Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » GEÇIRILEN NAMAZLARYŇ KAZASY

Bir namazy wagtynda okamaklyga “Eda” (wagtynda ýerine salma), wagty çykanyndan soňra okamaga-da “Kaza” (wagtyndan soň ýerine salma=öwezini ödeme) diýiýär. Namazy bilgeşleýin, ýörite sebäbi bolmazdan wagtyndan soňra galdyrmak uly günä hasaplanylýar. Namaz kaza edilmek bilen, onuň öwezini ödemek bilen berjaý edilýär.Ýöne öz wagtyndan soňa goýandygy üçin Jenab-y Hakdan ötünç soramak zerurdyr.

Bäş wagt namazyň parzlary bilen witir namazy kaza edilýär, wagt çykanyndan soňra sünnetler kaza edilmeýär. Diňe ertir namazyny öz wagtynda okamaýan adam şol günüň öýläne az wagt galýança parz bilen bilelikde sünneti-de kaza eder. Kaza namazyny okamak üçin ýörite ýa-da belli bir wagt ýokdur. Ony gündiz we gije, tapawudy ýok, her wagt okamak bolar. Ýöne esasan üç sany mekru wagtda, ýagny gün dogýarka, gün süýr depä galanynda we gün batýarka okalmaz.

Bir namazy unudyp, ony öz wagtynda okamaýan adam şol namazy ýadyna salan wagtynda,ony kaza eder we ony ýetip gelýän namaz wagtyndan öň okar. Eger kaza namazyny okaýança wagt namazynyň gijä galjakdygyndan gorkýan bolsa, şol wagt ilki ýetip gelen wagt namazyny, soňra-da kaza galan namazyny okar.

Birnäçe namazy ýatdan çykaryp, öz wagtynda okamaýan adam şol namazy ýatlan dessine olary yzygiderliligine görä kaza etmek zerurdyr. Eger geçirilen namazlar alty ýa-da altydan has köp bolsa, onda ony tertip boýunça okamak hökman däldir.

Ertir namazynyň sünnetini okan halatynda parzyna ýetişmejegine öňünden göz ýetiren adam sünneti okamaz. “Sünnete başlanyňdan soňra, ony bozup, ymam bilen parzy okar we bozan sünnetini kaza etmegi wajyp bolar diýen düşünje bilen parzdan soňra sünneti kaza eder” diýilýän pikir dogry däldir.

Geçirilen namazlar kaza edeniňde haýsy günüň haýsy wagtynyň namazydygyny bilmedik ýagdaýynda şeýle niýet eder: “Niýet etdim Allanyń razylygy üçin kaza galan ilkinji ertir namazyny okamaga”, beýleki namazlar üçin-de kaza galan ilkinji öýle ..., ilkinji ikindi..., ilkinji agşam...., ilkinji ýassy..., ilkinji witir ýa-da kaza galan soňky ertir namazynyň parzyny okamaga, beýlekileri üçin-de soňky öýle, soňky ikindi, soňky agşam, soňky ýassy we soňky witir namazyna diýip niýet eder.

Kaza namazlary bilen meşgul bolmak nepil namazlar bilen meşgul bolmakdan has oňat we has peýdalydyr. Ýne wagtynda okalan parz namazlar bilen okalan sünnetler munyn daşyndadyr. Bulary okaman, ýerlerine kaza namazy okamak ýerlikli däldir. Guşluk ve tesbih namazlary hakynda hadys bar bolmagyna garamazdan olar hem şeýledir.

Iskat-y salat (Namazyň ýerine salynmagy)

Haýsy hem bolsa bir saý-sebäp bilen öz wagtynda okalmadyk we eýesiniň boýnunda borç görnüşinde galan namazlaryň ýeke-täk bir öwez ödeme (Kazasyny alma) ýoly bardyr, ol hem kaza etmekdir, has anygy öň okalman geçirilen namazlary okamakdyr. Mundan başga namazyň öwezini ödejek zat, ony ýerine saljak ýol ýokdur.

Tutulmaýan orazalar namaz ýaly däldir. Oraza üçin fidye berilmegi hakynda tutaryk bardyr. Bu hakda mukaddes Gurhanda: “...Oraza tutmaklyga gurbaty çatmaýanlar bolsa, bir ýoksuly doýurjak çemesi fidye bererler..” (Bakara: 184) diýlip bellenilýär. Garrylyk ýa-da ýarawsyzlykdan oňatlaşmaklyga umydy bolmaýan, hemişelik hassalygyň derdindäki adamlar tutmadyk orazalarynyň ýerine her gün üçin fidye bererler.

Ýöne okalmadyk namazlar üçin fidye berilmelidigine degişli bolan bir tutaryk ýa-da delil ýokdur. Oraza üçin piträ sebäp bolan ejizligi göz öňünde tutup, namaz üçin hem fidye berilmegi oraza deňeşdirilmez. Çünki orazanyň öweziniň fidye bilen ödenmegi orazany makul bolmaýan görnüşi bilen ödemekdir, ýagny (muňa mümkinçilik berýän tutaryk bardyr) namazyň-da bu görnüşde fidye bilen ödenmegini oraza deňeşdirmek, makul bolmaýan görnüşi bilen öwezini ödemäge başga bir zady deňeşdirmekdir, ýagny bu deňeşdirme ýerlikli we dogry däldir.

Ýöne orazada fidye sebäbiniň ejizlikdigini hasaba alan bir topar yslam alymlary: “Şol sebäp namaz üçin hem mümkindir. Bolmanda-da namaz üçin berlen fidyeler günäleriň saplanmagyna serişde bolan bir ýagşylykdyr” diýip, baş yşarat bilen bolsa-da öz wagtynda okamazdan we soňra kaza etmezden ölen adamyň okamadyk namazlary üçin fidye berilmegini wesýet etmegi peýdaly hasaplaýarlar.

Baş yşaraty bilen-de namazlaryny okamaga gurbaty bolmaýan we kaza etmeklik üçin hem saglygyna ýetip bilmän ölen adamyň bular üçin fidye berilmegini wesýet etmekligi hökman däl.

Wesýet edilen fidyeler ölüniň yzynda galdyran malyň üçde birinden berilýär. Aradan çykanyň beýle wesýeti ýok bolsa, onda mirasdüşerleriň fidye bermegi hökman däl. Ýöne mirasdüşerleriň teberrik (dadyrarym üçin) fidye bermekleri ýerliklidir.

Bir adam başga bir adamyň ornuna namaz okap bilmez, oraza tutup bilmez. Ýöne berjaý eden ybadatynyň sogabyny başga birine bagyşlap biler.

Birnäçe adamlaryň garyp-gasarlara, ýetim-ýesirlere pul berip, ölen adam üçin namaz okatmaklarynyň we oraza tutdurtmaklarynyň esasy ýokdur.