Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » ORAZA

Yslamyň bäş esasyndan biri-de Oraza aýynda oraza tutmakdyr (agzyňy beklemekdir). Oraza tutmak ýa-da agzyňy beklemek ýörite niýet edip, daň ýeriniň agarmaga başlamagyndan (ýagny selänlik wagtyndan başlap) tä gün batýança hiç zat iýmezlik, içmezlik we jynsy aragatnaşykdan uzak durmaklyk bilen berjaý edilýän bir ybadatdyr.

Oraza bizi dünýäde ýaramazlyklardan saklap, ahyretde jähennemiň ataşyndan goraýan we günälerimiziň bagyşlanmagyna sebäp bolýan örän peýdaly bir ybadatdyr.

Pygamberimiz şeýle görnüşdäki şatlykly habary aýdypdyr:

“Kimde kim ynanyp we şol ynanjynyň netijesi üçin Allatagala şükür edip, oňa sabyrsyzlyk bilen garaşsa hem-de Oraza aýynda orazasyny tutsa, onuň geçmiş günäleri bagyşlanar.” (Buhary, Sawm, 7)

Orazanyň peýdalary

Biz orazany haýsydyr bir bähbit bolar diýen düşünjesi bilen däl-de eýsem diňe Allanyň emrini ýerine ýetirmek we onuň razylygyny gazanmak üçin tutýarys. Oraza hut şeýle niýet bilen tutulan halatynda kabul bolýar.

Ýöne Allanyň her emrinde bolşy ýaly oraza ybadatynda-da ençeme hikmetleri, bize berýän maddy we ruhy taýdan birnäçe peýdaly zatlary bardyr. Biz orazany Allanyň razylygy üçin tutmak bilen bilelikde, agyz beklemegiň bize berýän peýdalaryny-da bilmelidiris we oňa dogry düşünmelidiris.

1. Oraza biziň ahlagymyzy oňat düzgünleşdirýär

Oraza belli bir möhlet üçin diňe aç galmaklyk ýagdaýyny döredýän zat däldir. Oraza düýpli bir düşünjäniň terbiýesidir; ynsany öz ýaramaz endiklerinden arassalaýan, oňat, ilhalar häsiýetler gazandyrýan bir ahlak terbiýesidir, ahlak dersidir.

Pygamberimiz (A. S.) şeýle diýip belläpdir:

 “Her kim ýalan sözlemekligi we ýalan aldap iş görmekligi taşlamasa, Alla onuň iýmegini, içmegini taşlamagyna ähmiýet bermez.” (Buhary, Sawm, 8)

Bu hadysy şerifde orazanyň uly ähmiýetli bolan maksady anyk beýan edilipdir, bu ybadatyň diňe aç we suwsuz galmakdan ybarat bolmandygy, esasy maksadynyň ynsany kämilleşdirmek, şeýle hem ahlak we durnuklylygyň eýe edip ýetişdirmekdigi bellenilipdir.

2. Oraza ýaramazlyklardan gorap saklaýar

Mukaddes Gurhanda orazanyň parz bolandygyny beýan eden aýatda beýik Allatagala:

“Eý iman edenler! Sizden öňkülere parz edilişi ýaly, ýaramazlyklardan goranarsyňyz diýen umyt bilen oraza siz üçin hem parz edildi.”(Bakara: 183) diýip, orazanyň hikmetine ünsümizi çekipdir.

Allatagala her bir derde däri-derman berşi ýaly, her hili ýaramazlyklardan goranmak üçin bize bir serişde döredipdir, ynha oraza ybadaty hem şolaryň biridir.

Hut şoňa görä mähriban Pygamberimiz orazanyň bu goraýyjylyk aýratynlyklaryny oňat bir meňzetme bilen şeýle düşündiripdir: “Oraza munuň özi bir galkandyr.” (Buhary, Sawm, 2; Müslim, Syýam, 30) Bilnişi ýaly, galkan gadymy döwürlerdäki söweşlerde ynsany duşmanyň gylyjyndan goraýan bir guraldy. Ynha, şol galkan ýaly, oraza-da musulmanlary bu dünýäde günä etmekden, ahyretde jähennem ataşyndan goraýan bir serişdedir.

