Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Hajyň rükünleri

Hajyň rükünleri, başgaça aýdylanda, göwnüň berip edilýän ybadatlary iki sanydyr: olaryň biri Arafatda wakfe durmakdyr, beýlekisi bolsa zyýarat togabydyr.

1. Arafatda wakfe

Wakfe – bir ýerde gysga wagtlaýyn hem bolsa, durmak, säginmek diýmekdir.

Hajyň iň esasy we ähmiýetli rüknü Arafat wakfesidir. Şonuň üçin pygamberimiz: “Haj Arafatdan ybaratdyr” ( Tirmizi, Tefsirul-Kuran, 3; Ebu Dawut, Menasik; Ibn Maje, Menasik, 57) diýip ýörite belläpdir.

Arafat wakfesiniň ýeri

Arafat etrabynyň “Urene jülgesinden başga” her ýerinde wakfede durmak bolýar..

Arafatda ýerleşýän “Nemire” metjidiniň bir bölümi-de (demirgazyk günbatar bölegi) wakfe ýerine girmeýär.

Arafat wakfesinin wagty

Wakfeniň wagty Zilhijje aýynyň (Gurban aýy) 9-njy “Arefe güni” Zewal (öýlän) wagtyndan baýramyň 1-nji güni “fejr-i sadyk” ýagny daň ýeriniň agarmaga başlan döwrüne çenlidyr. Bu süre wagtynda Arafatyň Urena jülgesinden başga, her ýerinde wakfe niýet etsin-etmesin, bilip ýa-da bilmän, oýaly ýa-da ukuly, özüni bilýän ýa-da bilmeýän tapawudy ýok, gysga wagt bolsa-da şol ýerdäki adam parz bolan wakfeni berjaý eden hasaplanylýar. Arafatda şol wagtyň içinde gysga wagt-da bolsa şol ýerde bolmaklygy, hala pyýada, isle ulagly geçsin, munuň tapawudy ýokdur.

“Arefe güni” zewaldan (öýländen) başlap baýramyň birinji güni daň ýeri agarmazdan öň, Arafatda gysga-da bolsa bir süre bolmaýan adam haja ýetişmedik hasaplanylýar. Onuň soňra gaýtadan haj etmekligi zerurdyr.

Arafat wakfesiniň gün batana çenli dowam etmegi wajypdyr. (Şafylara görä, günüň batmagyna çenli garaşmak sünnetdir. Gün batmazdan Arafatdan aýrylan adam diňe sünneti ter eden hasaplanylýar, jeza gurbanlygyny kesmek hökmany däldir.)

Arafatda wakfeniň sünnetleri

1. “Terwiýe güni”, Zilhijje aýynyň 8-nji güni Mina gitmek we şol ýerde “Arefe güni” daň ýeri agarýança garaşmak. Gün dogandan soňra, şol ýerden Arafata tarap hereket etmek. Bu sünneti häzirki wagtda mümkin bolmaýandygy sebäpli her kim berjaý edip bilenok.

2.Arafatdaky “Nemire” metjidinde öýlän namazyndan öň ymamyň Juma namazynda bolşy ýaly iki hutbe okamagy.

3. Soňra öýlän we ikindi namazyaryny bir azan we iki kamat bilen öýlän wagtynda jemläp birlikde okamak. Muňa “jem'i takdim” diýilýär.

4. Zewal wagtyndan soňra, mümkinçilik bolsa, ýöne köp adam üçin mümkin däldir, suwa düşmek.

Bu sünneti berjaý etjek diýip, beýleki adamlary biynjalyk edip, keýpini gaçyrmak dogry däldir.

5. Wakfe döwründe täretli bolmak.

6. Agzy bekli bolmazlyk.

7.Wakfäni, mümkin boldugyça, “Jebel-i Rahme” diýlen depäniň ýakynynda berjaý etmek.

8.Arafatda bolnan döwürde telbiýe, tekbir, tehlil, salawat we istigfarda (toba etmek) bolmak, Gurhan okamak we namaz okamak.

9. Özi, ejesi, kakasy bilen, şeýle hem bütin musulmanlar üçin doga etmek we toba etmek.

10.Wakfäni namazyň yzyndan berjaý etmek. Wakfe berjaý edilende, aýak üstünde bolmaklyk oturmakdan has sogaply hasaplanylýar.

11.Wakfe ybadatyny kybla bakyp berjaý etmek.

12.Zewal (öýle) wagtyndan öň Arafatda bolmak.

Arafatda öýlän we ikindi namazlarynyň jemläp (jem-i takdim) okalmagy

“Arefe güni” Arafatda öýlän we ikindi namazyaryny öýle wagtynda birleşdirip okamak sünnetdir.

Ymam Agzam Ebu Hanifä görä, öýlän we ikindi namazlarynyň öýle wagtynda jemläp okalmagy üçin:

1.“Arefe güni” haj üçin ihramly görnüşde Arafatda bolmak.

2. “Mesjid-i Nemirede” ymam bilen okamak şertdir.

Şoňa görä, öýlän we ikindini ýaşaýan çadyrlarynda okanlar, isle jemagat bilen, hala-da özbaşdak okasynlar, tapawudy ýok, “jem-i takdim” hasap edilmeýär, her namazy wagtynda okamaklary zerurdyr.

Şafy, Mäliki we Hanbeli messepleri bilen Hanefi messebinden ymam Ebu Ýusuf we Muhammede görä bolsa, “Arefe güni” haj üçin ihramly bolanlaryň Arafatda öýlän we ikindi namazyaryny isle “Nemire” metjidinde, isle-de çadyrlarynda, hala jemagat bilen, hala-da özbaşdak okasynlar, “jem-i takdim” bilen okamaklary sünnetdir. Häzirki wagtda hem şuňa görä berjaý edilýär.

Bu namazlar birlikde okalýan wagty azan okalýar. Ilki öýlän namazynyň ilkinji sünneti okalýar. Soňra kamat getirilip, öýläniň parzy okalýar, ondan soňra arakesmesiz gaýtadan kamat getirilip, ikindiniň parzy okalýar. Ikindi üçin ýörite azan okalmaýar we iki parzyň arasynda-da sünnet okalmaýar. Şeýlelikde, öýläniň soňky sünneti bilen ikindiniň sünneti okalman geçilýär.