Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Togap

Togap

“Hajer-i Eswediň” töwereginden başlap, Käbäni sola almak şerti bilen, ýedi gezek Käbäniň daşayndan öwrüm etmek, aýlanmak diýmekdir. Her öwrüme “şawt” diýilýär. Ýedi sany “şawt” (öwrüm) bir togapdyr.

Togabyň görnüşleri

Hajda dini düzgüne görä oňyn bolan üç görnüşli togap bardyr:

1.Kudum togaby:

Mekgä geliş togaby diýmekdir. Bu togap sünnetdir. Ifrad ýa-da kyran hajy bolmak üçin niýet edip ihrama giren adam Arafatda wakfeden öň, Mekgä geler-gelmez Kudum togabyny berjaý eder.

Mekgeliler – mikat araçäklerinden haja gelenler diňe umre ýa-da temettu hajy ybadatyny berjaý edenler ifrad hajy ybadatyny ýerine ýetirip, Mekgä barman, gönüden-göni Arafata çykanlar bilen ýörite ýagdaýlary sebäpli kudum togabyny berjaý etmäge wagt tapmazdan, Arafata çykan zenanalaryň kudum togabyny berjaý etmeleri hökman däldir.

Kudum togabynyň wagty Mekgä girilenden başlap, Arafatda wakfe ybadatyna çenli bolan wagtdyr. Arafat wakfesiniň berjaý edilmegi bilen kudum togabynyň wagty hem tamamlanýar.

2.Zyýarat togaby: Hajyň iki rüknünden biri bolan parz togapdyr, bu togap berjaý edilmese, haj tamamlanmaýar.

Zyýarat togabynyň wagty Arafat wakfesinden soňra Gurban baýramynyň birinji güni “fejr-i sadykdan” başlap, ömrüň soňuna çenli bolan zamandyr. (Şafy we Hanbelilere görä, Arefe güni gije ýarymyndan soňra başlaýar.)

Ýöne Ymam Agzam Ebu Hanifä görä, zyýarat togabynyň “gubanlyk günlerinde”, ýagny baýramyň üçünji güni gün batýança berjaý edilmegi wajypdyr. Mundan soňky wagta galdyryljak bolsa, onda jerime görnüşli gurbanlyk bermelidir.

Ymam Ebu Ýusup we Muhammede görä, zyýarat togabynyň gurbanlyk günlerinde berjaý edilmegi wajyp däldir, sünnetdir. Sebäpsiz soňa galdyrylmagy ýerliksiz hasaplanylyp, jerime hökman däldir. (Şafy we Mälikilere görä-de, zyýarat togabynyň gurbanlyk günlerinde berjaý edilmegi sünnetdir)

3.Hoşlaşyk togaby: Başga ýerden gelenler üçin hajyň iň soňky wezipesidir. Hajdan soňra öz ýurtlaryna gaýtjak hajylaryň Mekgeden gitmezden öň, hoşlaşyk togaby berjaý etmekleri wajypdyr. Muňa “Sader togaby” hem diýilýär. (Mälikilere görä, Mekgeden gitjek bolan hajylara hoşlaşyk togaby wajyp däl, mendupdyr (ýerliklidir).)

Mikat araçäkleriniň içinde Mekge we harem ýaly etraplarda ýaşaýanlar bilen diňe umre ybadatyny berjaý edenlere wajyp däldir.

Şeýle hem hoşlaşyk togabyny berjaý etmezden aýbaşy bolan we arassalanmazdan Mekgeden çykyp gaýdan zenanalardan hoşlaşyk togaby aýrylýar.

Hoşlaşyk togaby zyýarat togabyndan soňra berjaý edilýär. Zyýarat togabyndan soňra edilen ähli togap hoşlaşyk togaby hasaplanylýar. Mekgeden çykyp, mikat araçäklerini geçmedikçe, onuň wagty tamamlanmaz.

Mekgeden çykan bolsa-da, mikat araçäklerini geçmedik bolsa, şol adam ýene Mekgä gaýdyp gelse, hoşlaşyk togabyny berjaý edip biler.

