Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » HAJ

Yslamyň bäş sany esasyndan biri-de hajdyr. Hijri senenamasynyň 9-njy ýylynda parz edilipdi. Hajyň parz bolmaklygy kitap, sünnet we ijma bilen berkidilendir.

Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär: “Gitmäge güýji ýetenleriň, gurbaty çatanlaryň Käbä zyýarat etmegi (hajy bolmaklygy) Allanyň ynsanlara buýran bir borjudyr.” (Aly-Imran, 97)

Pygamberimiz hem bu hakynda şeýle düşündiriş beripdir: “Yslam bäş sany sütüniň üstünde gurlandyr: Allanyň biribardygyna ondan başga taňrynyň bolmadygyna we Muhammediň Allanyň resuly bolandygyna şaýatlyk etmek, namaz okamak, zekat bermek, Käbä zyýarat etmek hem-de Oraza aýynda orazasyny tutmakdyr.”(Buhary, Iman, 2; Müslim, Iman, 5)

Hajyň peýdalary

Öňi bilen, haj Allanyň buýrugydyr, şonuň üçin onuň berjaý edilmegi hökmanydyr. Şonuň bilen birlikde-de, hajyň örän köp peýdasy bardyr. Mysal üçin: Haj günälerden arassalayar. Allatagalanyň razylygy üçin haj eden adamyň ownuk-uşak günäleri bagyşlanylýar. Bu barada pygamberimiz: “Kimde kim Allanyň razylygy üçin haja gidip, togap etse, şol döwürde gödek we ýaramaz sözlerden saklansa, Allatagala garşy çykmasa, ondan çekinse, edil ejesiniň dogran günündäki ýaly bolar, günälerden arassalanar” diýip belläpdir.(Buhary, Haj, 4)

Resul-y Ekremiň önüp-ösen ýerini, yslam dininiň dünýä ýaýran mukaddes ýerlerini görmek, ynsany ruhy taýdan has-da beýgelder we onuň dini duygy-düşünjelerini güýçlendirer.

Adamyň haja togap edilýän döwründe adaty eşiklerini çykaryp, ihrama (ak matadan ýörite oramça) girmegi oňa magşar gününi ýatladýar.

Aýratyn hem haja edilen ýolagçylyk ynsana kynçylyklara çydamlylyk güýjüni döredýär, gujur-gaýratyny artdyrýar.

Başga bir tarapdan bolsa, zada, mal-mülke bolan nebisjeňligini azaldyp, garyp-gasarlara we mätäçlik çekýänlere bolan rehimdarlygyny ösdürýär.

Haj dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan musulmanlary her ýylda bir gezek ýygnap, olaryň biri-birleri bilen tanyşmaklaryna, özara dertlerine we meselelerine çözgüt tapmaklygyna kömek edýär.

Ýurtlary, dilleri we reňkleri aýry-aýry bolan musulmanlaryň şol bir maksat üçin bir ýere ýygnanmaklary we hemmesiniň birlikde Alla ýüzlenip, ybadat etmekleri, ondan günälerini geçmekligi üçin ötünç soramaklary ruhlary saplap, yslam doganlygyny has-da güýçlendirýär.

Ýaşaýyş ýagdaýynyň nähili bolandygyna garamazdan, her derejedäki musulmanyň ihrama (ak matadan ýörite oramça) girip, birmeňzeş eşikde bolmaklygy dünýä ineninde Allatagalanyň öňünde bar adamyň deň derejede bolandygy baradaky pikiri akyla getirýär.