Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » NAMAZ

Namaz we Ähmiýeti

Biziň ilkinji wezipämiz Allanyň barlygyna we birligine, hezreti Muhammediň (A.S.) pygamberdigine ynanmakdyr. Imandan soňra parzlaryň iň esasysy we iň möhüm hasaplanylýany namazdyr. Namaz ýörite hereketler we belli okaýyşlar bilen ýerine ýetirilýän bir ybadatdyr. Bäş wagt namaz hijretden bir ýarym ýyl öň Magraç gijesinde parz kylynypdyr.

Mähriban pygamberimiz: “Namaz diniň diregidir” (Keşful-Hafa, J. 2, s. 31.) diýip, namazyň dinimizde örän uly ähmiýetiniň bardygyny beýan edipdir.

Amallaryň Alla üçin iň halanylýany namazdyr. Namaz musulmanyň magrajydyr. Musulman namaz saýasynda Allanyň huzuryna beýgelip, onuň ruhy ýakynlygyna golaýlaşar. Imanyň görkezjisi bolan namaz kalby şählelendiren bir yşyk, bulunan ruhlary, kynçylyga düşen göwünleri galkyndyryp, huzura gowuşdyran ruhy taýdan bir sygynylýan sygnakdyr. Namaz ynsana hemişelik Allany ýatladyp, kalplara jogapkärçilik duýgusynyň ornaşdyrylmagyny ýola goýar we netijede kişiniň günä etmeginiň öňüni alar.

Bu babatda mukaddes Gurhanda şeýle diýlip bellenilýär: “Saňa wahyý bolan kitaby oka, namazy dos-dogry berjaý et. Hakykatdan hem namaz haýasyzlykdan we ýaramazçylykdan alyp goýar.” (Ankebut: 45.)

Namazyny dogry we yhlas bilen okan bir adam wagtyň geçmegi bilen ýaramaz iş etmeklikden saplanar. Esasan Allanyň derejesinde kabul bolan namaz musulmany ýaramaz endiklerden uzaklaşdyrýan namazdyr. Namazyny dogry okaýan adam Allanyň söýgüsini we hoşallygyny gazanar. Imanyny güýçlendirer. Günä kirlerinden arassalanyp, ebedi eşret ýurdy bolan jennete girmeklige mynasyp bir arassa gul bolar.

Pygamberimiz: “Siziň haýsy hem bolsa biriňiziň gapyňyzyň öňünde bir akar suw bolsa, şol akar suwa her gün bäş gezek suwa düşse, heý onda kir-kimir galarmy, eýsem?!” diýip sorady. Diňleýänler: “Hiç hili kir-kimir galmaz, eý Resululla!”-diýip jogap berdiler.

Onda pygamberimiz: “Ynha, bäş wagt namaz hem şol akar suwa düşene meňzeýändir, Alla namaz bilen ähli günäleri, kir-kimirleri ýuwýandyr” (Buhary Salat, 6; Müslim, Salat, 51.) diýdi.

Namazyň arassaçylyk we beden saglygy taýdan ynsana örän köp peýdalar berýändigi bilinen bir hakykatdyr. Çünki namaz okan bir adam täret almaklyga mejburdyr. Bu bolsa günde birnäçe gezek arassalanyp ýuwunmak diýmekdir.

Şeýle hem namazyň dogry bolmaklygy üçin bedeniň, egin-eşikleriň we namaz okaljak ýeriň hem arassa bolmaklygy esasy şertdir.

