Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Namazyň görnüşleri

Namazlar: parz, wajyp we nepil bolmak bilen olaryň esasan üç sany görnüşleri bardyr.

1.Parz namazlary

Parz namazlary ikä topara bölünýärler:

1.Farz-y aýn bolan namazlar: Bäş wagt we juma namazy hökmany parz namazlarydyr.

2. Farz-y kifaýe bolan namazlar: Jynaza namazyndan ybaratdyr.

2.Wajyp bolan namazlar

Witir namazy bilen oraza we gurbanlyk baýramynyň namazlary wajyp bolan namazlardyr.

3.Goşmaça (nepil) namazlar

Bular parz we wajyp bolan namazlardan beýleki namazlardyr. Nepil namazlar hem öz gezeginde sünnet we mustehap namazlar görnüşinde iki topara bölünýärler.

Sünnet namazlary

a.       Ertir namazynyň parzyndan öň iki bölüm (rekagat).

b.      Öýle namazynyň parzyndan öň dört, parzyndan soňra iki bölüm.

c.       Ikindi namazynyň parzyndan öň dört bölüm.

d.      Agşam namazynyň parzyndan soňra iki bölüm.

e.       Ýassy namazynyň parzyndan öň dört, parzyndan soňra iki bölüm. Sünnet namazlary hem “Sünnet-i Müekkede” we “Sünnet-i Gaýri Müekkede” görnüşinde iki topara bölünýär:

Bulardan ertir, öýle we agşam namazlarynyň sünnetleri bilen ýassy namazynyň ahyrky sünneti “Sünnet-i Müekkede”; ikindiniň sünneti bilen ýassynyń parzyndan öńki sünnet namazlary “Sünnet-i Gaýri Müekkede” dir.

Meýil edilen (müstehap) bolan namazlar

Bular bäş wagt namaza bagly bolmaýan beýleki zamanlarda sogap gazanmak maksady bilen artykmaç okalan namazlardyr. Bulara “Mendup namazlar” hem diýilýär. Gije okalýan namaz (tehejjüd), haýyrlylyk üçin okalýan (istihare) we guşluk namazy ýaly.

Namazlar başga bir tarapdan, ýagny ruku we sejde taýdan hem iki topara bölünýärler:

1.Ruku we sejdeleri bolmaýan namaz: Bu jynaza namazydyr.

2.Ruku we sejdesi bolan namazlar: Bular: parz, wajyp we nepil bolan beýleki namazlardyr.