Baş sahypa« BÄŞINJI BÖLÜM AHLAK » Ruhumyzy ýalňyş we gury ynançlardan arassalamak

Dinimiz akyla, düşünjä we bilime uly sarpa goýupdyr, mukaddes Gurhanyň ençeme aýatynda adamlar hemişe pikirlenmäge, oýlanmaga we akyllaryny ulanmaklyga çagyrylypdyr.
Şol sebäpli ynanjak zatlarymyzyň anygyna ýetip we onuň dogrudy gyna göz ýetirenimizden soňra kabul etmeli, dinde orny bolmaýan we ylym bilen badaşmaýan asylsyz zatlara ynanyp, olaryň yzynda entemeli däldiris. Zaýalanan iýmitleriň biziň bedenimize nähili derejede zyýany bar bolsa, batyl, gury ynançlaryň hem ruhumyza zyýany bardyr, olar ruhy birahat eder, adamyň dogryny derňew edip tapmagyna päsgelçilik döreder.
Sowatsyzlyk sebäpli musulmanlaryň arasynda ýaýran, din bilen baglanyşygy bolmasa-da dini ynanç kabul edilen gury, batyl ynançlaryň käbiri şulardyr:
Baýguşuň gündiz ýa-da gije öýleriň üstüne gonmagyny, ertir ir bilen bir ýere giden wagtyňda öňüňden towşanyň çykmagyny, horazyň wagtyndan öň gygyrmagyny, sişenbe güni egin-eşik ýuwulmagyny, öýden biri ýolagçy bolsa, onuň yzyndan üç günläp öýüň süpürilmegini ugursyz hasaplamak; iki baýramyň arasynda nika gyýmazlyk, pal agtarmak, ýiten bir zady tapmak üçin “bilgije” gitmek, boljak-geljek wakalary habar beren gurrandazlara ynanmak, dileginiň hasyl bolmagy üçin agaçlara we gonamçylyklara mata böleklerini daňmak, şem ýakmak, “aýdylan” aýtmak we käbir ýerlerdäki “eýelere” ynanmak…
Bu sanawlarymyz dinde asla orny bolmaýan, akyla kybap gelmeýän we ylmy hakykatlar bilen bagry badaşmaýan gury we ýalňyş ynançlardyr. Bularyň çeşmesi jahyllykdyr, sowatsyzlyk sebäplidir, bir ylym we hikmet dini bolan yslam hakynda ýeterlik bilime eýe bolmazlykdyr. Pygamberimiz ugursyzlyk ynanjynyň ýalňyşdygyny, baýguşuň gygyrmagynyň hiç kime zyýanly täsirini ýetirmejekdigini, hiç haçan ugursyzlyk bolmandygyny beýan edip, ýörite düşündiripdir.(Buhary, Tybb, 19.)
Musulman gury we batyl bolan ynançlara öz aňyndan orun berimeli däldir, eger bir ýalňyşlyk eden bolsa, ruhuny we köňlüni olardan hökmany ýagdaýda arassalap, ardyndyrmalydyr. Çünki bir gapdaky hapa suw boşadylmazdan, oňa sap, arassa suwy guýmak mümkin däldir. Gury we batyl ynançlara ynananlar esasy bolmaýan zatlara bil baglarlar we keýpleri gaçar. Käbir aýlary we günleri bisähet hasaplaýanlar wagtlaryny boşuna sarp ederler, işinden galarlar. Palçylara ynanmak ynsanlaryň ýalňyş düşünjelere eýe bolmagyna, adamalaryň arasynda öýke-kinä we duşmançylyga sebäp bolar.
Bir iş bilen baglanyşykly dileginiň hasyl bolmagyny isleýän adamyň öňi bilen onuň sebäbiniň bilnip, öwrenilmeginden başlamaly, başarnyga ýetmek üçinem Allatagala doga etmeli, emma mata böleklerinden, ýakylan şemlerden, guýlan gurşunlardan medet gözlemek yslam bilen bagry badaşmaýan ýalňyş ynançlaryň önümidir. Aňyna ýalňyş we batyl ynançlary ýerleşdiren adamlar hakykatlary görüp bilmez, dogryny tapmaz, çyna ýakynlaşyp bilmez. Sebäbi, gury ynançlar dogrulyga giden ýoluň üstündäki päsgelçilikler mysalydyr.
Dogry bolup-bolmadygyny derňemezden, dinde ornunyň bardygyny-ýokdugyny bilmezden bir zada dessine ynanybermek we onuň yzyna düşenler muňa jogapkär boljakdyrlar.
Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär: “Aňyrsyna göz ýetirmedik bir zadyň yzyna düşme; dogrusy gulak, göz we ýürek, bularyň bary eden işeriňe jogapkärdir.”(Isra, 36).