Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Haj we umre günäleri

Bu ýerdäki günä ihram we harem sebäpli edilmegi gadagan işler bilen baglanyşyklydyr.

Haj ýa-da umrede günä hasaplanýan iş edilen wagtynda jerime bermek zerurdyr. Berjaý edilen işiň günä bolup-bolmadygyny bilmek ýa-da bilmezlik arasynda tapawudyň bolmaýşy ýaly, bilgeşleýin, ýalňyşlykdan, unutmaklykdan, isläp ýa-da zorluk bilen berjaý etmegiň arasynda-da tapawut ýokdur.

“Kyran” hajylygyny niýet eden adam ihram üçin gadagan edilen zatlardan birini eden ýagdaýynda biri umre, beýlekisi hajylygyň ihramy üçin, jemi iki sany günä edendigi üçin iki sany-da jerime bermegi zerurdyr.

Umre togabynyň täretsiz görnüşde berjaý edilmegi ýa-da hoşlaşyk togabynyň goýbolsun edilmegi ýaly diňe hajylygyň wajyplaryndan birini goýbolsun eden adam “kyran” hajylygyna niýet eden hem bolsa, bir jerime bermäge mejburdyr.

A)  Haj ýa-da umreni bozup kazasy berjaý edilmeli günäler

1.Hajylyk üçin ihrama girilenden soňra, Arafat wakfesinden öň jynsy gatnaşykda bolmak. Bu adamyň hajylygy bozulýar. Ýöne bozulan bu hajy taşlaman, tutuş görnüşde tamamlamasy we ondan soňra-da ýyllaryň birinde kazasyny berjaý etmesi we eden günäsi sebäpli bir goýun ýa-da geçi gurbanlyk etmegi hökmanydyr.

2.Umre üçin ihrama girilenden soňra, togabyň iň azyndan dört öwrümini gutarmazdan jynsy gatnaşykda bolmak. Şeýlelikde, umresi bozulan bu adamyň umreni gutarmagy, eden günäsi sebäpli bir goýun ýa-da geçi gurban bermegi we bozulan umreniň kazasyny berjaý etmegi hökmanydyr.

B)  Bedene (düýe ýa-da sygyr gurbanlygy) jerimeli günäler

1.Arafat wakfesinden soňra, ýagny saç-sakal syryp, ihramdan çyk- mazdan öň jynsy gatnaşykda bolmak. (Arafatda wakfe ybadatyny berjaý edeninden soňra, ýöne heniz saç-sakal syryp, ihramdan çykmazdan öň, jynsy gatnaşykda bolan adamyň Hanefi messebinden beýleki üç messeplerde-de hajy bozulan hasaplanylýar. Hanefi messebinde hajy bozulman, bedene (düýe ýa-da sygyr) gurbanlygyny bermegi hökmanydyr.)

2. Zyýarat togabyny jünüp (şerigata görä arassaçylygy, suwa düşüp, arassalanmagy talap edýän ýagdaýy bolan) görnüşde berjaý etmek. Zenanalaryň aýbaşy we çaga dogurmak bilen baglanyşykly ýagdaýlary hem şuňa girýändir.

Ç) Dem (goýun ýa-da geçi gurbanlygy) jerimeli günäler

Bular hem hajylygyň wajyplaryndan birini goýbolsun etmek, gijikdirmek ýa-da ihram gadaganlaryna tabyn bolmazlyk bilen baglanyşykly günälerdir, bularyň iki sany görnüşi bardyr:

a)Hajylygyň wajyplaryndan birini goýbolsun etmek ýa-da öz wagtynda berjaý etmezlik bilen baglanyşykly günäler

1. “Mikaty” (bellenilen araçäk) ihramsyz geçmek. Eger haj ýa-da umre ybadatyndan hiç biri ýerine ýetirmän, yzyňa dönüp, ihrama girilse, onda jerime hökman däldir.

2.Saýyň hemmesini ýa-da iň azyndan dört öwrümini goýbolsun etmek.

3. Müzdelife wakfesini saý-sebäpsiz görnüşde berjaý etmezlik. Kesel, ýarawsyzlyk, garrylyk ýa-da dyknyşyk sebäpli Müzdelifede wakfe ybadatyny berjaý etmeýänlere jerime hökman däldir.

4.Şeýtan daşlamagy berjaý etmezlik ýa-da bir gün zyńylmagy zerur bolan daşlaryň ýaryndan köpüsini zyńmazlyk.

5.Zyýarat we umre togabynyň soňky üç öwrümini ýa-da diňe biri berjaý etmezlik.

6.“Mikat” çäginiň daşyndan gelen hajylaryň hoşlaşyk togabyny goýbolsun etmegi ýa-da köpüsini, ýagny dört we ondan köp öwrümini berjaý etmezligi.

