Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » BÄŞ WAGT NAMAZYŇ BERJAÝ EDILIŞI

Ertir namazy

İkisi sünnet, ikisi-de parz bolup, jemi 4 rekagatdan ybaratdyr. Ilki sünneti, soňra bolsa parzy okalýar.

Ertir namazynyň adatynyň(sünnetiniň) berjaý edilişi:

Birinji rekagat:

“Niýet etdim Allanyń razylygy üçin bu günki ertir namazynyń sünnetini kylmaga” diýip niýet etmeli we “Allahu ekber” diýip, Allanyň ady bilen namaza başlamaly, gollaryňy gowşurmaly. Edepli görnüşde dik durup, şeýle yzygiderlilikde: “Sübhaneke”; “Euzü-Bismilla”; “Fatiha” (Alham); we bir süre okanyňdan soňra, “Allahu Ekber” diýip ruku etmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel - azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip, rukudan dikelmeli we dik durup, “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip alyndiremeli we üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, başyňy ýerden galdyrmaly we dyzyň üstünde oturmaly. Bu ýerde “Sübhanallah” diýiljek çemesi gysga wagtlyk garaşanyňdan soňra ýene “Allahü Ekber” diýip, alyndiremeli we üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, sejdeden aýaga galyp, doly dikelmeli (ikinji bölüme başlamak üçin ýerden turmaly) we gollary biri-birine gowşurmaly.

Ikinji rekagat:

Dik durup, şeýle yzygiderlilikde: “Bismilla”, Fatiha we bir süre okamaly. “Allahü Ekber” diýip, edepli baş egmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip, dikelmeli we dik durup “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip alyndiremeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, alyndiremeden dikelip, oturmaly. Ýene “Allahü Ekber” diýip ikinji sapar sejde etmeli we üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, dikelip oturmaly. Oturylanda, şeýle yzygiderlilikde; Ettehiýýatü, Allahümme Salli, Allahümme Barik, Rabbena atina… dogalaryny okamaly. Ilki başyňy (kelläňi) saga öwrüp, “Esselamü aleýküm we rahmetullah” diýmeli. Soňra başyňy çepe öwrüp, “Esselamü aleýküm we rahmetullah” diýmeli.

Ertir namazynyň parzynyň berjaý edilişi:

Ertir namazynyň parzy hem ertir namazynyň iki rekagat sünnet namazy okalýar. Ýöne sünnetden tapawutly parza niýet edilmegidir we erkekleriň kamat aýtmagydyr.

Birinji rekagat:

Kamat getiriler. (Bu diňe erkekler üçindir). “Niýet etdim Allanyń razylygy üçin bu günki ertir namazynyń parzyny kylmaga” diýip niýet etmeli we “Allahu ekber” diýip, Allanyň ady bilen namaza başlamaly, gollaryňy gowşurmaly. Edepli görnüşde dik durup, şeýle yzygiderlilikde: “Sübhaneke”; “Euzü-Bismilla”; “Fatiha” (Alham); we bir süre okanyňdan soňra, “Allahu Ekber” diýip ruku etmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel - azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip, rukudan dikelmeli we dik durup, “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip sejde etmeli we üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, başyňy ýerden galdyrmaly we dyzyň üstünde oturmaly. Soňra ýene “Allahü Ekber” diýip, ikinji gezek sejde etmeli we üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli.“Allahü Ekber” diýip, sejdeden aýaga galyp, doly dikelmeli (ikinji bölüme başlamak üçin ýerden turmaly) we gollary biribirine gowşurmaly.

Ikinji rekagat:

Dik durup, şeýle yzygiderlilikde: “Bismilla”, Fatiha we bir süre okamaly. “Allahü Ekber” diýip, ruku etmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip, dikelmeli we dik durup “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip sejde etmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, sejdeden dikelip, oturmaly. Ýene “Allahü Ekber” diýip ikinji sapar sejde etmeli we üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, dikelip oturmaly. Oturylanda, şeýle yzygiderlilikde; Ettehiýýatü, Allahümme Salli, Allahümme Barik, Rabbena atina… dogalaryny okamaly. Ilki başyňy (kelläňi) saga öwrüp, “Esselamü aleýküm we rahmetullah” diýmeli. Soňra başyňy çepe öwrüp, “Esselamü aleýküm we rahmetullah” diýmeli.

