Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » AÝDYLAN, HUDAÝOLY (NEZIR)

Aýdylan, hudaýoly – adamyň dini taýdan jogapkärçiligi bolmasa-da, parz ýa-da wajyp görnüşli bir ybadaty ýerine saljakdygyny wada etmegi we Alla söz bermegi diýmekdir.

Aýdylanyň, hudaýolynyň şertleri

Bir aýdylanyň, hudaýolynyň dini taýdan hakyky hasaplanylmagy üçin aýdanda we aýdylanda birnäçe şertleriň bolmagy zerurdyr.

a.Aýdan adamda bolmasy zerur hasaplanylýan şertler

1. Musulman bolmak.

2. Akylly we kämillik ýaşyna ýeten bolmak.Çaganyň ýa-da däliniň aýdanlary ýerlikli hasap edilmeýär. Çünki, olaryň hiç hili dini jogapkärçiligi ýokdur.

b. Aýdylan zatda bolmasy zerur hasaplanylýan şertler

1.Aýdylan zadyň hakykatda mümkin bolmagy we dini taýdan kabul edilmegi zerurdyr.

Mysal üçin, “Gije oraza tutmak aýdanym bolsun” ýa-da zenananyň “Aýbaşyly günlerimde oraza tutmak aýdanym bolsun” diýşi ýaly. Gije oraza tutmaklygyň hakyky wagty däldir, aýbaşyly bolan bir zenananyň oraza tutmagy-da dini taýdan kabul edilmeýär, şonuň üçin bu-da dogry däldir.

2.Aýdylan zadyň bir ybadatyň nusgasy bolmagy hökmanydyr. Ybadat bolmaýan zady aýtmak ýerlikli däldir. Meselem: “Içgi içmek aýdanym bolsun” ýa-da “Pylanyny ýençmek aýdanym bolsun” mysaly.

Pygamberimiz:“Alla hüjüm etmek üçin aýdylanyň bolup bilmejekdigi ýaly, adamzat nesliniň hem elinden gelmeýän bir zada edilen aýdylan hem hakyky aýdylan hasaplanmaz.” (Müslim, Nüzür, 3; Ebu Dawut, Eýman wennüzür.) diýip, Allatagala garşy çykmak meselesinde hiç hili aýdylanyň bolmajakdygy ýörite belläpdir.

3. Aýdylan zat parz ýa-da wajyp jynsyndan bir ybadat bolmalydyr.Namaz, oraza, haj, sadaka, nepil bir niýetli ybadat, hudaýoly ýaly ybadatlar aýdylan bolup biler. Ýöne sogap iş hasaplanylyp, aslynda ybadat bolmaýan hassanyň hal-ýagdaýyny sorama zyýaraty, aradan çykanyň jynazasyny ugratmak, adaty täret ýa-da boý täretini almak, metjide gitmek, öten-geçeniňe aýat-doga möwlit okatma ýaly zatlary aýdylan hasaplamak ýerlikli däldir.(Şafilere görä, haýyrly bolan ähli zatlar aýdylan işler hasaplanylyp biler.)

4.Aýdylan zadyň aýdylýan döwründe aýdýanyň eýeçiliginde bar bolmagy ýa-da aýdylanyň mülk sebäbine öwrülen bolmagy. Hut şoňa görä eýeçiliginde bolmaýan bir zady sadaka hökmünde aýtmak dogry däldir.

5.Aýdylan zat aýdýana mundan öň parz ýa-da wajyp bolmalydyr. Wagtlaýyn namazlary, Oraza aýyndaky tutulýan oraza, parz bolan haj we wajyp bolan gurbanlyk ýaly bir ybadat aýdylmak islenen halatynda, onda munuň ýörgünliligi ýokdur. Sebäbi, aýdýan aýdylandan öň hem bulara jogapkärdir.

Öwlüýälerde şem ýakmak, mata-marlak daňmak, horaz öldürmek, şeker-süýji we halwa paýlamak ýaly aýdylan adatlaryna hem dinde orny ýokdur.

Aýdylanyň görnüşleri.

Aýdylanlar umuman görnüşde iki sanydyr: ýönekeý aýdylanlar we hökmany aýdylanlar.

a. Mutlak aýdylanlar

Haýsydyr bir şerte bagly bolmaýan aýdylanlardyr: “Allanyň razylygy üçin şunça günläp oraza tutjak” ýa-da “Allanyň razylygy üçin hudaýoly berjek” mysaly.

b. Mukaýýet aýdylanlar

Haýsy hem bir şerte bagly bolan aýdylanlardyr: “Alla hassama şypa berse, pylany gelse” ýa-da “çagam okuwyny tamamlasa, bir hudaýoly berjek” mysaly.

Munuň hem iki sany görnüşi bardyr:

Birinjisi, berjaý edilmegi arzuw edilen bir şerte bagly aýdylan. Ýokardaky nusgalarda bolşy ýaly. Aýdan adam şertiň durmuşda hakykat ýüzüne geçmegini we Allanyň razylygy üçin hudaýolyny, aýdan ybadatyny ýerine salmagydyr.

Ikinjisi, berjaý edilmegi arzuw edilmeýän bir şerte bagly aýdylan. “Pylany bilen gepleşsem, ýalan sözlesem, on günläp oraza tutaýyn” ýaly. Munuň ýaly aýdylandan esasy maksat aýdylan we ybadat bolman, eýsem bir işi edip-etmezlik meselesinde adamyň öz-özüni barlagdan geçirmegidir. Bu görnüşli aýdylan antyň bir görnüşi hasaplanylýar.

Aýdylanyň özeni

Aýdylan zat ady tutulyp belli edilen bolsa, onda isle ýönekeý, isle hökmany aýdylan bolsun, tapawudy ýok, ýerine salynmalydyr. Bu ýagdaý wajypdyr.