Namaz belli aralyklar bilen her günde bäş gezek okalýandygyna görä, bu ýagdaý musulmanyň her zaman arassa bolmaklygyny ýüze çykar- ýandyr. (Namazyň ynsan saglygyna peýdalary hakynda Prof. Dr. Tewfik SAGLAM şeýle diýýär: “Namaz musulmanlara saglyk üçin ýokary derejede ähmiýetli bolan bir topar beden hereketleri ýola goýýar. Namazdaky hereketler agras görnüşde berjaý ediler. Ynsany ýadatmaz, ýaş, garry, daýaw, arryk bolan her kimiň edip biljek ajaýyp hereketlerdir.Onuň saýasynda beden muskullary berkeýär, has güýçlenýär, şol hereketlere endik edip öwrenişýär. Namaz okan ynsan onuň saýasynda çeýe, güýçli bolýar, basym ýadamaz we şunuň bilen bilelikde-de yslam dininiň emirine göre çenden aşa köp ýag toplanmazlyga, semremezlige kömek edýär. Semizlik-şeker hassalygy, beden basynjynyň ýokarlanmagy ýaly birnäçe keselleriň iň uly sebäplerinden biridir. Şol sebäpli namaz ynsany bu kesellerden gorap saklamaklyga hem peýdalydyr.” (Diýanet Işleri Başkanlygy Dergisi, J.3, Saýy I, Ojak 1964.))

Namazyň parz bolmagynyň şertleri

Bir ynsana namazyň parz bolmagy üçin esasan üç sany şert gerekdir.

Bular:

1. Musulman bolmak,

2. Ýetginjek ýaşa ýetmek,

3. Akyly ýerinde bolmak.Kämillik ýaşyna gelen we akylly bolan her bir musulman bäş wagt namazy okamaklyga borçludyr, jogapkärdir. Namazyny okan dünýäde öz wezipesini berjaý eder, ahyretde sogap gazanar.

Namaz – kitap, sünnet, ijma bilen ýugrulyp, bütewileşen mäkäm bir parzdyr. Namazy inkär eden kapyr bolar Ynansa-da, namazyny okamaýan musulman kapyr bolmaz, ýöne wezipesini berjaý etmedik we günä eden hasaplanylar. Çagalar ýedi ýaşyndan başlap, namaza öwrenişdiriler. Ata we enäniň ýedi ýaşyny dolduran çagalaryna namaz okamagy talap etmekleri we olary namaza öwrenişdirmegi hökmanydyr.

Bu babatda hormatly pygamberimiz şeýle diýipdir: “Çagalaryňyz ýedi ýaşyny dolduranynda, olara namaz okamaklygy emir ediň.” (Ebu Dawut , Salat, 26.)

Namazyň wagtlary

Her gün bäş wagt namaz bardyr. Olar: ertir, öýle, ikindi, agşam we ýassy namazlarydyr. Bu namazlaryň her biriniň öz belli wagty bardyr. Mukaddes Gurhanda bu hakda şeýle diýilýär: “Şübhesiz, namaz möminler üçin belli wagtlarda parz kylynandyr.” (Nisa: 103)

Her bir namazyň öz wagtynda okalmagy şertdir. Wagty gelmezden öň bir namazy okamak dogry bolmaýşy ýaly, halys degna degen hassa bolunmadyk halatynda ony soňa goýmak hem uly günädir.

Ertir namazynyň wagty:

 Daňdanlar, daň ýeriniň agarmaga başlamagyndan günüň dogmagyna çenli bolan aralykdyr. Gündogar tarapdan gözýetimiň üstüne ýaýraýan aýdyňlyga, daňyň agarmasyna hakyky aýdyňlyk manysyny beren “fejr-i sadyk” diýilýär. Ertir namazynyň wagty ynha bu aýdyňlygyň, daň agarmasynyň gözýetimiň üstüne ýaýramagy bilen başlanan hasaplanylýar. Oraza üçin selällik wagty-da bu wagtdyr. Bu aýdyňlykdan öň gözýetimiň üstünde dikligine görnüp, soňra-da gözden ýiten aýdyňlyga ýalançy aýdyňlyk manysyny beren “fejr-i kazip” diýilýär. Berlen bu aýdyňlyk ýerine gaýtadan garaňkylyk gelip, daňyň atandygyny görkezmedigi üçin muňa kän bir ynanylmaz.