Eger mikat araçäkleriniň daşyna çykan bolsa, onda gaýdyp gelmegi hökman däldir. Jerime gurbanlygyny keser. Ýöne mikat araçäginden çykandygy üçin, ihramly görnüşde yzyna gaýdyp gelse we umre ybadatyny

berjaý edeninden soňra hoşlaşyk togabyny etjek bolsa, onda jerime gur- banlyk hökman däldir.

Hoşlaşyk togabyny berjaý edeninden soňra, Harem-i Şerife girip namaz okamak ýa-da togap etmek üçin päsgelçilik ýokdur. Bu ýagdaýda iň soňky berjaý edilen togap hoşlaşyk togaby bolýar.

Togabyň hakyky ýerine düşmeginiň şertleri

1.Niýet hökmany şertdir. Niýetsiz edilen togap ýerine düşmez. Ýöne togabyň görnüşini (kudum, zyýarat ýa-da hoşlaşyk togaby ýaly) bellemek hökman bolman, eýsem umumy togap niýeti ýeterlik hasap edilýär.

2.Togaby Harem-i Şerifiň içinde we Käbäniň daşynda berjaý etmek. Metjidiň daşyndan aýlanmak togap hasap edilmeýär.

3. Öwrümleriň köpüsini, ýagny iň azyndan dördüsini berjaý etmek. Öwrümiň sanyny ýedä ýetirmek parz däldyr, wajypdyr. Ýöne dört öwrümden soňra kem galan her öwrüm üçin gaýtalamak hökmandyr. Sünnet we nafile togaplarda gaýtalamak hökman däldir.

4.Haj bilen baglanyşykly togaplaryň her birini öz bellenilen wag- tynda berjaý etmek.

Togabyň wajyplary

1.Täretli bolmak: täretsiz togap eden adam Mekgede bolan wagtynyň içinde togaby gaýtalar. Şeýlelikde, kemçiligini tamamlar. Zyýarat togabyny täretsiz berjaý eden adam baýram günlerinde onuň öwezini dolsa, onda gaýtalamak hökman däldir. Eger zyýarat togabyny baýram günlerinden başga wagt gaýtalap berjaý etse, Ebu Hanifä görä, jerime gurbanlygyny kesmelidir. Eger täretsiz görnüşde zyýarat togabyny eden bolsa, ony täretli görnüşde gaýtadan berjaý etmän, ýurduna gaýdan bolsa, onda ýene jerime gurbanlyk kesmelidir.

2. Setr-i awret: zenan we erkek üçin namazda örtülmegi wajyp bolan uýat ýerlerini ýapmak.

Parz we wajyp togaplarda uýat hasaplanylýan organlaryndan biriniň dörtden biri ýa-da ondan köpüsi açylan bolsa, onda jerime gurbanlygy kesmelidir. Dörtden birinden az bolsa, onda hiç zat hökmany däldir. Beýleki togaplarda sadaka ýeterlikdir.

3.Togap berjaý edilýärkä, Käbäni sol tarapyna alyp aýlanmak.

4.Togaba Hajeri Ewsetden ýa-da şonuň deňinden başlamak.

5.Togaba Käbäniň gyrasyndaky hatim daşyndan başlamak, çünki hatim daşy hem Käbä degişlidir.

6. Zyýarat, umre we hoşlaşyk togaplaryny ýedi öwrüm bilen tamamlamak.

7.Togaby, kynçylygy yok bolsa, ýöräp aýlanmak bilen berjaý etmeli. Ýarawsyzlyk ýa-da garrylyk ýaly sebäp bar bolsa, onda ýörite taýýarlanylan tagty-rowana münüp (hakyna tutma iki adamyń omzunda agajyń üstünde äkitmekleri), togap etmek hem bolar.

8.Togap namazyny okamak: togabyň haýsy görnüşi bolsa bolsun, tapawudy ýok, iki rekagat togap namazyny okamak hökmanydyr.

Togabyň bu wajyplaryndan haýsy hem bolsa biri sebäpsiz ýere berjaý edilmese, onda togap ýerine düşmez, gaýtadan ýerine ýetirilmelidir. Togap täzeden berjaý ediljek bolsa onda jerime gerek bolmaýar.

