Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Orazany bozan zatlar

Oraza ters gelýän bir zadyň berjaý edilmegi bilen oraza bozular. Orazany bozan käbir zatlar hem öwezödeme (kaza), hem-de günäýuwmany (keffareti) talap eder. Orazany bozan käbir zatlar sebäpli diňe öwezödemäni (kazany) ýüze çykarar.

Orazany bozup kaza we keffareti talap edýän zatlar

1. Sebäpsiz orazaly bolandygyny bilse-de, bilgeşleýin iýip-içmek, (azyk ýa-da iýmit, derman bolsun tapawudy ýokdur).

2. Orazaly bolsa-da, bilgeşleýin jynsy taýdan aragatnaşyk etmek, Är-aýaldan biri beýlekisine zorluk bilen jynsy taýdan gatnaşyk eden halatynda, zorlana kaza we keffaret, zoralanana bolsa kaza zerurdyr.

3.Agzyna giren ýagmyr, gar we doly damjasyny öz islegine görä ýuwutmak,

4.Çilim çekmek, dumany bolan agaçlardan çykan tüssäni içine çekmek,

5. Neşedir meň, tirýek çekmek,

6. Bugdaýdyr arpanyň dänesi ýuwutmak,

7. Daşardan bir künji owuntygy çemesi bir zady alyp, ony ýuwutmak,

8. Az mukdarda duz iýmek,

9. Gan aldyranyndan ýa-da diňe maşgalasyny ogşanyndan soňra orazasynyň bozulma düşünjesi bilen bilgeşleýin orazasyny bozmak.

Oraza aýynda niýet edip, oraza başlaýan adam ýokarda sanap geçen zatlarymyzdan birini bilip ýa-da sebäpsiz görnüşde berjaý eden halatynda onuň orazasy bozulan hasaplanylýar. Bozulan bu orazanyň öwezödeme (kaza) edilmegi we bilkastlaýyn bozandygy üçinde günäýuwma (keffaret orazasyny) tutmagy zerurdyr.

Keffaretiň geçirimliligini ýüze çykarýan zatlar

Keffareti ýüze çykaran bir zat edip, orazasyny bozan adam şol gün oraza tutup bilmejek derejede hassalansa ýa-da zenan maşgala aýbaşy, çileli ýa-da göwreli bolsa, onda günýäýuwmada geçirimlilik ediler, keffaret düşer, başgaça aýdylanda, keffaret orazasyny tutmagy zerur däldir. Ýöne şol hassalygyň adamyň öz islegine bagly bolmazlygy esasy şertdir. Özi islegine görä hassalansa, ýa-da bilgeşleýin hassasumaklyk etse, onda keffaretiň düşmeýşi ýaly, sapara çykmak aralygynda ýolagçylyk etmek isleýän adamyň hem keffareti düşmez.

Orazany bozup, diňe öwezödemäni ýüze çykarýan zatlar

1. Un, hamyr, bir saparda köp mukdardaky duz we zeýtun şänigi ýaly iýilmegi ýa-da ýuwudylmagy mümkin bolmaýan zatlary iýmek ýa-da ýuwutmak.

2. Daş, toprak, demir, altyn we kümüş ýaly zatlary ýuwutmak.

3. Maňzy bolmaýan hoz we şänik ýuwutmak.

4.   Bogazyňa düşen gar ýa-da ýagyş damjasyny öz islegiň bolmazdan ýuwutmak.

5. Başga biriniň zorlamagy bilen orazany bozmak.

6.   Dişleriň arasyndaky nohut ownugy çemesi galan nahar galyndysyny ýuwutmak.

7.   Täret alýan wagtyňda agzyňa we burnuňa suw alanyňda, tötänlikden, özüňe bagly bolmadyk ýagdaýda bogazyňa suw gitmegi.

8.   Unudyp, ýadyňdan çykaryp, iýip içeninden soňra, orazasy bozulandyr öýdüp iýip-içmek.

9. Öz islegi bilen, agyz dolusy görnüşde gusmak.

10. Öz islegi bilen içine ýa-da burnuna tüsse, duman çekmek. Öz islegi bilen bolmasa, onda orazasy bozulmaz. (Içe çekilen tüsse çilimiň tüssesi bolsa, onda keffareti talap eder.)

11.Gün batmadyk wagtynda, batandyr öýdüp agzaçar edinmek.

12. Agyzçekme wagty geçen hem bolsa, entek wagt bardyr öýdüp iýip-içmek.

13.   Jynsy aragatnaşyndan beýleki wagtlarda zenan maşgala degmek ýa- da ogşamaklyk netijesinde boşalmak (döl gelmek).

14. Oraza aýynyň orazasyndan başga bir orazany bozmak.

15.   Myhman wagtyňdaka oraza başlap, barjak ýeriňe niýet edeninden soňra iýmek.

16.   Oturymly wagtyndaka oraza başlap, sapar aralygyna ýolagçylyga niýet edip, ýaşaýan ýeriň serhetlerini geçeniňden soňra orazany bozmak.

Bulardan birisi bilen orazasy bozulan adamyň agşama çenli iýip-içmezligi, jynsy gatnaşykda bolmazlygy wajypdyr.

