Baş sahypa« IKINJI BÖLÜM YBADAT » YSLAM

Yslam Hz.Muhammediň (s.a.w.) Alla tarapyn getiren anyk görnüşinde bilnen zatlary tüýs ýürekden tassyk edip, olardan işdir hereketler bilen baglanyşykly bolanlaryny berjaý etmekdir. Yslam diniň ähli düzgünleridir hökümlerini tüýs ýürekden ynanyp, ony ikirjiňlenmän kabul etmekdir, bu ynanjyny dili bilen hem aýdyp, zerur bolan zatlary ýerine ýetirmekdir. Yslam sözüniň manysyndan-da düşünilişi ýaly musulmanlyk diňe bir ynanç düzgünnamasy däldir, şol bir wagtyň özünde-de ynanjyň zerur bolan dini emirlerini we ybadat wezipelerini berjaý edip, şol ynananlaryňy söz hem-de hereketleriň bilen görkezmeklikdir.

Yslamyň şertleri:

Pygamberimiz şeýle diýip belleýär:  

“Yslam bäş sany esasy sütüniň üstünde gurlandyr: Alladan başga hiç hili taňrynyň bolmadygyna, Muhammediň (aleýhissalam) Allanyň pygamberidigine şaýatlyk etmek, namaz okamak, zekat bermek, haja gitmek we Oraza aýynda oraza tutmakdyr.”(Buhary, Iman 2; Müslim, Iman 5).

Bu hadysy-şerifden hem anyk belli bolşy ýaly, yslamyň şertleri bäş sanydyr. Bular:

1. Kelime-ýi şehadet:kelemäňi öwürmek ýa-da şaýatlyk andyny aýtmak:Alladan başga gulluk ediljek ylahyň (ynanç, taňry) bolmadygyna, Hz. Muhammediň Allanyň pygamberidigine güwä geçip, şaýatlyk etmekdir. Bu manyny özünde birleşdirýän, süňňünde saklaýan “Kelime-ýi şehadeti” şaýatlyk andyny dili bilen aýtmakdyr. Yslamyň birinji şerti bolan kelemäňi öwürmek manysyndaky şaýatlyk andy şeýledir:

“Eşhedü en lailahe illellah we eşhedü enne Muhammeden abdühu we resulüh.” Şaýatlyk andy ýürekdäki imanyň dil üsti bilen aýdylmagydyr.

2. Namaz okamak:Ýetginjeňlik ýaşyna ýeten we akylly-başly bolan her bir musulmanyň günde bäş wagt namaz okamagydyr.

3. Zekat bermek:Barly bolan musulmanlaryň mal we pullarynyň belli bir mukdaryny her ýyl garyp-gasarlara bermekleridir.

4. Haja gitmek:Ýene güýji ýetenleriň, mümkinçilikleri bolanlaryň ömürlerinde bir sapar hajylyk wezipesini berjaý etmekleridir.

5. Oraza tutmak:Ýetginjeklik ýaşyna ýeten we akylly-başly bolan musulmanlaryň her ýyl Oraza aýynda oraza tutmagydyr, agyzlaryny beklemegidir. Yslamyň beýleki dört sany şerti bolan namaz, oraza, zekat we haç mundan soňky bölümlerde giňişleýin görnüşde beýan ediljekdir.