Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Täret nähili alynýar?

Elleriň ýeňlerini tirsekleriň ýokarsyna çenli çermelmeli. Mümkin boldugyça beýigiräk bir ýerde durmaly we kybla tarap öwrülmeli.

“Allanyň razylygy üçin täret kylmaga niýet etdim” diýip niýet etmeli. “Euzu billahi mineşşeýtanyr-rajym Bismillahir-Rahmanyr-Rahym” diýip, elleri bileklere çenli üç gezek ýuwmaly. Eller ýuwulýan wagtynda barmaklaryň aralary aralanmaly, boşluk goýulman ýuwulmaly. Ýüzük bar bolsa, ony oýnadyp, onuň aşaklaryny hem oňat ýuwmaly.

Soňra sag owuç bilen agzyňa üç gezek suw almaly, her gezeginde oňat çaýkamaly. Soňra ýene sag owuja suw alyp, burna üç gezek suw çekmeli we her saparynda sol el bilen sümgürip, burnuňy arassalamaly.

Soňra maňlaýyň üst tarapyndan başlap, ýüzüň her bir tarapyny üç gezek ýuwmaly. Sakgal bar bolsa, ony barmaklaryň bilen aralamaly. Sakgal selçeň bolsa, onda teniňe suwy oňatja ýeter ýaly etmeli.

Mundan soňra sag eliňi tirsekleriň bilen bilelikde üç gezek ýuwmaly. Soňra hut şeýle görnüşde çep eliňide üç sapar ýuwmaly.

Mundan soňra elleriňi öllemeli, sag eliň içini hem-de barmaklaryňy başyň üstüne goýup meshetmeli. Başgaça aýtsak, eliň iç tarapy bilen başyň dörtden birini sypamaly. Şunuň bilen parz berjaý edilýär.

Sünnete uýup, başyny tutuşlygyna meshetmek isleýän şeýle etmeli: öllän iki elini barmaklary bilen bilelikde başyň öň tarapyna goýup, yza tarap sypap, soň ýokary galdyrmaly. Şeýlelikde, başyň tutuşlygyna mesh edilen hasaplanylýar.

Baş meshedileninden soňra sag eliň süýem barmagy bilen sag gulagyň içini, başam barmagy bilen-de gulagyň daşyny; çep eliň süýem barmagy bilen çep gulagyň içini, başam barmagy bilen-de gulagyň daşyny meshetmeli.

Başyňy meshedeniňden soňra, eliň öllügi guramadyk bolsa, elleriňi täzeden öllemezden, olar bilen gulaklaryňy meshedip bolar. Elleriňdäki öl guran bolsa, onda sünnetiň berjaý edilmegi üçin elleriňi gaýtadan öllemeli.

Soňra täze bir suwa mätaç bolmazdan, iki eliň arkasy bilen boýnuňy meshetmeli.

Mundan soňra ilki sag aýagy üç sapar, soňra bolsa çep aýagy üç gezek topuklary bilen bilelikde ýuwmaly. Barmaklaryň aralarynyň arassalanmagyny sag aýagyň kiçi barmagyndan başlap, çep aýagyň kiçi barmagynda hem gutarmaly.

Soňra kybla tarap bakyp, şaýatlyk andyny (kelime-ýi şehadet) aýtmaly. Şeýlelikde, täret öz usulyna görä berjaý edilen hasaplanylýar.

Täret alnan wagtynda okalmagy makul bilnen (mendup) dogalar bardyr. Bular okalmasa-da, täret gutarnykly hasap edilýär. Ýöne bu dogalary adamyň okamagy has-da göwnejaýdyr.

Täret alnan wagtynda makul hasaplanylyp okalýan dogalar şulardyr:

1.      Tärete başlan wagtyňda “Euzu” we “Bismilladan” soňra şu doga okalýar: Okalyşy: “El-hamdü lillahillezi jealelmae tahuren we jealelislame nura.”

Manysy: “Suwy arassalaýyjy we yslamy nur eden Alla hamd bolsun”

2.      Agza suw alan wagtyňda: Okalyşy: “Allahümmeskyny min hawzi nebiýýike kesen la ezmeu badehu ebeda.”

Manysy: “Allahym! Maňa pygamberiň howzundan köwser bir käse içir, ondan soňra asla suwsamaýyn.”

3.      Burnuňa suw alan wagtyňda: Okalyşy: “Allahümme la tahrimni raýihate naimike we jennatik.”

Manysy: “Allahym! Meni öz nygmatlaryň we jennetleriň ysyndan mahrum etme.”