Gündiz oňatlaşyp bilen hassa, ýolagçylygynyň wagty tamamlanan myhman, aýbaşy döwri geçen ýa-da çilelikden ardynan zenanan maşgala, ýetginjeklik ýaşyna ýeten çaga we musulman bolan gaýr-y muslym, Oraza aýyna hormatlylyk üçin günüň galan böleginde orazaly ýaly bolup agşama çenli orazany bozjak zatlardan saklanmagy ýerlikli hasaplanylýar.

Oraza niýetlenen zenan maşgala gündiz aýbaşy ýa-da çilelik döwründe bolsa,onda orazasyny bozmagy zerurdyr.

Zenan maşgala heniz aýbaşy bolmazdan, günümdir diýip orazasyny bozmaly däldir.

Hassa we ýolagçy bolup oraza tutmaýan adamlar gizlinräk görnüşde iýip-içip bilerler.

Orazany bozmaýan zatlar

1.Orazalydygyny, agzynyň beklidigini ýadyndan çykaryp, iýmek, içmek we jynsy gatnaşykda bolmak. Mähriban Pygamberimiz şeýle diýipdir:

“Kimdir bir adam orazaly bolanyny unudyp, iýip-içse, orazasyny tamamlasyn, asla bozmasyn. Çünki ony Allatagala iýdirendir, içirendir.” (Buhary, Sawm, 7)

Ýadyndan çykaryp, iýip-içýärkä, agzynyň bekligini ýatlan dessine, agzyndakyny boşadar, agzyny ýuwar we orazasyna dowam eder. Orazalydygyny ýatlandan soňra, bokurdagyndan bir zat geçirse, onda orazasy bo- zular. Bir adam ýadyndan çykaryp iýip-içen bir agzy beklini gören dessine, eger şol adam güýçli kuwwatly bolsa, oňa orazaly boldygyny ýatladar, ýöne şol adam hor-homsy bolsa, güýçden gaçan bolsa onda oňa känbir ýatladyp hem durmaz.

2. Bir suwa çümüp, gulagyna suw gitmek.

3. Öz islegine bagly bolmazdan bogazyna tozan we tüsse girmek.

4. Öz islegine bagly bolmazdan gusmak.

5. Öz-özünden bolup, içden gelen gusuk ýene öz-özünden içiňe gitmek.

6. Uklaýan döwrüňde ýa-da düýşüňde jynsy gatnaşykda bolmak.

7. Degme, gatnaşyk etme we ogşaşma bolmazdan, diňe seretmek ýada oýlanmaklyk sebäpli boşalmak (döl gelmek).

8. Aýalyňy diňe ogşamak.

9. Gijesine jynsy gatnaşyk-da bolup, ertir daňdana çenli ýuwunman, gündizine ýuwunmak.

10.Dişleriň arasynda selänlik naharyndan galan we nohut mukdaryndan az görnüşindäki galyndyny ýuwutmak.

11.Agzyňdaky tüýkürigi ýuwutmak.

12.Agzyňa gelen gakylygy ýuwutmak.

13.Başyndan burnuna gelen akyndyny içine çekip ýuwutmak.

14.Agzyna alan (meselem, dişine goýan) dermanyň tagamyny bogazynda duýmak.

15.Göze sürme çekmek.

Bu sanap geçenlerimiziň hiç biri orazany bozmaz.

Orazany bozýan we bozmaýan barlag we bejeriş usullary

(Bu bölüm 22.09.2005-nji ýylda Dini işler boýunça ýokary guramasynyň kararlaryndan alyndy)

a. Demgysmaly hassalaryň pürküp ulanýan dermany

Öýken hassalaryň ulanýan dermanlarynda her ulanylyşda 1/20 ml çemesi örän ujypsyz mukdar agyza pürkülýär. Munuň hem esasy bölegi agyz we dem alyş kanallarynyň kenarlarynda ýitip gidýärler. Mundan bir böleginiň galyp, onuň hem tüýkürik bilen aşgazana barýandygy hakynda anyk maglumat-da ýokdur. Täret alnan wagtyndaky agyzda galan suw bilen deňeşdirilende, bu mukdaryň gaty az bolandygy bellidir. Şonuň üçin, agzy bekli adam täret alan wagty öz agzyna alan suwundan galan mukdarynyň aşgazana ýeten halatynda orazanyň bozulmaýangy hakynda (Darimi, Sawm, 21) hadys hem-de yslam alymlarynyň düzgüni bardyr. Şeýle hem diş syntgysyndan (miswak) käbir owuntyklaryň we himiki maddalaryň aşgazana barmagynyň gutulgysyz bolşy ýaly, Hezreti pygamberiň agzy bekli halatynda diş syntgysydan (miswak) ulanandygy sahyh hadys çeşmelerinde orun alandyr (Buhary, Sawm, 27; Tirmizi, Sawm, 29). Beýleki tarapdan, “anyk görnüşde bilnen, şübhe bilen bozulmaz” diýen kada laýyklykda, aşgazana baryp-barmandygy barasynda şübheli bolan bu zat bilen oraza bozulmaz.

