Maslahat berýäris
"Yslamy öwreniş gollanmasy" kitabynyň asyl nusgasyny PDF durkynda şu salgydan indirip bilersiňiz.
بِسْمِ اللهِ الرَّحْمنِ الرَّحِيمِِ

Iýmit-bedenimiziň azygy, ylym bolsa ruhumyzyň azygydyr. Maddy iýmitini almaýan, nahar iýmeýän adam wagtyň geçmegi bilen ölýän bolsa, ruhuny ýeterlik derejede maglumatlar bilen üpjün etmeýän adam-da ruhy taýdan aç galar we ruhy ömür tanapy çüýrär. Turuwbaşdan, birinji buýrugy “Oka!” bolan dinimiz bilime, ylyma uly sarpa goýupdyr. Pygamberimiz: “Ylym öwrenmek her bir musulmana parzdyr” (Ibn Maje, Mukaddime, 17.) diýip, ylym-bilimiň musulmanlar üçin ähmiýetlidigini beýan edipdir. Beýik Allatagala mukaddes Gurhanda:  “Şeýle diýip aýtgyn: “Heý-de, bilenler bilen bilmeýänler deň bolup bilermi?” (Zümer, 9.) diýipdir we alym bilen jahylyň (nadanyň) deň derejede goýulmajakdygyny beýan edipdir. Çünki, ylym yşykdyr, aýdyňlykdyr. Jahyllyk, nadanlyk bolsa garaňky tümlükdir. Elbetde, aýdyňlyk bilen tümlük asla deň däldir we olary bir hatarda hem goýup bolmaz. Ylym-bilim öwrenmekde ýaş taýdan asla çäk ýokdur. Musulman sallançakdan başlap, tä mazara çenli maglumat edinmäge, ylym öwrenmäge jogapkärdir. Ylmyň kimden we nireden öwreniljekdigi hakynda-da ýörite salgy berilmändir, tersine alnyp bilinjek her ýerden öwrenilmegiň gerekdigi beýan edilipdir. Pygamberimiz bu meselede saýlap aljak ýolumyzy görkezip, şeýle diýipdir:“Ylym munuň özi musulmanyň ýitigidir, ony nireden tapsa, şol ýerdenem alar.” (Ajluny, Keşful-Hafa, j.1, s.363.) Bu dünýäniňem, ahyretiňem bagtlylygynyň açary ylymdyr. Sebäbi, ylymsyz ne bu dünýäni, ne-de o dünýäni (ahyreti) gazanyp bolar. Ruhumyzy gury we batyl ynançlardan arassalamak, ýüregimize sagdyn we dogry ynançlary ýerleşdirmek hem ylym bilen ýola goýulýar. Maddy taýdan öňe gidişligiň hem ylym bilen amal edilişi ýaly, ruhy taýdan beýgelme-de ylymyň kömegi bilen mümkindir.
Adamlaryň beýgelmegi, milletleriň ösüp öňe gitmegi hem ylym bilen baglanyşyklydyr. Jemläp aýdanymyzda, bu dünýäni isleýänem ylyma gujak açmaly, ahyreti isleýän hem ylyma gujak açmalydyr. Sallançakdan başlap, tä mazara çenli ylym öwrenmegi maslahat beren dinimiziň buýrugy budur.Ruhumyzy dogry we peýdaly maglumatlar bilen üpjün etmek bölüminden.

Sahypalar
Kitaplardan

    «Alymyň ölüminden bir taýpanyň ölümi ýagşyrakdyr»