Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Oraza kimlere parzdyr?

Bir adama orazanyň parz bolmagy üçin özünde üç sany şertiň bolmagy zerurdyr.

Bular:

1. Musulman bolmak, 2. Akylly bolmak, 3. Kämillik ýaşyna ýeten bolmak.

Bu şertleri özünde jemleýän hem bolsa, agzyny bekläp bilmejek derejede hassa bolanlar hem-de bir ýere ýolagçy bolanlar oraza tutman bilerler. Hassalar gutulanynda, ýolagçylar bolsa ýurtlaryna gaýdyp geleninde agzyny beklemedik günleriniň orazasyny kaza ederler.

Kämilli ýaşyna ýetmedik çagalara oraza tutmak parz däldir. Ýöne onuň saglygyna zyýan gelmejek görnüşinde edip, çagalary-da ýuwaş-ýuwaşdan oraza tutmaklyga öwrenişdirmek ýerlikli bolar.

Çaga dogran zenanalar bilen aýbaşy gören zenanalar bu ýagdaýlary dowam etdigiçe oraza tutmazlar, namaz okamazlar. Şol sebäpli Oraza aýynda agzyny beklemedik günlerini Oraza aýyndan soňra özlerine amatly bolan wagtda kaza ederler, ýagny gününe gün tutarlar. Okamadyk namazlaryny bolsa kaza etmezler.

Orazada näçe gün agyz beklemeli?

Oraza aýy käbir ýyllarda 29 günden, käbir ýyllarda bolsa 30 günden ybarat bolýar. Oraza aýy 29 gün bolan wagtynda hem 29 gün agyz beklemeklik dogrydyr, dolydyr. Çünki parz bolan Oraza aýyny tutuşlygyna agzy bekli geçirmekdir.

Şol sebäpli, Oraza aýynyň 29 günden ybarat bolan ýyllarynda tutulan orazanyň kem bolmaklygy barada söz bolup bilmez.

Hormatly Pygamberimiz dokuz gezek Oraza aýynda agzyny bekläpdir. Şol aýlaryň dört sanysy 29 gün, bäş sanysy-da 30 gün bolan ýyllara deň gelipdir.

Oraza aýy girmezden öň, ony garşylamak maksady bilen bir ýa-da iki gün oraza tutup, agzyňy beklemek dogry däldir. Şeýle maksatly agyz beklemeklik parz bolan Oraza aýyndaky oraza tutmaklyga nepil görnüş berýändigi sebäpli mekru hasap edilýär.

Pygamberimiz şeýle diýip belläpdir:

“Siziň kimdir biriňiz Oraza aýyny bir gün ýa-da iki gün agzyny bekläp garşylamasyn. Dińe agyz beklemegi endik edinen bolsa ony tutsun.”(Buhary, Sawm, 14; Müslim, Syýam, 3.)

Aýyň we hepdäniň belli günlerini oraza tutmaklyga endik eden adamyň oraza tutan günleri Oraza aýynyň öňündäki iki güne deň gelse, onda bu orazalary tutmak mekru bolmaýşy ýaly, Orazadan öň iki günden köp oraza tutmak-da mekru däldir.