7.Zyýarat ýa-da umre togabyny täretsiz, hoşlaşyk ýa-da kudum togabyny jünüb görnüşde ýerine ýetirmek. (Beýleki üç messepde: hadesden täret, towabyň hakyky bolmalydygynyň şertidir, şonuň üçin, täretsiz berjaý edilen towap hakyky däldir.). Zyýarat ýa-da umre togabyny täretsiz, hoşlaşyk we kudum togabyny jünüb görnüşde ýerine ýetirenden soňra bulary boýtäret ýa-da ýönekeý täret alyp, gaýtadan berjaý eden adama jerime hökman däldir.

8. Arafatdan gün dogmazdan öň aýrylmak. (Şafilere görä, gün batanýança Arafatda durmak sünnetdir, şoňa görä, gün batmazdan öň Arafatdan aýrylan adama jerime gurbanlyk wajyp bolmaz.)

9. Zyýarat togabyny saý-sebäpsiz görnüşde baýram günlerinden soňra ýerine ýetirmek.

10.Ihramdan çykmak üçin Harem etrabynyň daşynda ýa-da baýram günlerinden soňra saç-sakal syrmak. (Şafi, Hanbeli messepleri bilen Ebu Ýusufa görä, ihramdan çykmak üçin baýram günlerinden soňra ýa-da Harem etrabynyň daşynda saç-sakal syrmak bilen jerime gurbanlyk kesmek hökman däldir.)

11.Bellenilen tertibe boýun bolmazlyk. Başgaça aýdylanda, Gurban baýramynyň birinji güni Akabe jemresine daş zyńma, gurbanlyk çalma we saç-sakal syrma hyzmatlaryny ýa-da ybadatlaryny belli bolan tertibine görä berjaý etmek wajypdyr. Bu düzgün-tertip bozulsa, onda jerime gurbanlyk hökmanydyr. (Beýleki üç messep bilen Ebu Ýusuf we Muhammede görä, tertip wajyp däl, sünnetdir. Şoňa görä, munuň biri bozulsa, jerime gurbanlyk hökman däldir.)

b) Ihrama degişli gadagan edilen zatlara boýun egmezlik bilen baglanyşykly günäler

1.Bir gezekde we şol bir ýerde göwräňe ýa-da tutuş bedeniňe hoşroý atyr sepmek. Bir organyň tutuşlygyna däl, eýsem belli bir bölegine atyr sepilse, onda sadaka (hudaý ýoluna bir zat paýlamak manysynda) bermek ýeterlik bolar.

2.Bir organa ýag çalmak ýa-da bezeg üçin hyna ýaly boýag bilen boýamak. Saglyk bilen baglanyşykly derman, mehlem ýa-da yssyz ýaglar üçin hiç hili jerime hökman däldir.

3.Tutuş bir günüň ýa-da gijäniň dowamynda egin-eşik, jorap ýa-da topuklary ýapyk aýakgap geýmek, başy we ýüzi örtmek. Tutuş bir gün ýa-da gije bolman, az wagtlyk geýlen ýa-da örtülen eşik üçin sadaka (hudaý ýoluna bir zat paýlamak manysynda) bermek ýeterlik bolar.

4.Saç, sakal ýa-da organyň beýleki käbir ýerlerini syrmak. Saç ýa-da sakalyň, şeýle hem organyň beýleki käbir ýerleriniň dörtden bir böleginden az mukdarynyň syrylmagy sadaka (hudaý ýoluna bir zat paýlamak manysynda) bermekligi talap eder.

5.Şol bir ýerde we bir saparda bütin dyrnaklary ýa-da bir eliň, bir aýagyň dyrnaklarynyň hemmesini kesmek.

Öz-özünden gopan ýa-da döwlen dyrnaklar üçin hiç zat gerek däldir. Bir eldäki ýa-da aýakdaky dyrnaklaryň hemmesiniň däl-de, eýsem belli bir bölegi kesilse, onda şolaryň her biri üçin sadaka bermek zerurdyr.

6.Saç-sakal syryp, ihramdan çykylanyndan soňra, ýöne zyýarat togabyny berjaý etmezden öň jynsy gatnaşykda bolmak.

7.Ihramlykaň jynsy gatnaşyga alyp barjak hereketler etmek (aýalyňy aşa derejede öpmek, gysby görnüşde tutmak, oýnaşmak …ýaly hereketler etmek).(Mäliki messebine görä, jynsy gatnaşyga alyp barýan herketler edilse, hajylyk bozulýar. Beýleki messeplerde bolsa bozulmaýar.)

Aşa köp derejede gözügidijilik bilen seretmek we oýlanmak netijesinde emele gelen boşalma ýagdaýynda-da jerime hökman däldir.

