Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » Hajyň wajyplary

a.       Saý etmek.

Safa bilen Merwe diýlen iki depäniň arasynda ýedi gezek gidip gelmekdir. Safa bilen Merwäniň aralygyna saý edilen ýer manysyna “mesa” diýilýär.

Saýyň hakyky ýerine düşmeginiň şertleri

1.Saýyň haj ýa-da umre üçin ihrama girilenden soňra berjaý edilmegi.

Ihrama girmezden öň berjaý edilen saý hasap edilmeýär.

Ýöne haj saýynyň ihramly görnüşde berjaý edilmegi hökman şert däldir. Ihramdan çykylanyndan soňra hem berjaý edilip bilner.

Haj üçin ihrama giren adam haj saýyny Arafat wakfesinden öň berjaý etse (bolup biler, ýerliklidir), onda ihramly bolmagy hökmanydyr. Arafatdan gaýdyşyn zyýarat togabyndan soňra berjaý etse, ihramsyz görnüşde berjaý eder. Sünnete laýyk gelýäni-de hut şonuň ýalydyr.

Umre saýynyň bolsa umre togabyndan soňra, heniz saç-sakal syrmazdan ihramly görnüşde berjaý edilmegi wajypdyr.

Umre togabyndan soňra saý etmezden saç-sakal syran adam ihramdan çykan hasaplanylýar. Saç-sakal syrdykdan soňra ihramsyz görnüşde berjaý edilen saý ýerlikli hasaplanylýar. Ýöne wajyp terk edilendigi üçin jerime gurabanlygy kesmek zerurdyr.

2.Saýyň sap we hakyky görnüşde edilen togapdan soňra berjaý edilmegi. Sap we hakyky görnüşde edilen togap munuň özi ähli kir-kimirden tämizlenip berjaý edilen togapdyr.Togapdan öň edilen saý hakyky hasaplanmaýar.

3. Saýy Safadan başlap, Merwede tamamlamak.Merweden başlanjak bolsa, onda şol öwrüm dogry bolmaz, gaýtadan berjaý edilmelidir.

4. Haj saýynyň haj aýlarynda berjaý edilmegi.Haj aýlaryndan öň haj üçin ihrama girmek ýerliklidir. Ýöne haj bilen baglanyşykly beýleki çäreleriň haj aýlary başlamazdan berjaý edilmegi dogry bolmaz.

Saýyň wajyplary

1.Saýy dört öwrümdem soňra ýedi öwrüm görnüşinde tamamlamak.

2.Saýy ýöräp, pyýada görnüşde berjaý etmek. Ýöne haýsydyr saglyk ýagdaýy sebäpli mümkinçiligi bolmaýan adam araba münüp saýyny berjaý edip biler. Munuň ýaly ýagdaýda jerime hökman däl.

Saýyň sünnetleri

3.Saýy togapdan soňra arakesme bermän, yzygiderli görnüşde berjaý etmek.

4.Saýdan öň Hajeri Ewsede tagzym edip, ýüzüňe sylyp Safa depesine gitmek.

5.Saýyň öwrümlerini arakesme bermän, yzygiderli görnüşde berjaý etmek.

6. Saýy täretli görnüşde berjaý etmek.

7.Bedende we egin-eşiginde namaza päsgel döretjek kir-kimiriň, hapaçylygyň bolmazlygy.

8.Her öwrümde Safa we Merwe depeleriniň Käbäniň görlüp bilinjek ýerlerine çenli çykmak.

9.Her öwrümde Safa we Merwede ýüzüňi Käbä öwrüp tekbir, tehlil aýtmak we doga okamak.

10.Erkekleriň Safa we Merwe depeleriniň arasynda ýaşyl yşyk bilen şöhlelendirilen sütünleriň arasynda “herwele” etmek, ýagny gysga ädimler bilen ylgap ýöremeleri (zenanalar “herwele” etmezler).

11.Saý berjaý edilýän wagtynda tekbir, tehlil aýtmak we doga okamak bilen meşgul bolmak.

Ybadatdaky bir sünnet mümkinçilikleriň çäklerinde berjaý ediler, mümkinçilik bolmadyk ýagdaýynda goýbolsun ediler. Her öwrümde Safa we Merwe depeleriniň Käbäniň görlüp bilinjek ýerlerine çenli çykmak sünnetdir. Ýöne dyknyşyk sebäpli bu sünneti berjaý etjek diýip beýleki adamlary biynjalyk etmek dogry bolmaz we sünnet goýbolsun ediler.

