Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Şükür etme sejdesi

Şatlykly wagtlarda, guwanjy wakalarda, buşluk habarlary alnan wagtlarda Allanyň berenine şükür etmek maksady bilen sejde etmek mustehapdyr we sogapdyr.

Mähriban Pygamberimiz we onuň egindeşleri şatlykly habarlary eşiden wagtlarynda şükür etme sejdesini berjaý edipdirler. Şükür etme sejdesini berjaý etjek adam kybla dönüp, ýönelip “Allahü Ekber” diýip sejde başlar. Sejdede Jenab-y Haka hamd we şükür edip tesbi gaýtalamalryny aýdanyndan soňra, Alla ýüzlenip ýerinden turar we şeýdip şükür etme sejdesini berjaý eden hasaplanylar. Namazdan soňra şükür etme sejdesini etmek mekrudyr. Çünkü beýle edilen ýagdaýynda ony jahyl (bilmeyän) adamlar sünnet ýa-da wajyp diýip pikir ederler.