Öýle namazy

Öýle namazy dördüsi başky sünnet, dördüsi parz we ikisi-de ahyrky sünnet bolup, jemi on rekagatdyr.

Öýle namazynyň başky sünnetiniň berjaý edilişi (okalyşy):

Birinji rekagat:

“Niýet etdim Allanyń razylygy üçin bu günki öýle namazynyń ilki sünnetini kylmaga” diýip, niýet etmeli. “Allahü Ekber” diýip, Allanyň ady bilen başlamaly we elleri biri-birine gowşurmaly. Edepli dik durup şeýle yzygiderlilikde: Sübhaneke, Euzü-Bismilla, Fatiha we bir süre okamaly. “Allahü Ekber” diýip, başyňy edep bilen egmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip, dikelmeli we dik durup, “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, alyndiremeli we üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, sejdeden dikelip oturmaly. Ýene “Allahü Ekber” diýip, ikinji gezek sejde etmeli we üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, ikinji bölüme başlamak üçin aýaga galyp dikelmeli we düzgünine görä gollaryňy biri-birine gowşurmaly.

Ikinji rekagat:

Edepli dik durup, şeýle yzygiderlilikde: Bismilla; Fatiha we bir süre okamaly. “Allahü Ekber” diýip, başyňy ruku etmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip dikelmeli we dik durup, “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, sejde etmeli we üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, sejdeden dikelip oturmaly. Ýene “Allahü Ekber” diýip, ikinji gezek sejde etmeli we üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip oturmaly we “Ettehiýýatüni” okamaly. “Allahü Ekber” diýip üçünji bölüme başlamak üçin aýaga galyp dikelmeli we düzgünine görä gollaryňy biri-birine gowşurmaly.

Üçünji rekagat:

Edepli dik durup, şeýle yzygiderlilikde: Bismilla; Fatiha we bir süre okamaly. “Allahü Ekber” diýip, başyňy ruku etmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip dikelmeli we dik durup, “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, sejde etmeli we üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, sejdeden dikelip oturmaly. Ýene “Allahü Ekber” diýip, ikinji gezek sejde etmeli we üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip dördünji bölüme başlamak üçin aýaga galyp dikelmeli we düzgünine görä gollaryňy biri-birine gowşurmaly.

Dördünji rekagat:

Edepli dik durkaň, şeýle yzygiderlilikde: Bismilla; Fatiha we bir süre okamaly. “Allahü Ekber” diýip, başyňy edep bilen egip ruku etmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip dikelmeli we dik durup, “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, sejde etmeli we üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, sejdeden dikelip oturmaly. Ýene “Allahü Ekber” diýip, ikinji gezek sejde etmeli we üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip oturmaly. Oturanyňda şeýle yzygiderlilikde: “Ettehiýýatü”, Allahümme Salli, Allahümme Barik we Rabbena atina dogalaryny okamaly. Ilki başyňy (kelläňi) saga öwrüp, “Esselamü aleýküm we rahmetullah” diýmeli. Soňra başyňy çepe öwrüp, “Esselamü aleýküm we rahmetullah” diýmeli.

Öýle namazynyň parzynyň berjaý edilişi:

Birinji rekagat:

Kamat aýtmaly (bu erkekler üçindir).

“Niýet etdim Allanyń razylygy üçin bu günki öýle namazynyń parzyny kylmaga” diýip, niýet etmeli. “Allahü ekber” diýip, Allanyň ady bilen başlamaly we elleri biri-birine gowşurmaly. Aýakda dik durup, şeýle yzygiderlilikde: Sübhaneke, Euzu-Bismilla, Fatiha we bir süre okamaly. “Allahü Ekber” diýip, edepli şekilde başyňy egip we üç gezek “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip dikelmeli we dik durup, “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, sejde etmeli we üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü ekber” diýip sejdeden dikelip oturmaly. Ýene “Allahü Ekber” diýip ikinji gezek sejde etmeli we üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, ikinji bölüme başlamak üçin aýaga galyp dikelmeli we gollaryňy gowşurmaly.

