Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » YBADAT

Ybadat Allatagala hormat bilen boýun egmek we onuň emirlerini berjaý etmek diýmekdir. Ybadat hormat goýmagyň we boýun bolmaklygyň iň ýokary derejesidir. Şeýle derejedäki hormat diňe Allatagala mahsusdyr. Çünki bizi ýaradan we dürli nygmatlar berip ýaşadan oldur. Eger şeýle bolýan bolsa onda hormat we boýun bolmaklygyň iň ýokary derejesi bolan ybadat bütin barlygymyzy özüne borçly bolan beýik Allanyň hakydyr. Ybadatyň ruhy niýetdir. Kalbyň tutuşlygyna Alla ugrukmagy we oňa süňňi bilen baglanmagydyr. Ruhsuz bedeniň bir işe ýaramaýşy ýaly, niýetsiz ybadatyň hem peýdasy ýokdur. Şol sebäpli ybadatyň hem beden hem-de ruh bilen, ýagny tutuş barlygymyz, süňňümiz bilen buýsançly we hakyky bir niýetli görnüşünde berjaý edilmegi hökmanydyr.