Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » METJITLERIŇ ÄHMIÝETI

Metjit sözüniň sözlükdäki manysy sejde edilýän ýer diýmekdir. Köplügi mesajitdir.

Adalga görnüşinde metjit sözi içinde Allatagala ybadat edilen mukaddes mekan diýmekdir. Metjitleriň ulusyna “jamy” diýilýär.

Yslam dininde metjidiň ähmiýetli orny bardyr. Allanyň öýi hökmünde kabul edilen metjitler yslamyň esasy tymsaly, alamaty hasaplanylýar. Şol ýerde ýerleşýän metjit ýerli halkyň musulmandygyna şaýatlyk edýär. Onuň görkezgiji bolup hyzmat edýär.

Pygamberimiz ýer ýüzünde Allatagala iň söýgüli bolan ýerleriň metjitlerdigini belläp geçipdir. (Müslim, Salat, 53.) Şoňa görä ol Mekgeden Medinä göç edeninde, heniz Medinä ýetmänkä, onuň ýakynynda ýerleşýän Kuba metjidini, Medinä geleninde-de metjidi Nebini gurdurypdyr.

Pygamberimiziň bu hereketlerinden nusga alan musulmanlar, esasan hem türk musulmanlar baran ýerlerinde metjitler gurupdyrlar, öz öýlerinden has köp ybadat ediljek ýer bolan metjitlere uly ähmiýet beripdirler.

Metjit gurmak imanyň we dindarlyk ynanjynyň görkezgijidir. Mukaddes Gurhanda bu babatda şeýle diýlip bellenilýär:

 “Allanyň metjitlerini diňe Allatagala we ahyret gününe ynanýan, iman eden, namazy doly we dogry okaýan, zekat beren we diňe Alladan gorkýan adamlar gurarlar. Ynha, dogry ýola düşenler diýlip hasaplanýanlar şolardyr.” (Toba: 18.)

Pygamberimiz metjit gurdyrmaklygyň peýdasy hakynda şeýle şatlykly habary beýan edipdir: “Kimde kim Allanyň razylygy üçin metjit salsa, onda Allatagala hem şol ýagşylyga ýagşylygyň meňzeşini onuň üçin jennetde gurar.” (Buhary, Salat, 65; Müslim, Zühd, 3; Ibn Maje, Mesajid, 1) Müslimiň beýleki rowaýatynda aýdylýany “Alla onuň üçin jennetde bir köşk gurar.” Görnüşindedir.

Beýleki bir hadys-y şerifde şeýle diýilýär: “Bir musulmana öleninden soňra amalyndan we eden ýagşylykla- rynda özüne gaýdyp geljek bolan zatlaryndan biri-de beren ylymy, yzynda miras galdyran ilhalar perzendi, miras görnüşde galdyran Gurhany Kerimi, saldyran metjidi, ýolagçylaryň dynç almagy üçin gurduran öýi, akdyran suwy, gazdyran guýusy, saglygy ýerinde wagty malyndan beren sadakalarydyr. Bularyň haýsy hem bolsa birini berjaý eden bolsa, onda ol öleninden soňra onuň sogaby özüne gaýdyp geljekdir.” (Ibn Maje, Mukaddime, 20)

Hadys-y şeriflerde metjitdir beýleki haýyrly işleri eden adamlara ahyretde uly eşret beriljekdigi baradaky şatlykly habar aýdylyp geçilipdir.Metjitleriň iň ilhalary üç sanydyr: Mesjid-i Haram, Mesjid-i Nebi we Mesjid-i Aksadyr.

Mesjid-i Haram:Käbäni gurşap alan metjitdir. Muňa “Mesjid-i Haram” diýilşi ýaly “Harem-i şerif” hem diýilýär.

Haram sözüniň manysy ilhalar we mukkaddes diýmekdir. Oňa hormat goýmazlyk dogry däldir.Käbe bilen ony gurşap alýan metjitden başga Mekge-ýi Mükerremede “Belde-ýi Haram” ady berilýär. Haramiň töwereginde gan dökmek, agaç kesmek, aw awlamak haram hasaplanylýar.

Mesjid-i Nebi:Pygamberimiziň Mekgeden Medinä göç edenlerinde gurduran metjididir. Pygamberimiziň mazary-da bu metjidiň içindedir.

Mesjid-i Aksa:Kudüsdäki “Beýtül-Makdisdir.” Aksa örän uzak diýmekdir. Mesjid-i Haramdan örän uzakda ýerleşýändigi üçin bu ady alandyr. Bu metjit Süleýman aleýhis-salam tarapyndan gurlupdyr.

Pygamberimiz bu üç sany metjidiň ähmiýeti babatda şeýle diýip belläpdir: “Namaz we ybadat üçin hiç hili metjide ýolagçy görnüşinde gidilmez (ýol şaýyňy tutmak dogry bolmaz). Diňe üç sany metjide ýolagçy hökmünde gidilip bilner. Mesjid-i Haram, Mesjid-i Nebi, Mesjid-i Aksa.” (Buhary, Fazlus- Salat fi mesjid-i Mekke wel-Medine, 1; Müslim, Haj: 74.)

Bu metjitleriň beýleki metjitlerden üstünlikleri bularyň Pygamberler tarapyndan gurlan bolandygy sebäplidir. Şonuň ýaly-da Metjid-i Haram şol bir wagtyň özünde musulmanlaryň kyblasydyr. Metjid-i Aksa-da öten-geçen ymmatlaryň kyblasydy.

