakdyr.

Namazy bozmaýan zatlar

1.      Namazda bolan adam ýa mukaddes Gurhana ýa-da başga bir ýazga bilgeşleýin seredip, manysyna düşünse, namazda başga zat bilen meşgullanandygy sebäpli, edebe laýyk gelmeýän hereket eden hasaplanar we mekru bolan işi berjaý eden hesaplanar. Ýöne manysyna göz ýetiren ýazgyny dili bilen aýtmandygy üçin onuň namazy bozulmaz. Bilkastlaýyn bolman, diňe gözi bir ýazga kaklyşyp, manysyna düşünse, onda mekru bolmaz.

2.      Namaz okaýanyň öňünde sejde ýerinden bir adamyň geçmegi bilen namaz bozulmaz. Geçen adam hala erkek, hala-da zenan maşgala bolsun, başga bir jandar bolsun tapawudy ýok. Akylly-başly bolan bir adam bilkastlaýyn namaz okaýan adamyň öňünden geçse, onda şol adam günä eden hasaplanylýar. Bu meseläniň dört sany tarapy bardyr:

a.       Namaz okaýan adam öňünden geçiljek ýerde durmadyk bolsa-da, uzakdan aýlanyp geçmek mümkin bolan halatynda, namaz okaýan öňünden geçen adam günäkär hasaplanylýar.

b.      Namaz okaýanyň adamlaryň gatnaw edýän geçelgesiniň öňünde durmagy we uzakdan aýlanyp geçmeklige hem mümkinçilik bolmadyk halatynda, onda günä namaz okaýana degişlidir, onuň öňünden geçeniň günäsi ýokdur.

c.       Namaz okaýanyň amatly ýer barka, adamlaryň gataýan ýerinde namaza durmagy we geçýäniň uzakdan aýlanyp geçmekligi mümkin bolsada, ony etmän, namaz okaýanyň öňünden geçen halatynda hem namaz okaýan hem-de öňünden geçen adam, ikisi-de günäkär hasaplanylýar.

d.      Ne namaz okaýan öňünden geçilmez ýaly amatly bir ýer tapmasa, ne-de şol ýerden geçmek isleýän başga geçelge tapman, namaz okaýanyň öňünden geçmeli bolsa, onda ýagdaýa görä, olaryň hiç biri-de günäkär bolmaz.

Namazyň mekrulary

Namazda mekru bolan esasy zatlar şulardan ybaratdyr:

1.      Namazda endamyň ýa-da egin-eşigiň bilen oýnamak. Namazda beýle hereketler huşu (butin ünsini diňe bir zada jemlemek) ters gelýän hereketler hasaplanylýar. Maňlaýyňdaky tozyny, gumy ýa-da alyn deriňi süpürmek hem mekrudyr. Ýöne özüni biynjalyk edýän bolsa, özüne zyýan berýän bolsa, onda olary süpürmek mekru bolmaz.

2.       Barmagyňy çytlatmak, biri-biriniň içinden geçirmek, elleriňi bykynyňa goýmak.

3.      Pallamak, gerinmek.

4.      Düzlük, sähra, baýyrlyklarda namaz okanyňda, öňüňdäki kiçi daşlary elleşdirip gozgamak. (Üstünde sejde etmek mümkin bolmadyk ýeri bir saparlykça düzeldip biler.)

5.      Göz gytagy bilen däl-de, boýnuňy öwrüp seretmek. Namazda seretmek üç görnüşlidir:

a.       Mekru bolan serediş: Bu boýnuňy öwrüp seretmekdir.

b.      Mekru bolmaýan serediş: Bu boýnuňy öwürmezden, gözüň gytagy bilen saga ýa-da çepe seretmekdir.

c.       Namazy taşlatdyran, bozan serediş: Bu göwräňi kybladan başga tarapa öwrüp seretmek.

6.      Namazda tüýkürmek.Bu tüýkürmek diýmek däldir. Çünki tüýküreniňde harp emele gelse, onda namaz bozular. Mejbury ýagdaýlarda tüýkülik ýere taşlanylmaly däldir, bir kagyza ýa-da esgä goýulmalydyr. Ýere taşlanylsa, onda mekru bolar.

