Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » ŞEHIT

Alla ýolunda öldürilen musulmana şehit diýilýär. Şehitlik Allanyň ýanynda örän ýokary bir derejedir.

Şehit Allanyň huzurynda diri görnüşde hyzmata häzir bolup, eşretdir ryzk beriljegine hem-de jennete girjegine şaýatlyk edýändigi üçin bu ady alandyr.

Mukaddes Gurhanda şehitler hakynda şeýle diýlipdir: “Allanyň ýolunda öldürilenlere (şehitlere) “ölüler” diýmäň. Aslynda olar diridirler, ýöne siz oňa düşünmersiňiz.” (Bakara: 154)

Beýleki bir aýatyň manysy hem şeýledir: “Allanyň ýolunda öldürilenleri asla ölüler diýip hasaplama. Olar dirilerdir, Rablarynyň ýanynda Allanyň geçirimliliginden we eşretinden özlerine berlen nygmatlaryň hözirini görerler we ryzklaryny alarlar. Yzlarynda heniz özlerine gelip ýetmediklere-de (şehit bolmadyklara) hiç hili gorky bolmajakdygyna we onlaryň gynanmajakdyklaryna şatlanarlar.” (Al-y Imran: 169, 170)

Şehitler hakynda hormatly Pygamberimiz-de şeýle şatlykly habary beripdir: “Şehidiň gul borjundan beýleki bütin günälerini Alla bagyşlar.” (Müslim, Imare, 32.)

“Hiç kim jennete gireninden soňra bütin dünýä eýe bolsa-da, gaýtadan bu dünýä öwrülmekligi arzuw etmez. Diňe şehitler gören hormatdyr keramatlary sebäpli dünýä gelip, on gezek şehit bolmaklygy arzuw ederler.” (Buhary, Jihat, 6; Müslim, Imare, 29.)

Allanyň ýolunda, watan we millet ugrunda janlaryny gurban eden şehitler ahyretde örän uly sogaba eýe boljakdyrlar hem-de Allanyň uly eşretine gowuşjakdyrlar.

Şehitler üç görnüşlidir

1.Hem bu dünýä, hem-de ahyret babatdan şehit bolan, iki dünýäsi-de abat diýilýän şehit

Bu ýagdaýda bolan şehitler ýuwulmaz, üstlerindäki egin-eşikleri çykarylmaz. Şeýle görnüşde namazlary okalyp jaýlanarlar. Şehidiň kepeni üstündäki egin-eşigidir. Ýöne egninde bolan we kepen jynsyna degişli bolmadyk palto, telpekdir papak, aýakgap hem-de ýaragdyr şaý-sepleri ýaly zatlar çykarylar. Egin-eşigi, örtünmegi zerur bolan ýerleri ýeter-ýetmez bolsa, onda üsti ýetiriler. Bular şehitlere berjaý edilen dünýä degişli düzgünlerdir. Olaryň ýuwulmazdan jynaza namazlarynyň okalyp, egin-eşikleri bilen gömülmekleri ýa-da jaýlanylmagy üçin özlerinde alty sany şertiň bolmagy zerurdyr. Bu şertler şulardan ybaratdyr: “Musulman bolmak, kämillik ýaşyna ýeten bolmak, aýbaşy, göwreli ýa-da jünüp bolmazlyk we ölümine sebäp bolan ýarany alanyndan soňra durmuşdan peýdalanmazdan derrew ölen bolmak.

Bu şertlerden biri kem bolsa şehit ýuwlar we kepene saralar.

-        Söweşde kapyrlar tarapyndan öldürilen,

-        Egninde ýara yzy bolup, söweş meýdanynda ölen,

-        Musulmanlar tarapyndan nähak ýere öldürilen,

-        Baş galdyran we ýol kesenleriň, talaňçylaryň öldüren kişiler hem bu dünýä, hem-de ahyret babatdan, iki dünýäsi abat bolan şehitlerdir. Malyny, namysyny, janyny we beýleki musulmanlary goranlarynda öldürilenler-de şeýle şehitlerdir.

2. Ahyret babatdan şehit bolan, o dünýäsi abat bolan şehit

Bular ýokardaky sanap geçen şertlerimizden käbiri kem bolup, şol sebäpli-de ýuwlup, kepene saralyp we ahyret babatdan şehit bolanlardyr.Bular kapyrlar bilen ýa-da asy we ýol uranlar bilen çaknyşan halatynda ýaralandan soňra, şolbada ölmän, nahar iýen, suw içen, uklan, bejerilen, söweş meýdanyndan başga bir ýere äkidilenden soňra ölen, epeý gürlän, alyş-beriş eden hem-de akyly ýerindekä üstünden bir namaz wagty geçenden soňra ölenlerdir. Gark bolup, ýanyp, bir zadyň aşagynda galyp ölenler, maşgala we çagalarynyň ýaşaýşy üçin halal ýol bilen zähmet çekip ýörkä ölen adamlar bilen ylym ýolunda ölenler-de şehitdir.

3. Dünýä düzgünleri babatdan şehit:

Bular münafyk bolsa-da musulman görünen we musulmanlaryň ýanynda söweşen halatynda öldürilen kişilerdir. Bular hem görnüşi taýdan ýuwulmazdan namazlary okalyp, egin-eşikleri bilen jaýlanarlar. Ýöne ynançlary bolman, diňe dünýewi maksatlar üçin söweşip, ölenleri üçin ahyretde hakyky şehitlere berilýän eşretlerden mahrum galarlar.