Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » ÝARAWSYZ ADAMYŇ NAMAZY

Aýak üstünde durmaklyga gurbaty çatmaýan ýa-da aýak üstüne galan wagtynda ýarawsyzlygynyň erbetleşmegi ýa-da agyrlaşmagy ýagdaýyndan gorkan bir hassa oturan ýerinde ruku sejdeleri berjaý edip namazyny okar.

Ruku we sejdeleri berjaý etmese, onda yşaratlar bilen okar. Yşarat namazda ruku we sejdede bolup, manysy boýunça baş egmek diýmekdir. Bu ýagdaýda bolan adam rukuda başyny biraz eger, sejdede bolsa, has aşak egmegi zerurdyr. Eger sejde üçin başyny ruku garanyňda has aşak egmese, onda namaz hakyky görnüşindäki namaz hataryna geçmez.

Sejdede başyny ýere goýmaýan adam ýerden bir zat galdyryp, şol zadyň üstüne alynyny diremez. Edepli baş egmeklige güýji ýetse-de, sejdeni berjaý edip bilmeýän adam onuň ikisini-de yşarat bilen berjaý eder.

Oturyp namaz okamaýan adam arkan ýatyp ruku we sejdeleri başynyň yşaratlary bilen ýerine ýetirip okar. Bu ýagdaýda namaz okanyň ýüzüniň kybla öwrülmegi üçin kellesiniň aşagyna ýassyk goýmagy zerurdyr. Ýanyn ýatyp ýüzüni kybla tarapa öwrüp okamagy-da ýerliklidir. Ýanyn ýatyp, okaljak ýagdaýynda sag tarapyna ýatmagy has amatly bolar.

Bir zada ýaplanyp oturmagy mümkin bolýan bolsa, ýatyp okamaklygy dogry bolmaz. Ýatyp, başynyň yşaratlary bilen namaz okan we aýaklaryny kybla tarapyna uzadan adamyň mümkinçiligine göre dyzlaryny ýygnap dikelmegi ýerlikli hasaplanylýar.

Başyňy egmek şerti bilen yşarat edip, namaz okamaga gurbaty çatmaýan adam namazyny başga wagta galdyrar. Gözleridir gaşlary ýa-da ýüregi bilen yşarat edip namaz okap bilmez. Ýarawsyzyň bu ýagdaýy bir gün we bir gijeden artyk dowam etse, okamadyk namazlaryny kaza etmekligi hökman däl.

Bir adam aýak üstünde durup bilen halatynda ruku we sejdeleri ýerine ýetirmeýän bolsa, aýak üstünde yşarat bilen okamaklygy ýerlikli kabul edilse-de, otutyp yşarat bilen okamaklygy has amatlydyr.

Baş aýlanmasy ýa-da baş agrysy sebäpli aýak üstünde durup bilmeýän adam namazyny oturyp okap biler. Dik duran halatynda peşewi damýan ýa-da ýarasyndan iriň akýan adam aşak oturanynda akyndysy kesilýän bolsa, onda namazyny oturyp okap biler.

Jany sagat, sagdyn ýagdaýdaky bir adam dik durup namaz okaýan wagtynda hassalanyp, aýak üstünde durmaga mejaly galmadyk ýagdaýyna gelse, oturyp ruku we sejdeleri berjaý eder. Eger ruku we sejdeleri ýerine ýetirmäge gurbaty bolmasa, onda namazyny oturan ýerinde baş yşaraty bilen okar. Oturyp baş yşaraty bilen okap bilmedik ýagdaýynda arkan ýatyp namazyny tamamlar. Kybla öwrülmeklige güýji ýetmeýän hassa güýjüniň ýetýän ugruna tarap öwrülip, namazyny okap biler.

Hassa bolandygy üçin oturyp ruku we sejdeleri berjaý edip, namaz okan adam namaz okan wagtynda ýagdaýy oňatlaşsa we aýak üstünde durmaga gurbaty çatsa, namazynyň galanyny aýak üstüne galyp okap biler. Namazy baş yşaraty bilen okaýarka, ýagdaýy oňatlaşsa, ruku we sejdeleri berjaý eder ýaly mejala gelen adamyň bolsa namazy täzeden okamagy zerurdyr. Hassa tekbir aýdyp biljek ýa-da bir aýat okap biljek çemesi dik durup bilse, onda olary ýerine ýetireninden soňra oturar.