Bularyň iň esasysy Metjid-i Haram, soňra-da Metjid-i Nebidir. Şoňa görä Pygamberimiz şeýle diýip belläpdir:

“Meniň şu metjidimde okalan bir namaz Metjid-i Haramdan beýleki metjitlerde okalan müň namazdan has sogaplydyr.” (Buhary, Fazlus- Salat fi mesjid-i Mekke wel-Medine, 1; Müslim, Haj: 94.)

“Metjidimde okalan bir namaz Metjid-i Haramdan beýleki metjitlerde okalan müň namazdan haýyrlydyr. Metjidi Haramda okalan bir namaz-da beýleki metjitlerde okalan ýüz müň namazdan has peýdalydyr.” (Ibn Maje, Salat, 195; Ahmet b. Hanbel, 2/16-68)

Ähmiýetliligi babatdan Kuba metjidi bu üç sany metjitden soňra gelýär. Ondan soňra iň gadymy metjitler, soňra-da iň uly metjitler gelýär.

Bir adamyň öz ýaşaýan ýerindäki metjidinde namaz okamagy beýleki metjitlerde namaz okamagyndan has sogaby köpdür. Ýöne öz metjitlerinden başga bir metjitde ýörite wezipeli bolan ymam has ylymly we takwa bolsa, onda şol metjide gidip namaz okamagy has ýerliklidir hem-de sogaby köpdür.

Metjitde üns berilmeli düzgünler

Metjitler Allatagala ybadat edilýän mekan bolandygy üçin mukaddes ýerler hasaplanylýar. Bu ýerlere ýüzugra, sallam-sajam görnüşinde girilmez.

Metjide girilen halatynda, heniz namaza durulmadyk we ýerliksiz hasaplanylýan wagt bolmasa, onda iki rekagat “Tahiýýetü-mesjid” okalar. Pygamberimiz: “Sizden kimdir biriňiz metjide giren wagty oturmazdan öň iki rekagat namaz okasyn.” (Buhary, Salat, 60; Müslim, Salatül-müsafirin, 11) diýip ýörite belläpdir.

Sogandyr sarymsak iýen adamlaryň metjide barmalary dogry bolmaz, ýerlikli hasaplanylmaýar. Çünki, olardan gelýän ys beýleki adamlary bimaza eder.

Pygamberimiz: “Kimde kim sarymsak ýa-da sogan iýen bolsa, bizden, ýa-da metjidimizden daş bolsun, öýünde otursyn.” (Buhary, Müslim, Masajid, 17) diýip belläpdir.

Bulary iýmek haram däl, halaldyr. Ýöne yslarynyň rahatsyz edendigi sebäpli, olary iýen adamyň metjide gitmezligi hakynda öwüt-nesihat berilýär.

Metjitlerde goh-galmagal etmek, ýiten zatlar hakynda duýduryş bermeklik hem ýerlikli hasaplanmaýar. Şeýle hem alyş-beriş etmek we soramak oňat görülmeýär. Metjitleriň ybadat ýerleri bolandygy üçin, şol ýerlerde wagyz edenlerden, ders berenlerden başgalaryň gaty geplemegi, belent ses bilen gürleşmegi ýerlikli däldir.

Metjitlere iň oňat we has arassa egin eşikleriňi geýip barmaly, köpçüligi keýpden gaçyrjak, rahatsyz etjek hapa, ýag-ýamyrly eşikler, kirli iş eginbaşly barylmaly däldir. Jenab-y Hak: “Eý Adam atanyň ogullary, her gezek metjide gideniňizde, zynatly (owadan) egin eşikleriňizi geýiň.” (Araf: 31) diýip buýruk beripdir.

Metjitleriň gurluşygyndan başlaň-da, tutuş arassaçylygyna we ýagtylygyna barýança oňa ediljek hyzmatlaryň bary wasp edilmäge, ýörite bellenilmäge mynasyp hyzmatdyr. Aýdylýan rowaýatlara görä, bir garaýagyz aýal pygamberimiziň metjidini yzygiderli süpürip, arassalap hyzmat eder eken, birnäçe wagt hiç görünmändir, soňra Pygamberimiz bu aýalyň näme üçin metjide gelmeýändigini onuň ýoldaşlaryndan sorapdyr. Şonda ol aýalyň aradan çykandygyny aýdypdyrlar. Pygamberimiz oňa örän gynanypdyr we: “Maňa onuň aradan çykandygyny aýtmaly dälmi näme? Hany, ýörüň, maňa onuň mazaryny görkeziň” diýipdir we onuň mazarynyň başyna baryp, aýat okapdyr, ýanynda ýörite namaz okapdyr. (Buhary, Salat: 74)

Bu bolsa metjide edilen hyzmata Pygamberimiz tarapyndan goýlan hormaty görkezýändir. Aýbaşy we göwreli bolan aýallaryň we jünüp bolan adamlaryň mejbury bir ýagdaý bolmadyk halatynda, metjide girmekleri jaýyz bolmaz.

Musulman bolmaýan adam metjide girip biler. Pygamberimiz musulman bolmaýan sakif tiresinden gelen topary metjitde myhman hökmünde kabul edipdir. Ebu Sufýan musulman bolmazdan öň, Kuraýşyň bozan Hudeýbiýe şertnamasyny täzelemek üçin Medinä gelen wagty ony hem metjitde kabul edipdir.(ed-Dürrül-Muhtar, J. 5, s. 340-341; el-Eşbah wen-Nezair. J. 2, s. 176.)