Saýyň berjaý edilişi

Togapdan soňra Hajeri Ewsed ýüze sylynyp, Safa depesine çykylar. “Allahym! Seniň razylygyň üçin Safa bilen Merwe arasyndaky 7 haj öwrümini (ýa-da umre öwrümini) berjaý etmek isleýärin. Özüňden medet we muny kabul et” diýip niýet edilýär.

Safa depesinde Käbä öwrülip tekbir, tehlil aýtmak we “salawaty şerife” okalar. Elleriň ýokary galdyrylyp doga edilýär we Merwä tarap ýörelip başlanýar.

Erkekler ýaşyl yşyk bilen şöhlelendirilen sütünleriň arasynda “herwele” berjaý ederler.Merwede Käbä ýüz öwrülip, tekbir, tehlil aýdylar, “salawat-y şerif” okalar. Eller ýokary galdyrylyp, doga ediler. Şeýdip, saýyň birinji öwrümi tamamlanar. Şeýle görnüşde Safadan Merwä dört gidiş, Merweden Safa bolsa üç yza gaýdyş edilip, öwrüm tamamlanylýar.

Haj üçin ýa-da umre üçin, tapawudy ýok, saý bir sapar berjaý ediler, goşmaçasy bolmaýar. Munuň üçin her togapdan soňra saý berjaý edilmeýär.

Haj saýynyň zyýarat togabyndan soňra berjaý edilmegi has sogaplydyr. Ýöne zyýarat togabyndan soňra dyknyşyk boljakdygy üçin Arafata çykmazdan öň, haýsydyr bir nepil togapdan soňra-da berjaý edilip biler.

Temettu hajy (bähbitlilik hajy) berjaý edýänler barada aýdylanda bolsa, olar umre ybadatyny tamamlanlaryndan soňra, ihramdan çykarlar. Saýy bolsa diňe ihramda wagtyndaka berjaý edip bilerler.

Temettu hajy (bähbitlilik hajy) berjaý edýän adam zyýarat togabyndan öň haj saýyny ýerine ýetirmekçi bolsa, “terviýe güni” (arefe gününden bir gün öň) ýa-da ondan has öň haj üçin ihrama gireninden soňra nepil bir togap ybadatyny berjaý eder, soňra-da hajyň saýyny ýerine ýetirer.

b. Müzdelifede wakfe etmek

Müzdelife harem araçäginde bolup, Arafat bilen Minanyň arasynda ýerleşýän ýeriň adydyr. Hajylar “arefe güni” gün batanyndan soňra Arafatdan bu ýere gelerler. Bu ýerde agşam we ýassy namazlary ýassy wagtynda bilelikde okalýar. Muňa “Jemi Tehir” diýilýär we wajypdyr. (Şafilere görä, Müzdelifede agşam we ýassy namazlarynyň “jemi tehir” görnüşde okal- magy sünnetdir.)

Agşam we ýassy namazlary Arafatda we ýolda okalmaýar. Eger okaljak bolsa, onda ýassy wagty çykmazdan Müzdelifä gelnen bolsa, gaýtadan okalmagy zerurdyr. (Ymam Ebu Ýusufa görä, Arafatda ýa-da ýolda agşam namazyny okamak mekrudyr. Ýöne okalan bolsa, gaýtalap okamak hökman däl.)

Ýöne Müzdelifä gelmezden Arafatda ýa-da ýolda ýassy wagtynyň çykjakdygyndan gorkulsa, onda agşam we ýassy namazlary Müzdelifä gelmezden öň okalar.

Müzdelifede agşam we ýassy namazlaryny “jemi tehir” bilen okamak üçin haj üçin ihramly bolmak, arefe gününi baýram gününe birleşdirýän gije Müzdelifede bolmak we ýassy wagty giren bolmak esasy şertdir.

 “Jemi tehir” ybadaty berjaý edilýän döwründe iki parz arasynda sünnet okalmaz. Şoňa görä agşamyň sünneti bilen ýassynyň birinji sünneti galdyrylar.