Dünýäde her bir ýaramazlygyň başy Allany unutmak we jogapkärçilik duýgusyny ýitirmekdir. Oraza bolsa bize hemişe Allany ýatladýar, jogapkärçilik duýgusyny has-da ösdürýär. Bir aýlap dowam eden bu ruhy taýdan terbiýäniň oňyn täsiri bilen ynsan öz hereketlerini barlag edip, her hili ýaramazlyklardan uzaklaşýar.

3. Oraza merhemet, rehimdarlyk duýgularyňy ösdürýär

Durmuşynda açlygyň nämedigini bilmeýän barlykly bir ynsan, garyp-gasarlardyr ýoksullaryň çekýän açlygyna we olaryň başdan geçirýän kynçylygyna ýeterlik derejede düşünip bilermi eýsem?! Olaryň çekýän ejirdir derdini tüýs ýürekden duýup bilermi?! Elbetde, hut ýeterlik derejede düşünmez, edil bolşy ýaly duýmaz. Ýöne bu ynsan oraza tutsa, agzyny beklese, onda ol açlygyň nämedigine gaty tiz düşüner.

Şeýlelikde, ýoksullyk içinde elewreýän garyp-gasarlaryň kynçylyklaryny gözi bilen görüp,ýüregi bilen duýup, olara bolan rehimdarlyk we merhemetlilik duýgulary kämilleşer. Şunuň netijesi hökmünde-de garyplara kömek etmek üçin hossarlyk gollarynyny uzadar, olaryň kynçylyklaryny egser, jemgyýetiň rahatçylygydyr bolçulyk içinde ýaşamagyna goşant goşar.

Ynha orazanyň bize berýän durmuşdaky adalatlylyk dersi...

 Biz üçin örän ajaýyp nusga bolan mähriban Pygamberimiz ynsanlaryň ilhalar jomardydy. Ol açlary doýurardy, özi bolsa aç galardy. Oraza aýynda jomartlygy iň ýokary sepgidine ýeterdi, elinde bary-ýoguny paýlardy.

 

Pygamberimiziň ýanýoldaşy Hz. Äşe şeýle diýýär: “Allanyň Resuly üç gün yzygiderli garnyny doýurmandy. Islesedi, isleýşi ýaly doýrardy. Ýöne garyp-gasarlardyr ýoksullary doýrup, özi aç galmagy saýlap alardyr.”

Hz. Äşe, Pygamberimiz aradan çykanyndan soňra, haçan bir nahar iýmäge başlan halatynda derrew aglap başlardy. Bir sapar oňa näme üçin her gezek nahar iýmäge başlanyňda aglaýarsyň diýip soranlarynda ol şeýle jogap beripdir: “Hz. Muhammet (A. S.) saglygynda doýagarna bir günde iki gezek asla nahar iýmändi. Şony ýatlaýandygym üçin aglaýaryn.”(Tirmizi, Zühd, 38)

Hz. Omaryň halifeligi wagtynda dokuz aýlap dowam eden bir gytçylyk bolupdy. Omar: “Ätiýäçlik harytlaryň eýeleri bize gelsin” diýip halka bildiriş edipdi, hut onuň özi-de musulmanlar bolçulyga gowuşýança çörek bilen birlikde zeýtin ýagyndan başga zat iýmejegine ant içipdi.

Halkyň kynçylykly ýagdaýlaryny öz ýüregi bilen duýan we olardan hiç hili tapawutsyz görnüşinde ýaşaýan bu ägirt uly şahsyýet egin-eşigi ýuwlandygy we başga eşiginiň bolmadygy üçin bir gün juma namazyna gijä galypdyr we şol sebäpli köpçülikden ötünç sorapdyr. (Şarany, Et-Tabakatül-Kübra. J. 1, s. 24.)