Ikinji rekagat:

Dik durup, şeýle yzygiderlilikde: Bismilla, Fatiha we bir süre okamaly. “Allahü ekber” diýip edep bilen başyňy egip ruku etmeli hem-de üç gezek “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip dikelmeli we dik durup, “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip sejde etmeli hem-de üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü ekber” diýip sejdeden dikelip oturmaly. Ýene “Allahü ekber” diýip, ikinji gezek sejde etmeli we üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü ekber” diýip oturmaly. Oturanyňda “Ettehiýýatüni” okamaly. “Allahü Ekber” diýip, üçünji bölüme başlamak üçin aýaga galyp dikelmeli we gollaryňy gowşurmaly.

Üçünji rekagat:

Dik durup Bismilla bilen Fatihany okamaly. “Allahü Ekber” diýip başyňy edep bilen egip ruku etmeli hem-de üç gezek “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip dikelmeli we dik durup “Rabbena lekel hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip sejde etmeli hem-de üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip dikelip oturmaly. Ýene “Allahü Ekber” diýip ikinji gezek sejde etmeli hem-de üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, dördünji bölüme başlamak üçin ýokary turmaly we gollaryňy biri-birine gowşurmaly.

Dördünji rekagat:

Dik durup Bismilla bilen Fatihany okamaly. “Allahü ekber” diýip başyňy edep bilen egip ruku etmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip, başyňy galdyrmaly we dik durup “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü ekber” diýip sejde etmeli hem-de üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip dikelip oturmaly. Ýene “Allahü Ekber” diýip, ikinji sapar sejde etmeli hem-de üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip dikelip oturmaly. Şu oturyşda görkezilen tertip boýunça Ettehiýýatüni, Allahümme Sallini, Allahümme Bariki we Rabbena atina… dogalaryny okamaly. Ilki başyňy sag tarapa öwrüp, “Esselamü aleýküm we rahmetullah” diýmeli. Soňra başyňy çep tarapa öwrüp, “Esselamü aleýküm we rahmetullah” diýmeli. Mundan soňra: “Allahümme entesselamü we minkesselam. Teba- rekte ya zeljelali wel-ikram” diýmeli we ahyrky iki rekagat sünneti okamaly.

Öýle namazynyň soňky sünnetiniň berjaý edilişi, okalyşy:

Öýle namazynyň ahyrky sünneti ertir namazynyň sünnetine meňzeşdir, diňe niýeti üýtgeşikdir.

“Niýet etdim Allanyń razylygy üçin bu günki öýle namazynyn sońky sünnetini kylmaga” diýip, niýet etmeli. “Allahü ekber” diýip, Allanyň ady bilen başlamaly we elleri biri-birine gowşurmaly we soňra edil ertir namazynyň iki adaty (sünneti) ýaly berjaý etmeli.

Ikindi namazy

Jemi sekiz rekagatdyr, onuň dördüsi sünnetdir, dördüsi hem parzdyr. Ikindi namazynyň adatynyň berjaý edilişi (okalyşy):

Birinji rekagat:

“Niýet etdim Allanyń razylygy üçin bu günki ikindi namazynyń sünnetini kylmaga” diýip, niýet etmeli. “Allahü Ekber” diýip, iftidah tekbiri almaly we düzgüne görä gollaryňy gowşurmaly. Dik durup, şeýle tertipde Sübhaneke, Euzü-Bismilla, Fatiha we bir süre okamaly. “Allahü Ekber” diýip, başyňy edep bilen egip ruku etmeli hem-de üç gezek “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýp dikelmeli we dik durup “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýp, sejde etmeli hem-de üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip dikelip oturmaly. Ýene “Allahü Ekber” diýip, ikinji ýola sejde etmeli hem-de üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, ikinji bölüm üçin aýaga galyp dik durmaly hem-de gollaryňy biri-birine gowşurmaly.

Ikinji rekagat:

Dik durup, şeýle tertipde: Bismilla, Fatiha we bir süre okamaly.“Allahü Ekber” diýip, başyňy edep bilen egip ruku etmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýp dikelmeli we dik durup “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýpip sejde etmeli hem-de üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip dikelip oturmaly. Ýene “Allahü Ekber” diýip, ikinji gezek sejde etmeli hem-de üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip dikelip oturmaly. Bu oturyşda görkezilen tertip boýunça: Ettehiýýatüni, Allahümme Sallini, Allahümme Bariki okamaly.“Allahü Ekber” diýip, üçünji bölüme başlamak üçin ýokary tutup dik durmaly we düzgüne görä gollaryňy biri-birine gowşurmaly.