Kem-käslik, ýarawsyzlyk sebäpli ihrama degişli gadagan edilenlere boýun bolmazlyk

Haýsydyr bir kem-käslik we ýarawsyzlyk sebäpli ihrama degişli gadagan edilen zatlara boýun bolmaýan (mysal üçin, hassalygy sebäpli ihrama girmeýän ýa-da kellesini syrdyran) adam erkindir, islese, Harem etrabynda jerime gurbanlygyny çalar, halasa-da dileg eden ýerinde yzly-yzyna ýa-da wagtal-wagtal üç gün agzyny bekläp, oraza tutar, ýa bolmasa, alty sany garyp-gasary ertir-agşam alty günläp doýurar ýa-da 6 sany garyba pitre sadakasyny berer.

D) Pitre sadakasy çemesi sadaka bermäge mejbur eden günäler

1.Endamyň tutuşlygyna däl, eýsem belli bir bölegine hoşroý atyr sepmek ýa-da ýag çalmak.

2.Ihramly wagtyňda kellesiniň, sakalynyň ýa-da kellesiniň dörtden bir böleginden az mukdaryny syrmak.

3.Tutuş bir gün ýa-da tutuş bir gijeden az wagt tikilen egin-eşik, topuklary ýapyk bolan aýakgap geýmek ýa-da başyňy örtmek.

4.Bir eliň ýa-da bir aýagyň dyrnaklaryndan bir bölegini kesmek, bäşden az mukdaryny kesmek, ýa bolmasa, bir eliň ýa-da bir aýagyň dyrnaklarynyň hemmesini aýry-aýry ýerlerde, üýtgeşik wagtlarda kesmek. Bu ýagdaýda her bir dyrnak üçin aýratyn sadaka bermek zerurdyr.

5.Kudum, hoşlaşyk ýa-da haýsydyr bir nepil togaby täretsiz berjaý etmek.

6.Hoşlaşyk togabynyň ýa-da saýynyň dördünji öwrümden soňky öwrümlerini taşlamak. Kem galan ýa-da taşlanan her bir öwrüm üçin aýry görnüşde sadaka bermek zerurdyr. Kudum togabynda bolsa taşlanan öwrümler üçin hiç zat berilmeýär.

7. Jemrelere kem daş zyńmak. Kem zyńylan her bir daş üçin aýry görnüşde sadaka bermek zerurdyr.

8.Başga biriniň saç-sakalyny syrmak. Bu adam hala ihramly, hala ihramsyz bolsun, asla tapawudy ýokdur. Başga birine tikilen egin-eşik geýdireniň ýa-da atyr sepeniň bilen baglanyşykly hiç gerek (?-www.nejatdin.de) däldir.

Harem etrabynyň awlary we ösümlikleri bilen baglanyşyk ly günäler

Harem etraby bilen baglanyşykly gadagan edilen zatlar diňe ihramly adamlar üçin däldir. Bu etrabyň awlarynyň awlanmagy, öz-özünden ýetişen gök agaçlaryň, baglaryň, otlaryň, ösümlikleriň kesilmegi ýa-da goparylmagy hemmeler üçin (ihramly ýa-da ihramsyz) haramdyr.

Harem etrabynyň awlaryny awlaýan adam öz gadyr-gymmatyny gaçyrar, şol çykdajynyň gymmatyna görä sadaka bermegi zerurdyr. Munuň ýerine oraza tutmak dogry bolmaz. Harem etrabynda öz-özünden ýetişen gök agaçlary, baglary, otlary, ösümlikleri kesen ýa-da goparan adamyň şolaryň bahasyny sadaka görnüşde garyp-gasarlara bermegi zerurdyr. Eýesiniň kesmegi bolsa hiç zady talap etmeýär. Adamlar tarapynda ekilen, oturdylan agaçlaryň ýa-da ösümlikleriň goparylandygy sebäpli ýörite jerime hökman däldir.

GURBANLYK (HEDIÝ)

Hajylykda we umrelikde çalnan gurbanlyklara “hediý” diýilýär. Hediý gurbanlygy boýnunyň borjy bolanlar  “Ifrad” hajylygyny berjaý edenleriň hajda gurbanlyk çalmalary wajyp däldir. Özleri isleseler, nepil görnüşde gurbanlyk çalyp bilerler.

“Temettu” ýa-da “kyran” hajylygyny berjaý edenleriň bolsa “hediý” gurbanlygyny bermekleri wajypdyr. “Hediý” gurbanlygy gurban baýramynda çalnan gurbanlyk ýaly, düýe, sygyr we dowar ýaly mallaryň jynsyndan bolýar. Düýe we sygyr ýedi adam üçin, dowar bolsa bir adam üçin çalynýar. Şärikleriň hemmesiniň gurbanlyk niýeti bilen gatnaşmagy hökmandyr. Olaryň hemmesiniň niýetleri ybadat bolmak şerti bilen, bir böleginiň adaty gurbanlyga, bir böleginiň şükür gurbanlygyna, jerime gurbanlygyna ýa-da nepil gurbanlyga niýet etmegi bilen gatnaşmagy mümkindir.