Şoňa görä, demgysmaly hassalaryň saglygy agyz beklemeklige zyýan bermese we başga näsaglygy bolmasa, arkaýyn dem almaklygy üpjün etmek maksady bilen agza pürkülýän kislorodly derman jübi ingoliýatory orazany bozmaz.

b. Göze damdyrylýan derman

Hünärmen göz lukmanlaryndan alnan maglumatlara görä, göze damdyrylýan derman mukdar taýdan az (1 millilitriň 1/20-i bolan 50 mikrolitr) bolup, munuň bir bölegi gözüň gyrpylmagy bilen daşary akyp çykýar, bir bölegi gözde, göz bilen burun boşlugyny birleşdirýän kanallarda we damarjyklaryň ýoly bilen sorulyp, bedene geçýär. Damjanyň gaty ujypsyz bir bölejiginiň iýmit siňdiriş kanalyna baryp biljekdigi çaklanylýar. Bu maglumatlar ýokardaky aýdylanlar bilen birleşdirilip baha berlen halatynda, göze damdyrylýan derman orazany bozmaz.

c. Burna damdyrylýan derman

Berjeriş maksady bilen burna damdyrylýan dermanyň bir damjasy, takmynan 0,06 sm3 –dir. Munuň bir bölegi-de burun gaňşyrawugy tarapyndan sorulýar, gaty az mukdary bolsa aşgazana barýar. Bu ýagdaý hem edil täret alanyňdaky agza suw alma görnüşde bolup biljek zat hökmünde hasaplanyp bilner.

d. Diliň aşagynda goýulýan derman

Käbir ýürek agyryly adamlaryň diliniň aşagynda goýýan dermany gönüden-göni agyz öýjükleri tarapyndan sorulyp gana goşulyp, ýürek agyrynyň öňüni alýar. Gürrüňi edilýän bu derman agzyň içinde sorulyp, ýitip gidýändigi üçin aşgazana bir zat barmaýar. Şoňa görä diliň aşagynda goýulýan dermany ulanmak orazany bozmaz.

e. Aşgazan keselleri we olary anyklamak maksady bilen ulanylýan lukmançylyk serişdeleri

Aşgazandaky keseli anyklamak maksady bilen aşgazany surata düşürmek ýa-da aşgazandan bölek almak üçin edilen endeskopda, agyz kanaly bilen aşgazana bir şlanga goýberilýär we operasiýa gutaranyndan soňrada çykarylýar. İçegelerdäki keseli anyklamak maksady bilen içegeleriň içini surata düşürmek ýa-da bölek almak üçin geçirilen kolonoskopda, agyz kanaly bilen içegä bir şlanga goýberilýär we operasiýa gutaranyndan soň- ra-da çykarylýar. Kolonskopda hemişe, endoskopda köplenç barlag edilýän organyň arassaçylygyny üpjün etmek üçin şlanganyň içinden suw goýberilýär.

Endoskop ýa-da kolonoskop etdirmek aşgazany ýa-da içegeleri surata düşürtmek munuň özi iýme, içme bilen baglanyşygy ýokdur, köplenç şlanganyň içinden suw goýberilýändigi üçin oraza bozular. Ýöne gürrüňi edilýän operasiýalarda lukmançylyk abzallarynyň ulanylyşy wagtynda iýmit siňdiriş sistemasyna suw, ýag we şoňa meňzeş maddanyň girmeýän ýagdaýynda endoskop ýa-da kolonoskop etdirmek aşgazany ýa-da içegeleri surata düşürtmek orazany bozmaz.

f. Peşew ýolunyň surata düşürilmegi, peşew ýoluna derman goýberilmegi

Peşew ýollaryna goýberilýän abzallar ýa-da oňa berilýän dermanlar orazany bozmaz.

g. Anesteziýa (narkoz, agyry kesiji)

Güýçli agyryny ýüze çykaran nerw sistemasynyň kanallarynda gatnaşygyň dürli derejelerde öňüni almak üçin agyry kesiji serişdeler ulanylýar. Onuň (narkozuň) üç sany görnüşi bardyr. Lokal esasy ýer, bölekleýin we tutuşlygyna berilýän narkozlardyr. Kiçi operasiýalarda ýaranyň ýakyn töwereklerine bolan agyryny kesýän dermanlaryň berilmegi bilen operasiýa edilen görnüşi lokal esasy ýer üçin berlen narkozdyr. Organizmiň has giň bölegini gurşaýan, mysal üçin, bilden aşagy ýa-da oňurga ýiliginiň derejesindäki gatnaşyga degişli agyryny derman berip operasiýa edilen görnüşine bölekleýin narkoz diýilýär. Hassanyň ukladylyp, agryny duýmazlygy beýin derejesinde operasiýa edilen halatynda oňa bütewi narkoz diýilýär.