4.      Ýüziňi ýuwan wagtyňda: Okalyşy: “Allahümme beýýid wejhi binurike wujuhun we tesweddu wujuh.”

Manysy: “Allahym! Käbir ýüzleriň ak bolup, käbir ýüzleriň gara boljak gününde, meniň ýüzümi ak eýle.”

5.      Sag eliňi ýuwan wagtyňda: Okalyşy: “Allahümme atini kitabi biýemini we hasibini hisaben ýesira.”

Manysy: “Allahym! Maňa kitabymy sag tarapymdan ber we hasabatymy aňsatlaşdyr.”

6.      Çep eliňi ýuwan wagtyňda: Okalyşy: “Allahümme la tüti kitabi bişimali we la min werai zahri we la tuhasibni hisaben şedida.”

Manysy: “Allahym! Mańa kitabymy çep tarapymdan berme we arkamdan-da berme, zorluk, kynçylyk bilen hasap sorama.”

7.      Başy mesh eden wagtyňda: Okalyşy: “Allahümme gaşşini birahmetike we enzil aleýýe min berakatik.”

Manysy: “Allahym! Meni rahmetiň bilen ört we üstüme bereketleriňden ýagdyr.”

8.      Gulaklary mesheden wagtyňda: Okalyşy: “Allahümmejalni minellezine ýestemiunelkawle fe ýettebiune ahseneh.”

Manysy: “Allahym! Meni hak sözi eşidip, sözüň iň ajaýyp nusgala- ryna uýanlardan eyle.”

9.      Boýnuňy mesh eden wagtyňda: Okalyşy: “Allahümme atyk rekabeti minennar.”

Manysy: “Allahym! Meniň boynumy jähennemiň ataşyndan (odundan) azat eyle.”

10.  Aýaklaryňy ýuwan wagtyňda: Okalyşy: “Allahümme sebbit kademeýýe alessirati ýewme tezillü fihilakdam.”

Manysy: “Allahym! Aýaklaryň taýjak gününde meniň iki aýagymy da syrat köprüsiniň üstünde sagdyn tutdur.”

Täretiň mekrulary

Täretiň esasy mekrulary şulardan ybaratdyr:

1. Suwy isrip etmek. Başgaça aýdanyňda, suwy gereginden artyk ulanmak we bir organy üç sapardan köp ýuwmak.

Pygamberimiz egindeşinden Sady täret alýan wagtynda gördi we oňa:

-        Bu isrip näme, eý Sad? –diýdi. Sad:

-        Täretde isrip näme işlesin? – diýeninde, pygamberimiz:

-        Hawa, hatda bir akar suwuň kenarynda bolsaň-da isrip bolar- diýip jogap berdi.(Ibn Maje, Tahare, 48)

2. Suwy örän az ulanmak. Suwy mesheden ýaly ýa-da ýag çalan ýaly edip az ulanmak hem-de üç gezek ýuwulmaly organy üç sapardan az ýuwmak.

3. Suwy ýüzüňe ýa-da beýleki organlaryňa çalt-çaltdan sepmek.

4. Bir zerurlygy bolmadyk halatyndan başga wagtda geplemek.

5. Zerurlygy ýok halatynda täretde başga birinden kömek soramak.

6. Arassa bolmaýan ýerde täret almak.

Täreti bozýan ýagdaýlar

Täretli bolan adamda aşakdaky ýagdaýlardan biri emele gelse, onda täreti bozulan hasaplanylýar:

1. Öň we yzdan peşew, hapa suwuklyk gelmegi we yzdan ýel çykmagy.

2.Bedeniň haýsy hem bolsa, bir ýerinden gan we iriň akmagy.(Şafiilre görä, bedeniň öň we arkadan beýleki haýsy hem bolsa bir ýerinden akan gan we iriňden täret bozulmaz.) Gan, isle öz-özünden, hala-da gysylyp çykarylsyn, tapawudy ýok, ol täreti bozar.

Agyzdan gelen gan tüýkülige deň ýa-da tüýkülikden köp bolsa, ol täreti bozar. Tüýkülikden az bolsa, täret bozulmaz. Bu tüýküligiň reňkinden bilinýär.

Ýaradan we çybandan akan iriň, sary suwuklyk hem täreti bozar. Bu hassalyk sebäpli göz, gulak we göwüslerden akan suwuklyk-da täreti bozar.

3. Agyz dolduryp gusmak.

Agzy dolduran görnüşde suw, nahar, ötle we gan suwuklygyny gusmak täreti bozuşy ýaly, meňzeş bulanyklyk sebäpli bölek-bölek gelen gusugyň hemmesi agyz doly mukdara ýetse hem täreti bozar.