Iki wagtyň namazy bir azan we kamat bilen okalar. Ýassy namazy üçin aýratyn azan we kamat hökman däldir.

Ýassynyň parzyndan soňra iki rekagat sünnet bilen witir okalar.

Müzdelifede wakfe

Müzdelife etrabynyň – Muhassir jülgesinden başga, her ýerinde wakfe etmek ýerliklidir. Ýöne Kuzeh dagynyň üstünde ýerleşýän depe bolan “Meşari Haram” diýilýän ýeriň ýakynynda wakfe etmek sünnetdir.

Muhassir – Müzdelife bilen Minanyň arasynda ýerleşýän bir jülge bolup, bu ýerde wakfe ybadatyny berjaý etmek dogry däldir.

Müzdelife wakfesiniň hakyky bolmagy üçin ihramly bolmak, Arafat wakfesini berjaý eden bolmak we Gurbanlyk baýramynyň birinji güni daň ýeri agaranyndan başlap günüň dogmagyna çenli bolan salymyň içinde berjaý edilmegi şertdir. (Henefilerden başga messeplere görä, Müzdelifede wakfeniň wagty arefe gününi baýram gününe birleşdirýän gijedir. Şonuň ýaly-da: a) Mälikilere görä, günüň batmagyndan daň ýeriniň agarmagyna çenli gijäniň haýsy hem bolsa bir wagtynda Müzdelifede berjaý ediljek wakfe ýeterlikdir; b)Şafi we Hanbelilere görä, gijäniň ýaryndan başlar. Gije ýaryndan soňra gysga wagt hem bolsa şol ýerde bolanlar, hatda şol ýerden geçenler wakfe ybadatyny berjaý eden hasaplanylýar. Müzdelifede wakfeni terk eden adam jerime gurbanlygyny keser. Ýöne ýarawsyzlyk ýa-da garrylyk sebäpli bolsa, onda oňa degişli däldir. Dyknyşyk sebäpli wakfeni goýbolsun eden zenanalara-da jerime gerek däldir.)

Gijäni Müzdelifede geçirmek sünnetdir. Baýramyň birinji güni şeýtan daşlamak üçin daşlaryň şol ýerden ýygnalmagy sogapdyr. Müzdelife wakfesinden soňra gün dogmazdan Minä hereket ediler.

Şol wagtyň dowamynda sähelçe wagt hem bolsa şol ýerde bolanlar (goý, ol oýa ýa-da ukuda bolsun, wagtlaýyn özünden giden bolsun, tapawudy ýok) wakfe ybadatyny berjaý eden hasaplanylýar.

Müzdelife wakfesiniň sünnetleri

1. Müzdelifede agşamlamak.

2. Wagt girer-girmez ertir namazyny okamak.

3.Ertir namazyndan soňra telbiýe, tekbir, tehlil, doga we “essapyralla” ýaly tekbirleri gaýtalamak bilen meşgullanyp, töwerek ýagşy aýdyňlanýança wakfe ybadatyny uzatmak.

4.Mümkin boldugyça, wakfe ybadatyny “Meşari Haramyň” golaýlarynda berjaý etmek.

5.Töwerek ýagşy aýdyňlanandan soňra gün dogmazdan Minä hereket etmek.

ç. Şeýtan daşlamak

Şeýtan daşlamak baýram günlerinde Minede ýerleşýän “Kiçi jemre”, “Orta jemre” we “Akabe jemresi” diýlip atlandyrylýan daş üşmeklerine owunjak daşlary taşlamakdyr we hajyň wajyplaryndan biridir.

Daş daşlamanyň wagty

Daş zyňmaklygyň wagty baýramyň dört günüdir.

Baýramyň birinji güni diňe “Akabe jemresine” daşlanylýar. Munuň wagty daň ýeriniň agarmaga başlamagyndan baýramyň ikinji güni şol wagta çenli bolan süredir. (Şafi we Hanbelilere görä bolsa gijäniň ýaryndan soň başlanýar.)

Baýramyň ikinji we üçünji günleri üç jemräniň hemmesine daşlanylýar.

