Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Oraza haçan we nähili niýet etmeli?

Orazanyň iň esasy şertleriniň biri-de niýet etmeklikdir. Niýetsiz oraza hakyky oraza däldir. Şol sebäpli niýeti haçan, näwagt hem-de nähili berjaý etmekligi bilmek örän zerurdyr.

Niýet wagty babatdan orazalar iki topara bölünýär:

1. Günüň batyşyndan başlap gündiz guşluk wagtyna çenli niýet edilip bilnen orazalar;

Oraza aýynda tutulan, belli günlerde tutulmagy maksat edilen orazalar bilen nepil tutulan orazalardyr.

Bu orazalara gije selänlik wagtyndan öň (agyzçekmeden öň) niýet edilip bilnişi ýaly, gündiz guşluk wagtyna çenli-de niýet edilip bilner, agyzçekmeden (selänlik wagtyndan) öň niýet etmek has-da sogaplydyr.

Gündiz oraza niýetiň dogry bolmagy, agyzçekme wagtyndan soňra hiçbir zat iýmän, içmän hem-de orazany bozjak görnüşindäki bir zat etmezlige baglydyr. Eger oraza ters gelýän bir zat edilen bolsa,onda gündiz niýet etmek dogry bolmaz.

2. Agyzçekme wagtyndan öň gije niýet edilmegi zerur bolan orazalar:

Bular Oraza aýynda tutulman, başga wagtda öwezödeme (kaza) edilen Oraza aýynyň orazasy bilen her hili günäýuwma (keffaret) orazalary, başlanyp, soňra bozulan nepil orazalaryň öwezödemesi (kazasy) we hökmany görnüşde maksat edilen (zamany bellenmedik) orazalardyr.

Bu orazalar üçin bellenen bir wagt bolmadygy sebäpli bular üçin agyzçekmeden öň, gije niýet etmek zerurdyr. Şeýle görnüşdäki orazalara daň ýeri agaranyndan, ýagny agyzçekme wagty geçeninden soňra niýet edilmez.

Oraza aýynyň orazasyna agşamdan başlap, guşluk wagtyna çenli niýet edilip bilner. Şeýle hem; Adatça, oraza selänlik naharyny iýeniňden soňra niýet edilmelidir. Ýöne selänlikde oýanman, iýme-içme wagty gutaran agyzçekme wagtyndan soňra turan bir adam gün dogan hem bolsa-da guşluk wagtyna çenli şol günüň orazasyna niýet edip biler. Başgaça aýdylanda, agyzçekme wagtyndan soňra orazany bozjak bir zat etmezligi ýeterlikdir.

Selänlige turmak islemeýän bir adam agşamdan soňra ertiriň orazasyna niýet edip biler, gije turup gaýta niýet etmekligi zerur däldir.

Oraza tutmak maksady bilen selänlige turmak niýet hasaplanylýar. Selänlige turmaýan we öň oraza niýet etmeýän bir adam-da guşluk wagtyna çenli niýet edip biler. Şeýle ýagdaýda giç niýet eden adamlaryň orazalarynda bir kemçilik ýokdur. Guşluk wagtyndan soňra oraza niýet edilmez.

Niýet esasan tüýs ýürekden bolmalydyr,ýagny gije wagtynda ertir oraza tutjakdygyny ýüreginde beslän adam niýet eden hasaplanylýar. Oraza tutmak düşünjesi bilen selänlik naharyna turan adamyň şeýle düşünjesi-de niýetdir. Oraza ýürekden niýet etmek ýeterlikdir. Ýöne ýürekde beslän bu niýetiňi dil bilen aýtmak has-da göwnejaýdyr. Şol sebäpli oraza tutjak bolan adam hem içinden niýet etmeli, hem-de: “Remezany şerifiň ertirki orazasyna niýet etdim” diýip, ony dil üsti bilen daşyndan aýtmaly. Her bir günüň orazasyna aýratyn görnüşde niýet etmek zerurdyr.

Selänligiň we agzaçaryň peýdasy

Selänlikde turup, nahar iýmek mustehapdyr.. Pygamberimiz: “Selänlikde nahar iýiň, çünki selänlik naharynda bereket bardyr” (Buhary, Sawm,20; Müslim, Syýam,9) diýip ýörite belläpdir. Selänlik nahary oraza daýanmaklyk üçin güýç berýär. Dogalaryň kabul edilýän wagtlarynyň biri-de selänlik wagtydyr. Oraza tutan adam selänlige turan wagtynda dilegleri üçin doga etmelidir we Alladan günäleriniň bagyşlanmagyny haýyş etmelidir.

Oraza ybadatyny tamamlap, agzaçar wagtyna ýeten adam ondan uly bir bagtlylyk we şatlyk duýar. Tutan orazasynyň öwezine beriljek eşretliligi almak üçin kyýamat gününde Allatagalanyň huzuryna baran halatynda iň uly şatlygy aljakdyr.

Pygamberimiz şeýle diýip belleýär: “Oraza tutan adamyň iki sany şatlygy bardyr: olaryň biri agzaçar wagtyndaky şatlykdyr, ikinjis bolsa Allatagala gowşan wagtyndaky şatlykdyr.” (Müslim, Syýam,30)

Agzaçar wagty aýdylýan dogalar kabul ediler. Pygamberimiz (s.a.w.) bu babatda şeýle diýip belläpdir: “Üç görnüşdäki adamyň dogasy yzyna tesdirilmez, göni kabul bolar:

1. Oraza tutan adamyň agzaçar wagtyndaky dogasy,

2. Adalatly hökümdaryň dogasy,

3. Ejir çeken adamyň dogasy.” (Ibn Maje, Syýam, 48)