7.      Namazda mecbury däl ýagdaýda aýbogdaş gurup oturmak ýa-da dyzlaryňy dikeldip oturmak.

8.       Erkekler sejdede ellerini ýere ýazgyn görnüşde ýaýratmak.

9.       Ýeňleriň çermelen görnüşde namaz okamak. Golmak gysga golly köýnek bilen namaz okamak mekru däldir. (Zenan maşgalalar gollaryny açyk görnüşde tutsalar, onda namaz bozular.)

10.   Köýnek geýmek mümkinkä, namazy diňe balakly görnüşde okamak. (Bu erkek üçindir, zenan maşgalalar etseler, onda namaz bozular.)

11.  Yşarat bilen salam almak.

12.  Belli sebäbi bolmadyk halatynda aýbogdaş gurmak.

13.  Başyňa ýaglyk ýa-da selle orap, ortasyny açyk galdyrmak.

14.  Namazda egin-eşik bilen bilelikde bir ýa-da iki sapar ýelpeselenmek.

15.  Kyýam ýagdaýndaka başga ýerde Gurhan okamak. (Kyraaty rükuda tamamlamak ýaly.)

16.  Gerekli ýerlerdäki zikirleri öz ýerinden soňra berjaý etmek. Meselem: rukudan soňra “Allahü Ekber” diýmek, rukudan tutuşlygyna dogralanyňdan soňra “Semiallahü limen hamideh” diýmek. Aslynda Tekbir rukuny öňýanynda aýdylmaly, ruku başlanyňda gutarmalydyr. “Semiallahü limen hamideh” diýmeklige rukudan galanyňda başlamaly we dogralanyňda-da gutarmaly.

17.  Namazlarda ikinji rekagaty birinjiden üç ýa-da üçden artyk aýat okap uzaltmak.

18.  Parz namazlarda bir rekagatda şol bir meňzeş süräni gaýtalap okamak, başga süräni ýatdan bilýän hem bolsa, birinji rekagatda okan süresini ikinji rekagatda-da gaýtalamak. (Nepil namazlarda birmeňzeş süräni gaýtalap okamak mekru däldir.)

19.  Ikinji rekagatda birinji okan süre ýa-da aýatdan öňki süre ýa-da aýaty okamak.Namazda süre okalýarka, başdan soňuna, ýagny ýokardan aşaga gaýdylar.

Meselem, birinji rekagatda Fatihadan soňra “Elemteräni”okan bolsa, onda ikinji rekagatda “Liilafini”okamaklygy zerurdyr, şonuń yaly edeninde dogry bolar. Birinji rekagatda “Liilafini” okap, ikinji rekagatda bolsa “Elemteräni” okamak ters okaýyşdyr we beýle başsyz-babarsyz okaýyş mekrudyr. Birinji rekagatda bilmän, fatihadan soňra “Kul euzü birabbinnasy” okasa, ikinji rekagatda-de ony gaýtalar. Eger bilkastlaýyn okasa, onda bu okaýyş mekrudyr.Ýöne ýene şol süräni okar.

20.  Birinji rekagatda bir süräni okap, ikinji rekagatda arasyndan bir süräni galdyryp, beýleki süräni okamak. Bu ýagdaý şeýledir: birinji rekagatda “Elemteräni” okasa, ikinji rekagatda “Liiflafini” okamaly bolsa-da, muny taşlap, onuň ýerine “Eraeýtellezini” okamak mekrudyr. Ýöne iki ýa-da ikiden hem köp süre taşlap okamak mekru däldir.

Şol bir rekagatda iki süre okan ýagdaýynda iki süräniň arasyny bir ýa-da birnäçe süre taşlap okamak hem mekrudyr. Aradaky süre uzyn bolsa, ony taşlap, soňraky süräni okamak mekru bolmaz. (Iki süräni bir rekagatda arasyna wagt salmazdan yzly-yzyna okamak mekru däldir.) Bir süräniň aýatyndan bir ýa-da birnäçe aýaty taşlap, başga aýata geçmek hem mekrudyr.