Ýaşy ýa-da kemçiligi babatdan gurbanlyk hasap edilmejek mallar “Hediý” gurbanlygy hökmünde kabul edilmeýär.

Wajyp bolan “Hediý” gurbanlyklarynyň: şükür, jerime, aýdylan ýaly görnüşleri bardyr.

“Temettu” ýa-da “kyran” hajylygy ybadatyny berjaý edenleriň çalan gurbanlygyna “şükür gurbanlygy” diýilýär. Hajylyk ybadatynyň wajyplaryndan biriniň goýbolsun edilmegi sebäpli çalnan gurbanlyga bola “jerime gurbanlygy” diýilýär. Hajylyk ýa-da umrelik ybadaty üçin ihrama girip, soňra ýarawsyzlygy, pulunyň ýitmegi ýaly dürli sebäpler bilen hajylyk ybadatyny dowam etdirip bilmändigi üçin wakfe ýa-da togap etmezden ihramdan çykmaklyga mejbur bolan adamyň çalan gurbanlygyna “ihsar gurbanlygy” diýilýär. Harem etrabynda çalynmak üçin söz we niýen edilen gurbanlyga “aýdylan gurbanlygy” (nezir) diýilýär.

“Hediý” gurbanlygynyň kesiljek ýeri

“Hediý” sözi, Käbä we Harem etrabyna sowgat (hediýe) edilen gurbanlyk diýen manyny aňladýandygy sebäpli, isle wajyp bolsun, hala nepil bolsun, tapawudy ýok, ol Harem etrabynyň araçäkleriniň içinde çalynýar.

“Hediý gurbanlygynyň” haýsy görnüşi bolsa bolsun, tapapuwy ýok, Harem etrabyndan başga ýerde çalynjak bolsa (muňa nepil berilýän gurbanlyk degişli bolmaýar), olaryň Harem etrabyna degişli ýerlerde berilmegi ýerlikli hasaplanylýar. Oraza barada: munuň üçin belli bir ýeriň bolmagy we yzly-yzyna tutulmagy ýaly şerti ýokdur. Sadaka hem şonuň ýalydyr, nirede berilse, şol ýerde hem hakyky hasaplanylýar.

“Hediý” gurbanlygynyň kesiljek wagty

“Temettu” we “kyran” hajylygy ybadatyny berjaý edenleriň çalmagy wajyp bolan “şükür gurbanlygyny” baýramyň birinji güni daň ýeriniň agarmaga başlamagyndan baýramyň 3-nji gününde günüň batýan döwrüne çenli çalmaklary wajypdyr. Bu bellenilen süräniň içinde çalynman, ondan soňraky bir wagta galdyrylsa, onda “jerime gurbanlygy-da” zerur hasaplanylýar. (Ebu Ýusuf we ymam Muhammede görä, jerime hökman däldir. Sebäbi, olara görä, “şükür gurbanlygynyň” baýram günlerinde çalynmagy wajyp däl, sünnetdir. Şükür gurbanlygynyň öz wagtyndan soňa galdyrylmagy mekru bolsa-da, hiç hili jerimäni talap etmez. Şafi messebinde “temettu” we “kyran” gurbanlygynyň jerime gurbanlygy hasaplanylýandygy üçin, bularyň çalynmagy üçin belli bir wagt ýokdur. Bellenilen wagtdan öň hem çalnyp bilnişi ýaly, şol wagtdan soň hem çalynmagy ýerliklidir. Baýramyň 4-nji güni gün batýança çalynmagy sünnetdir.)

“Kyran” we “temettu” gurbanlygyndan beýleki gurbanlyklaryň çalynmagy üçin belli bir wagt ýokdur. Harem etrabynyň çäkleriniň içinde bolmak şerti bilen, islendik wagt hem çalnyp biler.

“Hediý” gurbanlygynyň etleri

“Temettu” we “kyran” hajylyk ybadatyny berjaý edýänleriň çalmagy hökmany bolan gurbanlygynyň we nepil gurbanlygyň etlerinden gurbanlyk eýeleri, baý, garyp, gysgaçasy, her kim iýip biler. “Jerime gurbanlygy” bilen “ihsar gurbanlygynyň” etlerinden şol gurbanlygynyň eýleri bilen eklenji garamagyna alanlar we gurply barlylar iýmezler, onuň garyp-gasarlara paýlanylmagy zerurdyr. Eger şol gurbanlygyň etinden iýjek bolsalar, onda şonuň bahasy möçberinde sadaka bermekligi zerurdyr. (Şafi messebinde “temettu” we “kyran” hajylygy ybadatyny berjaý edenleriň çalmagy hökmany bolan gurbanlyklary jerime gurbanlygy hasaplanýandygy üçin, etleri garyp-gasarlara paýlanylýar, şol gurbanlygyň eýeleri bilen barly adamlar onuň etinden iýmezler.)

