Baş sahypa« DÖRDÜNJI BÖLÜM GÜNÄLER » 5.Söweşden gaçmak

Dini wezipelerimizden biri-de watany goramak, gerek halatynda söweş edip ölmekdir. Watan – munuň özi musulmanlaryň terk edip bilmejek örän gymmatly bolan barlygydyr. Sebäbi din, ar-namys we garaşsyzlyk ýaly gadyr-gymmatly bolan zatlaryň bary diňe watanyň saýasynda goralyp saklanýandyr. Şol sebäpli watan üçin gerek bolsa, özümize aýap saklajak hiç bir zadymyz ýokdur, zerur halatynda, janymyzy bereris. Aslynda biz muňa mejburdyrys. Tersine bolan halatynda, hudaý saklasyn, watansyz galma we ýok bolup gitme howpy bilen ýüzbe-ýüz bolup bileris. Watan goragy üçin esgerlik gullugyny berjaý etmek dini borjy hem ýerine salmak diýmekdir. Sebäbi, watan goragy şol bir wagtyň özünde-de diniň goragydyr, ar-namysyň, at-abraýyň goragy diýmekdir. Bulary goramagyň bolsa dini taýdan boýnuň borjy we jogapkär wezipe bolandygyna asla şübhe ýokdur. Dinimiz esgerlik gullugyna uly ähmiýet berýär. Araçäkde bir gün, bir gije nobatda durmaklygyň bir aý gündiz nepil oraza tutup, gije namaz okamakdan has peýdalydygyny pygamberimiz habar beripdir (Nesai, Cihat, 39). Harby gulluk diýmek, munuň özi watany goramak üçin taýýarlykly we hatyrjem bol diýmekdir. Parahat we asuda durmuşda ýaşamak üçin bu örän zerurdyr. “Sen taýýar bol elmydam söweşe-jeńe, eger islär bolsań parahatlyk gününe!” diýen aýtgyda hem oňat beýanyny tapypdyr.

Parahatçylykly ýaşamak isleýän söweşe taýýar bolmaly we söweş üçin zerur bolan ähli zatlary öňünden taýýarlap goýmaly. Bu mesele bilen baglanyşykly mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Duşmanlara garşy güýjüňiz ýetdigiçe, gurbatyňyzyň çatdygyça has köp güýç-kuwwat taýýarlaň.”(Enfal, 60) Harby gulluk, esgerlik zerur halatynda söweşmek üçindir. Watan üçin söweşmek Allatagalanyň buýrugydyr. Oňa “jihat” diýýäris. Haýsy amalyň, käriň oňatdygyny soran adama pygamberimiz: “Allatagala iman etmek we onuň ugrunda söweşmekdir”( Buhary, Iman, 18; Müslim, Iman, 36) diýipdir.  Watan ugrunda gurban bolanlara “şehit” diýilýär. Şehitlik bolsa musulmanyň dünýäde ulaşyp biljek iň ýokary mertebesidir. Duşman bilen söweşmek we şehit bolmak nähili derejede belent mertebe hasaplanylsa, onuň tersi bolan söweşden gaçmak hem şol derejede agyr jenaýatdyr we uly günädir. Mukaddes Gurhanda şeýle diýilýär:

“Eý musulmanlar (söweşde) köpçülikleýin görnüşde kapyrlar bilen duşuşan wagtyňyzda olardan ýeňsäňizi öwürmäň (gorkup gaçmaň). Gaýtadan ýa-da dönüp söweşmek üçin bir tarapa çekilme ýa-da beýleki topara gidip bilelikde hereket etme üçin yza çekilmeýän bolmasaňyz, olardan ýeňsäňizi öwrüp, ýazzyny bermäň. Eger muny etseňiz, onda Allatagalanyň azabyna duçar bolarsyňyz we onuň orny hem jähennemdir. Ol bolsa gaty eýmenç ýerdir.”( Enfal, 15- 16)

Bir söweş wagtynda döwletiň goşun gullugyna gatnaşmak çakylygyna boýun egmezligiň we gaçgaklyk etmekliň Allatagala we pygamber tarapyndan iň agyr ýigrenç we berk gaýtawul bilen ýazgarylandygy Tebük söweşine gatnaşmadyk üç sany adam bilen baglanyşykly bolup geçen wakadan anyk göz ýetirýäris. Bolup geçen waka şundan ybaratdyr: Tebük saparyna hiç hili sebäpdir tutarygy bolmadyk ýagdaýda gatnaşmadyk Kab ibn Mälik, Murare b. er-Rebi el-Amri we Hilal b. Ümeýýe el-Wakyfy pygamberimiz tarapyndan agyr görnüşde jezalandyrylypdyr. Pygamberimiz bu üç sany adam bilen gepleşmekligi gadagan edipdir. Hakykatdanam bu gaty agyr jezady. Bazarda we daş-töwerekde duşan adamlar olara salam bermändir, olar bilen gepleşmändir, adamlar olardan ýüz öwrüpdirler. Olar gaty erbet ýagdaýa düşüpdirler we bu ýagdaýdan halys bolupdyrlar. Allatagala ýalbaryp, öz günäleriniň geçilmegini dileg edipdirler. Ahyrynda elli günden soňra Allatagala olaryň tobalaryny kabul edip makullapdyr we günälerine geçirimlilik edip bagyşlapdyr. Bu mesele bilen baglanyşykly şu aýat ýüze çykypdyr: “we (söweşden) yzda galdyrylan üç sany adamyňda tobalaryny kabul etdi.Ýerýüzi giňhem bolsa, olara dar gelipdir, wyjdanlary olary gysyp gowrupdyr. Ahyrsoňy Alla sygynmakdan başga çäräniň ýokdugyny hem Allatagaladan öwrenipdirler. Soňra (öňki ýagdaýlaryna) gelip bilmekleri üçin Allatagala olaryň tobasyny kabul etdi. Çünki, Allatagala tobany köp sapar kabul eden we penasynda saklaýandyr.”( Tewbe, 118.)