Baýramyň 2-nji we 3-nji günleri daşlamaklygyň wagty günüň süýr depä gelmeginden başlap, ertir daň ýeriniň agaryp başlamagyna çenli bolan süredir. Öýleden öň daş zyňylmagy bolsa jaýyz hasaplanylmaýar. (Ebu Hanifeden baýramyň 2-nji we 3-nji günlerinde daşlaryň öýländen öň hem daşlanyp bilinjekdigi baradaky gürrüň aýdylsa-da, meşhur bolan rowaýat daşlaryň öýländen soňra daşlanmagy bilen baglanyşyklydyr.)

Baýramyň dördünji güni günüň batmagy bilen daşlamaklygyň wagty gutarýar diýlip hasaplanylýar.

Şeýtan daşlamaklygyň hakyky bolmagynyň şertleri

1. Daşlary jemrelere eliň bilen daşlamak. Daşlary ýaý ýa-da aýak bilen zyňmaklygyň hakyky bolmaýşy ýaly, el bilen goýmaklyk hem dogry däldir.

2. Daşlanan zatlaryň toprak jysyndan bolmagy. Agaç, demir ýaly zatlary zyňmak dogry bolmaz. (Beýleki messeplerde daşdan başga bir zadyň zyňylmagy dogry däldir.)

3.Daşlaryň hemmesini birbada däl, eýsem ýeke-ýekeden zyňmak. Hemmesi birden daşlanylsa, onda diňe bir daş zyňylan hasaplanylar.

4. Daşlary daş ýygynlarynyň üstüne ýa-da ýanyna düşürmek. Daş ýygynlarynyň uzagyna düşen daşlar zyňylan hasap edilmeýär. Olaryň ýerine gaýtadan zyňylmagy zerurdyr.

5.Daşlaryň zyňylan ýere şol daşy zyňan adamyň hereketi netijesinde ýetmegi. Zyňylan daş bir ýere düşenden ýa-da degenden soňra şol ýeriň täsiri bolmazdan zyňylan ýere ýetse, onda ol hakyky hasaplanylýar. Eger biriniň gerşine ýa-da kellesine degip, şol adamyň hereketi netijesinde, täsiri bilen barmaly ýere ýetse, onda şol daş hakyky zyňylan daş hökmünde hasaplanylmaýar, gaýtadan zyňylmagy zerurdyr.

6. Güýji ýetýän bolsa, daşlary hökmany hut özüniň zyňmagy. Eger daş zyňmaga gurbaty bolmaýan ýarawsyzlar başga birini wekil edip, şoňa zyňdyryp bilerler.

7. Daşlary bellenilen wagtyň dowamynda zyňmak.

Şeýtan daşlamagyň sünnetleri

1.Daşlary ýakynlaşyp, 3,5 metr aralykdan zyňmak.

2. Ýedi daşy yzly-yzyna zyňmak.

3. Her bir daşy zyňanyňda, “Bismillahi Allahü Ekber” diýmek.

4.Baýramyň 2-nji we 3-nji günlerinde ilki kiçi, soňra orta, ahyrdada Akabe jemrelerine nobatyna görä daş zyňmak.

5. Zyňylan daşlar çen bilen nohutdan uly, pisseden kiçi bolmaly.

Şeýtany daşlamagyň mekrulary

1. Ulurak daş bolsa ýa-da bir daşy döwüp ondan birnäçe daş edip zyňmak.

2. Jemrelere zyňlyp ýygnanan daşlardan alyp zyňmak.

3. Bir jemreýe şol bir günde ýediden köp daş zyňmak.

4. Arassa bolmaýan (hapa, kir-kimirli) daşlary zyňmak.

5.Jemreleriň arasyndaky tapawutlary hasaba almazlyk.

Zyňyljak daşlaryň sany

Baýramyň birinji güni diňe Akabe jemresine 7 sany daş zyňylar. Baýramyň 2-nji we 3-nji günleri bolsa üç jemrelere-de her birine 7 sany, jemi 21 sany daş zyňylýar.

Şeýtan daşlama

Zyňyljak daşlar Müzdelifede ýygnalýar we ýuwulýar. (Daşlaryň Müzdelifeden ýygnanylmagy hökmany däldir. Müzdelifeden ýygnanyp bilşi ýaly, Minä gelinýärkä ýoldan, Mineden we beýleki bir ýerden hem alnyp biler. Diňe jemlerde ýygnanan daşlary alyp zyňmak mekrudyr.)