Gurbanlyk ýerine oraza

“Temettu” we “kyran” hajylygy ybadatyny berjaý edýän adam gurbanlyk üçin mal tapmadyk ýagdaýynda, on gün oraza tutup, agzyny beklär. Üç gününi hajylyk döwründe, galan ýedi gününi-de ýurduna gaýdyp geleninden soňra tutar. Hajylyk döwründe üç günlük orazany baýramdan öň tutmadyk halatynda, onda hökmany suratda gurbanlyk zerurdyr. Üç gün oraza tutanyndan soňra, gurbanlyk çalma günleriniň içinde, saç-sakal syryp, ihramdan çykmazdan öň, gurbanlyk tapsa, oraza ýeterlik bolmaz. Gurbanlygy çalmagy hem zerurdyr. Saç-sakal syryp, ihramdan çykanyndan soňra, gurbanlyk tapjak bolsa, onda oraza ýeterlik bolup, gurbanlyk çalmagy hökman däldir.

Ihsar

Ihsar (gysgaltma manysynda) hajylyk ýa-da umrelik üçin ihrama giren adamyň Arafat wakfesinden we togapdan galdyrylmagydyr. Duşman, pulsuzlyk, ýarawsyzlyk, pulunyň ýitmegi, zenananyň ýakynynyň ýogalmagy ýaly hajylyk ybadatyny ýa-da togap we wakfe ybadatlaryny berjaý etmeklige mümkinçilik bermeýän ähli päsgelçilikler ihsaryň sebäbi bolup biler. (Hanefiden beýleki messeplerde ihsar diňe duşmanyň döredýän päsgelçiligi bilen emele gelýär.)

Ihsar sebäbi bilen Arafatda wakfe ybadatyny berjaý etmekden we togapdan alnyp galynan adam “ihsar gurbanlygyny” çalyp, ihramdan çykýar. “Ihsarly” adam “kyran” hajylygy üçin ihrama giren bolsa, hem hajylyk hem-de umrelik üçin iki sany aýry-aýry “ihsar gurbanlygyny” çalmagy zerurdyr. “Ihsar gurbanlygyda” şükür gurbanlygy ýaly Harem etrabynda çalynmalydygy sebäpli, “ihsarly” adam Harem etrabyndan daşarda bolsa, onda gurbanlygyny ýa-da onuň bahasyny Harem etrabyna iberer we şol ýerde “hediý gurbanlygy” kesilýänçä ihramly görnüşde garaşar. Gurbanlygyň çalynmagy bilen saç-sakal syrmasada, ihramdan çykan hasaplanar. (Şafi messebine görä, “ihsar gurbanlygy” “ihsarlynyň bolýan ýerinde” çalynýar. Harem etrabynda çalynmagy hökmany şert däldir. Ýöne “ihsar gurbanlygynyň” çalynmagy bilen ihramdan çykan hasap edilmez. Saç-sakal alanyňdan soňra çykylar.)

“Ihsar” sebäbi bilen ihramdan çykylan haj ýa-da umreniň amatly we oňyn bir wagtda kaza edilmegi zerurdyr. Hajylyk üçin ihrama girenler hem haj, hem-de umre, “kyran” hajylygy üçin ihrama girenler bolsa bir haj, iki umre; diňe umre üçin ihrama gerenler bolsa bir umre kaza ybadatyny berjaý ederler.

Hajdan gijä galmak (Fewat)

Hajylyk ybadatyny berjaý etmek üçin ihrama giren adam arefe güni öýländen baýram güni daň ýeri agaryp başlan wagtyna çenli sähel salym üçin hem bolsa, Arafatda bolmadyk ýagdaýynda, ol adam hajdan gijä ga- lan hasaplanylýar. Bu adam;

a.“ifrad” hajylygy üçin ihrama giren bolsa, onda ol umre ybadatyny berjaý edip, ihramdan çykar, geljek ýyllarda hajylygy kaza eder.

b.“temettu” hajylygy üçin ihrama girip, umre ybadatyny berjaý edenden soňra hajylyk üçin niýetlenen bolsa, onda ýene bir umre edip, ihramdan çykar we geljek ýyllarda hajylygy kaza eder.

ç. “kyran” hajylygy üçin ihrama girip we umre ybadatynyň togap we saýyny ýerine ýetiren bolsa, ikinji bir umre ybadatyny berjaý edip, ihramdan çykar. Eger umre togaby we saýyny berjaý etmedik bolsa, ilki umre ihramyndan çykmak üçin togap we saýy ybadatlaryny ýerine ýetirer, soňra-da hajylyk ihramy üçin togap we saýy ýerine ýetirer we saç-sakal syryp, ihramdan çykar. Ondan soňraky ýyllarda hajylygy kaza eder.