Öýle namazynyň wagty:

Günüň edil depämize gelip, kölegäniň gündogar tarapa uzanmaga başlan wagtyndan hasaba alnyp, günüň depe nokadynda, bar bolan kölegeden başgasyna “feý-i zewal” diýilýär. (Her bir zadyň kölegesiniň bir ýa-da iki essesi bolýança dowam eden wagtydyr.) Öýle namazynyň wagty Ebu Hanifä göre, kölegäniň–“feý-i zewalyň” daşynda iki esse çemesidir, ymam Ebu Ýusup bilen ymam Muhammede görä bolsa, bir essesi bolan wagty tamamlanar. Munuň ýerine ýurdumyzda we bütin yslam ülkeleriniń köpüsinde senenamalarda we azanlarda iki ymamlaryň garaýşy esas alynýar. Bu ýagdaýa görä, öýle namazyny kölegäniň bir esse çemesi wagt gelmezden öň, ikindi namazy-da kölegäniň iki essesi bolanyndan soňra okamak dogry hasaplanylýar. Şunuň bilen bilelikde-de, her bir zadyň kölegesi – “feý-i zewalyń” daşynda iki esse bolýança öýle namazynyň okalyp bilinjekdigi ýaly, ymam Ebu Ýusup bilen ymam Muhammediň garaýyşlaryna görä, kölege her zadyň bir essesi bolanyndan soňra ikindi namazy okalyp biler.

Ikındı namazynyň wagty:

Öýle namazynyň wagtynyň gutarýan pursatyndan gün batýança çenli bolan wagtdyr. Bir zadyň kölegesi bir ýa-da iki essesi bolýança öýle namazynyň wagty gutarar, ikindi namazynyň wagty başlar we gün batýança çenli dowam eder.

Agşam namazynyň wagty:

Gün batandan soňra başalap, günüň batan ýerinde günüň gyzarmasy ýa-da ondan soňra emele gelen günüň agarmasy ýitýänçä bolan wagtdyr. Agşam namazy wagtynyň günüň gyzarmasynyň ýitmegine çenli dowam etmegi ymam Ebu Ýusup bilen ymam Muhammediň we beýleki üç messep ymamynyň garaýşydyr. Gyzarmadan soňra gelen agarmagyň ýitmegine çenli dowam etmegi Ymam Agzamyň garaýşydyr.Her iki garaýşa görä-de namaz okalyp biler.

Ýassy namazynyň wagty:

Agşam namazynyň wagty çykandan soňra başlap, ertir namazynyń girýän wagty, dań atjak yeriniń agarmaga başlamagyna çenli dowam eden wagtdyr.

Witir namazynyň wagty:

Witir namazynyň wagty-da ýassy namazynyň wagty bilen deňdir. Ýöne witir namazy ýassy namazyndan soňra okalýar.

Juma namazynyň wagty: Öýle namazynyň wagtydyr.

Bäş wagt namazyň her biri üçin belli bolan öz wagty, süresi bardyr. Namaz bu wagtyň başlangyjyndan gutaryşyna çenli islendik zamanda okalyp bilner. Şunuň bilen birlikde her bir namazy wagty geleninde gijikdirmän, gijä galman okamak has-da oňaýly hasaplanylýar.

Ýöne Hanefi messebinde ertir namazyny gün birneme agaranyndan soňra okamak, öýle namazyny tomusda birneme giç okamak, ikindi namazyny gyşda we tomusda gün yşygyny üýtgetmejek görnüşinde gijikdirip okamak mustehap hasaplanylýar. Ikindi namazyny günüň şöhlesi gözüňi gamaşdyrmaýan ýagdaýyna gelýänçä gijä galdyrmak bolsa tahrimen mekru hasaplanylýar.

Agşam namazyny gyşda we tomusda gijä goýman okamak ýerlikli hasaplanylýar. Ýassy namazyny gijäniň üçden biri geçenine çenli gijikdirip okamak mustehapdyr.Namaz metjitde köpçülik bolup okalýan bolsa, onda wagty gelende köpçülik bolup okalar, gijä galdyrylmaz.

