Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Ybadatyň peýdalary

Alla ybadata laýyk bolan ýeke-täk barlykdyr, şonuň üçin oňa ybadat etmeli, bu ýokary derejedäki wezipäni diňe onuň emrini berjaý etmek we razyçylygyny gazanmak üçin ýerine ýetirmelidir. Allanyň derejesinde makul bolan ybadat, hiç hili görnüşde çykdajy düşünjesi bolmazdan, hakyky bir niýet bilen we tüýs ýürekden edilen ybadatdyr. Şunuň bilen birlikde ybadatda biziň üçin maddy we ruhy taýdan ençeme peýdalarynyň bardygyda bir mesa-mälim hakykatdyr. Allatagala biziň ybadatymyza mätäç däldir, ýöne biziň welin ybadata mätäçligimiz bardyr. Ybadatyň peýdasy-da bize degişlidir. Şol sebäpli geljekde degişli bölümlerde ybadatlaryň peýdalary hakynda gerekli maglumatlar beriljekdir. Ýöne bu ýerde gysgaça bir düşündiriş bermegimiziň hem ähmiýeti bardyr.

Ybadat adamy Allatagala ýakynlaşdyran iň ajaýyp serişdedir, bir guluň dünýäde ýetip biljek derejeleriniň iň ýokarky sepgididir. Ýaşaýşymyzyň iň gymmatly pursatlary ybadat bilen geçiren wagtlarymyzdyr. Ybadat ruhumyzy beýgelder, ýüregimizi ýaramaz düşünjelerden, ýaman niýetlerden arassalar, saplar. Hereketlerimizi düzeldip, bizi ahlak taýdan kämilleşdirer. Ybadat ebedi eşretlilik ýurdy bolan jennetiň açary hasaplanylýan imanymyzy gorar. Ybadatsyz iman alaň açykda ýanan çyra ýaly goragsyz galar, günleriň bir günide sönüp biler. Şol sebäpli ybadatlaryň iň gymmatly barlygymyz bolan imanymyzyň goralyp saklanylmagynda örän ähmiýetli orny bardyr. Adam durmuşda dürli kynçylyklara düşüp biler. Käwagt umyt-syzlyga we çykgynsyz ýagdaýa düşer. Şeýle halatlarda ybadat bilen şol kynçylyklardan halas bolup biler. Çünki, ybadatyň saýasynda Allatagala, bütin umytlaryň sönen wagtynda onuň tükeniksiz rahmetine sygynar we şeýdip eşretlilige gowşar. Ybadat musulmanlara Allanyň ornunda gadyr-gymmatlylyk gazandyrar. Mukaddes Gurhanda şeýle diýlipdir

“(Eý Muhammet!) şeýle diýip aýt: Dogalaryňyz bolmasa, Rabbym size näme diýip gadyr-gymmatlylyk bersin.” (Furkan: 77)  Namaz okamak üçin täret kylyp, ele suw almak şertdir. Bu bolsa her gün birnäçe gezek arassalanmak diýmekdir. Arassaçylygyň ynsan saglygy üçin neneňsi derejede peýdalydygyny biziň hemmämiz bilýäris. Oraza tutmak, ilki bilen iýmit siňdiriş organyndan başlap, ençeme agzalaryna dynçlyk berýär, adamda şepagat we merhemetlilik duýgularyny oýandyrýar. Zekat durmuşy taýdan kömekleşmek üçin jemgyýete ençeme peý-dalar getirýär.

 Haç dünýäniň her bir künjünden gelen dilleri, reňkleri aýry-aýry bolan musulmanlary keramatly topraklarda bir ýere jemläp, yslam doganlygynyň bütindünýä boýunça halkara derejesini emele getirýär. Bular ybadatlaryň şahsa we jemgyýete berýän peýdalarynyň diňe käbirleridir. Eger biz Allanyň öňündäki ybadat wezipelerimizi berjaý etsek, onuň söýgüsini gazansak, Alla bize dünýädäki nygmatdan has köp mukdardaky nygmatlaryny ahyretde berjekdir hem-de bizi jennetdäki tükeniksiz eşretlilige gowuşdyrjakdyr.