Hajylygyň öwezi

Ybadatlar üç sanydyr:

1.Diňe beden bilen berjaý edilýän ybadatlar: namaz we oraza mysaly. Munuň ýaly ybadatlarda başga biriniň wekilçiligi ýerlikli däldir.

2.Diňe mal, pul, haryt bilen berjaý edilýän ybadatlar: zekat,pitre sadakasy we gurbanlyk mysaly. Munuň ýaly ybadatlarda başga biriniň wekilçiligi ýerlikli hasap edilýär.

3.Hem beden hem-de mal, pul, haryt bilen berjaý edilýän ybadatlar: hajylyk mysaly. Bu ybadatda ejizlik ýa-da mejburylyk halatynda wekilçilik ýerlikli bolup biler. (Mäliki messebinde bolsa, haýatda diri bolan adam başga birine wekilçilik esasynda hajylyk ybadatyny berjaý etdirmegi hem ýerlikli däl, hem-de hakyky bolup bilmez.)

Ybadaty hut özi ýerine ýetirip biljek ýagdaýda bolanlar üçin bu düzgün ýörgünli we ýerlikli däldir.

Eger wesýet etmedik bolsa, mirasdüşerler wekil ibermeklige jogapkär däldirler. (Şafi we Hanbeli messeplerinde wesýet şerti ýokdur. Wesýet bolmasa-da, mirasdüşerleriň öwezine ibermegi wajypdyr.) Ýöne mirasdüşerleriň tutuş ýa-da bir bölek harajadyny özleri tölemek bilen wekil iberip, hajy etdirmekleri bilen şol adamyň hajylyk öwezi ödenen hasap edilýär. Hasam tiresinden bir zenana hoşlaşyk hajylyk ýylynda pygamberimize gelip:

“Eý, Resulylla, Allanyň gullaryna hajylyk bilen baglanyşykly buýrugy kakama ýarawsyzka, aýagulaga münüp bilmejek derejesindekä gelip ýetdi. Onuň öwezine men gidip, hajylyk ybadatyny berjaý etsem, şol ybadat ýerine düşermikä?” diýip sorady. Pygamberimiz: Hawa, bolar” diýip, jogap berdi. (Buhary, Haj, 1–2; Müslim, Haj, 713.)

Başga bir rowaýatda bolsa Jüheýne tiresinden bir zenana pygamberimize gelip:

“Ejem pahyr, haj etmegi ýüregine düwüpdi, ýöne haj etmezden aradan çykdy. Onuň öwezine haj edip bilermikäm?” diýip sorady. Pygamberimiz:

“Hawa, haj et. Ejeň öz boýnunda bergisi bar bolsa, sen ony tölemezdiňmi? Edil şonuň ýaly edip, Allanyň hakyny hem ödäň. Çünki, Allanyň haky ödenmäge has mynasypdyr” (Buhary, Jeza-us-Saýd, 22.) diýip, jogap beripdir.

Özüne hajylygyň ybadaty birinji gezek parz bolan ýyly haj ybadatyny berjaý etmek üçin ýola çykyp, hajylyk ybadatyny berjaý etmezden, ýolda aradan çykan adamyň öz adyndan haja öwezine ibermekligi üçin wesýet etmegi hökman däldir.

Ýöne özüne hajylyk parz bolan ýyly hajylyk ybadatyny etmän, ondan soňky ýyllarda hajylyk ybadaty üçin ýola çykyp, ýolda aradan çykan adamyň öwezine ibermegi wesýet etmekligi wajyp bolar.

Parz bolan haj üçin öwezine ibermekligiň şertleri

Başga biriniň adyndan öwezine iberilen adamyň berjaý eden hajylygy şol adamyň üstündäki parz bolan haj borjunyň hakyky görnüşde ýerine salnyp bilinmegi üçin şeýle şertler zerurdyr:

1.Wekil hökmünde haj eden ihrama giren wagtynda, özüni iberen adamyň adyndan niýet etmelidir. Çünki, wekil öz adyndan däl, biriniň öwezine hajylyk ybadatyny berjaý edýär. Tüýs ýüregi bilen niýet etmekligi ýeterlikdir. Şonuň ýaly hem dili bilen “Pylan kişi üçin niýet etdim we ihrama girdim, pylanynyň adyndan telbiýe etdim” diýip aýtmagy ýerliklidir.

2.Hajylyk özüne parz bolan adamyň hajylyk ybadatyny berjaý etmekden asgyn we ejiz bolmagy şertdir. Saglygy gurat bolup, özüniň hajylyk ybadatyny berjaý etmäge güýji ýetjek bolsa, onda öwezine wekil ibermegi ýerlikli hasap edilmeýär.

3. Adyndan haj ediljek adamyň ejizligi we asgynlygy ömrüniň soňuna çenli dowam etmelidir. Ölüminden öň ejizligi ýa-da asgynlygy aýryljak bolsa, öwezine giden wekiliň hajy ýeterlik bolman, onuň hut özüniň haj etmegi zerurdyr. (Hanbelilere görä, ejizligi we asgynlygy aýrylsa-da, öwezine giden wekiliň eden hajy ýeterlikdir.)