Agyry kesiji, narkoz dem alyş ýoly ýa-da sanjym etmek bilen endama derman berlip ýola goýulýan narkoz aşgazana barmaýşy ýaly, iýme-içme bilen baglanyşygy-da ýokdur. Ýöne bölekleýin we tutuş görnüşde ber jaý edilýän narkozda gyssagly halatlarda derman we suwuklyk bermek maksady bilen damar ýoly açylyp, bu açyklyk operasiýa geçýänçä uýan gan bermek bilen amal edilýär. Şonuň üçin, ýara ýer üçin lokal berlen narkozyň oraza üçin zyýany ýokdur. Bölekleýin we tutuş narkoz nusgasynda uýan gan berilýändigi üçin oraza bozular.

h. Gulaga derman damdyrma we gulagy ýuwdurma

Gulak bilen bogaz arasynda-da bir kanal bardyr. Ýöne gulak perdesi bu kanaly gut bilen doldurandygy sebäpli suw ýa-da derman bogaza barmaz. Şonuň üçin gulaga damdyrylan derman ýa-da gulagyň ýuwdurylmagy orazany bozmaz.

Gulak perdesinde deşik bolsa-da, gulaga damdyrylan derman gulagyň içinde soruljakdygy üçin, derman asla aşgazana barjak däldir, eger baraýsa-da onda gaty ujypsyz mukdarda boljakdyr. Öň hem belläp geçişimiz ýaly, bu mukdar oraza üçin geçirimlilik edýändir. Ýöne gulak perdesi deşik bolan halatynda gulak ýuwdurylanda suwuň aşgazana barmagy ähtimaldyr. Eger şeýle bolsa, onda orazany bozjak mukdardaky suwuň aşgazana barmagy bilen oraza bozular.

i.Dermanly pagta ulanmak, iç ýuwdurmak (klizma etdirmek)

Agyry kesiji, gyzgynlygy aýryjy hökmünde ýa-da beýleki käbir maksatlar bilen otyrýerden (guýrukdan), deride emele gelýän tegmilli ýaralary we käbir aýal keselleri bejerilende jyns organlarynda dermanly pagta ulanylýar. Iç ýuwdurma (klizma) lukmançylyk operasiýasyndan öň ýa-da gabyzlykdan ýogyn içegede gatan maddanyň (ynsanyň daşary çykarmagy zerur bolan maddany) guýrukdan içine suw goýberip daşaryk çykarylmagydyr.

Iýmit siňdiriş sistemasy agyz bilen başlap, guýrukda tamamlanýan iýmit siňdiriş içegesi bilen iýmit siňdiriş mäzlerinden ybaratdyr. Iýmit siňdiriş içegesi bolsa agyzdan başlaýar. Agyzdan aňyrda ýuwdum ýartmajy bolýar. Ondan soňra gyzylödek, inçe içege, ýogyn içege, garyn boşlugy we otyrýer gelýär. Iýmit siňdiriş inçe içegelerde gutarýar. Ýogyn içegelerde bolsa diňe suw, glýukoza we käbir duzlar sorulýar. Zenananyň döl ýatgysy bilen iýmit siňdiriş sistemalarynyň arasynda bolsa hiç hili baglanyşyk bolmaýar.

Şonuň üçin aýallaryň ýatgyda ulanýan dermanly pagtalary orazany bozmaz. Otyrýer bilen baglanyşykly ulanylýan dermanly pagtalar bolsa nähili bolsa-da iýmit siňdiriş sistemasyna degişli bolsalar-da iýmit siňdirişiň inçe içegelerde iýmit berme aýratynlygy bolmaýandygy we guýrukdan sargy almagyň iýmek-içmek bilen baglanyşygynyň ýokdugy sebäpli orazany bozmaýar.

Içi ýuwdurmak, klizma etdirmek meselesinde bolsa iki hili ýagdaý bardyr; ýogyn içegelerde suw, glýukoza we käbir duzlar emilýändigi üçin, özeninde iýmit bolan suwuklygyň içegelere berilmegi ýa-da orazany bozup biljek çemesi suwuň içegede galmagy orazany bozar. Ýöne suwuň içegelere berilmeginden soňra garaşdyrylman, içegeleriň derrew arasalsanmagy hem-de suw bilen bilelikde içegelerde bolan galyndy maddalaryň daşary çykarylmagy we şol wagtda sorulan suwuň-da az mukdarda bolandygy üçin oraza bozulmaz.

j.Sançdyrmak, hassa asma sanjymy we gan bermek

Sanjymyň orazany bozup-bozmajakdygy ulanylyş maksady bilen anyklap bolar. Agyryny köşeşdirmek, bejermek, organizmiň güýjüni artdyrmak, iýmit bermek ýaly maksatlar üçin sanjym edilýär. Iýmit we keýp beriji bolmaýan sanjymlar iýmek we içmek bilen baglanyşygynyň ýokdugy sebäpli orazany bozmaýarlar. Ýöne iýmit ýa-da keýp beriji sanjymlar orazany bozýar. Hassa serum ýa-da gan berilmegi hem şuňa degişlidir.

k. Dializ

Böwrek kemçiligi bolan hassalaryna edilýän dializ iki görnüşlidir: periton dializi, gemodializ.