4.Ýatyp, ýassanyp ýa-da bir zada söýenip uklamak. Çünki beýle görnüşde uklaýan adamdan “ýel” çykyp biler.

Bir zada söýenip uklamanyň täreti bozmagy üçin söýenen zady alnan wagtynda uklaýanyň ýykylmagy zerurdyr. Ýaplanan zadyň alynmagy bilen uklaýan adam ýykylmasa, onda diňe bir ukynyň özi täreti bozmaz.

5. Özüňden gitmek.

6. Däliremek, özüňi ýitirmek.

7. Serhoş bolmak.

8.Namazda gülmek.

Jynaza namazy bilen tilawet sejdesinde gülmek bilen täret bozulmaz, diňe jynaza namazy bilen tilawet sejdesi bozular.

Ýanyndakynyň eşitjek ýagdaýynda sesli gülse, hem täreti hem-de namazy bozular. Özi duýar ýaly görnüşinde gülse, onda diňe namazy bozular. Gülümsireme ýa-da gülmän ýönekeý görnüşli ýylgyrma täreti we namazy bozmaz. Çaganyň namazda gülmegi bilen diňe namaz bozular, täreti bozulmaz. Çünki, ýokary ýaşly hasaplanylan däldir.

9. Ten gatnaşygynda.

Eger erkek bilen aýalyň arasynda bir zat bolmazdan duýgy emele getirjek görnüşde tenleri biri-birine degse, haýsy hem bolsa, bir öllük emele gelmese-de, erkegiň-de, aýalyň-da täreti bozulýar. Aralarynda beden bilen baglanyşykly gyzgynlyk duýulmagyna päsgelçilik bolmaýan görnüşde inçe bir gatnaşyk bolsa-da, ýene täret bozular.

Täreti bozmaýan zatlar

1. Öňde we arkadan başga bedeniň haýsy hem bolsa, bir ýerinden çykyp, şol çykan ýerde hem galan, töweregine ýaýramaýan gan.

2. Bir ýaradan gan akmazdan et böleginiň aýrylmagy.

3. Ýaradan, burun we gulakdan gurt düşmegi.

4. Agyz dolusyndan az gusmak.

5. Gakylyk tüýkürmek.

6. Az mukdarda gan bölejigini gusmak.

7.Ulanylan diş sürtgüjinde, diş syntgysynda ýa-da dişlenen bir zatda görlen gan.

8. Bir hassalyk sebäpli bolman, aglamak we köp gülmek netijesinde akan göz ýaşy.

9. Gabarçyk we ondan akan suwuklyk.

10. Dyz üsti ýa-da aýbogdaş gurup uklamak.

11. Namazda uklamak. Çünki 10-njy we 11-nji maddalarda düşündirilen ýagdaýlarda täreti bozjak bir ýagdaýyň eleme gelmejegi kabul ediler. Eger bu ýagdaýlarda ýellenmek ýaly täreti bozan bir ýagdaý emele gelendigi bilinse, onda täret bozulan hasaplanylýar.

Täretsiz edilmeýän zatlar

1. Namaz okamak.

2. Käbä togap edip aýlanmak. Käbäni täretli görnüşde togap etmek wajypdyr.

3. Gurhana el degirmek. Mukaddes Gurhana täretsiz el degirmek bolmaz. Ýöne aýratyn gaby, ýörite daşy bar bolsa, ony tutmak bolar.

Täretsiz bolan bir adam ýatdan Gurhan okap biler. Egnindäki eşigi täze bolsa-da, täretsiz Gurhany tutmak mekrudyr.

Çagalar täretsiz görnüşde mukaddes Gurhany tutup bilerler. Çünki olar uly ýaşly adam bilen deň hasaplanylmaz. Ýöne Gurhany täretli görnüşde tutmaklyga endik etdirmek göwnejaýdyr.

Täretsiz çaganyň eline mukaddes Gurhany bermeklik bolar.

Musulman bolmaýan bir adama islegine görä, mukaddes Gurhan barada we dini maglumatlar öwretmek mümkindir.

Ýüzünde mukaddes Gurhandan bir bölek ýa-da Allanyň atlaryndan biri ýazylan barmagyndaky ýüzük bilen hajathana girmek mekrudyr. Ýüzünde mukaddes Gurhandan bir bölek ýa-da Allanyň atlaryndan biri ýazylan zat jübüde bolsa, daşy saralgy bolsa, onda hajathana girmek mekru bolmaz.

Täretsiz adam elini degirmän, galam ýaly zadyň kömegi bilen Gurhanyň sahypalaryny agtaryp biler.