Aýdýan adam “aýdylanym bolsun” ýa-da “eger şu işi etsem, aýdylanym bolsun” diýip, belli bir zady aýtmadyk bolsa, niýet eden zadyny berjaý etmegi wajyp bolar.

Eger aýdanyň haýsydyr bir niýeti bolmadyk halatynda, onda muňa näbelli aýdylan diýilýär, antyň keparaty ödemegi zerurdyr. Bu barada pygamberimiz: “Aýdylanyň keparaty antyň keparatydyr”(Müslim, Nüzür, 5; Ebu Dawut, Eýman wen-nüzür.)diýipdir.

Aýdylan näbelli bolsa we aýdýan-da oraza tutmaklyga niýet eden bolsa, ýöne agyz beklejek gününi belli etmedik bolsa, onda üç gün oraza tutmagy zerurdyr.

Eger “Aýdylanym bolsun” diýip, nahar bermäge niýet etse, ýöne sanyny belli etmedik bolsa, onda on sany garyby ertir-agşam doýurmagy ýerlikli hasaplanylýar.

Aýdylan haçan ýerine salynmaly?

Aýdylan haýsydyr wagta ýa-da şerte baglanan bolsa, ýagny ýönekeý aýdylan bolsa, onuň derrew ýerine salynmagy zerurdyr.

Eger aýdylan hökmany bolsa, ýagny haýsydyr bir şerte bagly bolsa, mysal üçin, “Eger Alla hassama şypa berse, bir aý oraza tutmak aýdanym bolsun” diýen bolsa, onda hassasy oňat bolan badyna bir aý oraza tutmak wajyp bolar.

Şert ýerine ýetirilmezden nusgada bolşy ýaly hassa oňatlaşmazdanöň oraza tutsa, onda bu geçerli däldir, diňe nepil bolar. Hassa oňat bolandan soňra gaýtadan şol orazanyň ýerine salynmagy zerurdyr. Bu ýagdaý aýdylanyň bolmagy arzuw edilen şerte baglydygy üçin şeýledir.

Aýdylan bolmagy arzuw edilmedik şerte bagly bolsa, “ýalan aýtsam, 15 gün gün oraza tutmak boýnumyň borjy bolsun” ýaly şert ýüze çykan halatynda, erkindir, islese, aýdylany berjaý eder, ýagny 15 gün oraza tutar, islede-de antyň keparatyny berer.

Eger aýdylan haýsydyr bir ýer bilen baglanyşykly bolsa, “Pylan ýerde iki rekagat namaz okamak” ýa-da “pylan ýerdäki garyplara sadaka bermek aýdylanym bolsun” mysaly. Bu aýdylanyň şol ýerde berjaý edilmegi hökman däldir, başga ýerde hem iki rekagat namaz okamak ýa-da başga bir ýerdäki garyplara sadaka bermek bilenem aýdylan ýerine salnyp bilner.

Şunuň ýaly Mesjidi Haramda iki rekagat namaz okamagy aýdan adam bu namazy başga ýerde okasa-da, şol aýdylan ýerine ýetirilen hasaplanýar.

Eger aýdylanyň ýerine ýetirilmegi geljek zamana bagly bolsa, “Rejep aýynda oraza tutmak aýdylanym bolsun” mysaly. Bu aýdylanyň zamany aýdylan wagtydyr. Şonuň üçin ondan öň hem berjaý edilip biler.(Ymam Muhammet bolsa, sadaka ýaly pul bilen baglanyşykly ybadatlarda bolşy ýaly oraza we namaz ýaly bedeni ybadatlarda ödeme wagty aýdylan wagt bilen bilen baglanyşyklydyr.)

Eger aýdylanyň wagty näbelli bolsa we aýdanyň-da niýeti bolmasa, “Bir aý oraza tutmak aýdylanym bolsun” ýaly. Alymlaryň köp bölegine görä, zamana bagly bolmaýan ýönekeý aýdylanda bolşy ýaly, bu aýdylany aýdan adam islän wagty berjaý edip biler. Ýöne berjaý etmän, aradan çyksa, onda günäsi boýnunda galar.

Eger aýdylan wagty belli bolsa, “Ertir oraza tutmak aýdylanym bolsun” ýaly. Bir saý-sebäbi bolmasa, gijikdirmän, aýdylany berjaý etmegi wajyp bolar.

Hudaýoly aýdylany

Hudaýoly hökmünde aýdylanyň hakyky bolmagy üçin aýdylan malyň gurbanlyk edilmegi ýerlikli hasaplanylýan mallardan bolmagy hökmany şertdir.

Hudaýoly sadakasy

Hudaýolynyň iki görnüşi bardyr.

1. Hiç bir zada bagly bolmaýan aýdylanlar: Biri “Allanyň razylygy üçin hudaýoly berjek” diýip aýdan bolsa, hudaýoly bermek oňa wajyp bolar we muny halan wagty berjaý eder.

2. Bir zadyň bolmaklygy ýa-da bolmazlygy üçin aýdylanlar: Mysal üçin, “Hassam sag-aman galsa, Allanyň razylygy üçin uçin hudaýoly berjek” diýip aýdan adamyň hassasy oňatlaşan ýagdaýynda aýdylany bermegi wajyp bolar. Aýdan işi heniz bolmadyk ýagdaýynda aýdylany bermegi dogry bolmaz.

Aýdylanlar diňe gurbanlyk edilýän mallardan bolmalydyr: towuk, horaz ýaly haýwanlar aýdylan hökmünde hasap edilmeýär.

Aýdylan garyp-gasarlara hem paýlanylyp bilinýär.