4.Adyndan haj ediljek adama haj parz bolmalydyr. Özüne haj parz bolmaýan garyp adamyň adyndan wekil tarapyndan edilen haç nepil bolar. Bu adama soňra haj parz bolsa, onuň özüniň haj ybadatyny ýerine ýetirmegi, ejiz we asgyn bolsa, onda öwezine wekil ibermegi zerurdyr.

5. Başga birini öwezine wekil etmezden öň, ejizliginiň we asgynlygynyň bolmagy şertdir. Özi haj edip biljek ýagdaýdaka, birini öwezine wekil edip iberenden soň, ejize we asgyn ýagdaýa düşse, onda onuň adyndan edilen haj ýeterlik däldir, öwezine gaýtadan wekil ibermegi hökmanydyr.

6.Wekiliň harajadynyň, çykdajysynyň hemmesi ýa-da köp bölegi iberen tarapyndan tölenmelidir. Mirasdar we mirasdüşer bolan adam öz puly bilen hajylyk ybadatyny edip biler we etdirip biler.

7.Adyndan haj ediljek adam haýsy hajylygy isleýän bolsa, wekil şol hajy etmek üçin “mikatda” ihrama girmelidir. “Ifrad” hajylygyny berjaý etmek üçin iberilen wekil ilki umre ybadatyny berjaý eder, soňra Mekgeden haja niýet etjek bolsa, bu ybadat ýerlikli bolmaz.

Eger wekile “ifrad” hajylygyny berjaý etmek tabşyrylan bolsa, ol hem “kyran” hajylygy berjaý etjek bolsa, bu hem ibereniň adyndan ýerine düşmez. (Ebu Ýusuf we ymam Muhammede görä bolsa, ýerine düşer diýlip hasaplanylýar.)

Iberen adam ediljek haj babatda hiç zat aýtmadyk bolsa, diňe haj yba- datyny berjaý et diýen bolsa, onda şol wekiliň “ifrad” hajylygy ybadatyny berjaý etmegi zerurdyr. Iberen adam wekiline “öz isläniňi berjaý et” diýen bolsa, onda wekil öz islegine görä hajylyk ybadatyny berjaý edip biler.

Aradan çykan adam (?) öz adyndan hajylyk ybadatyny wesýet eder, onuň üçin harajadyň mukdaryny ýa-da ihrama giriljek ýeri belli eden bolsa, şol ýerde ihrama giriler. Ihrama giriljek ýer belli edilmedik bolsa, onda bolan ýerinden wekiliň iberilmegi zerurdyr.

8. Adyndan haj ediljek adam öz adyndan haj etmekligi wekilden haýyş etmelidir. Başga biriniň adyndan rugsat ýa-da wesýet edilmezden berjaý edilen haj şol adamyň parz bolan hajylygy hasap edilmez, ýöne mirasdar munuň çägine girmeýär. Aradan çykan adamyň mirasdüşeri wekil hökmünde öz adyndan haj etse ýa-da öwezine iberip, haj etdirse, aradan çykanyň hajy ýerine salnan hasaplanylýar.

9. Wekil üçin baha goýulmaly däldir, çünki haj ybadatdyr. Ybadatlar bolsa baha biçilip, berjaý edilmeýär. Ýöne wekil harajatlary we çykdajysy üçin alan pulyny tygşytly görnüşde sarp eder. Artykmaç galanyny bolsa gaýdyp gelende eýesine gaýtaryp berer. Eger artan puly iberen adam şol wekile sowgat hökmünde hödürlese, bu ýerde ylalaşmaklyga garşy bolan ýagdaý ýokdur.

10.Wekil hökmünde iberilen adam akylly we kämillik ýaşyna ýeten bolmalydyr. Düşbi we agy-garany oňat saýgarýan ýetginjegiň hem wekil edilip iberilmegi ýerliklidir.

Öwezine iberiljek adamyň öň haj eden bolmagy esasy şert däldir. Ýöne öň hajylyk ybadatyny berjaý eden adam bolsa has amatlydyr. (Şafi we Hanbelilere görä, öwezine iberiljek adamyň öň özi üçin hajylyk ybadatyny berjaý eden bolmagy şertdir.)

11.Wekil aýagulaga münüp haj etmelidir. Aýagulagyň bahasyny özüne alyp, pyýada haj etjek bolsa, öz adyndan haj etdigi boljakdygy sebäpli, alan pulyny gaýtaryp berer.

12.Wekil bellenilen adam hajylygy hut özi etmelidir. Wekiliň haj etmek üçin alan puluny haýsydyr bir sebäp bilen başga birine berip, ony hem özüne wekil etmekligi ýerlikli däldir. Ýöne bu babatda özüne jogapkärçilik berlen bolsa, onda ýerliklidir.