Togabyň sünnetleri

1.Togapda-da edil namazda bolşy ýaly, bedende ýa-da egin-eşikde namaza päsgel boljak hapa bolmaly däldir.

2.Togaba başlan wagtyňda Hajeri Ewsede ýa-da onuň deňine “Rükn-i Ýemany” (Ýemen burçy) ugrundan girmek.

3. Hajeri Ewsedi istilam etmek. (Istilam etmek: Hajeri Ewsedi elläp ýüzüňe sylmak we öpmek diýmekdir. Togaba başlan wagtyňda we her bir öwrümi tamamlap, onuň deňine geleniňde we togap namazyndan soňra Hajeri Ewsede dönülýär, namaza duran ýaly tekbir we teklil aýdylyp, elleriňi galdyryp üstüne goýulýar we öpülýär. Hajeri Ewsede başga adamlary rahatsyz etmezden ýakynlaşmak mümkin bolmadyk halatynda uzakdan Hajeri Ewsede dönüp, owuçlaryň içini Käbä tarap öwürmeli. Elleriňi gulaklaryň deňine getirip galdyrmaly “Bismillah Allahü Ekber” diýip, Hajeri Ewsede salam berilmeli we sag eliň owujyny öpmeli.)

“Rükni Ýemanide” şeýle görnüşde istilam edilýär, ýöne öpülmeýär. El degrip, ýüze sylmak üçin ýakynlaşyp bolmadyk halatynda uzakdan yşarat etmek ýoly bilen hem ybadat edilmeýär. Bu sünnet däldir, adaty sogapdyr. Beýleki rüknlerde istilam ýokdur.

4.Yztyba etmek. “Yztyba” bilden ýokara saralýan ihramyň bir ujuny sag eliň goltugynyň aşagyndan geçirip, sol egniň üstüne atyp, sag egni we gerşiňi açyk görnüşde galdyrmakdyr.

Remel (Remel: erkekleriň togabyň ilkinji üç öwrüminde gysga ädimler bilen ýüwrüp eginlerini silkeläp çalasyn ýöremekleridir.) hereketiniň berjaý edilmegi zerur bolan togaplaryň ähli öwrümlerinde “yztyba” sünnetdir. Togap gutaranda eginler örtülýär. Togap namazy egin örtülen görnüşde okalýar.

5.Togabyň ähli öwrümlerini dynç alman, yzygiderli görnüşde berjaý etmek.

Togap berjaý edilýän döwründe namaz üçin kamat ýa-da täret bozulsa, şeýle hem togaby mundan beýäk dowam etdirmäge mümkinçilik bolmadyk ýagdaý dörese, onda togap edilýän ýerinde goýbolsun edilip, namaz okalandan, täret alynandan ýa-da beýleki amatsyz ýagdaý aýrylandan soň, togabyň öňki galan bölegi berjaý edilip tamamlanylýar.

6.Erkekler mümkin boldugyça Käbä ýakynlaşmak, zenanalar bolsa erkekleriň arasyna garyşmajak görnüşde togap etmek.

Togabyň sünnetleriniň sebäpsiz ýere taşlanylmagy mekrudyr. Başga görnüşde jerime hem hökman däldir.

Togabyň berjaý edilişi

Haýsy togap berjaý ediljek bolsa, şoňa niýet edilmeli we Rükni Ýemani tarapyndan Hajeri Ewsede ýa-da onuň deňine gelmeli. Tekbir we teklil aýdylyp, Hajeri Ewsedi öpmeli ýa-da garşysynda durup ýüze sylmaly we doga okamaly, soňra togaba başlamaly. Her bir öwrümiň başynda Hajeri Ewset ýüze sylynanyndan soňra dogany gaýtalamaly.

Ýedi öwrüm gutarýança ýer bar bolan halatynda Makamy Ybraýymda, eger ýer ýok bolsa, onda haýsy hem bolsa bir ýerde iki rekagat namaz okamaly we soňundan hem doga etmeli.