21.  Bir rekagatda aralaryndan bir ýa-da birnäçe süre taşlap, iki süre okamak. (Iki süräni bir rekagatda ara wagt salmazdan, yzly-yzyna okamak mekru däldir.)

22.   Namazda hoşroý ysly bir zady ysgamak. (Öz islegine bagly bolmazdan, burnuna ys gelmegi mekru däldir.)

23.  Sejdede el we aýaklaryň barmaklaryny kybladan öwürmek.

24.  Elleriňi rukuda dyzlaryňa, oturyşlarda uýluklaryň üstünde we dik durkaň sag eliňi çep eliň üstünde goýmazlyk.

25.  Gözleriňi ýummak. (Ýöne namazda duýga täsir etjek we biynjalykdan gaçyrjak zatlary görmezlik üçin gözleriňi ýummak mekru däldir.)

26.  Gözleriňi ýokaryk dikmek.

27.  Namaza ters gelýän “amel-i kalil = az işi” berjaý etmek. (Üstüňe ýelmeşen gyly aýyrmak ýaly).

28.  Agzyňda eremeýän bir zady saklamak. (Agzyna şeker, süýji ýaly bir zat goýup, tagamy bokurdagyňa gitse, onda namaz bozular.)

29.  Gyzgyn, sowuk ýa-da ýeriň gatylygy ýaly bir saý-sebäp bolmazdan, sejdäni selläniň ýa-da daňynyň üstüne diremek.

30.  Burnuňda bir sebäp ýara ýok halatynda, sejdede diňe maňlaýyňy diremek bilen ýetinmek.

 Çünki, sejdede alny=maňlaýy ýere goýmak parz, burny ýere goýmak wajypdyr. Sebäpsiz ýerden wajybyň taşlanylmagy mekrudyr. Ýöne burny ýere goýup, sebäpsiz ýere maňlaý ýere direlmese, onda şol namaz hakyky namaz hasaplanylmaýar.

31.   Ýol üstünde, hammamyň içinde, ýuwunylýan ýerde, gonamçylyka (namaz üçin ýörite ýer bolmasa) hapa dökülýän ýerde, mal soýulýan ýerde, hapaçylyga ýakyn ýerde, mellek eýesiniň razyçylygy bolmadyk ýerde namaz okamak.

32.   Hajathana, aýakýoluna gitmek üçin howlukmaçkaň ýa-da gyssanýarkaň namaz okamak. (Bu ýagdaýda bolan adam eger wagtyň gutarmagyndan çekinmeýän bolsa, onda aýakýoluna gidip, rahatlanyndan soňra täret alyp, namazy täzeden okap biler. Wagtyň gutarmagyndan gorkýan bolsa, onda şol ýagdaýda namazyny okap tamamlar.)

33.   Düzüwli bolmaýan we başga biriniň ýanyna çykylmajak görnüşdäki eşik bilen namaz okamak.

Bir gün Hz. Omar bir adamyň betgelşik görnüşdäki bir eşik bilen namaz okanyny görüpdir we ondan:

-“Seni bu egin-eşigiň bilen käbir adamlaryň ýanyna ibersem, sen şu durşuňa gidersiňmi?” diýip sorapdyr. Onda şol adam:

-“Ýok”-diýip jpgap beripdir. Soňra Hz. Omar:

-“Allatagala huzuryna gelşikli egin-eşik bilen çykylmaga has mynasypdyr”-diýipdir. (Merakyýul-Felah, s. 93)

34.  Arzuw ýa-da haýyş eden bir naharyň taýýarka, nahar düşürilenden soň namaza durmak.

35.   Aýatlary, rukudaky we sejdelerdäki tesbileri el bilen sanamak. (Tüýs ýürekden sanamak mekru däldir, dilden sanamak namazy bozar.)