Nepil görnüşde başga biriniň adyndan haj ybadatyny berjaý etmek hakynda aýdylanda bolsa, bu ýerde diňe wekiliň musulman bolmagy, akylly, düşbi, agy-garany oňat saýgarýan bolmagy we hajyň ýörite pul berlip edilmezligi esasy şertlerdir.

HEZRETI PYGAMBERIŇ GUBURYNA ZYÝARAT

Ýer ýüzüniň iň mukaddes we gadyr-gymmatly hasaplanylýan ýeri Medinede bolup, ol hem hormatly pygamberimiziň jaýlanylan guburydyr. Şoňa görä onuň guburyny (“Gabry şerifini”) zyýarat etmek örän haýyrly we sogap iş hasaplanylýar.

Aslynda haja gidip-de, pygamberimiziň guburyny we onuň göç eden ýurdyny hem-de yslamyň älem-jahana ýaýran ýeri bolan Medineýi Münewweri zyýarat etmeýän bir musulmany göz öňüne getirmek bolarmy?

Bir çykgynsyz ýagdaý bolaýmasa, musulmanyň şeýle uly mertebeden we ruhy taýdan beýik buýsançdan özüni mahrum edip biljekdigi hakynda oýlanmak asla mümkin däldir.

Hormatly pygamberimiziň jaýlanylan gubury (“Gabry şerifi”) hakynda ençeme hadyslar bardyr. Şolaryň biri şeýle nusgadadyr: Ibn Omaryň (radyýallahu-anhuma) rowaýatyna görä, pygamberimiz şeýle diýipdir:

 “Kimde-kim meniň guburyma zyýarat etse, hökmany ýagdaýda şepagatym ýeter”. (Keşful-Hafa, 2/250; Beýrut, 1351. Hadysy Taberany we Darekutny aýdypdyr.)

Pygamberimiziň metjidinde namaz okamagyň ähmiýeti hakynda şeýle diýip aýdylypdyr: “Meniň şu metjidimde okalan namaz (Mekgedäki) “Metjidi Haramdan” beýleki metjitlerde okalan müň namazdan-da haýyrlydyr”. (Buhary, Mekge wel-Medine, 1; Haj, 94.) Şonuň üçin haja giden her bir musulmanyň hajdan öň ýa-da soň Medinä-de gidip, pygamberimiziň guburyna (“Gabry şerifine”) zyýarat etmek we onuň metjidinde namaz okamak peýdalanylmagy zerur bolan iň amatly pursatlardyr.  

Zyýaratyň usuly we edebi

“Medineýi Münewwere” uzakdan görnen badyna: “Allahym, bu ýer seniň pygamberiňiň haremidir, wahyýnyň inen mübärek ýeridir. Bu ýeri maňa Jähennemden pena, azap bilen hasapdan ynamly hana öwür” diýip doga edilýär.

Medenide bolunjak ýere goş-golaňlaryny ýerleşdiren adam, mümkin bolsa, boýtäret alar, mümkinçilik bolmasa, adaty täret alar. Arassa egin eşiklerini geýer, hoşroý atyr seper, “salatü salam” aýdyp, edep we sypaýyçylyk bilen “Metjidi Sadete” gider.

Ýerliksiz wagt däl bolsa, onda iki rekagat “tehiýýatül-metjit” okar. Dileg eden dogalaryny aýdar. Soňra edep we sypaýyçylyk bilen pygamberimiziň guburyna (“Gabry Sadete”) golaý barar. Pygamberimiziň mübärek başujunda ýüzüni pygamberimize öwrüp durar we onuň bilen baglanyşykly salam we dogany okar. Ondan soňra bir metr çemesi sag tarapa süýşüp, hezreti Ebu Bekiriň (r.a.) başujunda durar, salam we dogadan soňra ýene bir metr çemesi süýşüp hezreti Omaryň (r.a.) başujuna geler, salam we doga okanyndan soňra Resul-y Ekremiň başujuna gelip, kybla garşy durar we bu ýerde-de doga okar. Ondan soňra Rawzai Mutahhara geler, şol ýerde dileg eden dogalary we ep-esli wagtlap “salat-ü salamy” aýdar.

Pygamberimiziň guburyna Beýtullaha togap eden ýaly togap etmek ýerlikli däldir. Gubury ellemek ýa-da öpmek mekrudyr. Medineýi Münewwerede galynan wagtda, bäş wagt namazy “Metjidi Sadetde” okarlar. Boş wagtlaryny-da kaza we nepil namaz okap we Gurhan okap geçirerler.

Medineýi Münewwereden gaýtmakçy bolnanda, metjide gidiler, iki rekagat namaz okalar we doga edilip, ondan soňra gaýdylar.(Bu zyýaratlarda okaljak dogalar Hajylar üçin gollanmada bardyr.)