Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » TILAWET (OKAMA) SEJDESI

Tilawet sejdesi Alla üçin edilýän ýa-da goýulýan hormatdyr. Mukaddes Gurhanyň on dört süresinde sejdesi aýaty bardyr. Bulardan birini okana ýa-da eşidene sejde etmek wajypdyr.

Sejde aýaty namazda okalsa, tilawet sejdesiniň namazda edilmegi zerurdyr. Şeýle berjaý ediler; sejde aýatyndan soňra, Gurhan okamaga dowam etjek bolsa, onda sejde okanyndan soňra derrew tilawet sejdesini eder we gaýtadan turup, galdyran ýerinden başlap okamagyny dowam etdirer.

Eger sejde aýatyndan soňra okamaga dowam etmese ýa-da iň köp üç aýat ýene okajak bolsa, ruku we sejde berjaý ediler, ýörite tilawet sejdesini etmek hökman däl.

Namazda okalan sejde aýatyny namazda bolmaýan adam işitirse sejde etmesi zerurdyr. Namaz kılan bir adam, namazda bolmaýanyn okadygy sejde aýatyny işitirse namazdan soňra tilawet sejdesini berjaý etmegi gerekir.

Namazda sejde aýatyny okaýanyň namazda tilawet sejdesini berjaý etmegi zerurdyr. Bu sejde namaz tamamlanandan soňra berjaý edilmez. Ymam namazda sejde aýatyny okasa hem özi, hem-de oňa uýan köpçülik sejde eder. Tilawet sejdesi namaz okamaga degişli bolanlara wajypdyr. Aýbaşy ýagdaýyndaky ýa-da çaga dogran aýallara wajyp däldir.

Sejde aýatynyň terjimesi okalan halatynda-da tilawet sejdesi wajyp bolýar. Sejde aýatyny ýazmak bilen ýa-da okaman diňe seretmek bilen sejde etmeklgiň zerur bolmaýşy ýaly, bogna bölmek, hetjiklemek ýaly, harpma- harp okamakda-da hökman däldir. Sejde aýatynyň köpçülik içinde okalmagynda okaýanyň öňe geçmegi we köpçüligiň hatar gurmagy hökman däldir. Her kim öz duran ýerinden kybla dönüp, sejdesini berjaý eder. Sejde etmek üçin taýýar bolmaýan adamyň ýanynda sejde aýatyny sessiz okamak ýerliklidir.

Bir ýerde bir sejde aýatyny gaýtalan adama bir gezek sejde etmeklik ýeterlikdir. Ýöne bolýan ýerinden başga bir ýerä gitse, onda bir sejde ýeterlik bolmaz. Hassa bolan adam tilawet sejdesini üm bilen, ýagny baş yşaraty bilen berjaý eder.

Içinde sejde aýaty bolan süräni ýa-da aýatlary okap, sejdeden gaçynmak üçin sejde aýatyny taşlamak mekrudyr. Namazı bozan zatlar tilawet sejdesinide bozar we sejdeniň ýerine salynmagy zerurdyr.

Tilawet sejdesiniň berjaý edilişi

Täretli görnüşde kybla dönüler. Tilawet sejdesi niýeti bilen eller galdyrylmazdan “Allahü Ekber” diýlip, sejde başlanylar. Sejdede üç sapar “Sübhane Rabbiýel-ala” diýleninden soňra “Allahü Ekber” diýlip ýokary turlar. Aýaga turanyňda, ýokaryk galanyňda “Gufraneke Rabbena we ileýkel masyr” diýmek ýerliklidir. Sejde bir gezek ediler, sejdeden soňra salam ýokdur.

Mukaddes Gurhanda sejde aýaty bolan on dört süre şulardyr:

1.      Araf süresi (206-njy aýat)

2.      Rad süresi (15-nji aýat)

3.      Nahl süresi (49-njy aýat)

4.      Isra süresi (107-nji aýat)

5.      Merýem süresi (58-nji aýat)

6.      Haj süresi (18-nji aýat)

7.      Furkan süresi (60-njy aýat)

8.      Neml süresi (25-nji aýat)

9.      Sejde süresi (15-nji aýat)

10.  Sad süresi (24-nji aýat)

11.  Fussilet süresi (37-nji aýat)

12.  Nejm süresi (62-nji aýat)

13.  Inşikak süresi (21-nji aýat)

14.  Alak süresi (19-njy aýat)