Üçünji rekagat:

Dik durup, şeýle tertipde Sübhaneke, Euzü-Bizmilla, Fatiha we bir süre okamaly. “Allahü Ekber” diýip, başyňy edep bilen egip ruku etmeli hem-de üç sapar “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip, başyňy galdyrmaly we dik durup “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, sejde etmeli hem-de üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip dikelip oturmaly. Ýene “Allahü Ekber” diýip, ikinji ýola sejde etmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, dördünji bölüme başlamak üçin ýokary turup, dik durmaly we düzgüne görä gollaryňy biri-birine gowşurmaly.

Dördünji rekagat:

Dik durup, şeýle yzygiderlilikde Bismilla, Fatiha we bir süre okamaly. “Allahü Ekber” diýip, düzgüne görä edep bilen başyňy egip ruku etmeli hem-de üç sapar “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip, başyňy galdyrmaly we dik durup “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip sejde etmeli hem-de üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip dikelip oturmaly. Ýene “Allahü Ekber” diýip, ikinji sapar sejde etmeli we üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip dikelip oturmaly. Bu oturyşda görkezilen tertip boýunça: Ettehiýýatüni, Allahümme Sallini, Allahümme Bariki we Rabbena atinany... okamaly. Ilki başyňy saga öwürmeli we “Esselamü aleýküm we rahmetullah” diýmeli. Soňra çepe öwürmeli we “Esselamü aleýküm we rahmetullah” diýmeli.

Öýle namazynyń dört rekagat başky sünneti bilen ikindi namazynyń dört rekagat sünnetiniń arasyndaky tapawut şeýledir. Öýle namazynyň başky sünneti “Sünnet-i Müekkededir”. Munuň ikinji bölümindäki (rekagatyndaky) oturyşda diňe Ettehiýýatüni okamaly we üçünji bölüme başlamak üçin durlanynda bolsa Bismilla bilen Fatiha hem-de bir süre okamaly. Ikindi namazynyň adaty “Sünneti Gaýr-i Müekkedir”. Munuň ikinji bölümindäki oturyşda Ettehiýýatüni, Allahümme allini we Allahümme bariki okamaly, üçünji bölüme başlamak üçin durlanynda bolsa ilki bilen Sübhanekäni okamaly, ondan soňra-da Euzü-Bizmillany, Fatihany we bir süräni okamaly.

Ikindi namazıynyň parzynyň okalyşy

Ikindi namazynyň parzy-da öýle namazynyň parzy ýalydyr. Diňe niýet üýtgeşikdir.

Erkekler kamat aýtmaly.

“Niýet etdim Allanyń razylygy üçin bu günki ikindi namazynyń parzyny kylmaga” diýip, niýet etmeli. “Allahü Ekber” diýip, Allanyň ady bilen başlamaly, soňra edil öýle namazynyň dört bölüm parzy ýaly edp okamaly.

Agşam namazy

Agşam namazynyń üç rekagaty parz, iki rekagaty bolsa sünnet bolup, jemi baş rekagatdyr. İlki parzy okalýar.

Agşama namazynyň parzynyň berjaý edilişi (okalyşy)

Birinji rekagat:

Kamat aýtmaly (diňe erkeklere degişlidir)

“Niýet etdim Allanyń razylygy üçin bu günki akşam namazynyń parzyny kylmaga” diýip, niýet etmeli. “Allahü Ekber” diýip, düzgüne görä, gollaryňy biri-birine gowşurmaly. Dik durup, görkezilen tertip boýunça: Sübhanekäni, Euzü-Bismilläni, Fatihany we bir süräni okamaly. “Allahü Ekber” diýip, düzgüne görä, başyňy edep bilen egip ruku etmeli hem-de üç sapar “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip, başyňy galdyrmaly we dik durup, “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip sejde etmeli hem-de üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip dikelip oturmaly. Ýene “Allahü Ekber” diýip ikinji gezek sejde etmeli hem-de üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, ikinji bölüme başlamak üçin ýokary tutup, dik durmaly we düzgüne görä gollaryňy biri-birine gowşurmaly.

