Baş sahypa« DÖRDÜNJI BÖLÜM GÜNÄLER » 6.Jadygöýlük

Jadygöýlük-de uly günäleriň biridir. “Jady” sözüniň manysy sözlükde sebäbi gizlin we inçeden inçe bolan zat manysynda diýlip düşündirilýär. Dini däp-dessurlaryň mysalynda bolsa sebäbi gizlin bolan we hakyky, dogry bolmadygy kabul edilen zada aýdylýar, başgaça bu ýagdaý “gözbagçylyk” we “hilegärlik” netijesinde ýüze çykarylýar. Muňa türk dilinde “büýü” (türkmençesi “jady”) we “efsun” (türkmençesi “owsun”) diýilýär.

Jadylygyň taryhy gaty aňyrdan gelýändir, ilki durmuş jemgyýetlerine çenli baryp ýetýär. Jadygöýlügiň dürli ýollary we köp sanly görnüşleri bardyr. Hakykat bilen baglanyşygy bolmaýan we sap gözbagçylykdan ybarat bolan jadynyň bolşy ýaly, hakyky netije we çyn täsir edýän jadylyk hem bardyr. Uly damylla Elmaly Muhamet Hamdy Ýazyr Fahreddin Razynyň teswirinde duş gelýän jadylygyň sekiz görnüşini görkezenden soňra, olary gysgaça şeýle beýan edýär: “Bu ýere çenli sanap geçen sekiz görnüşli jadylyklar ahyr soňunda iki toparda birleşýär. Birinjisi, sap ýalan, al-hile, gözboýagylykdan ybarat bolan söz we iş bilen täsir eden jadygöýlük, beýlekisi bolsa az-u-kän hakykata ýakyn bolan jadylykdyr. Jadylygyň ähli häsiýetleri hyýaly, çyn we dogry hasaplanyljak görnüşde adamyň ruhuna al-hile bilen täsir etmekden ybarat bolup, bir bölegi sap hyýaldan, başga bölegi bolsa käbir hakyky ýagdaýlar bilen garyşyk görnüşindedir.”( Hak dini Kuran dili, j.1, s.369; Bakara, 102. Aýatyň teswiri.) Jadylygyň iň esasy we uly täsiri adamyň ruhuna ugrukdyrylandyr. Düşünjeleri üýtgeder, göwünlere deger, ahlagy harap eder. Är-aýalyň arabaglanyşygyny bozar, maşgala ojagyny ýykar, goňşularyň arasyna çöp atar, jemgyýeti uly pitneler bilen ýüzbe-ýüz edip taşlar. Ynha, şonuň üçinem dinimiz jadygöýlügi gadagan edýär, jadygöýleriň ýaman niýetli adamlardygyny we bu dünýäde-de, ahyretde-de perişan boljakdygyny öňünden habar berýär. Bu hakynda mukaddes Gurhanda:

“Jadygöý nirä barsa, onuň her bir baran ýeri bakyrdyr, onda şatlykdan nam-nyşan galmaz” (Taha, 69) diýilýär. Munuň şeýledigini hiç hili şübhe ýokdur. Är-aýaly biri-birinden aýran, maşgala ojagyny ýykan, goňşulary, dostlary biri-birine düşman eden, jemgyýetiň şahslarynyň arasyndaky agzybirligi we jebisligi bozan  adam ýaman niýetli we erbet ruhludyr. Allatagala şunuň ýaly adamlara hiç wagt bagtlylyk nesip etmez. Buhary we Müslimiň rowaýat eden hadyslarynda adamlaryň arasyny bozýan ýedi günäden biriniň jadygöýlükdigi beýan edilipdi. Jadygöýüň jadylygynyň günä bolşy ýaly, musulmanlaryň her bir işiň we meseläniň çögüdi üçin jadygöýe ýüz tutmasy-da günädir. Sebäbi şoňa ynanýar diýen düşünjäni döredýär. Pygamberimiz:

“Käbir zatlary ugursyzlyga ýorumlaýan we başga birine-de şonuň ýaly ýorgutlary etdiren, pal agtaran we gumalak atan, pal agtardan ýa-da gumalak atdyran, jadylan ýa-da jadylanan biziň ymmatymyza degişli däldir. Kim palça gidip, onuň aýdalnalryny dogry diýip tapsa, onda şol adam Muhammede (s.a.s.) iberileni inkär eden hasaplanar” ( Et-Tergib wet Terhib, j. 4, s. 33 (Hadysy Bezzar aýdypdyr)) diýipdir.  Mesele bilen baglanyşykly bolandygy sebäpli, bu ýerde gurrandazlyk we palçylykdan hem gysgajyk gürrüň etmek ýerliklidir. Sebäbi dinimiz gurrandazlygy-da, palçylygy-da gadagan edipdir, bularyň boş, gury ynanç, asly we tutarygy bolmaýan zatlardygyny beýan edipdir, bulara garşy göreş alyp barypdyr.