Periton dializi garyn boşlugyna berlen ýörite garyşyk maddalaryň kömegi bilen hassanyň öz garyn gasanagy ulanylyp ganyň zyýanly maddalardan arassalanmagy we suwuklyk deňliginiň ýola goýulmagy bilen baglanyşykly operasiýadyr. Gemodializ bolsa ganyň organizmiň daşyndaky bir abzalyň kömegi bilen organizma täzeden berilmegidir. Gan iňňäniň kömegi bilen hassanyň elinden alynýar. Gemodializ abzaly dializor diýlip atlandyrylýan süzgüçden geçirilip, zyýanly maddalary we köp mukdardaky suwy sorup arassalaýar. Arassalanan sap gan ikinji bir iňňäniň kömegi bilen hassanyň damaryna goýberilýär. Bu iş edilen halatynda käwagt özeninde iýmit bolan suwuklyk berilmeli bolýar.

Şoňa görä hassa haýsydyr bir suwuk zat berilmezden amal edilen operasiýada (gemodializde) oraza bozulmaz. Beýleki dializ görnüşlerinde bolsa organizme iýmit özenli suwuklyk berilýändigi üçin oraza bozulýar.

l. Damar ýollaryny aryndyrmak

Halkyň arasynda damar dykylma sebäpli çişme “angioma” diýlip atlanydyrlýan näsazlygy anyklamak we şol ýagdaýyň öňüni almak maksady üçin ulanylýar. Angiografiýa bolsa organizmdäki damarlary surata düşürme diýmekdir. Damaryň içindäki damarlaryň görner ýaly ýagdaýa getirilmegini ýola goýýan we kontrast madda diýlip atlandyrylýan derman berlip, angiogramma diýlen suratlar alynýar. Angiografiýanyň kömegi bilen organlary iýmitlendirýän damarlar görlüp, şonuň netijesinde-de damar kesellerine ýa-da bu damarlardan iýmitlenen organlara degişli anyk maglumatlar alynýar. Berjekmek üçin geçirilýän operasiýanyň klassyky nusgasy angioplastdyr. Bu bolsa dar ýa-da dykylan damarlaryň ýoly şar ýa-da stent diýlen ýörite lukmançylyk abzallarynyň kömegi bilen gaýtadan açılmagy üçin edilýändir.

Bu maglumatlar esasynda angiografiýa ýa-da angioplast operasiýelarynda damar ýollarynyň aryndyrmagy bilen baglanyşykly operasiýalaryň iýmek we içmek bilen baglanyşygynyň bolmandygy sebäpli, oraza bozulmaz.

m. Biopisiýa etdirmek

Derňew, analiz etdirmek maksady bilen bedeniň haýsydyr bir ýerinden derňew ýa-da analiz üçin bölegiň alynmagy (biopisiýa) orazany bozmaz.

n. Gan aldyrmak

Gan aldyrmagyň orazany bozup-bozmaýandygy barada Hezreti pygamberden nusga alnyp aýdylýan “Gan alanyň we gan aldyranyň orazasy bozular” (Ebu Dawud, Syýam, 28) diýen hadysdan ugur alyp, käbir yslam alymlary gan aldyrmak bilen orazanyň bozulýandygyny belläpdiler. Din alymlarynyň köpüsi bolsa, Hezreti pygamberiň agzy bekli wagtyndaka gan aldyrandygy baradaky hadysa (Buhary, Sawm, 32; Ebu Dawud, Syýam, 29) esaslanyp, gan aldyrmaklygyň orazany bozmajakdygyny aýdypdyrlar.

Bu iki hadys bilen beýleki rowaýatlar bilelikde derňelip baha berlen wagtynda “Gan alanyň we gan aldyranyň orazasy bozular” diýen hadysa görä, “gan alanyň we gan aldyranyň orazasynyň bozulma” ähtimaly bolan- dygy öz-özünden düşnüklidir. Çünki gan alýan adamyň sorup gan alýandygy sebäpli, onuň bogazyna ganyň baryp bilmegi mümkindir, gan aldyranyň bolsa, güýçden gaçmagy hem-de iýip-içmäge mejbur galmagy ähtimaldyr. Şol sebäpli, Enes b. Mälik hem gan aldyranyň agzy bekli adamy ysgyndan gaçyrjakdygyny belläp, ony ýerlikli hasaplamandyr (Buhary, Sawm, 32).

Umuman aýdylanda, agzy beklikä, adamyň gan aldyrmagy orazany bozmaz.

o. Mehlem we dermanly ýara sargysy

Deriniň ýüzündäki öýjükler we deriniň aşagyndaky gyljymak damaryň ýoly bilen endama sürülen ýag, mehlem we şoňa meňzeş zatlar sorulyp gana goşulýar. Ýöne teniň bu sorgujy gaty azdyr hem-de örän haýaldyr. Beýleki tarapdan hem munuň özi iýme-içme bilen baglanyşygy ýokdur. Şoňa görä, deriniň ýüzüne çalynan mehlem, ýapyşdyrylan dermanly ýara sargylşary orazany bozmaz.

Orazaly adama mekru bolan zatlar

1.Bir zady dadyp görmek.

Meselem, adamsy naharyň duzunyň az ýa-da köp bolandygyny üçin aýalyny biynjalyk edýän bolsa, onda aýaly asla ýuwutman diliniň ujy bilen naharyň duzuny barlap biler.

Nahar taýýarlaýan hakyna tutma işçi hem şeýle eder.

