Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Hajda zenanalar

Zenanalar haj we umrede edil erkekler ýalydyrlar. Ýöne şeýle ýagdaýda tapawutly hereket ederler:

1.Ihramly wagtyndaka, adaty egin-eşik, jorap we aýakgaplaryny geýerler. Başlaryny örterler, ýüzlerini açarlar.

2.Telbiýe, tekbir aýdýarkalar we doga okaýarkalar seslerini gataltmazlar.

3.Togapda “yztyba” we “remel” ybadatyny berjaý etmezler.

4.Saýda ýaşyl reňkli diwar sütünleriniň arasynda “herwele” etmezler.

5.Ihramdan çykmak üçin saçlaryny düýbünden syrmazlar, ujyndan azajyk keserler.

6.Aýbaşy gelen zenanalar togapdan başga hajylygyň ähli ybadatlaryny berjaý ederler. Şeýle ýagdaýda bolan zenana kudum ýa-da umre togabyny berjaý etmezden Arafat wakfesini ýerine ýetirmäge mejbur galan halatynda, “kyran” hajylygy üçin ihrama giren bolsa, onda umresi bozulýar we “ifrad” hajylygy berjaý eden hasaplanylýar.

Eger “temettu” hajylygy berjaý etmek üçin ihrama giren bolsa, onda hajylyk üçin niýet we telbiýe aýdyp, umre ihramyny goýbolsun eder we “ifrad” hajylygyny ýerine ýetiren hasaplanar. Bu iki ýagdaýda-da şükür gurbanlygyny kesmek hökman däldir. Ýöne hajylykdan soňra öňki ýerine ýetirmedik umre ybadatyny kaza eder we goýbolsun edendigi sebäpli jerime gurbanlygyny keser. (Beýleki üç messebe görä, “temettu” hajylygy berjaý etmäge umre üçin ihrama girip, aýbaşysynyň kesilmezligi sebäpli Arafata çykmaga mejbur bolan zenana hajylyk üçin niýet we telbiýe eder. Şeýlelikde, umre ihramy bilen haj ihramy birleşdiriler we “kyran” hajylygyny berjaý eden hasaplanylar hem-de şükür gurbanlygyny keser. Haj üçin edilen togap we saý umre üçin-de ýeterlik hasaplanylar, ýörite togap we saý ybadatyny berjaý etmegi hökman däl. “Kyran” hajylygy berjaý etmäge ihrama giren bolsa, onda bu ýagdaýda umre goýbolsun edilip bilinmez. Şükür gurbanlygy kesmek gerek. Hajylyk üçin edilen togap we saý umre üçin hem ýeterlikdir.)