Bir wagtlar Müsürde ençeme ýyllap dowam eden bir gytlyk bolupdy. Şol döwürlerde döwletiň hazynasy Ýusup Aleýhissalamyň elinde eken. Halk örän açlyk çekýärdi. Hz. Ýusup hem ähli mümkinçiliklere eýe bolsa- da, öz garnyny doýurmaýardy.

Näme üçin beýle edýärsiň diýip soranlarynda, ol ýaşaýan jemgyýetiniň kynçylyklaryna jogapkärçilik duýan adamyň berjek jogabyny halys ýüreginden syzdyryp şeýle diýipdir:

“Eger men dok bolsam, onda açlaryň ýagdaýny bilmerin, ýoksullary, garyp-gasarlar hakynda ýeterlik derejede oýlanyp bilmerin.” (Alyýýül-Kary, Mirkatül-Mefatih. J. 2, s. 492)

Oraza bilen jemgyýetde ýürekden ýürege giden ýol açylýar. Birinden rehimdarlyk we merhemet, beýlekiden bolsa söýgi we hormat.

4. Oraza saglygy goraýar

Hormatly Pygamberimiz orazanyň saglygymyz babatdaky ähmiýetini şeýle düşündirýär: “Oraza tutuň, janyňyz sagat bolar.” (Keşfül-Hafa. J. 2, s. 33)

Adamzadyň iň uly danasy bolan adamyň sözlän bu sözi lukmançylyk ylymynda-da subut edilendir.

Bu mesele bilen baglanyşykly iki sany daşary ýurtly alymyň açyşlary şeýle:

1940-njy ýylda lukmançylyk babatda Nobel baýragyna mynasyp bolan tanymal alym Dr. Aleksis Carrel “L Hamme, Cet Inconnu” diýen eserinde, oraza döwründe organizmlerde ýygnanan iýmit maddalarynyň sarp edilýändigini, ondan soňra bularyň ýerine iýlen iýmitleriň gelýändigini şeýlelikde bütin bedende bir täzelenme bolýandygyny düşündirýär, orazanyň saglyk taýdan örän peýdalydygyny” ýörite belleýär. (Haýat Ansiklopediýasy. Oraza maddasy)

Fransuz professory Pierre Moulin (Pier Mulen) hem şulary aýdypdyr: “Yslam dünýäsiniň iň peýdaly ybadatlaryndan bir orazadyr. Oraza bolsa bedeniň hem fiziki, hem-de ruhy taýdan dynç almagydyr. Myşşalary

arassalar, ýygnanan maddalary, zäherleri atyp çykarar. Şeýlelikde, musulmanlar her ýyl bir aý bedenlerine dynç bererler, hristian dininde orazanyň bolmazlygy uly bir ýitgidir.

Aslynda ynsanlaryň her hepde bir gün oraza tutmaklary başgaça aýdylanda, berhiz tutmaklary we diňe miwe suwuny içmeklerinde uly peýda bardyr.

Şeýlelikde, tutuş organizm myşşalardyr organlardaky zäherleri atyp çykarar, beden tutuşlygyna dynç alar.” (“Günaýdyň” gazeti, 13. 08. 1982, s. 1)

5. Oraza nygmatlaryň gadyr-gymmatyny öwredýär

Ynsan öz elinde bar bolan nygmatlaryň gadyr-gymmatyna diňe olary elinden giden halatynda düşünip galar. Ýöne iş-işden geçeninden soňra, muňa etjek alajyň bolmaz, hiç zadyň peýdasy ýokdur. Oraza tutmak bilen bir möhletlikçe nygmatlardan uzak galan adamyň gözünde bu nygmatlaryň gadyr-gymmaty has-da ýokarydygyna düşünmek kyn däldir.

