Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Jünüp bolan adamyň berjaý etmegi haram zatlar:

1. Namaz okamak.

2. Gurhan okamak.

Jünüp bolan adam Gurhan okamaz,ýöne doga niýeti bilen doga aýatlaryny okap biler. Şükür etmek maksady bilen “Elhamdülilla” diýip biler. Naharda ýa-da başga bir zada başlanynda “Bismilla” sözüni aýdyp biler. Biribarlyk andyny okap biler.

Jünüp bolan adam ellerini we agzyny ýuwanyndan soňra, iýip-içip biler. Ellerini we agzyny ýuwmazdan iýip-içmek mekrudyr.

3. Gurhana el degirmek.

Jünüp bolan adam mukaddes Gurhany ellemek bolmaýşy ýaly, aýat ýazylan bir kagyzy ýa-da ýüzünde Gurhandan bir bölek ýazylan puly hem eli bilen tutmaly däldir.

Ýöne Gurhandan aýry bir gapdyr daşlyk bilen Gurhany elläp biler, aýat ýazylan puly ýörite mata-marlyk bilen tutup biler. Jünüp adamyň Gurhana elini degirmän ýöne seredeniniň zyýany ýokdur.

4. Metjide girmek.

Mejbury bir ýagdaý bolmasa, jünüp bolan adam metjide girmez. Duşmandan, ýyrtyjy haýwanlardyr sowukdan goranmak üçin ýa-da başga ýerde bolmasa, metjitdäki suwdan almak üçin girip biler.Ýöne metjide girmek üçin teýemmüm etse has oňat bolar.

5. Käbä togap etmek.

Jünüp bolan adam Käbäni togap edip, onuň daşyndan aýlanmaz. Togap edip bilmek üçin boý täret almagy, suwa düşmegi, täretli bolmagy zerurdyr.