36.   Ymam bir garş mukdary (takmynan 22 sm.) beýik ýa-da şonça mukdar pes ýerde ýeke-täk özi durmak.

37.   Öňdäki hatarda açyk ýer bar hem bolsa, yzdaky hatarda namaza durmak.

38.  Bir janlynyň suratynyň üstüne alyn diremek. Janly suraty bolan egin-eşik bilen namaz okamak. Namaz okaýanyň öňünde, sag ýa-da çep tarapynda, depesinde we yzynda janly suraty bolmak.

Aýakda dik duran adam ýerdäki surata üns bermese, görünmejek derejede kiçi bolsa ýa-da uly bolup, başy bolmasa ýa-da jansyz zada degişli bolan bir surat bolsa, onda namaz mekru bolmaz. Jübüdäki ýa-da gapjygyňdaky ýüzi suratly pul ýa-da şahadatnamadyr pasport görnüşdäki dokumentler bilen namaz okamak mekru däldir.

39.  Öňünden adam geçer öýdülen ýerde namaz okanyňda öňüňe “sütre” (perdelik) goýmazlyk.

“Sütre” bir arşyn (takmynan 68 sm.) ýa-da ondan hem has uzyn bolan bir agaç ýa-da başga bir zatdyr. Öňünden adam geçip biler diýip çaklan adamyň namaza başlamazdan, süträni sejde ýeriniň biraz öňünde goýmagy ýa-da dikmegi müstehap, goýmazlygy ýa-da dikmezligi bolsa mekrudyr. şonuń ýaly bir ýerde köpçülik bolup namaz okalýan bolsa, onda ymamyň öňüne sütre goýulmagy ýeterlikdir.

Namaz okalýan ýer gaty bolsa, sütre dikmek kynçylyk döretse, onda bir oturgyç ýaly aýagy bolan bir zady öńünde goýmaga hem zat bolmasa onda süträni uzynlygyna öńüne goyar hiç zat tapylmasa, onda hiç bolmanda bir çyzyk çyzar.

Namaz okaýan adam öňünde sütre bolsun ýa-da bolmasyn, tapawudy ýok, öňünden geçen adamy uzaklaşdyrmaga synanyşmaly däldir.

Diňe baş, göz ýa-da el yşaraty bilen, ýa bolmasa, “Sübhanellah” diýip öňünden geçmekligiň öňüni alyp biler. Erkekler munuň öňüni almak üçin okaýyşda sesini has gataldyp biler. Zenan maşgalalar bolsa sag elini çep eline urup bilerler. Käbä togap edenler şol ýerde namaz okaýanlaryň öňünden geçip bilerler.

40.  Ýanyp duran gor ýagdaýyndaky oda garşy durup namaz okamak. (Öňünde bolan mum, çyra ýa-da yşyga garşy namaz okamak mekru däldir.)

41.  Parz bolan namazda tutaryksyz,sebäpsiz görnüşde bir zada daýanmak.

42.  Namazda adamlaryň ýüzüne garşy durmak.

43.  Sejdede elleriňi dyzlaryňdan öň, ýere goýmak, sejdeden ýokary galanyňda dyzlaryňy elleriňden öň galdyrmak. (Bir sebäbi, ýarawsyzlygy bar bolsa, onda mekru däldir.).

44.  Namazda içmegi, paltony ýa-da kostýumy geýinmän (ýeňlenmän) egniňe atmak.

45.  Öňünde uklaýan adam bolmak.

46.  Rükuda kelläňi ýokaryk dikmek ýa-da aşak egmek.

47.  Euzü-Bismillany, Sübhanekäni we Ämini sesli okamak. (Şafii we Hanbelilere görä, Fatihanyň sesli, açyk okalan ýerlerinde “Ämin” hem sesli aýdylýar.)

48.  Rükudyr sejdelerde tesbileri taşlamak ýa-da üç sapardan az aýtmak.

49.  Metjitde özi üçin ýörite bir ýer bellemek we şol ýerde yzygiderli görnüşde namaz okamak.

Namaz okaýana mekru bolmaýan zatlar

Çäkmen geýen adamyň ýeňlenmeden namaz okamagy, Mushaf ýa-da gylyja garşy namaza durmagy.