2.Gereksiz ýere bir zat çeýnemek. Çagasy üçin bir zat çeýnemesi zerur bolan zenan maşgala bu işi ýerine ýetirmek üçin başga bir ýol tapmaýan bolsa, onda kiçijik çagany goramak maksady bilen çeýnäp biler.

3.Özüne ynamy bolmaýan adamyň öz maşgalasyny ogşamagy ýa-da gujaklamagy. Bir boşalma (döl gelme) bolaýan halatynda hem şeýle ýagdaýdadyr. Eger ogşamak ýa-da gujaklamak sebäpli bir boşalma (döl gelme) emele gelen wagtynda diňe bir mekru bolmak bilen çäklenmän, eýsem oraza hem bozular.

4. Tüýkürigiňi agzyňda birikdirip ýuwutmak.

5.Gan aldyrmak ýa-da agyr bir işde işlemek ýaly özüni horlajagyna gözi ýetýän görnüşindäki bir işi ýerine ýetirmek. (Horlanmajagyna gözi ýetse, şol iş mekru bolmaz.)

Orazaly bolan adama mekru bolmaýan zatlar

1. Gül we müşk ýaly zatlary ygsamak.

2. Gözüňe sürme çekmek.

3. Özüňe ynamdar bolmak şerti bilen maşgalaňy ogşamak.

4. Syntgy (miswak) ulanmak, dişlerini sürgülemek.

5. Agzyňa suw alyp, agzyňy çaýkamak.

6. Burnuňa suw çekmek.

7. Salkynlamak üçin ýuwunmak.

Orazaly üçin mustehap hasaplanylýan zatlar:

1.Selänlige turup, nahar iýmek.

2.Selänlik naharyny bir az giç iýmek. Nahary şübheli bir wagta çenli gijikdirmek bolsa mekrudyr.

3. Gün batandygyna oňat göz ýetirileninden soňra, agzaçar üçin howlukmak. Agzaçary namazdan öň berjaý etmek hem mustehap hasaplanylýar. Agzaçarda şu dogany okamak sünnetdir:

“Allahümme leke sumtü we bike amentü we aleýke tewekkeltü we ala ryzkyke eftartü we sawmelgadi min şehri Ramazane neweýtü, fegfirli ma kaddemtü we ma ahhartü.”

Manysy: “Allahym! Seniň razylygyň üçin oraza tutdum, saňa ynandym we saňa sygyndym. Seniň ryzkyň bilen orazamy açdym we oraza aýynyň ertirki gün üçin agyz beklemeklige-de niýet etdim. Meniň geçen we geljekdäki günälerimi özüň bagyşla!”

Oraza bilen baglanyşykly dürli düzgünler

Ýatdan çykaryp, iýip-içen ýa-da agzy bekli wagtyndaka gaýtaran, gusan bir adam orazasynyň bozulandygyny düşünip, iýip-içse, onda öwezödemäni (kaza) talap eder. Ýöne gusmak bilen orazanyň bozulmaýandygyny bilip, iýip-içse, onda oňa hem öwezödeme (kaza) hem-de günäýuwma (keffaret) zerurdyr.

Gündiz düýşünde jynsy gatnaşykda bolanyň ýagdaýy hem hut şonuň ýalydyr. Orazada gündizine uklaýarka jünüp bolan adam orazasy bozulandyr öýdüp iýip-içse, şol sebäpli onuň orazasyny öwezödeme etmegi zerurdyr. Beýle ýagdaýda bolmaklygyň orazany bozmaýandygyny bilen wagtynda-da bilgeşleýin iýip-içse, ondan orazanyň öwezödemesi (kaza) we günäýuwmasy (keffaret) talap ediler.

Bir zenana Orazada (heniz aýbaşy bolmazdan) aýbaşy günümdir öýdüp, orazasyny bozsa, şol gün hem aýbaşy güni bolmasa, onda eger şol günüň orazasyna niýet etmedik bolsa, ondan öwezödeme (kaza) talap ediler, eger şol günüň orazasyna niýet edip başlanyndan soňra bozsa, oňa günä ýuwma (keffaret) zerurdyr.

Dişleriň arasyndan çykyp tüýkürige garyşan gan tüýkürikden köp ýa-da tüýkürige deň bolsa, ony hem ýuwutsa,onda onuň orazasy bozular. Tüýkürikden az bolsa, orazasy bozulmaz.

Dişlerini sürgüleýän adam orazasy bozulandyr öýdüp, iýip-içse, ondan günýäýuwmasy (keffaret) talap edilýär.

Täret wagtynda agzyna suw alanynda özüne bagly bolmazdan tötänlikde bogazyna suw gitse, eger orazalydygyny bilýän bolsa, onda onuň orazasy bozular we onuň öwezödemesi (kaza) zerurdyr. Eger şol wagtda orazaly bolandygyny bilmeýän ýa-da ýadyna düşmeýän bolsa, onda onuň orazasy bozulmaz.

Ýerli, oturymly bolan (myhman bolmaýan) bir adam gije niýet edip oraza başlanyndan soňra, gündiz sapar aralygyna ýolagçy bolup ýola çyksa, onda şol günüň orazasyny doly tutmagy hökmandyr. Ýola çykanyndan soňra orazasyny bozsa, ondan öwezödeme (kaza) talap ediler. Şeýle hem ýola çykyp, ýaşaýan ýeriniň serhetlerini geçmezden orazasyny bozan halatynda, oňa günäýuwma (keffaret) zerurdyr.