Müzdelifede, ýagny Käbede bolan hajylaryň gurbanlyk baýrammynyň birinji güni ertir namazyny – wajyp bolan müzdelife düşlemesi sebäpli gün agarmanka ir okamaklary has oňaýly hasaplanylýar.Diňe hajylara mahsus bolmak şerti bilen iki sany ýerde namazlar birikdirilip, goşulyp okalýar. Olaryň biri Arafatda baýramyň öň güni öýlän ilki öýle namazy, onuň yzysüre-de ikindi namazy bir azan we iki kamat bilen birlikde okalýar. Iki parzyň arasy başga namaz bilen aýrylmaýandygy sebäpli, öýläniň parzyndan soňra, öýläniň soňky sünneti bilen ikindiniň sünneti okalmaz. Bu ýerde ikindi wagty gelmezden, ikindi namazy öýlän wagtynda öýle namazy bilen bilelikde okalýar. Muňa bolsa “Jem-i takdim” diýilýär.

Ikinjisi-de baýramyň öňki gününde (arefe) agşam namazy agşam wagtynda okalman, Müzdelifede ýassy wagtynda, bir azan we bir kamat bilen okalýar, ýagny diňe agşamyň parzy üçin kamat aýdylar, ýassynyň parzynda aýdylmaz. Iki parzyň arasy aýrylmaýandygy üçin agşamyň sünneti bilen ýassynyň ilki sünneti-de okalmaz. Bu ýerde agşam bilen ýassy namazlarynyň bilelikde okalmagyna-da “Jem-i tehir” diýilýär.(Hanefi messebinne görä bu iki ýeriden başga hiçbir ýerde hiç hili görnüşde namazlary birleşdirip, goşup okamak dogry hasaplanylmaýar. Şafi, Hanbeli we Mäliki messeplerinde bu iki ýerden başga ýolagçy wagtyndaka, bir ýeňillik döretmek şerti bilen öýle bilen ikindini we agşam bilen ýassyny “Jem-i takdim” ýa-da “Jem-i tehir” görnüşinde okap biler. Şeýle hem Hanbeli we Mäliki messeplerinde hassa bolan adam namazlary öz hakyky wagtynda okamaklyga kynçylyk çekýän bolsa, ýene öýle bilen ikindini we agşam bilen ýassyny meňzeş görnüşinde birleşdirip okap biler. Iň esasy zat her bir namazy öz wagtynda okamakdyr. Şeýle hem Hanefi messebine girýän adamlar-da syýahat we hassalyk ýaly ýagdaýlarda namazyň birleşdirilip okalmagynyň bolup biljekdigini aýdýan yslam alymlarynyň garaýşyna eýerip, namazlaryny birleşdirip okap bilerler. Ertir namazy bolsa diňe öz wagtynda okalar, başga bir namaz bilen birleşdirilmez.)

Käbir namaz wagtlarynyň bolmadygy ýerler bilen gije we gündiziň örän uzak dowam eden, meselem alty aý gündiz, alty aý gije bolan demir- gazyk etraplarynda bolsa namazlar adaty etraplardaky wagta görä okalar. (Ibnül-Human, Fethul-Kadir. J., 1, s. 197, Mejmuaul-Enhur. J., 1, s. 69, Reddul-Muhtar. J.,1, s. 242.)

“Wagty belli bolmaýan namazlary (namazyň sebäbi bolmaýandy- gyna esaslanyp), ony okamak hökman däl” garaýşyny goldaýanlar bolan bolsa-da, bäş wagt namaz umumy görnüşde parz edilipdir, etraplaryň arasynda tapawut goýulmandyr. Şol sebäpli adaty bolmadyk ýerlerde na- maz wagtyny görkezýän yşarat bolmadyk halatynda-da wagt diýlen zat dowam edýändir we dünýäniň haýsy guşaklygy bolsa bolsun, tapawudy ýok, musulmanlaryň bäş wagt namazy okamaklary zerurdyr.

Namaz wagtyny görkezýän yşaratyň bolmazlygy namaz buýrugyny ýatyrmaklyga güýji ýetmez. Şeýle ýagdaýda adaty etraplardaky, guşaklyklardaky hasaplardan ugur alnyp namaz wagtlary kesgitleniler.

