Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Aýbaşy ýagdaýy we çileli bolan zenan maşgalalara haram bolan zatlar

Aýbaşy ýagdaýy we çileli bolan zenan maşgalalar aşakdaky zatlary etmezler:

1. Namaz okamak

Zenan maşgala bu ýagdaýlarda okamadyk namazlaryny kaza etmez. Namaz her gün gaýtalanýandygy üçin dinimiz zenan maşgalalara ýeňillik döredendir. Pygamberimiz (A.S.) özünden aýbaşy ýagdaýy barada sorag soran zenan maşgala şeýle diýipdir:

“Aýbaşy ýagdaýyň bolan wagty namazy taşla, aýbaşy ýagdaýyň gutaran wagty boý täret al, suwa düş-de, namazyňy oka.”(Fethur- Rabbany. J. 2, s. 153)

 2. Oraza tutmak

Zenan maşgalalar bu ýagdaýlarda tutmadyk orazalary soňra kaza ederler. Hezreti Äşe (R.A.) şeýle diýip aýdypdyr:

 “Pygamberimiziň (A.S.) zamanynda biz aýbaşy ýagdaýyndan arassalanan wagtymyzda orazany kaza edip, namazy kaza etmezdik.” (Ebu Dawyt. Tahare, 105; Nesei, Syýam, 64)

3. Gurhan okamak

Pygamberimiz (A.S.) şeýle diýip belläpdir:

“Aýbaşy ýagdaýy bolan zenan maşgala we jünüp bolan kişi Gurhandan hiçzat okamaz.” (Tirmizi, Tahare, 98; Ibn Maje, Tahare, 105)

Ýöne aýbaşy ýagdaýy bolan bir zenan maşgala öwredýän bolsa, Gurhan okamak niýeti bilen däl-de, eýsem öwretmek maksady bilen harpma-harp, sözme-söz Gurhany öwredip biler. Bu ýagdaýda bolan zenan maşgala doga aýatlaryny doga niýeti bilen okap biler. Şükür etmek maksady bilen “elhamdülilla” diýip biler. “Bismilla” çekip biler, Allany zikir edip we onuň adyny gaýtalap biler.

4. Gurhany ellemek

Aýbaşy ýagdaýy we çileli bolan bir zenan maşgala Gurhany ellemez, ony eline almaz.

Bu babatda mukaddes Gurhanda:

“Ony (Gurhany) diňe arassa we tämizlenenler eline alyp bilerler” (Wakya: 79) diýlip bellenilipdir. Pygamberimiz hem: “Gurhany diňe arassa we tämiz bolan adamlar tutup biler” (Jamius- Sagyr, (Hadysy Taberany rowaýat edip aýdypdyr)) diýip, ýörite duýduryş beripdir.

Musulman bolmaýan bir adama islegine görä dogry ýola dogry düşünmegi umydy bilen mukaddes Gurhany we dini maglumatlary öwretmek bolar. Ýöne boý täreti bolmasa, Gurhana el degirdilmez.

Aýbaşy ýagdaýy we çileliligi bolan bir zenan maşgala tefsirden başga dini kitaplary tutup biler. Geýýän eşiginiň ýeňi bilen Gurhany tutmak mekrudyr. Içinde mukaddes Gurhan bolan gutuny äkitmek jaizdir.

Ýüzügiň gaşynda Gurhandan bir bölek ýa-da Allanyň atlaryndan biri ýazylan bolsa, onda bu ýüzük barmakdaka hajathana girmek mekru bolar. Ýüzünde Gurhan ýazylan bir zat jübä salnar ýa-da bir zada oralyp goýulsa, mekru bolmaz. Şunuň bilen birlikde şeýle hereketlerden saklanmak has-da ýerliklidir.

Aýbaşy ýagdaýy, çilelik we jünüp bolanyň Gurhana seredip bilmegi jaizdir.

5. Metjide girmek

Metjit namaz okalýan mukaddes bir mekandyr. Aýbaşy ýagdaýy ýa-da çileli bolan zenan maşgala namaz okamajakdygy üçin ybadat maksady bilen metjide girmez. Ýöne duşman, ýyrtyjy haýwanlardyr sowukdan go- ranmak hem-de mejbury halatlary bolan ýagdaýynda metjide girip biler.

6. Käbäni togap etmek

Aýbaşy ýagdaýy we çileli bolan zenan maşgala Käbäni togap etmez, oňa aýlanmaz.

7. Jynsy gatnaşykda bolmak

Aýbaşy ýagdaýy we çileli bolan bir zenan maşgala bilen jynsy gatnaşykda bolmak erkege haram bolşy ýaly, oňa şert döretmek we ýol açmaklyga sebäp bolmak zenan maşgala hem haramdyr. Bu ýagdaýda jynsy gatnaşykda bolan adam uly günä etdigi bolýar we şol sebäpli-de onuň toba etmekligi zerurdyr. Mukaddes Gurhanda bu babatda şeýle diýlip bellenilýär:

“Aýbaşy ýagdaýynda bolan zenan maşgalalardan uzak duruň. (Olar bilen jynsy gatnaşykda bolmaň). Arassalanýança olara ýakyn- laşmaň.” (Bakara: 22)

Aýbaşy ýagdaýy döwründe jynsy gatnaşykda bolmaklygyň birnäçe aýal kesellerine sebäp bolýandygy bu gün saglygy goraýyşda subut edilendir.

Zenan maşgalanyň aýbaşy ýagdaýy hakynda adamsyna ýalňyş maglumat bermegi halal bolmaz. Meselem, aýbaşy ýagdaýy bolan halatynda jynsy gatnaşaykda bolmaklyga ýol açmak üçin adamsyndan muny gizläp saklamak ýa-da aýbaşy ýagdaýy bolmadyk ýagdaýynda adamsynyň islegine päsgelçilik döretmek üçin ýalandan aýbaşy ýagdaýynyň bolandygyny aýtmak halal däldir.

Aýbaşy ýagdaýy we çileligi bolan zenan maşgala bilen ýatmak bolar. Onuň göbegi bilen dyzçanagynyň arasyndan galan ýerleriniň daşynda, oňa gujaklamagyň we ony ogşamaklygyň zyýany ýokdur.