Myhman bolan bir adam niýet edip oraza başlanyndan soňra gündiz heniz ýolagçylyk wagtygutarmazdan ýa-da ýolagçylygy gutaryp öz ýurduna gaýdyp geleninden soňra orazasyny bozsa, ondan öwezödeme (kaza) ta- lap edilýär.

Oraza aýyndan oraza öwezidir borjy bolan bir adam bularyň öweziniödemezden (kaza etmezden) beýleki oraza gelse, öňi bilen Oraza aýynyň orazasyny tutar, soňra bolsa öňki Oraza aýyndan galan borçlaryny tutar.

Oraza aýynda orazasyna öwezödeme (kaza) eden wagtynda, bu orazalary islese, yzly-yzyna, islese ara wagt salyp tutar. Borçlaryny tiz wagtda, ýagny öň ödemegi üçin yzygiderli tutmagy has-da ýerliklidir.

Bir zenana orazaly bolan gününde aýbaşy ýa-da çileli bolsa, onda şol günüň orazasyny kaza etmegi zerurdyr.

Bir adam hassa bolandygy üçin Oraza aýynda orazasyny bozsa we hassalykdan saplanman aradan çyksa, onda oňa hiç hili zat gerekli däldir.

Täret alanyňdan soňra agzyňda galan öl ýa-da nemlilik orazany bozmaz.

Gepleýän wagtyňda tüýkürik bilen öllenen dodaklaryňdaky tüýkürigi ýuwutmaklyk bilen oraza bozulmaz.

Orazada özünden giden ýa-da çaşan adamyň bu ýagdaýy birnäçe günläp yzygiderli dowam etse, ol adam beýle ýagdaýy üçin şol güni öwezödeme (kaza) etmez, çünki niýet edip, şol günüň orazasyna başlandyr. Ondan soňraky günlerini kaza eder.

Nepil görnüşde tutulan orazany sebäpsiz şekilde bozmak mekrudyr. Haýsydyr bir sebäbe görä bozulan nepil orazanyň kaza edilmegi zerurdyr.

Başlanan günäýuwma (keffaret) oraza gutarmanka, ara Oraza aýy girse, onda günäýuwma (keffaretiň) gaýtadan tutulmagy zerurdyr.

Itikaf (Sygnalga)

Itikaf diýmek niýet edip, metjitde durmak, metjide sygynmak diýmekdir. Oraza aýynyň soňky on gününde orazany has-da berkitmek maksady bilen itikaf (sygnalga) peýdaly görnüşinde sünnet-i müekkede hasaplanylýar. Köpçülikden bir sygnalga görnüşde itikafa girse, onda bu wezipe beýlekileriň boýnundan aýrylýar.

Itikafyň şertlery: niýet etmek, orazaly bolmak, itikafyy bäş wagt köpçülik bilen namaz okalýan metjitde berjaý etmek we zenananyň aýbaşy we çilelik ýagdaýy bolmazlygydyr. Zenana metjitde däl-de, öýünde namaz okaýan jaýynda itikaf eder.

Itikafyň edebi

1. Metjitleriň iň köp adamly bolanynda we Oraza aýynyň soňky on gününde itikafa girmek.

2. Itikaf wagtynda biderek zatlar aýtmazlyk, Gurhan, hadys, Pygamberiň ömür beýanyna degişli kitaplary okamak.

3. Arassa egin-eşik geýmek, hoşroý ysly atyr sepinmek.

Itikafa giren adam metjitde iýer, içer, uklar, ýatar we zerur bolan zatlary metjitden alar. Bular üçin daşary çyksa, onda itikafy bozular.

Hajathana gitmek, täret almak we zerur bolsa suwa düşüp ýuwunmak (gusul) ýaly ätiýäçleri üçin metjitden daşary çykar. Juma namazy şol ýerde däl-de başga ýerde okalýan bolsa, onda juma namazy üçin sygynan ýerinden çykyp, şol ýere gidip biler. Jynaza üçin daşary çykmaz.

Özüne we malyna bir zyýan geler diýen gorky bilen ýa-da zorluk bilen çykarylan ýagdaýynda başga bir metjide geçmek üçin şol metjitden çykyp biler.

Bu mejbury ýagdaýlardan başga ýagdaýda metjitden çyksa, onda itikafy bozular. Itikafda bolan adamyň ýanýoldaşy bilen jynsy gatnaşykda bolmagy itikafy bozuşy ýaly, oňa degmek we ony ogşamak bilen bir bo- şalma bolsa, onda ýene onuň itikafy bozular. Düýşde jünüplik ýagdaýy bolanda itikafy bozmaz.