Ikinji rekagat:

Dik durup, Bismilla, Fatiha we bir süre okamaly. “Allahü Ekber” diýip, düzgüne görä, edep bilen başyňy egip ruku etmeli hem-de üç gezek “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip başyňy galdyrmaly we dik durup, “Rabbena ekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip sejde etmeli hem-de üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, dikelip oturmaly. Ýene “Allahü Ekber” diýip, ikinji sapar sejde etmeli hem-de üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, dikelip oturmaly. Oturyşda Ettehiýýatüni okamaly. “Allahü Ekber” diýip, üçünji bölüme başlamak üçin ýokary turup dik durmaly we düzgüne görä gollaryňy biri-birine gowşurmaly.

Üçünji rekagat:

Dik durup, Bismilla bilen Fatihany okamaly. “Allahü Ekber” diýip, düzgüne görä edep bilen başyňy egip ruku etmeli hem-de üç gezek “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip, başyňy galdyrmaly we dik durup, “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip sejde etmeli hem-de üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, dikelip oturmaly. Ýene “Allahü Ekber” diýip, ikinji gezek sejde etmeli hem-de üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, dikelip oturmaly. Bu oturyşda şeýle yzygiderlilikde: Ettehiýýatü, Allahümme Salli, Allahümme Barik we Rabbena atina... dogalaryny okamaly. Ilki başyňy sag tarapa öwrüp, “Esselamü aleýküm we rahmetullah” diýmeli. Soňra bolsa çep tarapa öwrüp, “Esselamü aleýküm we rahmetullah” diýmeli.

Mundan soňra: “Allahümme entesselamü we minkesselam. Tebarekte ýa zel-jelal wel-ikram” diýmeli hem-de iki rekagat sünneti okamaly.

Agşam namazynyň sünnetiniň berjaý edilişi (okalyşy):

Agşam namazynyň sünnetiniň ertir namazynyň sünneti ýalydyr, diňe niýet üýtgeşikdir.

“Niýet etdim Allanyń razylygy üçin bu günki akşam namazynyń sünnetini kylmaga” diýip, niýet etmeli. “Allahü Ekber” diýip, iftidah tekbirini almaly Allanyň ybadatynyň hyzmaty üçin gollaryňy gowşuryp, ertir namazynyň sünneti ýaly berjaý etmeli.

Ýassy namazy

Ýassy namazy dördüsi başky sünnet, dördüsi parz we iki sanysy-da ahyrky sünnet bolup, jemi on rekagatdan ybaratdyr.Ýassy namazynyň başky sünnetiniň berjaý edilişi (okalyşy):

Ỳassy namazynyń başky sünnetide ikindi namazynyń sünneti ýaly gaýri müekked sünnetdir. Arasyndaky tapawut niýetiň üýtgeşikliginden ybaratdyr.

“Niýet etdim Allanyń razylygy üçin bu günki ýassy namazynyń ilki sünnetini kylmaga” diýip niýet etmeli. “Allahü Ekber” diýip, iftidah tekbirini almaly we ony edil ikindi namazynyň sünnetiniň berjaý edilişi ýaly edip okamaly.

Ýassy namazynyň parzynyň okalyşy:

Ýassy namazynyň parzy-da edil öýle namazynyň parzy ýaly berjaý edilmelidir. Arasyndaky tapawut diňe niýetiň üýtgeşikligidir.

Erkekler kamat aýtmaly.

“Niýet etdim Allanyń razylygy üçin bu günki ýassy namazynyń parzyny kylmaga” diýip niýet etmeli. “Allahü Ekber” diýip, diýip, iftidah tekbirini almaly we ybadat hyzmaty üçin düzgüne görä, gollaryny gowşuryp, edil öýle namazynyň parzynyň berjaý edilişi ýaly edip, ýassy namazynyň parzyny okamaly.

Ýassy namazynyň ahyrky sünnetiniň berjaý edilişi (okalyşy):

Ýassy namazynyň ahyrky sünneti-de edil ertir namazynyňky ýalydyr, diňe niýet üýtgeşikdir. “Niýet etdim Allanyń razylygy üçin bu günki ýassy namazynyń sonky sünnetini kylmaga” diýip, niýet etmeli. “Allahü Ekber” diýip, iftidah tekbiri bilen başlamaly we ybadat hyzmaty üçin gollaryňy gowşuryp, edil ertir namazynyň sünnetiniň okalyşy ýaly berjaý etmeli.