Bu düşünje ynsana olary has-da oňat gorap saklamagy we nygmatlary özüne beren Allatagala köp gezek şükür etmegini öwreder. Nygmatlara şükür bolsa olaryň mukdarynyň köpelmegine şert döreder.

Allatagala şeýle diýip buýrupdyr:

“Şu ant bolsun, eger şükür etseňiz elbetde (nygmatymy) artdyraryn.” (Ibrahim: 7)

6. Oraza ynsana sabyrly bolmagy öwredýär

Oraza tutmak bilen belli bir möhletlikçe özüni iýmezlige, içmezlige endik etdirip öwrenişdiren adam durmuşda duş gelip biljek kynçylyklara döz gelip, sabyrlylyk bilen hereket eder we şeýle ajylardyr kynçylyklary özüniň çydamlylygygy, tutanýerliligi bilen ýeňmegi başarar.

Agzy bekli adamdan, orazalydan garaşylýan zatlar

Oraza diňe iýmegi, içmegi goýbolsun etmek diýmek däldir, şol bir wagtyň özünde-de ýaramazlyklardan hem uzaklaşmakdyr.

Aşgazanymyz iýjek we içjeklerden uzak galyşy ýaly, dilimiz ýalandan, ellerimiz haram işlerden, gözlerimiz harama bakmakdan, gulaklarmyz ýalan we gybaty diňlemekden, aýaklarymyz ýaramaz zatlaryň yzynda selpemekden daşlaşyp, orazadan nesibini almalydyr.

Agzy bekli, orazaly bolan adamdan garaşylýan hem şudur.

Oraza tutan bir musulman dürli-dümen naharlar bilen gurşalan saçagyň başynda halal bolan nygmatlara elini degirmez, sabyr bilen agzaçar wagtyna garaşar.

Allanyň emiri garşysyndaky beýle sygynmaklyk ullakan bir görnüşdir. Orazanyň musulmana berýän beýle bir düşünje terbiýesi ynsany nebis babatdaky arzuwlaryndan halas edip, adatça perişde ýaly ynsana öwürýän hakyky bir tälim-terbiýedir.

Indi ynsap bilen oýlanyp göreliň:

Halal bolan zatlara-da elini degirmeýän agzy bekli adam eýsem nädip harama el uzadyp biler. Organynyň zerurlygy bolan peýdaly iýmitlerdir içgileri islän wagty taşlap bilen bir musulman nädip zyýanly bolan içgileri ulanmaklygy goýbolsun edip bilmez ýa-da ondan uzaklaşyp bilmez.

Oraza bize belli bir möhletçe halal bolan zatlardan uzaklaşmaklyk bilen bir hatarda haramlardan saklanmagy öwredýär.

Orazanyň berýän peýdasy

Geçirimliligi we hemaýaty tükeniksiz bolan beýik Allatagala gullarynyň ybadatlaryna, eden ýagşylyklaryna birine ondan ýedi ýüz essesine çenli eşretdir ýagşylyk berjekdigini beýan eden halatynda bir mukaddes hadysda: “Oraza meniň üçindir, şoňa görä-de onuň ýagşylygyny hem özüm bererin.”(Buhary, Sawm, 9; Müslim, Syýam, 30.) diýip oraza aýratyn ähmiýet beripdir, şol sebäpden hem orazanyň eşretdir ýagşylygynyň köp boljakdygyna ünsi çekipdir.

Oraza örän uly bir sabyrlylyk we pidakärlik netijesinde berjaý edilen bir ybadat bolandygy üçin, onuň garşylygy-da şoňa görä esseläp artykmajy bilen beriljekdir. Hatda orazalylar özleri üçin ýörite bellenilen “Reýýan” diýen gapydan jennete girjekdikleri Pygamberimiz tarapyndan anyk beýan edilipdir.

Orazaly adam Alla gowşup, eşretliligiň iň ýokary sepgidine çykan güni örän uly şatlygy görjekdir.