Baýram gününiň ir ertiri Minä gelnen wagty Akabe jemresine gidilýär. Mine sag tarapa we Mekge sol tarapa düşer ýaly edilip, jemrä ýakynlaşylýar we durulýar. Ondan soňra jemrä ýedi sany daş zyňylýar. Her bir daş

“Bismillahi Allahu Ekber, ragmen liş-şeýtani we hizbihi” diýip zyňylýar we durman şol ýerden gaýdylýar. Birinji daşyň zyňylmagy bilen “telbiýe” kesilýär we ondan soňra “telbiýe” aýdylmaýar. Zyňylýan daş ýerine ýetmese ýa-da uzaga düşse, onda gaýtadan zyňylýar.

Baýramyň 2-nji we 3-nji günleri öýländen soňra tertip boýunça ilki kiçi, soňra orta, ahyrynda-da Akabe jemresine şol bir nusgada her birine 7 sany daş zyňylýar. Kiçi we orta jemrelere daş zyňylandan soňra, başga adamlara päsgel bermejek görnüşde bir ýerde durulýar we doga edilýär. Ýöne Akabe jemresine daşlar zyňylandan soňra ol ýerde durulmaýar, derrew şol ýerden uzaklaşylýar. Eger Minede dördünji gün hem galynjak bolsa, şol görnüşde jemräniň her birine 7 sany daş atylyp, jemi 21 sany daş zyňylýar.

Şeýtan daşlamany gijikdirmek

Ýokarda hem belläp geçişimiz ýaly, şeýtan daşlamak wajypdyr. Daşlama günleri-de baýramyň dört günleridir. Wagtynda zyňylmaýan daşlar daşlama döwrüniň içinde kaza hökmünde berjaý edilýär. Baýramyň dördünji güni günüň batmagy bilen daşlama süresi tamamlanýar. Mundan soňra daşlama berjaý edilmeýär.

Daşlar wagtynda zyňylmajak bolsa, onda jerime gurbanlyk kesilýär. Öz wagtynda zyňylmadyk daşlar zyňyljak sürede kaza görnüşinde berjaý edilse-de, ýene jerime gurbanlyk zerur hasaplanylýar. (Ymam Ebu Ýusuf we Muhammede görä, wagtynda zyňylmaýan daşlar daşlama süresi gutarmazdan kaza edilse, jerime hökman däldir. Şafi we Hanbelilere görä bolsa, wagtynda zyňylmaýan daşlar baýramyň 4-nji güni gün batmazdan zyňylan halatynda ýerlikli hasap edilýär we jerime gerek bolmaýar.)

Şeýtan daşlamada ynamdar wekilçilik

Daşlaryny özleri zyňyp bilmeýän ýarawsyzlar, garrylar we maýyplar amatly hasaplan adamlaryny ynamdar wekil edip bellärler we şolara daşlaryny zyňdyrýarlar.

Garrrylar bilen zenanalar dyknyşyk sebäpli gündiz daş zyňmaga mümkinçiligi bolmasa, gije hem atyp bilerler. Gije daşlaryny özleri zyňmaga mümkinçiligi bolanlaryň ynamdar wekil bellemekligi dogry hasap edilmeýär. Sebäbi, wekilçilik ejizlik, ýarawsyzlyk bilen baglanyşyklydyr. Daş zyňma süresinde haýsydyr bir amatly wagtda daş atmaklyga güýji ýeten we muňa mümkinçiligi bolan adam wekil bellemez.

Wekil bolanlar ilki öz daşlaryny, soňra bolsa wekil bolan adamlarynyň daşlaryny zyňarlar. Artykmaç bolan daşlar zerur bolan adamlara berilýär ýa-da amatly bolan bir ýerde goýulýar. Artykmaç daşlaryň jemrelere zyňylmagy mekrudyr.