Witir namazy

Witir namazy wajypdyr. Ýassynyň wagtynda we ýassy namazyndan soňra okalar. Üç rekagat bolan witiriň her bir rekagatynda Fatiha we bir süre okalmaly. Mundan başga-da üçünji rekagatda süre okalanyndan soňra, elleri galdyryp, “Allahü Ekber” diýip, biri-birine gowşurmaly we kunut dogasyny okamaly, bu dogadan soňra edep bilen baş egip ruku etmeli. Köpçülik bilen namaz okalanda, ymama uýan jemagat hem kunut dogasyny okamaly.

Kunut dogasyny bilmeýän adam “Rabbena atina fiddünýa haseneten we fil-ahireti haseneten we kyna azabennar” ýa-da üç gezek “Allahüm- megfirlini” okamaly ýa-da üç sapar “Ýa Rabby” diýmeli.

Üçünji rekagatda kunut dogasyny ýadyndan çykaryp, unudan adam rukuda ýa-da rukudan başyny galdyrandan soňra ýatlasa, kunut dogasyny okamaz, namazyň soňunda säwlik (sehiv) sejdesini berjaý eder. Eger ýalňyşyp rukudan soňra kunut dogasyny okasa, onda baş egmäni gaýtalamaz, namazyň soňunda säwlik sejdesini berjaý eder. Witir diňe Oraza aýynda köpçülik bilen okalar. Ramazan aýyndan başga wagt köpçülik bolup okalmagy mekrudyr.

Namaz köpçülik bolup okalanda, ymamyň yzyndaky adam kunut dogasyny gutarmaka, ymam kunut dogasyny tamamlap, edepli baş egmäni (rukuny) berjaý etse, eger baş egmede (rukuda) ymama ýetişerin öýtse, onda kunut dogasyny tamamlar, eger ýetişmerin öýtse, onda kunut dogasyny taşlap, ymam bilen bilelikde, edepli baş egmäni berjaý eder.

Witir namazynyň berjaý edilişi (okalyşy)

Birinji rekagat:

“Allahym! Saňa sygynyp, käbäm-kyblama dönüp, seniň razylygyň üçin bu gijäniň witir namazyny okamaga niýet etdim” diýip, niýet etmeli. “Allahü Ekber” diýip, iftidah tekbirini getirmeli we gollaryňy düzgüne görä biri-birine gowşurmaly. Dik durup, şeýle yzygiderlilikde: Sübhaneke, Euzü-bismilla, Fatiha we bir süre okamaly. “Allahü Ekber” diýip, düzgüne görä edep bilen baş egip ruku etmeli we üç sapar “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip dikelmeli we dik durup, “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip alyndiremeli hem-de üç gezek “Sübane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip dikelip oturmaly. Ýene “Allahü Ekber” diýip, ikinji sapar sejde etmeli hem-de üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, ikinji bölüme başlamak üçin ýokary tutup, dik durmaly we düzgünine görä gollaryňy biri-birine gowşurmaly.

Ikinji rekagat:

Dik durup Bismilla, Fatiha we bir süre okamaly. “Allahü Ekber” diýip, düzgüne görä edep bilen baş egip ruku etmeli we üç sapar “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip dikelmeli we dik durup “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip alyndiremeli hem-de üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip dikelip oturmaly. Ýene “Allahü Ekber” diýip, ikinji sapar sejde etmeli hem-de üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip dikelip oturmaly. Bu oturyşda “Ettehiýýatüni” okamaly. “Allahü Ekber” diýip, üçünji bölüme başlamak üçin ýokary tutup, dik durmaly hem-de düzgüne görä gollaryňy biri-birine gowşurmaly.