Ýüzi özüne tarap bolmazlyk şerti bilen, namaz okanynda öňünde adam bolmagy.

Hereketlerine päsgelçilik bermeýän bolsa, namaz okaýan adamyň boýnuna gylyç we şoňa meňzeş bie zat asmagy mekru däldir.

Mum, çyra we yşyga garşy namaz okamak, üstüne alyn edilmese, janly suraty bolan bir zadyň üstünde namaz okamak-da mekru däldir.

Namaz okaýanyň edepli rukuda egin-eşigi üstüne ýelmeşip, biynjalyk edýän bolsa, eşigini ýuwaşja çekip, endamyna ýelmeşmeginiň öňüni alyp bilşine rugsat edilişi ýaly, çölde namaz okaýan adam hem eşigini gumdan, tozandan goramak maksady bilen ýuwaşja çekip biler. Namaz okaýan adam maňlaýyna ýelmeşen topragy, gumdur çägäni biynjalyk eden halatynda süpürip bilşi ýaly, maňlaýynyň derini süpürip biler.

Ýüzüni öwürmezden, gözüniň gytagy bilen seretmekligiň zyýany ýokdur, ýöne seretmezlik has-da göwnejaýdyr. Namaz okaýany siňek biynjalykdan gaçyrýan bolsa, ony kowmak hem mekru däldir.

Namazy bozmaga wajyp hem-de jaýyz zatlar

Namazy bozmak haramdyr.Ýöne käbir halatlarda namazy bozmak wajyp, käbir ýagdaýlarda-da jaýyz zatlardyr.

Talaňçylyga uçraýan ýa-da suwa gaçan bir adamyň kömek islän halatynda, oňa kömek etmek maksady bilen namazy bozmak wajypdyr.

Dowar sürüsüne möjegiň ýa-da haýsy hem bolsa bir wagşy jandaryň çozmagy, gözleri kör bolan adamyň ýa-da öňündäki howply ýagdaýdan bihabar bir adamyň guýa, oda,suwa ýa-da çukura, uçuda gaçma howpy abanan ýagdaýynda kömek bermek üçin namazy bozmaklyk jaýyz, geçirimli ýagdaýlardyr. Ýykylma ähtimaly güýçli bolsa, şol wagt namazy bozmak wajyp bolar. Dogjak çaganyň ýa-da onuň enesiniň ölüminden ýa-da bir agzasyndan mahrum galjagyndan gorkýan bolsa, enekäniň namazda bolmagyna garamazdan, namazyny bozmagy, ýogsa-da namazy soňa galdyrmagy,ýagny kaza etmegi ýene wajypdyr.

Wagşy haýwandan, sil, ýangyn ýaly howplardan gorkan ýa-da duşman bilen ýüzbe-ýüz bolan adamlaryň namazlaryny soňa galdyrmaklary bolup biljek ýagdaýdyr.

Nepil namaz okaýan bir adamy ejesi ýa-da kakasy (onuň namazdadygyny bilseler-de) çagyrýan bolsa, onda ol namazyny bozup bilir. Eger çaganyň namazdadygyny bilmän çagyrýan bolsa, namazy bozmagy wajyp bolar. Eger parz namazynda bolsa, ejesidir kakasyndan bir çagyryş eşitse, onda namazy bozmaz. Ýöne bir howply ýagdaý bilen baglanyşykly kömek sorasalar, onda namazy bozmak wajyp bolar.

Bir dirhem kümüş bahasynda bolan zadyň (başga birine degişli bolsa-da,) ogurlanma gorkusy bar bolan halatynda parz namazy bolsa-da namazy bozmak bolup biljek ýagdaýdyr.

Zenan maşgala namaz okaýarka, tabanyň ýa-da gazanyň gaýnap dökülmeginden ýa-da çaganyň aglap horlanmasyndan gorkusy bar bolsa, namazyny bozup biler.