Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Ötünçli hasaplanýanlaryň ýagdaýy

Täreti bozan zadyň bir namaz wagty kesilmeden dowam etmekligine “ötünçlilik” diýilýär.

Peşewiň dowamly, arasy üzülmeden yzygiderli gelmegi, burundan ýa-da ýaradan yzygiderli gan akmagy bir hassalyk sebäpli göz, gulak we göwüsden gelen akyndy ötünçlilik hasaplanyşy ýaly, öň aýdyp geçişimiz ýaly ötünçlilik ganyda zenan maşgalalar üçin ötünçlidir. Özünde şeýle ýagdaýlar bolan adama “ötünçlilige eýe bolan adam” diýilýär.

Bu ötünçliliklerden biri täret alyp, namaz okamaklyga çenli bir süre dynman, namaz wagtynyň başyndan soňuna çenli dowam etse we ondan soňraky her bir namaz wagtynda-da bu ötünçlilik azyndan bir gezek ýüze çyksa, onda şol adam ötünçlilige eýe bolan adam hasaplanylýar.

Eger ötünçlilik bir namaz wagtynyň içinde ýüze çykmasa, onda ol ýagdaý aradan aýrylýar we ötünçlilige eýe bolmakdan çykýar. Eger ötünçliligi dowam etse,onda täret alar we bu täret bilen şol namaz wagtynyň içinde – başga bir zat bilen täreti bozulmasa- isledigiçe parz we beýleki namazy okap bilşi ýaly, kaza galan namazlaryny, jynaza we baýram namazlaryny-da okap biler, şeýle hem mukaddes Gurhany-da tutup biler.

Namaz wagty çykanynda ötünçlilik eýesi bolanyň täreti bozular. Meselem, gün doganynda ertir namazynyň wagty çykanyndan onuň täretide bozulan hasaplanylar. Namaz wagtynyň girmegi bilen täret bozulmajakdygy sebäpli gün doganyndan soňra baýram we guşluk namazlary üçin täret alan adam bu täret bilen öýle namazyny okap biler.

Ötünçli bolan adamdam akan gan, iriň, we peşew egin-eşigine degse, muny ýuwsa-da, akyndynyň dowam edýändigi sebäpli ýene hapalanjakdygyny bilse, ony ýuwmagy hökman däldir. Gaýtadan degmejek bolsa, onda ony ýuwmaklygy zerurdyr.