Üçünji rekagat:

Dik durup, Bismilla, Fatiha we bir süre okamaly. “Allahü Ekber” diýip elleriňi ýokary galdyrmaly we gaýtadan ýene düzgüne görä gollaryňy biri-birine gowşurmaly. Kunut dogalaryny okamaly. “Allahü Ekber” diýip düzgüne görä edep bilen baş egip ruku etmeli hem-de üç gezek “Sübhane Rabbiýel-azim” diýmeli. “Semiallahü limen hamideh” diýip, dikelmeli we dik durup “Rabbena lekel-hamd” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip sejde etmeli hem-de üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, sejdeden dikelip oturmaly. Ýene “Allahü Ekber” diýip ikinji gezek sejde etmeli hem-de üç gezek “Sübhane Rabbiýel-ala” diýmeli. “Allahü Ekber” diýip, sejdeden dikelip oturmaly.Bu oturyşda yzygiderli görnüşde “Ettehiýýatü”, Allahümme Salli, Allahümme Barik we Rabbena atina… dogalaryny okamaly. Ilki başyňy sag tarapa öwrüp, “Esselamü aleýküm we rahmetullah” diýmeli. Soňra bolsa başyňy çep tarapa öwrüp, “Esselamü aleýküm we rahmetullah” diýmeli.

Namazdan soňra okalýan tesbi we dogalar

Parz namazlary okalandan soňra:

“Allahümme entesselamü we minkesselam, tebarekte ýa zeljelali welikram” diýmeli. “Ey Allam! Sen her hili nogsanlyklardan berisin (uzaksyň, sen paksiň). Salamatlylyk diňe seniň eliňdedir, ony senden başga getirjek ýokdur. Eý, beýikleriň beýigi we hödür-keremiň eýesi!”

Parzdan soňra sünnet namazy ýok bolsa (ertir we ikindi namazlary ýaly…), onda: “Allahümme salli ala seýýdina Muhammedin we ala ali seýýidina Muhammed” “Ey Allam! Hormatly halypamyz Hz. Muhammed we onun maşgalasynyń abraryny we mertebesini özüň beýgelt!” diýip, pygamberimize. Parzdan soňra sünnet namazy bar bolsa (öýle, agşam, we ýassy namazlary ýaly) , onda sünnet namazy okalyp bolnanyndan soňra pygamberimize salawat aýdylar tagzym edilip, ol hormatlanyp ýatlanylmaly. Tagzym, hormatdan soňra:“Sübhanellahi welhamdü lillahi we la ilahe illellahü wellahü ekber we la hawle we la kuwwete illa billahil aliýýil azim” “Özünde başga hiçbir ylahy bolmaýan Alla ýeke täkdir, deň-duşy, şärigi, ýokdur, ol Biribardyr. Hökmürowanlyk onuňkydyr. Hormat we öwgi diňe oňa mahsusdyr. Onuň ähli zada güýji ýeter.” diýmeli.

Mundan soňra: Euzü-bismilla bilen “Aýetül-Kürsüni” okamaly.

Soňra şeýle yzygiderlilikde: 33 gezek “Sübhanellah” Arapça “Sübhanellah” “Allany nogsan sypatlardan gorap saklaryn”

33 gezek “Elhamdülillah” Arapça “Elhamdülillah” “Her hili öwgi Alla mahsusdyr”

33 gezek “Allahü Ekber”  Arapça “Alla beýikleriň iň beýigidir” diýmeli. Bularyň yzyndan:

“La ilahe illellahu wahdehu la şerike leh, lehülmülkü we lehül hamdü we hüwe ala kulli şeýin kadir” “Şan-şöhrady beýik bolan Allany hormatlaryn we ony nogsanlyklardan gorap saklaryn. Ol ähli nogsanlyklardan uzakdyr. Hamd Oňa mahsusdyr. Alladan başga taňry ýokdur. Alla beýikleriň beýigidir. Onuň buýruklaryna uýmak, gadagan eden zatlaryndan saklanmak üçin zerur bolan güýç-kuwwat beren diňe Alladyr.” diýip doga etmeli.

Doga – guluň isleg-arzuwlaryny Alla hödürlemegidir. Ybadatlaryň özeni bolan doganyň şerti yhlaslylykdyr we tüýs ýürekden berjaý etmeklikdir.

Doganyň kyblasynyň asman bolandygy üçin, doga edeniňde, elleriňi ýokary, ýagny asmana tarap we gursaklyga çenli galdyrmalydyr. Dogada elleriň arasyny az hem bolsa açyk tutmak uýgun görülýär we ýerlikli hasaplanylýar. (El-Fetawa el- Hindiýýe. J.5, s. 318; Haşiýetüt-Tahtawy al el-Merakyl-Felah. S. 207.)