Adaty bolmadyk ýerlerde,etraplarda namazlaryň nähili ýagdaýda okaljakdygy babatda pygamberimiziň bir hadysy şerifi aýdyň ýol görkezýändir we nähili hereket etmelidigini maslahat berýändir. Şonuň mazmuny şeýledir: Pygamberimiz bir gün egindeşlerine Dejjal hakynda gürrüň berýärkä:

-“Dejjal ýer ýüzünde kyrk gün galjakdyr. Şonuň ilkinji güni bir ýyl, ikinji güni bir aý, üçünji güni-de bir hepde möçberinde boljakdyr. Beýlekileri bolsa siziň adaty günleriňiz ýaly boljakdyr.” diýipdir.

Onda şol ýerde bolan adamlardan biriniň:

-Eý, Allanyň resuly, bir ýyl ýaly uzyn günde, adaty günüň bäş wagt namazyny okamaklygymyz bize ýeterli bolarmyka?- diýip soranynda, Pygamberimiz:

-“Ýok, ýeterlik bolmaz, (adaty günlerdäki ölçege görä) hereket ediberiň” diýip aýdypdyr.(Müslim, Fiten, 20)

Oraza we zekat hem adaty etraplara görä hasaplanylyp kesgitlenilmeli we berjaý edilmeli. (Reddul-Muhtar. J. 1, s. 244)

Namaz okamaklygyň mekru bolan wagtlary

Namaz okamaklygyň mekru oňaýsyz hasaplanylýan wagtlary bardyr. Olara “mekru wagtlar” diýilýär. Käbir wagtlarda asla namaz okalmaz. Käbir wagtlarda-da kaza namazy okalar, ýöne boş ýere goşmaça (nafile) namaz okalmaz.

Hiç bir namaz okalmaýan wagtlar

Bu wagtlar üç sanydyr:

1. Gün dogýarka, günüň dogmaga başlamagy bilen hasaba alanyňda takmynan 40 minut geçýänçä çemesi wagt aralygynda,

2. Gün süýr günortandaka, ýagny gün dik depedekä, ýagny heniz günbatar tarapyna agmanka,

3. Gün batýarka, günüń ýaşmagyndan takmynan 40 minut öń günüń ýaşmagyna çenli. Bu üç wagtda parz, wajyp, nepil hiç hili namazyň okalmaly däl bolşy ýaly, geçen döwürden kaza edilen namazlaryň-da kazasy alynmaz. Diňe şol günüň ikindi namazynyň parzy okalmadyk bolsa, onda gün batýarka hem okalyp bilner.

Nepil namaz okalmagy mekru bolan waktlar

1.Ertir namazynyň wagty geleninden soňra. Bu wagtda diňe ertir namazynyň sünneti okalar, başga goşmaça namaz okamak mekrudyr.

2. Ertir namazy okalanyndan soňra. Wagt bolsa-da gün dogup, kerahat wagty çykýança goşmaça namaz okamak ýene mekrudyr.

3. Ikindi namazynyń parzy okalandan sońra.

4. Agşam namazynyň parzyndan öň.(Safiilere görä, agşamyň parzyndan öň iki rekagat nepil namaz okamak hem mustehapdyr yörgünli kabul edilýär.)

5. Baýram namazlaryndan öň (öýde we metjitde).

6. Baýram namazlaryndan soň (metjitde).

7. Wagtyň gyssaglylygy sebäpli parz üçin örän az salymlyk wagt galanynda.

8. Parza başlamak üçin kamat aýdylanynda (ertir namazynyň sünneti muňa degişli däldir).

9. Juma güni hatybyň hutba okamak üçin münbere çykanyndan başlap, juma namazynyň parzy okalýança. Şol wagtda haýsy hem bolsa bir goşmaça namaz okamaklygyň mekru bolşy ýaly, juma namazynyň başky sünnetini okamak-da mekrudyr. Ýöne hatyp münbere çykmazdan öň, jumanyň sünnetine başlan bolsa, namaz uzadylmazdan tamamlanylar.

10.Hajathana ýa-da aýakýoluna gyssanylýan wagtda.

11.Isleg eden nahary taýýar bolan wagtynda.

12.Hajy döwründe Arafatda öýle bilen ikindi namazlary bilen birlikde okalýan döwründe iki parzyň arasyndaky sünnetler Müzdelifede agşam bilen ýassy namazlary bilen bilelikde okalýan döwründe ýene iki parzyň arasyndaky sünnetler okalmaz.