Yhlas bilen itikaf eden musulman bir süre dünýä işlerinden aýrylyp, Alla ýöneler, oňa sygnar. Duşmany bolan şeýtanyň şerinden iň berk bolan gala sygynar, Allanyň öýi bolan metjitde onuň tükeniksiz rahmetine gowşan dek bolar. Şeýle ýagdaýda bolan musulman Allanyň öýünde hut onuň myhmany ýalydyr. Öý eýesine mynasyp hereket eden-de myhmanyna hemişe hödür-kerem edýändir. Hormatly Pygamberimiz aradan çykýança, Oraza aýynyň soňky on gününi hemişe itikafda (sygnalgada) dowam etdiripdir.

BAŞPITRE (PITRE SADAKASY)

Borjundan, asyl we zerur ätiýäçlerinden başga özünden artyk mukdardaky maly ýa-da onuň gymmatynda puly bolan musulmanyň pitre sadakasyny bermegi wajypdyr.

Muňa gysgaça “Başpitre” diýilýär. Pitre sadakasynyň wajyp bolmagy üçin, zekatda bolşy ýaly malyň üstünden bir ýyl geçmegi we artyjy häsiýetde bolmagy şert däldir.

Başpitre Oraza aýynda garyp-gasarlara berlen bir sadakadyr. Baýramdan öň berilmegi has-da ýerlikli hasaplanylýar. Baýram güni ýa-da ondan soňra hem bermek bolar. Dini ölçeglere görä baý bolan adamyň hem özüniň hem-de kämillik ýaşyna ýetmedik çagalarynyň pitrelerini bermegi wajypdyr.

Garyp bolan çaganyň kakasy ölen ýa-da garyp-gasar bolsa kakasynyň kakasy agtygynyň pitresini berer.

Bir adam maşgalasy bolan ýanýoldaşynyň we uly ýaşly çagalarynyň pitresini bermeklige jogapkär däldir. Olar baý bolsalar pitrelerini özleriniň bermegi zerurdyr.

Ýanýoldaşynyň we maşgalanyň içindäki uly ýaşly çagalarynyň pitrelerini olaryň rugsady bolmazdan berip biler. Maşgalanyň içinde bolmaýan uly çagalarynyň pitrelerini bolsa olaryň rugsady bilen berip biler. Bir adam kakasynyň we ejesiniň pitrelerini bermeklige jogapkär däldir.

Başpitre şu dört sany görnüşli iýmit maddasynda aşakdaky mukdarlarda berilýär:

Görnüşi: Mukdary:

1. Bugdaý 1460 gram

2. Arpa 2920 gram

3. Gury üzüm 2920 gram

4. Hurma 2920 gram

Bu iýmit maddalarynyň özleriniň berlişi ýaly, olaryň gymmaty garşylygyndaky bahalary hem pul görnüşinde berlip bilner. Haýsy görnüşi garyp-gasar üçin peýdaly bolsa şonuň berilmegi has-da ýerliklidir. (Bellenilen ölçegler piträniň iň az mukdarydyr. Bulardan az görnüşi pitre hökmünde berilmez. Piträniň köplügi üçin bir çäk ýokdur, ýagny bellenilen mukdardan has köp hem berlip bilner. Maddy ýagdaýy has oňat bolanlaryň pitrelerini bu mukdarlardan köp bermeleri maslahat berilýär.) Bir pitre diňe bir garyba berler, ýagny ikä bölünmez. Bir garyba birden artyk hem pitre berlip bilner. Başpitre niýet edilip berler. Ýöne munuň pitredigi garyp-gasara aýtamaklyk hökman däldir, içiňden niýet etmeklik ýeterlikdir.

Zekat kimlere berilýän bolsa, pitre-de şolara berler. Bir saý-sebäbe görä Oraza aýynda oraza tutmadyklar-da dini ölçegdäki maldyr pula eýe bolsalar,onda pitrelerini bermeklige borçludyrlar.

Barly musulmanlar pitre bermeklik bilen garyp-gasarlara baýramçylyk şatlygyny artdyrarlar. Şeýlelikde, olar hem boýnunyň borjy bolan tölegini ödärler, hem-de sogap gazanarlar.

Başpitre bermek orazanyň kabul edilmegine, ölümüň gazabyndan we gabyryň azabyndan halas bolmaklyga serişde bolup hyzmat edýär.

Ant içme keffareti berjaý edilende, on sany garyby ertir irden we agşam doýurmak ýa-da on sany garyba pitre mukdarynda zat bermek zerurdyr.

Maide süresiniň 89-njy aýatynda ant içme keffaretiniň nähili berjaý edilip bilinjekdigi düşündirilende: “Maşgala agzalaryňyza iýdirýäniňiziň ortaça mukdarynda on sany ýoksuly, garyby doýurmak” diýen söz düzümine orun berlipdir.

Her näçe dereje bu aýat ant içme bilen baglanyşykly bolsa-da, Oraza aýynda berilmegi zerur bolan pitre bilen ant içme üçin beriljek mukdaryň meňzeş bolmagy pitre berenimizde haýsy ölçegleri göz öňünde tutmalydygymyz babatda bize ýol görkezýär.

Şoňa görä, Oraza aýynda başpiträni beren adamyň adaty iýen ertir we agşam naharlarynyň pul boýunça bahasyny hasap etmegi we pitre mukdaryny öz saçagyndaky nahardyr iýmitleri göz öňünde tutup bermegi hasda ýerlikli hasaplanylýar.