Minede galmak

Baýramçylyk günlerinde Minede gijelemek sünnetdir. (Şafilere görä, baýram günlerinde Minede gijelemek wajypdyr. Goýbolsun edilse, bu sebäpli jerime gurbanlyk zerurdyr. Ýöne ýarawsyz bolan, ýarawsyzy bolan adamlar Minede galmaýan bolsa, oňa hiç zat gerek däldir.)

d. Saçlary syrmak ýa-da gysgaltmak

Artykmaç hasaplanylýan saçlary syrmak ýa-da gysgaltmak hem haj we umreniň wajyplaryndandyr. (Şafiler görä, saçlary syrmak ýada kesmek wajyp däl, rükündir, ýagny parzdyr.) Bu ýagdaý zenanalara degişli däldir, ihramdan çykmak üçin diňe saçlaryň ujundan bir mukdar keserler.

Täretde bolşy ýaly, erkekler azyndan başyň dörtden birini syrarlar ýa-da saçlarynyň ujundan kesip gysgaldarlar. (Şafi messebinde saçdan iň az üç sany taryň kesilmegi ýa-da gysgaldylmagy ýeterlikdir.) Kelläniň tutuşlygyna syrylmagy ýa-da saçlaryň hemmesiniň gysgaldylmagy bolsa sünnetdir.

Saçlary syrmagyň wagty we ýeri

Hajda saçlary syrmagyň ýa-da gysgaltmagyň wagty gurbanlyk kesme günleridir. Munuň ýeri-de Harem etrabydyr.

Baýram günleri gutaranyndan soňra we şeýle hem Harem etrabynyň araçäkleriniň daşynda saç syrmak bilen ihramdan çykan hasap edilýär, ýöne jerime zerurdyr. (Haj üçin ihrama giren adam wagtyndan öň, ýagny baýramyň birinji güni daň ýeri agarmagyndan öň syrynsa, onda ihramdan çykan hasaplanylmaýar, ihram boýunça günäkär bolýar. Ymam Ebu Ýusuf bilen ymam Muhammet, ymam Şafi we Ahmet ibn Hanbele görä, saçlary syrmaklygyň ýa-da gysgaltmaklygyň gurbanlyk kesme döwründe bolmagy wajyp däl, sünnetdir. Soňa galdyrylsa-da jerime gerek däl, diňe sünnete eýerilmedik hasaplanylýar. Ymam Ebu Ýusuf we Zufere görä, saç syrmaklygyň harem etraby çäkleriniň içinde bolmagy wajyp däl, sünnetdir. Araçägiň daşynda bolmagy üçin hem jerime hökman däldir. Sünnet goýbolsun edilen hasaplanylýar.) Ýöne syrynmadyk ýagdaýynda ihramdam çykan hasap edilmeýär.

Saçlary syrmak bilen beýleki ybadatlaryň yzygiderliligi

Baýramyň birinji güni Müzdelifeden Minä gelnen wagtynda tertip boýunça Akabe jemresine 7 sany daş zyňylýar. Peýda we bähbit hajy üçin niýet edenler gurbanlyk keserler we saç-sakalyny syryp, ihramdan çykarlar. Soňra Mekgä gidip zyýarat togabyny berjaý ederler.

Minede ilki şeýtany daşlama, soňra gurbanlyk kesme, onuň yzyndan bolsa saç-sakal syryp, ihramdan çykma ybadatlarynyň şol yzygiderlilik tertibi boýunça berjaý edilmegi wajypdyr. Eger bu tertip bozulan halatynda jerime gurbanlyk zerurdyr. (Ymam Ebu Ýusuf, ymam Muhammet bilen Şafi, Mäliki we Hanbelilere görä bolsa bu tertip wajyp däl, sünnetdir. Eger bu tertibe boýun bolunmasa-da jerime hökman däl, diňe sünnet goýbolsun edilen hasaplanylýar.)

Ýöne zyýarat togabynda şol tertibi saklamak wajyp däl, sünnetdir. Togaba degişli bolan ybadatlaryň öň ýa-da soň berjaý edilmegi mekru bolsa-da, hakyky hasap edilýär we jerime-de hökman däldir.

Saç-sakgal syrmaklygyň ýa-da gysgaltmaklygyň ähmiýeti

Saçlary syrmak ýa-da gysgaltmak bilen ihramdan çykylýar we jynsy gatnaşykdan başga gadagan edilen zatlar öz güýjüni ýitirýär. Jynsy gatnaşyk babatdaky gadaganlyk bolsa zyýarat togaby berjaý edilýänçä dowam edýär. Zyýarat togabynyň berjaý edilmegi bilen bu gadaganlyk-da tamamlanýar.